02:02

Ýañykent döwletiniñ taryhy -2/ dowamy

3. Ýaňykendiň ösen döwri

Miladydan öňki IV müňýyllygyň başynda, ýagny mundan bäş müň ýyl ozal Garrykent özüniň hemmetaraplaýyn ösüşi boýunça paýtagt şäherine öwrülýär. Ýaňykent adyny alýar. Şonuň bilen hem ol Ýer ýüzündäki iň ilkinji medeni merkezleriň biri hökmünde öňe çykýar. Ýaňykendiň paýtagt bolmagy eýýäm şol zamanlarda Türkmenistanda döwlet ulgamynyň doly kemala gelendigini aňladýar. Eýsem-de bolsa Ýaňykent haýsy döwletiň paýtagty bolduka?
Ýaňykendiň içinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri Ýaňykent ýaşaýjylarynyň dili barada şaýatlyk edýän maglumatlary bermedi. Bar bolan hatpisint tapyndylary hem entek hiç kim okap bilenok. Ýöne meniň ýokarda aýdyşym ýaly, Türkmenistanyň Ýaňykentden öňki taryhy Nuh pygamberiň ogly Ýafes bilen baglanyşyklydyr. Ýafes nesli bolan Oguz hanyň bäş müň ýyl ozal ýaşap geçendigini Abulgazy ýazypdyr. Oguz hanyň bäş müň ýyllyk taryhyny anyklyklar bilen doly göz öňüne getirip bilenok. Ol diňe Oguzyň Eýranyň ilkinji patyşasy Gawomard zamanynda ýaşap geçendigini aýtmak bilen çäklenýär.
Oguz hanyň ýaşan döwri Ýaňykent şäheriniň rowaçlanyp ugran zamanlaryna gabat gelýär. Orta asyr taryhçylarynyň Oguz han meselesindäki pikirlenmesinde bir aýratynlyk göze ilýär: olaryň hemmesi Oguz han türkmeniň bäş müň ýyl ozal ýaşap öten şahsyýetdigini aýdýarlar, edil şol bir wagtda-da onuň anyk taryhyny, ömrüni has giçki – miladynyň birinji müňýyllygynda bolup geçen taryhy wakalar bilen baglanyşdyrýarlar. Munuň düýp sebäbi olaryň aňynda we elinde bäş müň ýyl ozalky taryha dahylly hiç bir zadyň ýoklugyndan (bu tebigy zat), onsoň taryhçylaryň bu ýoklugy – boşlugy öz taryhy gözýetiminde bar bolan soňky wakalar bilen doldurýandygyndandyr.
Umuman, rowaýat gatyşykly taryhy eserlerde haýsydyr bir döwrüň däl-de, eýsem dürli döwürleriň dürli wakalary garym-gatym görnüşinde beýan edilýär. Bu garym-gatymlygy bulaşyklyk, bulam-bujarlyk manysynda däl-de, eýsem gatlaklanmak, yzly-yzyna bolup geçen taryhy döwürleriň bir-biriniň üstüne ýazylmagy manysynda düşünmelidir. Diýmek, gatlaklanmak atly wagt – taryhy hem-de aň hadysasy bu ýerde-de öz hökmüni ýöredipdir. Özem bir-biriniň üstüne ýazylýan gatlaklar näçe köp bolsa, iň irki, asylky gatlagyň orny şonça-da azalyp gidýär. Ondan sanlyja maglumat galýar. Aýdaly, Oguz hanyň diňe bäş müň ýyl ozal ýaşap geçendiginiň maglumaty taryhçylaryň hakydasynda galypdyr. Onsoň olar ýetmez zatlary soňky döwürleriň wakalary, anyklyklary bilen doldurypdyrlar. Elbetde, olar muny bilgeşleýin ýa-da aňly-düşünjeli edipdirler diýip bolmaz. Eýsem-de bolsa, kämahal muňa-da gabat gelýäris. Ýöne umuman alanyňda, bu ýerde adam aňynyň tebigy işini görýäris.
Baryp A.N.Bernştam «Oguznamada» Gündogaryň taryhyna degişli bäş sany eýýamyň gatlaklanandygyna ünsi çekipdir: atalyk urugyň kemala geliş eýýamy, synpy jemgyýetiň kemala gelişi, gunnlaryň eýýamy, VI–VIII asyrlaryň türki eýýamy, IX–XII asyrlaryň taryhy wakalary. Taryhy pikirlenmäniň şu ylymdaky ýaly ugry bilen gitseň, köp taryhy hakykatlaryň üstüni açyp bolar.
«Oguznamada» jemi 5, hatda 6 müň ýyllyk taryhyň dürli gatlaklary ýatandyr. Onuň iň ilkinji gatlagy Nuh pygamberiň, onuň ogly Ýafesiň, onuň zürýatlarynyň döwürlerine degişlidir. «Oguznamanyň» juda ýukalan ilkinji asyl gatlagyny gaýtadan dikeltmäge XX asyrda edilen arheologik açyşlar mümkinçilik we serişde berýär.
Biziň «Oguznamalarymyzyň» hemmesinde Nuhuň ogly Ýafesiň öz mülküne – atasynyň beren ýurduna gelenden soň, täze lakam – at alandygyny aýdýar. Onuň bu ady taryhy nukdaýnazardan gaty gyzyklydyr. Reşideddiniň «Jemg at-tawaryhynda» Ýafesiň ikinji ady Abulja, Abulgazynyň «Şejereýi-terakimesinde» Amulja diýlip görkezilýär.
Adam atlarynyň, ylaýta-da patyşalaryň, millet nesilbaşysy bolan şahsyýetleriň atlarynyň dürli ýer-ýurt atlaryna geçýändigi dil biliminde bellenilen kanunalaýyklykdyr. Ýafesiň, Abuljanyň ýa-da Amuljanyň ady ýurdumyzyň toponimikasynda oňat saklanyp galypdyr. Amul ady Amyderýanyň hem-de onuň kenarynda gurlan Amul şäheriniň adyna geçipdir. Bu adyň ikinji nusgasy türkmeniň gaty gadymy mekany bolan Balkan daglarynyň adyny göterýär. Orta asyr çeşmelerinde bu dagyň ady Abulhan görnüşinde gelýär.
Gadyrdan okyjy, men seniň ünsüňi üýtgeşik bir maglumata çekmekçi bolýaryn: Türkmenistanyň çäklerindäki iň gadymy adam mekany – Jebel hem Abulhanyň çägindedir.
Jebel Ýafesiň ýerleşen ilkinji mekany bolmaly. Onuň golaýyndan bolsa Amyderýa – Uzboý akyp geçipdir. Diýmek, Ýafesiň ady oňa mülk edilip berlen ýurduň dürli ýerleriniň adyna geçipdir. Jebelliler soň Jeýtuna göçýärler, ondanam Namazga we Änewe, Garrykende göçüp bardylar.
Ýaňykent şäheri Ýafesiň zürýatlarynyň guran döwletiniň paýtagtydyr. Muňa diňe bir içki aýratynlyklar däl, eýsem Ýaňykentlileriň Nuhuň asyl ýurdy bolan Şumer bilen üznüksiz aragatnaşyk saklandygy hem şaýatlyk edýär.
Indi bolsa şäher medeniýetiniň (medeniýet sözi hem şäher – medine kökündendir) ylymda kabul edilen kesgitlemesine ýüzleneliň. Alymlar Ýeriň ýüzünde ilkinji kemala gelen şäher medeniýetiniň birnäçe alamatlaryny belläp geçýärler. Olardan has ähmiýetlileri hökmünde aşakdakylary belläp görkezmek bolar:
1. Beýik binalaryň barlygy.
2. Çalt ösýän ykdysadyýet.
