13:48

Türkmen harby taryhy: Seljuk türkmenleriniñ müdimi rowaç goşuny

GÖROGLY EÝÝAMY
(X – XVI asyrlar)

Şa bir alma iýse iliň bagyndan,
Agajy kökünden ýolar nökeri.
Bäş ýumurtga alyp, sütem etse han,
Müň towugy çişe düzer esgeri.
Saady.

1. Seljuk türkmenleriniň müdimi
rowaç goşuny

Türkmen ruhunyň üçünji eýýamy X – XVI asyrlary öz içine aldy. Bu döwür diňe bir türkmen gylyjynyň däl, eýsem türkmen ruhunyň hem dünýä çykan eýýamydy. Bu döwrüň beýik türkmen döwletleriniň dünýä ýaň salan eýýamydygyny dünýä taryhy tassyklaýar. Beýik Seljuk Türkmen döwleti, Osmanly türkmen döwleti, Garagoýunlylar, Akgoýunlylar döwletleri – türkmen ruhunyň şu eýýamda nähili belent, syýasy-taryhy taýdan işjeň bolandygynyň taryhy güwäçisidir.
Göroglynyň eline dutar almasy ýöne ýere däl, sebäbi bu döwrüň ruhy dutar bilen beýan edilýärdi. Bu eýýamyň ruhunda daş ýarýan, dagy ýykýan gujur jemlendi. Ol diňe bir ýeriň ýüzünde haýdaman, eýsem gögüň ýüzüne-de göterildi. Oguz hanyň harby-syýasy tizligi medeni-taryhy tizlige öwrüldi, bu döwrüň ruhy ýolbaşçysy Görögludy.
XI asyryň ilki başynda Seljuk türkmenleriň  döwleti Zeminiň ýüzündäki wakalara giňden gatnaşyp başlady. Käbir çeşmelerde ony Beýik Seljuk türkmen imperiýasy diýip atlandyrýarlar. 
Al-Masudy (X asyr) özüniň bir işinde şeýle täsin hadysy beýan edýär: hamala Muhammet Pygamber musulmanlaryň öz aralarynda uruşjakdygyny öňünden bilenmiş hem-de: «Olary Taňrynyň buýrugyndan başga hiç bir zat syndyryp bilmez. Horasan welaýatyndan (Günorta Türkmenistan we Demirgazyk Eýran – awtor) ýüzi görmegeý, döşi gara hally, uzyn boýly, hüý-häsiýetli nusga edinerlik bir är dörär, ol dana, alym we onuň ady emawylardan (arap däller) bolan Resul bolar, Ýaradan oňa Kiçi derwezäni ýeňmäge medet berer. Ol Horasany Uly derwezä çenli basyp alar we olardan (deýlemlerden –   awtor) eli ýaragly biri-de galmaýança gylyjyny gynyna salmaz, Horasanyň hökümdary Beýtil-harama geler we Horasanyň, Zauryň (Bagdadyň – awtor), Parsyň, Mekgäniň we Medinäniň metjitlerinde onuň adyna hutba okalar» diiýp, öňünden aýdanmyş.
Muhammet Pygamberiň hak sözleri hakykata öwrüldi. 1040-njy ýylda Seljugyň agtygy Togrul beg Horasana häkim bolandan soň hakykatdan-da deýlemleri kül-peýekun etdi we 1055-nji ýylda Bagdada girdi. Pygamberiň öňünden aýdan ähli welaýatlarynda Togrul begiň ady bilen hutba okaldy. Bu wakalaryň täsin ýeri Muhammet Pygamberiň yslamy halas edijiniň hatda adyny-da «Onuň ady – Resuldyr» diýip öňünden aýdanlygyndadyr. Sebäbi Togrul begiň ady-da Muhammetdi. Iň haýran galdyryjy zat Al-Masudynyň Muhammet Pygamberiň hadysy hakynda Togrul begiň dünýä inmeginden 18 ýyl öňünden  ýazanlygydyr.
Togrul beg öz dogany Çagry beg bilen 1040-njy ýylyň maý aýynyň 23-inde Mahmyt soltanyň ogly Gaznaly soltan Masudyň goşunyny derbi-dagyn edip, Türkmenistanyň we Eýranyň hökümdarlary boldy. Ýaş türkmen döwletleri musulman Aziýa ýurtlary boýunça öz ýeňişli ýörişini başlady, yslam dinini halas etdi, yslam älemini bir döwlete ýene-de birleşdirip başlady.
Şol döwürde Kiçi Aziýada isaýylar wizantiýalylardan ejir çekýärdiler, Alynky Aziýada bolsa gandöküşikli wakalar bolup geçýärdi. Deýlemler (Buidler) 945-nji ýyla çenli Günbatar Eýranyň ähli ýerlerini, Kawkazyň gündogar eteklerini we Alynky Aziýany özlerine tabyn etdiler. Şol bir wagtda Ubeýdullanyň baştutanlygyndaky ismailitler Aglabidleriň (sünnüler), Rustamylaryň (harijiler), Idrisileriň (şaýylar) arap döwletlerini ýok etdiler. Musulman dünýäsi parçalara bölündi. Onlarça ýylyň dowamynda Parsystanda, Mesopotamiýada, Siriýada we beýleki ýerlerde arabozarlar biri-birine garşy söweşýärdiler, munuň netijesinde bolsa ilat köp horluklara sezewar bolýardy.
«Bu ýagdaýy ýeňip geçmek üçin düýpli serişde zerurdy – diýip, 1909-njy ýylda Len-Pul Stenli özüniň «Musulman şejereleri» kitabynda ýazýar. Şeýle serişde Togrul begiň we Çagry begiň ýolbaşçylygynda seljuk türkmenleriniň ýüze çykmagy bilen döredi. Olar derbi-dagyn bolup barýan döwleti dikeltmek üçin geldiler we hakykatdan-da onda döwletiň täzeden joşmagyna ýardam berdiler. Olar Parsystany, Mesopotamiýany, Siriýany, Kiçi Aziýany öz goşunlary bilen doldurdylar, ýurtlary weýran etdiler hem-de şol ýerde hökümdarlyk edýän ähli şejereleri ýok etdiler, munuň netijesinde olar tutuş musulmanlar Aziýasyny Owganystanyň günbatar serhetlerinden başlap Ortaýer deňzine çenli bir döwlet hökmünde ýene-de bir gezek birleşdirmegi başardylar.
Olaryň hereketleri netijesinde musulmanlaryň arasynda duşmanlara bolan hyjuw hem-de gaýduwsyz göreşmäge isleg täzeden döredi, seljuk türkmenleri güýç toplan wizantiýalylary ýene-de gyraklatdylar hem-de din ugrunda janyny gurban etmäge taýýar bolan musulman esgerlerini terbiýelediler. Şeýlelikde, haçlylaryň ýörişleri köp babatda şol esgerleriň merdana tagallalary netijesinde köplenç ýeňlişlere sezewar edilýärdi. Seljuklaryň musulman äleminde eýeleýän orny we ähmiýeti hut şunuň bilen kesgitlenilýär».
1050-nji ýylda Togrul beg Wanandyň eteklerinde Lipariad Orbelianiniň baştutanlygyndaky ermeni-gurji goşunlaryny derbi-dagyn etdi. Gürjileriň patyşasynyň özi hem türkmenlere ýesir düşdi. Emma Togrul beg bitaraplygy berjaý etmek hakynda oňa kasam etdirip, ony boşadyp goýberdi.
1055-nji ýylda seljuk türkmenlerinden bolan beýik serkerde Bagdady basyp aldy hem-de halyf al-Kaýym dünýewi häkimiýetden mahrum etdi. Şondan soň ähli yslam ýurtlarynda ruhanylyk häkimiýeti al-Kaýyma, dünýewi häkimiýet bolsa türkmen serkerdesi Togrul bege degişli boldy. Halyf özüniň «Gündogaryň we Günbataryň hökümdary» («melik Maşryk we-l Magribi») diýlip atlandyrmak hukugyny oňa berdi.
Togrul beg 1063-nji ýylda wepat bolandan soň öz hossarlaryna ägirt uly döwleti miras galdyryp gitdi. Seljuk türkmenleri Horezmi, Horasany, Owganystany, Eýrany, Azerbaýjany, Ermenistanyň we Gürjistanyň bir bölegini, Yragy, Siriýany, Palestinany we beýleki ýurtlary basyp aldylar. Emma olaryň şol ýurtlary tabyn eden mahalynda ilat köpçülikleýin öldürilmeýärdi we soňra mongollaryň edişi ýaly, ynsan kellelerinden depeler üýşürilmeýärdi.
Seljuk türkmenlerinden bolan hökümdarlary we esgerleri ähli ýurtlarda hemişe halasgärler hökmünde garşylaýardylar. Isaýylar, musaýylar, otparazlar tutuş oba bolup musulmançylygy kabul edýärdiler hem-de türkmenler döwletiniň doly hukukly raýatlaryna öwrülýärdiler.