3. Söwda.
4. Senetçilik.
5. Hatyň ýüze çykmagy.
6. Sungatyň döremegi.
7. Zähmet bölünişigi netijesinde jemgyýetçilik gatlaklaryň kemala gelmegi.
Şu görkezilýän alamatlaryň hemmesiniň hem Ýaňykent şäherinde bolandygyna şu wagta çenli geçirilen ylmy barlaglar oňat şaýatlyk edýär. Elbetde, bu alamatlar biziň ilkinji paýtagtymyzda özboluşly sypatda ýüze çykýar. Ýaňykendiň ýaşaýyş taryhynda Ýer ýüzüniň beýleki ilkinji şäher medeniýetlerine – Mesopotamiýanyň, Eýranyň, Hindistanyň we Hytaýyň medeniýetlerine meňzeşlikler bilen bir hatarda, gaýtalanmaz aýratynlyklar hem bolupdyr. Şonuň üçin hem Ýaňykendiň beýik taryhy baradaky gürrüňim şu «umumylyklar we aýratynlyklar» terzinde bolar. Biziň üçin iň ähmiýetli zat bolsa Altynyň taryhy gazananlarynyň häzirki milli ýaşaýşymyzyň daşky – göze görnüp duran hem-de içki – birbada aňlanylmaýan taraplarynda entek hem ýaşamagyny dowam etdirýänligidir. Şonuň üçin hem men maddy, ruhy ýaşaýyş, däp-dessur, gan-garyndaşlyk ýaly möhüm meselelerde Ýaňykent bilen şu günki türkmeniň aýrylmaz we üznüksiz arabaglanyşygyny esasy ylmy jähet edip goýýaryn. Meniň elimde Ýaňykendiň medeni taryhynyň ähli taraplaryny beýan etmäge we düşündirmäge ähli ýeterlik serişdeler we esaslar bar. Ol ýaşaýşy okyjy göýä gapdalynda durup syn eder ýaly derejede janlandyrmak bolsa taryhçynyň okumyşlygyna, pikirleniş ukybyna – alymlygyna hem-de talantyna baglydyr. Iň esasy zatlaryň biri öz öwrenýän zadyňa ýüregiňi bermek, ony ömrüň manysy hökmünde görmekdir. Men Girişde taryhy ylmy taýdan açmagyň usullarynyň biri diýip süňňüň bilen syzmak usulyny görkezipdim. Şunsuz mümkin däldir. Hatda adamy-da dogry we doly tanamak üçin ony söýmek gerekdir. Diňe ýüregini berýänler, diňe söýýänler öz düşünmek islän zadyna düşünip bilerler. Obýekte öz ýüregiňi doly açmazdan ol obýekti açmak mümkin däldir. Ylym hem söýgüden başlanýar.
Şeýlelikde, men gülläp ösen paýtagt şäher Ýaňykendiň şäher ýaşaýşynyň birnäçe taraplaryny aýratynlykda gözden geçirmegi we şolaryň netijesinde onuň bitewi ýaşaýşyny gaýtadan düzmegi makul bildim. Men ilki Ýaňykendiň maddy, soňra bolsa ruhy durmuşyny häsiýetlendirýän meselelere seredýärin.
Hat-ýazuw taryhyň kömekçi pudagy bolup, ol dürli ýurtlarda dürli wagtlarda ýüze çykypdyr. Meselem, Angliýada miladydan öňki 40-njy ýyllarda, Fransiýada miladydan öňki 60-njy ýyllarda, Italiýada miladydan öňki 500-nji ýyllarda, Ýunanystanda miladydan öňki 700-nji ýyllarda, Hytaýda miladydan öňki 1400-nji ýyllarda, Mesopotamiýa bilen Müsürde miladydan öňki III müňýyllykda ýüze çykypdyr. Şu sanawa Türkmenistanda III müňýyllykda diýip goşup bileris.
Ýaňykent Oguz han Türkmeniň döreden elipbiýiniň mekanydyr.
4. Ýaňykent döwletiniň şäher binagärligi
a) Ýaňykent şäheriniň beýik binalary

Biziň beýik milli şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň iň soňky ýazan «Näler görüner» diýen şygrynda şeýle diýýär:

Seýl edeliň bu jahana,
Jahanda näler görüner.
Isgender, Jemşit saldyrgan
Beýik binalar görüner.

Şahyryň jahana gaýybana seýlinde beýik binalary ilki agzamagy asla-da ýöne ýere däl. Çünki beýik binalar ilki göze ilýär. Özüniň düýp manysy boýunça, ylaýta-da, gadymy döwürlerde beýik binalar ýöne bir maddy-hojalyk zerurlygyndan gurulmandyr. Bu ajaýyp ymaratlaryň sap ruhy gönezligi we sap ruhy manysy bardyr. Adamlar beýik binalary öz ruhlarynyň howalylygynyň, ruhlarynyň belentliginiň maddy alamaty hökmünde galdyrypdyrlar. Hut şonuň üçin hem beýik binalar olara syn edeniň köňlüni aňk ediji derejede howalandyrmaga, adamy täsin galdyrmaga ukyplydyr. Ruhy tarapdan alanyňda, beýik binalar Alla bilen adamyň arasyndaky giňişlik arabaglanyşygy bolupdyr. Beýle binalaryň iň ilkinjileriniň dini hajatlar bilen baglanyşykly bolmagy, olaryň Hudaýa sežde edilýän, çokunylýan jaýlaryň görnüşi bolmagy tötänleýin däldir. Beýik binalar adamlaryň Ýeriň ýüzünde Allanyň öýüni gurmak, şeýdip hem, oňa öz wepasyny bildirmek isleginden döräpdir. Alla wepaly bolmak bu ýerde Onuň adama bagyş eden akyl-paýhas hem-de ruh belentligini Ýaradanyň özüne görkezmek manysyny berýär. Şonuň üçin hem beýik binalar Alla sežde etmek bilen bir wagtda adamyň öz-özüne goýýan hormatynyň, onuň özüne ruhy göwnüýetjiliginiň hem alamatydyr. Pelegiň beýleki janly-u-jansyz zatlary bilen deňeşdireniňde, müçesi kiçi adamzat öz akyly we elleri bilen guran binalaryna öz müçesiniň dowamy hökmünde seredipdir. Bular öz-özüni ykrar etmek isleýän adamzadyň göwnüne aram, ruhuna daýanç, ýüregine buýsanç beripdir. Şonuň üçin hem ölüm ýassygynda ýatan Magtymgulynyň oýuna, ilki bilen, beýik binalar gelýär.
Belentlik binanyň baş manysydyr. Belentlik – peslik gapma-garşylygynyň düýpli ruhy-ahlak manysyna geçmegi adam üçin belentligiň nähili gymmatlydygyny görkezýär. Men hem öz halkyma ruhubelentligi şonuň üçin wagyz edýärin. Belentlik adamzadyň ömre, bakylyga bolan dyzmaç söýgüsiniň alamatydyr. Şol bir wagtda-da ol milletiň maddy kuwwatynyň alamaty we görkezijisidir.
Diýmek, beýik binalar millete gerek bolan iki sypatyň – ruhy talantlylyk – hyýalatlylyk bilen maddy gurbatyň bir-birine gowuşandygyny görkezýär. Eger, bir tarapdan, ruhy ymtylma bolman, diňe maddy gurbat bolsa, beýleki tarapdanam, maddy gurbat bolman, diňe ruhy ymtylma bolsa, onda beýik binalar döremeýär.
Ýaňykendiň ösen döwründäki binaçylyk hakynda söz açylanda, biziň günlerimize çenli şäheriň iki sany beýik binasynyň sudurynyň saklanyp galandygyny aýtmaly. Olaryň birinjisi Ýaňykendiň baş derwezesiniň binasy, beýlekisi bolsa Merkezi ybadathananyň binasydyr. Hut şu ikisinde altynly ata-babalarymyzyň ýeten beýik ruhy hem-de maddy derejesi ýüze çykypdyr. Şonuň üçin hem bu beýik binalar hakynda mümkingadar giňişleýin gürrüň etmek gerek. Şonuň bilen birlikde men ilkinji paýtagtymyzyň binaçylygynyň üçünji bir ugruny – Ýaňykent şäheriniň ýaşaýyş jaý binalaryny hem gözden geçirmekçi. Sebäbi bulary hem hasaba almazdan, bu beýik şäheriň ösen binagärligini doly göz öňüne getirmek mümkin däldir.