1063-nji ýylda soltanlykda tagta çykan Togrul begiň ýegeni Alp Arslan türkmenleriň rowaçly ýörişini dowam etdirdi. Maglumat çeşmelerinde ol hakda «beýik jahangir» diýen sözler ulanylýar, onuň öňünde «bir müň iki ýüz patyşanyň dyza çökendigi» barada aýdylýar. Türkmen soltany «owadan syratly adam bolup, onuň uzyn, emma seýrek murty we sakgaly bolupdyr, ýaýdan peýkam atan mahalynda ol sakgalynyň ujuny düwýän eken».
Soltan Alp Arslan patyşalyk sopbaşyndan başga ýönekeý çopanlaryň telpegini geýmegi hem halapdyr. Ol ökde mergen bolup, atan oky hiç haçan nyşanadan sowa geçmändir. Şahsy edermenligi, merdanalygy, serkerdelik zehini bilen tapawutlanýan Alp Arslan özüni başarnykly döwlet işgäri hökmünde hem görkezipdir.
Döwletiň içinde agzalalyklary bes edip, tertibi ýola goýandan soň, ol öz döwletiniň serhetlerini giňeltmäge başlapdyr. 1064-nji ýylda seljuklar goşuny Gürjistanyň we Ermenistanyň şäherlerine girdi, 1071-nji ýylda bolsa Malazgirdiň eteginde wizantiýa goşunlary bilen aýgytly söweş bolup, netijede duşman goşuny ýok edilipdir, Wizantiýanyň imperatory Roman IV Diogeniň özi bolsa ýesir düşüpdir. Soltan imperatora azatlyk berip, her ýyl 360 müň dinar möçberde paç tölemäge borçly edipdir.
Şeýlelikde, bütin Kiçi Aziýany basyp alyp hem-de günbatarda ýagdaýyň öz gözegçiliginde bolmagyny gazanyp, 1065-nji ýylyň dekabr aýynda seljuklar goşuny ýyldyrym çaltlygynda zarbalary urmak bilen, çarwa taýpalary ýurduň demirgazyk-gündogar we gündogar serhetlerinden kowup çykarypdyr.
Alp Arslanyň ogly soltan Mälik şa (1072 – 1092-nji ýyllarda hökümdarlyk eden) döwletiň serhetlerini giňeltmek ugrunda tagallalary erjellik bilen dowam edipdir. Eýýäm 1076-njy ýyla çenli Palestina we Siriýa basylyp alyndy. 1075-nji ýylda bolsa Mälik şa goşuna hut özi baştutanlyk edip, Samarkandyň eteginde Garahanlaryň goşunyny derbi-dagyn edipdir. Seljuk türkmenleriň imperiýasynyň soňky soltany bolan Sanjar (1119 – 1157-nji ýyllarda hökümdarlyk eden) hem kuwwatly hökümdar bolupdyr, ýöne beýik döwlet parçalara bölünip başlapdyr, sebäbi Sanjar ýurduň içinde tertibi, asudalygy üpjün etmegiň has pähimli ýoluny tapmagy başarman, esasan öz halkyna garşy söweşip başlapdyr. Günbatarda bolsa täze seljuk döwletleriniň 4-si, şeýle hem türkmen beglikleriniň we atabeglikleriniň onlarçasy döräpdir. Ägirt uly döwletiň parçalara bölünendigine garamazdan, möçberi kiçiräk bolan türkmen döwletleri hem öz ilaty hakynda ýeterlik alada etmäge hem-de haçlylaryň ýörişlerine garşy üstünlikli garşylyk görkezmäge ukyply bolupdyr.
1095-nji ýylda Rim Papasy Urban II isaýy esgerlere türkmenlere garşy ilkinji ýörişe gitmäge ak pata beripdir. Ýewropaly esgerler işsizlikden ýaňa özlerine güýmenje tapman, uruşmagy talap edipdirler, daýhanlary talapdyrlar, biri-birine garşy tükeniksiz söweşleri alyp barypdyrlar. Olary ýörişe ibermek bilen, Rim Papasy Ýewropany hiç kimiň diýenini etmeýän haçlylardan halas etmekçi bolýardy.
Fransiýada hemmeler giňden herekete başlady. Diňe bir ussat esgerler däl, eýsem daýhanlar hem öz maşgalalary bilen ýörişe gitmäge häzirlik görüpdir. Emma ýewropa esgerleriniň Pýotr Amenskiniň we söweşiji Walter Golýakyň baştutanlygyndaky ilkinji toparlary türkmenler tarapyndan dessine derbi-dagyn edildi.
Godfrid Bulýonskiniň, Raýmond Tuluzskiniň we Boýemund Tarentskiniň baştutanlygynda ýörişe çykan söweşijileriň has guramaçylykly goşuny birnäçe gezek ýeňiş gazanmagy başardy we Ierusalimi ele saldy. Emma ýörişe çykan 110 müň esgerden bary-ýogy 10 müň adam diri galypdy. Şondan soň olaryň harby rowaçlyklary bes edipdir. 1119-njy ýylyň iýul aýynyň 27-sinde Il-Gazynyň baştutanlygyndaky türkmenler Palestinada fransuz leşgerlerini derbi-dagyn edipdir.
1147 – 1178-nji ýyllarda amala aşyrylan ikinji haçly ýöriş hem Ýewropanyň howalasy belent esgerlerine üstünlik getirmedi, ýogsa şol ýörişe Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan hem köp sanly özüne göwni ýetýän söweşijiler gatnaşypdy. Olar gele-gelmän, Aziýanyň ýerlerini öz arasynda paýlaşyp başlapdyr. Fransuz söweşijileri Kiçi Aziýa ilkinjileriň biri bolup geldiler we germanlaryň zarbasyna çydaman 1148-nji ýylda türkmenleriň Zeňňi türkmenleriniň atabegliginiň hökümdary bolan Nureddinden kömek sorapdyr. Ol bolsa leşgerini toplap, al-Arima galasyna tarap ýörişe ugrapdyr hem-de germanlary derbi-dagyn edip, şol galany eýeläpdir. Ýöne fransuzlara garşy söweşler hem bes edilmändir.
Haçly söweşijileriň 1189 – 1192-nji ýyllardaky üçünji ýörişi hem şowsuz boldy. Şol ýörişiň başlanmagynyň öň ýanynda gazaply söweş boldy. Wizantiýa imperatory Mihail I Komnin haçlylar üçin ýoly arassalamak isläp, türkmenleriň üstüne çozupdyr. 1176-njy ýylda Mario-Kefaliniň töwereginde seljuklar grekleri kül-peýekun edipdir. Orta asyrlarda ýaşan Nikita Akominatyň belleýşi ýaly, türkmenler wizantiýalylary dar derä gabapdyr we olary «goýun sürüsi ýaly edip kerçäpdir». Wizantiýanyň şeýle ýeňlişe sezewar bolmagy ýewropalylaryň türkmenleri Kiçi Aziýadan gysyp çykarmak baradaky soňky umydynyň hem hasyl bolmazlygyna eltdi.
XI asyrdaky haçly ýörişleriň üçüsi-de şowsuz tamamlandy, haçly söweşijileriň şol uly ýörişleriň arasynda guran kiçi söweşleri hem arzyly netijäni bermändi. Kiçi Aziýanyň we Müsüriň köp ýerlerinde haçly söweşijiler doly ýeňlişe sezewar boldy. 1187-nji ýylda Ierusalim olaryň elinden alyndy. Arslan Ýürekli diýen lakamy göterýän Angliýanyň patyşasy Riçard I-iniň synanyşyklary hem hiç hili netije bermedi. Türkmen atlylarynyň merdanalyk bilen hüjüme geçmegi ony jeň meýdanyndan gaçmaga mejbur etdi we ol ýaraşyk baglaşmagy haýyş etdi.
Maksatlary puja çykan haçly söweşijiler özleriniň boşan gaznalaryny doldurmagy ýüreklerine düwüp, Wizantiýa imperiýasyna çozupdyr. Özi-de olar Aziýa yklymyna özleriniň hut şu imperiýa kömek bermek üçin gelendigini asla hakydasyna-da getirmändir. Olar özleriniň katolikdigini, wizantiýalylaryň bolsa prawoslawdygyny birden ýadyna salyp, muny bahanalapdyr. 1204-nji ýylda haçly söweşijiler Wizantiýanyň paýtagty Konstantinopoly basyp alypdyr hem-de ony talapdyr. Soňra bolsa ilaty prawoslaw dine uýýan Bolgariýa garşy çozupdyr; bolgarlaryň dadyna gypjaklar ýetişipdir.
Şeýlelikde, seljuklar haçly söweşijileriň Kiçi Aziýa aralaşmagyna ýol bermändir. Olar gündogary talaňçylyklardan we yslam dinini kemsitmekden halas etdiler, şeýle hem isaýylaryň prawoslaw meshebine uýýanlaryny halas etdiler.
 X – XII asyrlarda türkmenler Kiçi, Alynky we Merkezi Aziýanyň halklarynyň, Kawkazyň, Eýranyň, Owganystanyň we Demirgazyk Hindistanyň halklarynyň ykbalynda görnükli orun eýeläpdir. 1929-njy ýylda akademik W.W.Bartold: «Seljuklar imperiýasynyň döremegi netijesinde oguz ýa-da türkmen halky musulman dünýäsi üçin beýleki türki halklaryň hiç biriniň orta asyrlarda eýelemedik möhüm ornuny eýeländir» diýen netijä geldi.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 513 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]