Ýaňykent şäheriniň girelgesi bolan Baş derweze paýtagtyň köp aýratynlyklaryndan habar berýär. Harby babatda Ýaňykent şäheri berk goranyş desgalary bolan gala bolupdyr. Şäheriň gala diwary onuň tutuş daşyny gurşap alypdyr. Çig kerpiçden gurulan diwaryň galyňlygy, belentligi, hili ähli ýerde birmeňzeş bolmandyr.
Umuman, biziň eždatlarymyz goranyş meselesinde gaty üşükli bolupdyrlar. Gala görnüşli türkmen şäherleriniň Ýaňykentden başlap Gökdepe galasyna çenli haýsyny alsaňam, olaryň tebigy ýa-da emeli belentligiň üstünde gurlandygyny görýärsiň. Ösen bürünç eýýamynyň Ýaňykent şäheri uzak wagtlap ýaşalmagy netijesinde emeli suratda kemala gelen 20 metrlik belentlikde ýerleşipdir. Töwerek-daşdan şonça belentlikde ýerleşmegiň özi daşky çozuşlardan goranmak üçin amatly bolupdyr. Şäheriň esasy bolan emele belentlik kert häsiýeti bilen tapawutlanypdyr. Mahal-mahal 700 ýetýän kert baýyrlykdaky şäheri zabt edäýmek juda kyndyr. Üstesine-de bu baýyr ussalar tarapyndan çig kerpiç bilen oňat ýylmanyp goýlupdyr. Şäher – galanyň demirgazyk ýüzündäki gala diwarynyň galyňlygy 0,5 metr bolup, diwaryň daş ýüzünden ini 50 sm-lik dik gapyrgalar çykarylyp goýlupdyr, bu gapyrgalar 30 sm. öňe çykyp durýan eken.
Demirgazyk tarapdaky gala diwarynyň iç ýüzüni ýaşaýyş jaýlarynyň daşky diwary emele getiripdir. Jaýlaryň arasyndaky boşluk bilen gidýän diwar bolsa iç ýüzünde goşalandyrmak arkaly berkidilipdir. Hersiniň uzynlygy 5 metre ýetýän şol jaýlara goşalandyrylan diwarlarynyň daşky tarapyndan 2 metr diametrli ýarym tegelek diňler gurlupdyr. Gazuw işleri ösen bürünç eýýamdan öňki döwürlerde gala diwarynyň iki metr galyňlykdaky diňsiz we gapyrgasyz ýönekeý haýat görnüşinde bolandygynyň üstüni açdy. Ýaňykent şäheriniň gala diwarynyň diňleri çozup gelýän duşmany ýokardan ok-ýaý bilen atmaga niýetlenipdir. Şol bir wagtda-da olar gala diwaryny goşmaça berkidiji tär hökmünde ulanylan bolmaly.
Ýaňykendiň Baş derwezesinden başga-da goşmaça derwezeleri – girelgeleri bolupdyr. Ini 2 metr töweregi bolan ýoljagaz goşmaça girelgäniň agzyndan başlanyp, şäheriň jümmüşine alyp gidýär. Binagärlik nukdaýnazaryndan Ýaňykendiň Baş derwezesiniň desgasy has ähmiýetlidir. Derwezäniň gurulyş taryhynda dört döwri tapawutlandyrmak mümkin.
Birinji döwürde derwezäniň iki tarapdan gurşap alan gala diwarynyň galyňlygy 1,8 metr bolupdyr.
Gurluşygyň ikinji döwründe diwaryň galyňlygy 4,8 metre ýetirilipdir. Şol döwürde hem Altynyň Baş derwezesiniň bezegi bolan sag we çep beýik diňler gurlupdyr. Bu derweze diňleri iki tarapy dik gapyrga görnüşinde owadanlanypdyr.
Gurluşygyň üçünji döwri Baş derwezäniň kämillik derejesine ýetirilen döwri bolupdyr. Gala diwary şäheriň iç tarapyndan öňküdenem galňaldylypdyr we soňky gezek onuň galyňlygy 6 metre ýetipdir.
Dördünji döwürde diwar mundan hem galňaldylypdyr. Ýaňykendiň Baş derwezesiniň umumy ini, ýagny derwezäni sag we çep taraplardan gurşap alýan belent diňleriň arasyndaky giňişligiň ini 15 metr bolupdyr. Emma bu 15 metr giňişlik bitewi derweze bolman, birnäçe böleklere bölünipdir. Girelge üç sany aýry-aýry köçe görnüşinde emele getirilipdir. Şäheriň içine alyp barýan, derwezeden uzaboýuna gidýän köçejikleriň ikisi pyýada girelgedir. Olaryň ini 1,5–2 metr ölçegde bolupdyr. Üçünji – has giň köçäniň ini 4–5 metr bolup, bu girelge düýe goşulan arabalar üçin niýetlenipdir. Üç köçejigiň arasy 1,5 metr töweregi beýiklikdäki diwarjyklar arkaly bölünipdir.
Ýaňykent şäheriniň daşyny gurşap alan gala diwarynyň hem-de Baş derwezäniň gurluşygy ezeli türkmen taryhynda binagärligiň ýokary derejä ýetendigini görkezýär. Gala diwarynyň her ýerinde – her ýerinde diňleriň galdyrylmagy ezeli ýaşaýşyň özboluşly keşbini, alamatyny aňladýar. Şu alamaty, sazlaşygy biz Baş derwezäniň diňleriniň gaýtalanyp durýan dikleýin gapyrgalarynda hem görýäris. Bu hili alamaty, sazlaşygy biz eždatlarymyzyň özboluşly sungaty bolan nagyşlaryň gurluşynda hem görýäris. Munuň özi umumydünýägaraýyş jähetinde, ezeli eždatlarymyzyň giňişligi we wagty özboluşly sazlaşyk hökmünde kabul edendiklerini alamatlandyrýar.
Gala diwarynyň hem, Baş derwezäniň hem hiç hili hojalyk manysy ýok. Hatda bularyň goranyş desga manysy hem ikinji derejeli zat bolup durýar. Bu ýerde ezeli şäher ruhunyň maddylykdan aýrybaşgalaşan erkinligi ýüze çykypdyr. Ruh öz aýratynlyklaryny – gözellige we sazlaşyga ymtylyşyny diwarlar hem derweze arkaly maddylaşdyrypdyr. Gürrüňi edilýän desgalaryň gözelligine aýratyn ähmiýet berlenligi, onsoňam Baş derwezäniň giňligi bularyň aňyrsynda oguz-türkmenleriň daşky howplardan gorky duýgusynyň däl-de, eýsem bütinleý başga hili duýgularyň ýatandygyny görkezýär. «Bütinleý başga hili duýgular» – bu nämäni aňladyp biler?
Munuň özi ezeli eždatlarymyzda daşky tebigat ýaşaýşynyň akgynlylygyndan, sazlaşyklylygyndan tapawutlanýan özboluşly içki ýaşaýyş sazlaşygynyň emele gelendigini we bu ýaşaýyş sazlaşygyny altynlylaryň öz binalary arkaly aňlatmak isländiklerini alamatlandyrýar. Kentdepäniň, ýagny Ýaňykent şäheriniň biziň döwrümize gelip ýeten sudurynda geçirilen gazuw işleriniň uruş serişdesi bolan zatlary tas ýüze çykarmanlygy alamatly hadysadyr. Şol sebäpden şäheriň gala diwarlarynyň hem haýsydyr bir daşky howpdan goranmak däl-de, eýsem öz döreden içki giňişligiňi daşky tebigy giňişlikden aýrybaşgalaşdyrmak manysy bardyr. Munuň özi özüň bilen duşmanyň arasyndaky däl-de, tebigat bilen medeniýetiň arasyndan geçýän çäkdir, serhetdir. Şäher medeniýetiniň özbaşdak we özbaşyna bir ýaşaýyş akgynlylydygynyň azyndan iki sany daşky ýüze çykmasyny görýäris.
Olaryň biri – daşky diwar, ikinjisi-de – Baş derwezedir.
Obanyň daşky giňişlik, tebigat bilen aýrybaşgalaşmaýandygy häsiýetli zatdyr. Ýogsam bolmasa daşky harby howp oba-da degişli bolandyr ahyryn.
Kämillik eýýamynyň şäherleri şäher giňişliginiň ösüşiniň eýýäm üçünji tapgyrydyr, şäheriň tebigat bilen araçägi aýyrmak isleginiň alamatydyr. Bu hadysanyň ikinji tapgyry bolsa birwagtky, ezeli eýýamda medeniýet bilen tebigatyň arasyndaky serhediň duşman bile aralykdaky serhede öwrülenligi bilen baglanyşyklydyr.
Şäher – özbaşyna bir dünýä, aýratyn bir giňişlik. Bir zada üns beriň: näme üçin ezeli eždatlarymyz şäher derwezesine aýratyn üns we ähmiýet beripdirler? Näme üçin olar özleriniň bar döredijilik gujuryny we gözellik alapalaryny şäher derwezesiniň bezegine, haýbatlylygyna hem-de beýikligine siňdiripdirler?
Sebäbi derweze şäher atly aýratyn dünýäniň gapysydyr.
Baş derweze tebigat giňişliginden aýrybaşgalaşan medeni giňişligiň many we gözellik mazmunynyň umumylaşdyrylan nyşanydyr. Şonuň üçin hem ol mydama açyk durmaly däl. Çünki şäher dünýäsiniň daşky oýkumenden kabul edýän hem-de kabul etmeýän zatlary bar.

b) Ybadathana-köşk merkezi

 Ýaňykent şäheri ezeli şäherleriň hataryna girýär. Ezeli şäherlerde bolsa ilatyň dini ynançlary bilen baglanyşykly beýik binalar şäher gurluşygynyň esasy ýüzi bolup durýar. Türkmenistanyň baryp daş asyr taryhynyň döwürlerinde adamlaryň dini ynançlary bilen baglanyşykly özboluşly, gaýtalanmaz ybadat-köşk jaýlarynyň bolandygy bize bellidir. Döwrüň ruhuny, adamlaryň ruhy derejesini göz öňüne getirmekde bu ybadat-köşk jaýlarynyň aýratyn ähmiýeti bardyr.
Ýaňykent şäheriniň ybadat-köşk merkezi şäheriň gündogar tarapynda ýerleşipdir. Häzir bu ybadathanadan 40x50 metr ululykdaky ýarym egremçe şekilli depe galypdyr. Arheologlar şol depeden hem gadymy ybadathana-köşk merkeziniň sudurlaryny ýüze çykardylar. Bu merkeziň gurluşygy ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda gaýtadan gurmak, täzelemek ýoly bilen alnyp barlypdyr. Ilkinji binalar sary laýdan edilen kerpiç bilen, soňky binalar ýukajyk gyzyl gatlakly ýaşylymtyl kerpiç bilen gurlupdyr. Dürli döwürlere degişli örümleriň arasynda jaýrykpisint çäkler saklanyp galypdyr.
Ýaňykendiň diň şekilli ybadat-köşk desgasy irki bürünç eýýamdan galan medeni gatlagyň üstünden salnypdyr. Diň şekilli jaý öňki eýýamda adam tarapyndan emele getirilen ýapgyt baýryň dowamy görnüşinde bina edilipdir. Bu binanyň ýüz tarapyndan uzynlygy 21 metre ýetýän eken. Onuň beýikliginden bolsa bary-ýogy 6 metre ýetýän bölegi saklanyp galypdyr. Ybadathananyň boýy jemi bäş sany aýry-aýry gatlardan ybarat bolup, häzirki wagtda ol gatlaryň dördüsi oňat bildirýär. Birinji gatyň beýikligi 2 metre ýetýär. Bu gat jaýyň 80 sm. öňüne çykyp duran toýun düşegiň üstünde galdyrylypdyr. Munuň özi binanyň aşaky bölegini ýagşyň, ýeliň täsirinden oňat gorap saklapdyr.
Ikinji gat ýa-da dereje diň gapyrgalaryň gezekleşmegi görnüşinde kemala getirilipdir. Her gapyrganyň bir dyrnagy öňe çykyp dur, galan deň derejede duran iki dyrnak bolsa birinjiniň iki ýan gapdalyny emele getirýär. Munuň özi öň hem agzap geçilen özboluşly sazlaşygy ýüze çykarýar. Ybadathana-köşk jaýynyň ýokarky üçünji we dördünji gatlarynda şeýle binaçylyk keşdesiniň bolandygyny ýa bolmandygyny anyklamak juda kyn. Ýöne binanyň bäşinji gaty bolup durýan kiçijik inedördül gümmez özüniň derejesi boýunça ybadathana-köşgüň iň beýik ýerini aňladýar we gaýra, iç tarapdan binanyň emeli depe bilen bitişip gidýändigini görkezýär. Ybadathana-köşgüň arka ýüzünden gelseň, bu gümmeziň düýbi, binýadyň başlanýan ýeri ýeriň derejesinde bolup çykýar. Ýagny arka ýüzden gümmez edil ýerde bina edilen ýalydyr. Şeýlelikde, ybadathana-köşgüň öň tarapy bilen arka tarapynyň derejesi biri-birinden bütinleý tapawutlanýar.
Ýaňykendiň täsin we özboluşly bu binasy bilen baglanyşykly iki sany pursaty aýratyn belläp geçmekçi. Birinjiden, bu bina biziň häzirki ymarat galdyryşymyzdan düýpli tapawutlanýar.
Biz açyk we tekiz ýerde dört tarapdan bitewi ymaraty galdyrýarys.
Ýaňykendiň ybadathana-köşgi bolsa emeli depäniň dowamy görnüşinde diňe öň tarapdan galdyrylyp, depäniň bir ýüzüniň bina şekiline getirilmesi bolup görünýär.
Öň-ýüzi – ymarat, arka ýüzi – depe, munda adamyň ýüzi bilen ýeňsesiniň gatnaşygy görünýär. Bu tärdäki ymarat emeli depäniň bir tarapynyň gazylyp çekilen ymaratlaýyn suratyny ýada salýar. Ikinjiden, ybadathana-köşgüň iň inli aşaky gatyndan iň kiçi we insiz gümmezine çenli üsti-üstüne goýlan derejeler-gatlar şekilinde gürelip gitmegi Ýaňykendiň ýaşaýjylarynyň ulanan gaplarynyň ýüzündäki piramida şekilli nagyşlaryny ýada salýar. Eger ýadyňyza salsaňyz, türkmen halysynyň göli hem biri-biriniň şöhlelenmesi bolup duran piramida pisindindedir. Göli onuň ortatasyndan kese geçýän çyzygyň derejesinde iki epleseň, piramida emele gelýär. Diýmek, Ýaňykendiň ybadathana-köşgi ýerden galdyrylan ýarym göl görnüşinde bina edilipdir.
Meniň beýan eden ymaratym Ýaňykendiň merkezi ybadathanasynyň irki, ilkinji görnüşidir. Ösen bürünç eýýamynda ybadathana täzeden bina edilipdir. Hut şol döwürde hem ybadathana-köşk merkezi birgiden bina toplumy hökmünde örboýuna galypdyr. Şonda ikinji gatyň beýikligi artdyrylypdyr. Ikinji gezek ymaratyň beýikligi 26 metre ýetipdir. Birinji gatyň beýikligi 3,5–4 metr bolupdyr. Hut şu döwürde-de ybadathananyň günorta tarapyndan täze jaý gurlupdyr. Jaýyň maňlaý ýüzi ybadathananyň diň şekili bilen bir bitewüligi emele getiripdir. Onuň ýüzi-de dik gapyrga görnüşinde bolupdyr.
Gapdal jaýyň içki otaglarynda tapylan gazan pisint zatlar, galyň mytaralar bu jaýyň kömekçi bir bina bolandygyny görkezýär. Şol bir wagtda-da munuň diwarlarynyň Ýaňykendiň ýönekeý ýaşaýyş jaýlarynyňkydan iki esse galyňlygy bu jaýa aýratyn many berýär.
Gapdal jaýyň günorta ýüzünden ýene bir jaý gurlupdyr. Bu jaýyň hiç hili binagärlik ähmiýeti we gözelligi ýok. Ol hatda jaý hem däl-de, günorta tarapda üýşüp giden külüň öňüni ýapmak üçin galdyrylan diwara meňzeýär.
Ybadathana-köşgüň gaýra, arka ýüzünde birgiden kümmetler, hojalyk jaýlar we howlular, iki sany ýaşaýyş jaýy ýerleşipdir. Bu ýerde jemi 13 sany öý ýerleşipdir. Tutuşlygyna alanyňda, bu ýerde iki sany howlynyň bolandygyny saýgarmak kyn däl. Olaryň çäginde bitewi göramançylyk ýerleşipdir.
Göraman 10x16 metr ölçegdäki jaý bolup durýar. Onuň diwarlary örän galyň, şunuň bilenem ol beýleki jaýlardan tapawutlanýar. Munuň özi bir uzyn däliz bilen birikdirilen bäş sany inedördül öýdür. Bularyň içinde birnäçe adam jaýlanypdyr. Degişli öýlerde puhorlar salnypdyr. Saklanyp galan adam süňkleriniň daş-töwereginde dürli möhürler, daş we gymmatbaha daşlardan edilen monjuklar tapyldy. Şeýle hem hut şu öýleriň birinden öküziň we möjegiň altyndan guýlan kellesi tapyldy. Ýogalanlaryň boýra dolanyp jaýlanandygyna ýerde we beýleki zatlarda galan boýra yzlary şaýatlyk edýär.
Degişli göramanlardaky jaýlanan adamlaryň postlarynyň saklanyşy birmeňzeş däl. Has öň jaýlananlaryň postlary tertipsiz, dagynyk halda. Diňe soňky jaýlananlaryň postlaryna el degrilmändir. Käbir jesetleriň kellesiniň göwreden aýrylyp, jaýyň diwarynyň tagçasynda ýerleşdirilendigini görmek bolýar. Käbir jesetleriň dürli bölekleri dürli jaýlara düşüpdir. Munuň özi bu jesetler bilen baglanyşykly täsin dini dessurlaryň berjaý edilendigini görkezýär.
Jaýlaryň birinde puhor bar eken. Puhoryň – altaryň başynda merhumy jaýlamak, ony soňky ýoluna «ugratmak» bilen baglanyşykly dessurlar ýerine ýetirilipdir. Şu ýerde dessur berjaý edilenden soň – ölüniň imanly bolmagy üçin Hudaýa içgi we beýleki zatlar bagyş edilensoň, jesedi beýleki otaglara – öýlere geçiripdirler. Gürrüňi edilýän jaýdaky puhoryň üstüne ýapylan zadyň aşagynda 60–70 ýaşly gojanyň postunyň ýatmagy täsindir. Men bu jaýlanyş dessurynyň täsinlikleri we olaryň ruhy manylary barada ýaňykentlileriň ruhy durmuşyny derňänimde has giňişleýin we has düşnükli gürrüň bererin. Göramanyň golaýynda hojalyk jaýlary, ýaşaýyş jaýlary ýerleşipdir. Hojalyk jaýlaryndaky ojaklar, gazanlar, käbir mal süňkleri bu ýerde jaýlaýyş dessuryny üpjün etmäge gerek bolan biş-düş işleriniň amal edilendigini görkezýär. Degişli ýaşaýyş jaýlarynda bolsa ybadathana-köşk merkeziniň işini dolandyran töreler – ruhanylar we olaryň maşgala agzalary ýaşapdyrlar.
Şeýlelikde, ybadathana-köşk merkezi diňli ymaratdan, göramanlardan, ýaşaýyş we hojalyk jaýlaryndan ybarat bolupdyr.
Diňli ybadathana-köşgüň şekiliniň türkmen halysynyň gölüniň bina görnüşine getirilmesidigini öň aýdypdym. Şeýle ymaratlar gadymy Mesopotamiýada hem duş gelipdir. Oňa arheologlar zikkurat diýip aýdýarlar. Ymaradyň inedördül ýokary gümmezi dürli dessurlary geçirmäge, asmandaky ýyldyzlary synlamaga niýetlenilipdir.
Ybadathana-köşgüň edil golaýynda baş ruhanynyň birnäçe otagdan ybarat öýi ýerleşipdir.
Şeýlelikde, Ýaňykendiň ybadathana-köşk merkezi ezeli eýýamyň özboluşly bina nusgasydyr. Bu binanyň aýratynlyklary hakynda aýdylanda, ilki bilen, onuň şekiliniň Ýaňykendiň gaplarynyň nagyşlary bilen bitewi bir tärdigini aýtmalydyryn. Inedördül hem-de gönüburç şekiller bu ýerde ymarat görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Şonuň üçin hem degişli bina nusgasyny Ýaňykentlileriň ruhy ölçegleriniň we bitewi gözellik gözýetiminiň ymarat meselesinde ýüze çykyşy hökmünde teswir etmek dogrudyr. Çünki şonda biz gadymy eždatlarymyzyň durmuşynyň we ruhunyň bitewüligine akyl ýetirip bileris hem-de bu bitewüligiň ýaşaýşyň aýry-aýry ugurlarynda amal bolşuny yzarlap bileris.
Eger biz Ýaňykendiň maddy we ruhy durmuşyny özara baglanyşykly bitewüligiň iki tarapy hökmünde alyp bilmesek, onda bu ýerde bilmek, akyl ýetirmek barada gürrüň hem bolup bilmez. Eger biz gaplaryň ýüzündäki nagyşlary we binalary, külalçylygy we dini dessurlary şol bir bitewi ruhuň dürli jähetlerde ýüze çykmasy hökmünde görkezmesek, onda bu düşündirme däl-de, ýönekeý bir sanap geçme bolar.
Men dürli geometriki şekilleriň we bina tärleriniň ruhy hem-de akyl ýetirme manysyny aşakda giňişleýin açaryn. Häzir bolsa Ýaňykendiň beýik binalarynyň asyl nusgasyny özge ýurtlardan gözläp oturmagyň derwaýys däldigini, maksadalaýyk däldigini, çünki, munuň Ýaňykendiň bitewi ýaşaýşyny bölekleýändigini aýtmakçy. Meňzeşlikler, hatda umumylyklar hem bolup biler, emma şol bir wagtda-da bularyň bütinleý daşky ýakynlyk bolmagy hem mümkin. Biziň üçin derwaýys zat – Ýaňykendiň ýaşaýyş bitewüligi arkaly ata-babalarymyzyň medeniýetiniň gaýtalanmazlygyny görüp hem görkezip bilmekdir. Diňe şonda biziň milli taryhymyz dünýä taryhy bilen baglanyşykly, ýöne şol bir wagtda-da garaşsyz özboluşly taryhy dowamat hökmünde göz öňüne geler.
ç) Ýaşaýyş jaýlary

Ýaşaýyş jaýlarynyň özboluşlylygy Ýaňykendiň dürli etraplarynda dürlüçe ýüze çykýar. «Senetkärler etrabynyň» jaýlary ýönekeýligi we kürelere ýakyn ýerleşýänligi bilen tapawutlanýar.
Senetçiler köpöýli jaýlarda ýaşapdyrlar. Köpöýli jaýlar aýry-aýry howlulara birigipdir. Ol jaýlar çig kerpiçden salnypdyr. Ýaşaýyş jaýlary meýdanynyň ululygy, diwarlarynyň nepis toýun suwagy bilen parhlanýar. Öýleriň ortarasynda ýerden sähel galdyrylan inedördül ojaklar salnypdyr. Köpöýli jaýlar, adatça, inedördül ýaşaýyş öýünden hem-de oňa birikdirilen hojalyk kümelerinden ybaratdyr.
Şeýle jaýlaryň biri 13 sany kiçijik öýden hem-de kiçijik howludan ybarat bolupdyr. Daryşganlyk bu ýeriň esasy aýratynlygydyr. Howlynyň umumy meýdany 14 metr2, onda ýarym egremçe şekilli iki sany tamdyr ýerleşipdir. Ähli öýleriň içinde inedördül dikme ojak bar, öýler darajyk däliz arkaly kümeler bilen birikdirilipdir.
Ikinji köpöýli jaý birinjiniň gündogar ýüzünde ýerleşipdir. Bu ýerdäki öýleriň meýdany 7–8 inedördül metrden, kümeleriň meýdany bolsa 2–3 inedördül metrden, kämahal bolsa 4–5 inedördül metrden uly däl.
Ýaňykendiň senetkärler etrabyndaky köçeler hem özüniň darajyklygy we kiçijikligi bilen haýran galdyrýar. Dar köçeleriň ini 1,5–1,8 metr, giňräkleriniňki 1,7–2,1 metre ýetýär. Köçeleriň üç tarapyny jaýlar, dördünjisini uly hojalyk howlusy tutupdyr.
Käbir jaýlaryň suwagynyň galyňlygy 7 santimetre ýetýär. Suwagyň üstünden gyzyl reňk çalnypdyr. Käbir ýerlerde aşhanalar esasy ýaşaýyş öýünden aýry otag hökmünde salnypdyr.
Şeýlelikde, senetkärler etrabynyň jaýgurluşyk aýratynlyklary hakynda şulary aýtmak mümkin: senetkärler dört-bäş öýden ybarat aýratyn, özbaşdak jaýlarda ýaşapdyrlar. Öýleriň meýdany 10–13 inedördül metr, kümeleriň meýdany 3,5–8,5 inedördül metr bolupdyr. Öýler dogry, göni inedördül şekilde gurlup, diwarlary oňat suwalypdyr. Ikinjiden, jaýlaryň oýlanyşykly salnandygyna garamazdan, olaryň jemine seredeniňde, geometriki näsazlyk göze ilýär. Köçeler öňünden ölçelip-biçilip gurulmandyr. Ýöne biri-birine belli bir aradaşlykda salnan jaýlaryň arasynda galan boşluklar hem köçeleri emele getiripdir.
Merkezi meýdançanyň demirgazyk-gündogarynda gurlan jaýlaryň görnüşi senetkärler etrabynyň jaýlaryndan tapawutlanýar. Jaýlar 4-6 otagdan ybarat. Içerde ýarym egremçe şekilli ojaklar gurlupdyr, diwarlarda tagçalar gazylypdyr, tagçalaryň aşak ýanyndan «dyrnak çykarylypdyr». Ýer toýun bilen suwalyp, reňk çalnypdyr.
Ýaşaýyş öýleri jaý şekilli kümmetler bilen gezekleşip gidýärler. Jaýlaryň burçlarynyň gyşyk çykarylan ýerleri-de bar.
Ýaňykendiň merkezindäki «Diňli depäniň» ymaratlary hem özboluşly jaýlar bolup durýar. Bu ýerden tapylan özboluşly ymaraty arheologlar «Serdaryň öýi» diýip atlandyrypdyrlar. Serdaryň öý giňişligi, geometriki sazlaşyklylygy we oňat bejerilenligi bilen bada-bat göze ilýär. Bu ýerdäki köçeler hem giň, olaryň ugrundaky jaýlar bolsa örän uly. Şonuň üçin hem Ýaňykendiň bu etraby «Asylzadalar etraby» adyny alypdyr. Dogrudanam, «Diňli depäniň» gündogar böleginde şol döwrüň jemgyýetiniň ýokary gatlagy ýaşan bolmaly. Çünki hut şu ýerden baý maşgalalaryňky bolmaly diýdirýän zatlar – şol döwrüň daşary ýurt önümleri, gymmatbaha metallardan we daşlardan ýasalan her hili zatlar tapylyp alyndy.
Serdaryň öýi 100 inedördül metr meýdany eýeleýär. Jaýyň burçlary örän dogry çykarylypdyr. Jaýa 1 metr giňlikdäki köçe bilen barypdyrlar. Köçä toýun gaplaryň döwük-enjikleri ýazylyp, özboluşly daş ýol1 edilipdir, özem geň ýeri, bu daş ýol mahal-mahal täzelenip durupdyr. Girelge içi ojakly we diwary tagçaly jaýa alyp barypdyr. Bu ýeke-täk jaý daşardan gelýän sowuk howanyň beýleki otaglara geçmezligi üçin gurlana meňzeýär. Jaýyň galan otaglary biri-biriniň içinden geçip gidýärler. Dört öýüň dördüsi-de nepis suwalypdyr. Jaýyň galan iki sany süýrümtil otaglary hojalyk hyzmatyny ýerine ýetiripdir.
Jaýyň gaýra ýüzünde uly hem giň howly ýerleşipdir. Jaý hem, howly hem örän arassa saklanypdyr. Howluda ullakan tamdyr hem-de aýratyn oturan kümmet bar. Jaýlaryň we howlynyň gönüligi hem-de gelşikliligi olaryň öňünden ýüp ölçegi arkaly ölçelip gurlandygyny görkezýär.
«Asylzadalar etraby» bilen şäheriň beýleki etraplarynyň arasynda kiçijik meýdança ýerleşipdir. «Asylzadalar etrabyndaky» jaýlar çig kerpiçden, kämahal bolsa pagsadan gurlupdyr. Bu ýerde 2–2,3 metr giňlikdäki, şeýle-de 1–1,6 metr giňlikdäki köçeler bar. Köçelere toýun gaplaryň galyndylary ýazylyp, daş ýol çekilipdir.
Şu etrapda ýerleşýän «puhorly jaýyň» meýdany 90 inedördül metr bolup, ol sekiz otagdan ybaratdyr. Bu jaýyň diwarlaryndaky tagçalar, diwarlaryň öňündäki toýun oturgyçlar, şeýle-de ortarada ýerleşýän tegelek ojak-puhor bu bina öý ybadat jaýy bolmaly diýdirýär.

1 Men şu günki gepleşigimdäki gara ýol (asfalt) aňlatmasynyň ulanylmagyny unamaýaryn. Gara ýol diýmän ak ýol, hiç bolmanda daş ýol diýilse, daş düşelen ýola bolsa çagyl ýol diýilse makul boljak. Türkmen: «Ak ýoldan barýaryn», «Ýoluň ak bolsun!» diýýär. Goý, diýşimiz ýaly bolsun: türkmeniň ýoly ak bolsun!
Puhorly jaýyň hojalyk howlusy özbaşyna otyr. Howla köçe tarapdan girilipdir. Howluda ullakan tamdyr, gazan bölekleri, uly soky, beýleki zatlar tapylypdyr.
Bu jaýyň demirgazygragynda «Heýkelli jaý» ýerleşipdir. Bu ýerde heýkel tapylandygy üçin oňa şeýle at berdiler.
Şeýlelikde, Ýaňykendiň özboluşly hem-de gaýtalanmaz binagärçilik sungaty bolupdyr. Bu sungat ýaňykentlileriň durmuş pelsepesini, jemgyýetçilik gurluşyny hem-de dünýägaraýşyny görkezýär. Şu nukdaýnazardan men Ýaňykendiň binalary baradaky gürrüňimi jemlemäge we degişli dünýägaraýyş netijelerimi aýtmaga girişýärin. Ilki bilen, şäher gurluşygyna çig mal hökmünde saýlanyp alnan serişde hakynda. Mälim bolşy ýaly, biziň ezeli eždatlarymyz ähli binalaryny, ymaratlaryny çig kerpiçden gurupdyrlar. Edil şonuň ýaly-da, olaryň ýasan hem-de olaryň durmuşynda aýratyn möhüm orun tutan gap-çanaklar hem toýundan bolupdyr. Men ähli hadysalary we zatlary ruh bilen düşündirişim ýaly, muny hem ata-babalarymyzyň ruhy dünýägaraýşy bilen baglanyşdyrmakçy. Adamyň ýaradylyşy meselesinde Allatagala adamy haýsy materialdan ýaradypdyr diýen möhüm sowal bar. Dünýäde bolup geçen we häzir hem bar medeniýetleriň, dünýä halklarynyň rowaýatlarynyň hemmesi bu sowala birmeňzeş jogap bermeýär. Ýöne şol jogaplaryň içinde Gadymy Mesopotamiýa – Ikiderýaaralygy dünýägaraýşynyň teswiri aýratyn özboluşly gelýär.
Baryp beýik Şumerler zamanlarynda ilkinji adamyň toprakdan ýaradylandygy baradaky rowaýatlar meşhur bolupdyr. Nuhuň zürýdy Ýafesiň nebereleri-de şu dünýägaraýşa eýeripdirler. Adamyň özüniň ýaradylyşynda şeýle orun eýelän toprak köküni Mesopotamiýadan alyp gaýdýan ähli medeniýetlerde uly ähmiýetli bolupdyr. Ýaňykentlileriň bina, ýaşaýyş jaý işinde çig kerpije, pagsa esasy material hökmünde garamaklary hem ýokarky dünýägaraýyş bilen baglanyşyklydyr. Rast, adamyň owalbaşdan süňňi toprakdan bolsa, milletiň süňňüni emele getirýän jaýlar, binalar hem toprakdan bolmalydyr – ine, biziň ata-babalarymyzyň binagärlik pelsepesi şunuň ýalydyr.
Çig kerpijiň, topragyň şeýle pelsepewi manysynyň barlygyna Ýaňykendiň binalarynyň daşky görnüşi-de şaýatlyk edýär. Eger adamyň süňňi toprakdan bolsa, toprak onuň enesidir. Bu pelsepe ata-babalarymyzyň ýarym egremçe görnüşindäki jaýlary gurmagyna we olarda ýaşamagyna sebäp bolupdyr. Men ýarym egremçe diýýärin. Emma has anyk we dogry aýdanyňda, bu şekil göwreli enäniň garnynyň şekilidir. Şeýle şekili bermek bilen ýaňykentliler özleriniň ene goýnunda – ene toprakda ýaşaýandyklaryny nygtamak isläpdirler. Galyberse-de, olaryň adam jaýlaýyş dessurlary-da ene rehmi, ene toprak pelsepe bilen bilen baglanyşyklydyr. Altynyň kümmetlerinde we göramanlarynda ýatan jesetler dyzlary epilen, tükgerip ýatan görnüşde. Munuň özi çaganyň ene rehminde ýatyşyna meňzeşdir. Jaýlananlar hem ene rehmine dolanyp baranlardyr.

5. Ezeli Oguz-türkmen döwletiniň
maddy durmuşy

Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada Oguz hanyň ezeli türkmen jemgyýetini guraýşy barada şeýle ýazypdy: «Oguzyň buýrugyna görä, ähli halky üçe böldüler. Akyldarlara, bilimlilere, hasapçylara mal we dowar jem etmek, harç etmek, girdeji we çykdajyny hasaplamak, kethudalyk, wezirlik we ýazyjylyk berdi.
Batyrlara serkerdeligi berdi. Çakgan kişilere kement berip, at bakmaga gönderdi.
Bilimsiz, sada kişileriň eline taýak berip, düýe, sygyr we goýun bakmaga gönderdi»1.
Munuň özi, ylmy dilde aýdylanda, Oguz han Türkmeniň jemgyýetde zähmet bölünişigini geçirendigini aňladýar. Dogrudanam, Ýaňykent şäheriniň ösen döwürlerinde munda önümçiligiň dürli pudaklarynyň biri-birinden aýrybaşgalaşyp, zähmet bölünişiginiň we ilatyň dürli gatlaklarynyň ýüze çykandygyny görmek bolar. Ezeli şäher medeniýetiniň ykdysady esasy dürli önümçilik pudaklary hem-de zähmet bölünişigidir.
Şeýle zähmet bölünişiginiň esasynda, elbetde, ekerançylyk we maldarçylyk ýatýar. Bürünç eýýamynda Ýaňykendiň daş-töweregini gür tokaýlyklar gurşap alypdyr. Bu ýerde tal, derek, garagaç, baýyrlaryň üstünde arçalar adaty bir zat bolupdyr. Şeýle gür we dürli ösümlik dünýäsi degişli eýýamda iç oguzda – Ýaňykent şäherini merkez edinen Günorta Türkmenistanda ýeterlik suwuň bolandygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki Mäne we Çäçe çaýlary o zamanlar bol suwly derýalar bolup, has aşaky akymlarda olaryň suwy has uly derýa – Oguz derýasyna birigipdir. Derýalaryň kenarlaryny tutup oturan jeňňelliklerde ýabany ýekegapanlar, jerenler, gulanlar, keýikler, saýgaklar we beýleki haýwanlar süri-süri bolup gezipdirler. Elbetde, tokaýlarda olary awlamak üçin yzyna düşüp ýören ýyrtyjylar – gaplaňlar, barslar, geçigaplaňlar, garagulaklar, hatda has uly ýyrtyjy – ýolbarslar hem bolupdyr.

1 Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. 86 sah.
Hut şu hili tebigy şertler Ýaňykendiň töwereklerinde ekerançylygyň döremegine we güýçli suratda ösmegine ähli amatlyklary döredipdir. Ekerançylykda esasy orun bolsa däneçilige degişli bolupdyr. Muňa Ýaňykendiň ýokarda beýan edilen howlularyndan tapylan degirmen daşlary, sokular, tamdyrlar, mis oraklar gözli şaýatdyrlar. Dänäniň içinde-de ak bugdaý has giň ýaýrapdyr. Arpa, üzüm hem ösdürilipdir. Ýaňykentliler we beýleki şäherçelerdir obalaryň ilaty ýeri azal bilen sürüpdirler. Soňky zamanlaryň türkmenleri ýaly olar azaly jübüt ýa-da ýeke sygra, öküze ýa-da düýä goşup sürüpdirler. Soňra ýeriň tagty gitmezligi üçin, ony oňat malalapdyrlar. Ýaňykent zamanynda senetçiligiň ýokary derejedäki ösüşi ata-babalarymyzda kämil ekerançylyk gurallary we ýer bejermegiň kämil usullary bolandygyna doly esas berýär.
Türkmenlerde bürünç eýýamynda ekerançylygyň ýokary derejä ýetmegi ezeli türkmen medeniýetinde topragyň aýratyn orny bilen baglanyşyklydyr. Durmuş ruhy däl-de, ruh durmuşy kemala getirýär. Şu beýik kanunalaýyklykdan ugur alsaň, topraga asly we enesi hökmünde garan eždatlarymyz özleriniň rysgalyny hem toprakdan gözläpdirler. Türkmenlerde ekerançylygyň ýokary derejesi hem şol zamanlardan gözbaş alyp gaýdýar. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada beýik atamyz Oguz hanyň ýer-toprak baradaky pähimlerini ýerleşdirdi. Olaryň biziň günlerimize gelip ýetmegi haýran galdyryjy, şol bir wagtda-da biziň hakydamyzyň bitewüligini görkezýän tebigy zatdyr. Döwrüň ekerançylyk durmuşyny we ata-babalarymyzyň ekerançylyk ruhuny göz öňüne getirmäge kömek edýändigi üçin men şu ýerde-de olary gaýtalap bereýin.
«Oguz han Türkmeniň toprak-ýer hakda aýdanlary:
Ýeriň üstünde jepa çeken (zähmet çeken) goýnunda rahat tapar.
Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr.
Topragy söýmedik, Watany söýmez.
Ýekeje düwür ýeri harlan türk iman (türkmen) däldir.
Bir ýapragy ýolsaň, ömründen bir ýyly kemersiň, bir şahany döwseň, goluňy ýa aýagyňy döwdügindir, bir nahaly köki bilen goparsaň, ömrüňi kül etdigiňdir, bir agajy çapsaň, ömür daragtyňy çapdygyndyr.
Zer alma, ýer al!
Suw atadyr, ýer – ene.
Toprak tenindir, asman – ruhuň.
Başyň gökde bolsa-da, topraga tagzym et!»1
Ýaňykendiň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri-de maldarçylyk bolupdyr. Maldarçylygyňam esasy görnüşi dýwardarçylyk eken. Dowar et berýän mal hökmünde saklanypdyr. Dowar sürüleri şäher eteklerinde, sähralyk ýerlerde bakylypdyr. Häzirki türkmen goýunlarynyň tohumlarynyň eýýäm şol zamanlarda doly kemala getirilendigini aýtmak bolar. Ýaýlalarda arly ýylyň dowamynda bakylýan dowarlar şäher ilatynyň esasy et alapasyny emele getiripdir. Goýun şäherleriň ýa-da obalaryň çäginde saklanmandyr, diňe baga bakmak üçin niýetlenen az sanly dowarlar gapyda saklanypdyr.
Ýaňykendiň dowardarçylygyndan häzirki türkmen durmuşynda saklanyp galan esasy mirasyň biri türkmeniň goýun itidir. Kellesi gazan ýaly, göwresi äpet, gulaklary, guýrugy kesilen itiň toýundan ýasalan heýkeljigi biziň günlerimize gelip ýetipdir. Munuň özi türkmen goýun itiniň agyn özüdir. Türkmen itiniň tumşugy inçe däl-de, erinlekdir. Şunuň bilen ol barsyň ýa-da gaplanyň tumşugyny ýada salýar. Şeýle itleri gadymy wagtlarda gaplaň, ýolbars ýaly haýwanlar

1 Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. 211-212 sah.
bilen uruşdyrypdyrlar. Ýaňykent zamanlarynda sürüleri gorap gezen itleriň dürli ýyrtyjy haýwanlar bilen garpyşandygyny göz öňüne getirip bolar.
Ata-babalarymyz bu goýun itini ýörite seçgi arkaly kemala getiripdirler. Çünki has irki döwürleriň – daş eýýamynyň ýadygärliklerinde göwresi juda kiçijik, şagalpisint itiň-gürjiniň süňkleri gabat gelýär. Şu hili seleksiýa ýoly bilen eždatlarymyz goýnuň hem has oňat tohumlaryny döretmegiň hötdesinden gelipdirler. Şu ýerde Ýaňykendiň ýaşaýjylarynyň gulan, jeren, saýgak ýaly ýabany haýwanlary awlandyklaryny, ýagny döwrüň et önümçiliginde awçylygyň hem belli bir derejede orun tutandygyny aýtmak gerek.
Maldarçylykda gara mallara, şeýle-de düýelere hem uly üns berlipdir. Düýe esasan ulag hökmünde, öküz ýer sürmek üçin, sygyr hem süýt-gatyk üçin ulanylypdyr.
Önümçiligiň Ýaňykent şäheri – ösen bürünç eýýamy zamanlarynda iň ösen ugry magdan işläp bejermek hem-de külalçylyk bolupdyr. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada ezeli eždatlarymyzyň magdan işläp bejerişinden gürrüň berýän «Ergenekon» dessany barada aýdypdy. Şeýle-de, biz ähli «Oguznamalarda» arabanyň oýlanyp tapylyşynyň beýanyny görýäris. Munuň özi biziň ezeli taryhymyzyň ýazuw arkaly gelip ýeten beýanydyr. Arabanyň oýlanyp tapylmagy, döredilmegi üçin ösen magdan pudagy zerurdyr. Ýaňykent şäheriniň öňki döwürlerden esasy uly tapawudy hem onda şu pudaklaryň görlüp-eşidilmedik derejede ösenligi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi iş ýüzünde beýik ykdysady öwrülişikdir. Şu önümçilik esasynda hem Oguz han Türkmen döwrüniň täze şemgyýeti kemala gelipdir.
Magdan işläp bejeriş misiň, kümşüň, altynyň we olaryň dürli garyndylarynyň özboluşly usulda işlenilmeginde ýüze çykypdyr. Arheologik tapyndylaryň şaýatlyk etmegine görä, magdan üç usulda işlenipdir.
Birinji usul boýunça magdan serkaplanypdyr, ýagny, sowuklygyna süýülipdir. Şu usulda temen, iňňe we beýleki esbaplar taýýarlanypdyr.
Ikinji usul – ilki galyba guýup, soňra sowuklygyna ýa-da gyzgynlygyna süýmek. Şeýle usul arkaly pyçaklar, gezlikler, gamalar, rendeler ýasalypdyr.
Magdandan gural, önüm ýasamagyň üçünji ulanylan usuly galyp arkaly doly taýýar, gaýdyp işlemesiz önümi öndürmekdir. Ata-babalarymyz şeýle usulda dürli möhürleri, başy heýkeljikli temenleri ýasapdyrlar. Ýasalyşyň dürli tärleri hem bolupdyr: rejelemek we lükge çykarmak. Rejelemek – daş ýa-da mis galyba görä, ýapyk galyba görä, guýmak. Lükge bolsa açyk ülňi bilen almakdyr. Ata-babalarymyz degişli magdanlaryň dürli garyndylaryny hem ussatlyk bilen ulanyp bilipdirler. Guýmaçylar bilen süýmeçileriň biri-birinden aýrylyşmagy, bularyň hersiniň özbaşdak bir pudaga öwrülmegi diňe önümçiligiň däl, eýsem tutuş jemgyýetiň hem ösüşini alamatlandyrýar. Türkmen hünärmentçiliginde häzir hem öz hünäri boýunça aýrybaşgalaşan ussalaryň atlandyrylyşy başga-başgaçadyr. Mysal üçin, dürli möhürleri ýasaýan, has dogrusy, guýýan ussalara türkmen dilinde möhürçiler diýilýär. Möhürler daş galyba guýlup hem ýasalýar, magdanyň ýüzüne çyzylyp hem ýasalýar. Ýaňykentde möhürçiligiň ýokary derejede ösenligi döwrüň jemgyýetçilik, eýeçilik gatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr.
Iň ilkinji paýtagtymyzyň ösen döwründe külalçylyk hem ýokary derejä ýetipdir. Hut ösen bürünç eýýamynda külal çarhy döredilip, gaplary el bile ýasamak diýilýän zat geçmişe gidipdir. Munuň özi aýak bilen çalt aýlandyrylýan külal çarhy bolupdyr. Şeýle çarhyň oýlanyp tapylmagy netijesinde dürli gaplar inçe sungatyň eserlerine öwrülipdirler. Ol zähmet öndürijiligini artdyrypdyr.
Toýun gaplaryň bişirilişinde hem uly özgerişlikler bolup geçipdir. Bu meselede toýun gaplar bişirilýän küreleriň täze görnüşi – ikigat küreler oýlanyp tapylypdyr. Ikigat küräniň aýratynlygy we artykmaçlygy şundan ybaratdyr: bişirilýän gap göni oduň üstünde goýulman, ikinji bir gatda ýerleşdirilýär. Aralykda kiçijik germewiň barlygy sebäpli oduň ýalny gabyň ýüzüne degenok. Ýöne germewiň ýokary tarapy açyk. Onsoň oduň ýalny-ha birinji gatda galýar, oduň howry bolsa germewiň üstaşyry ikinji gata geçip, toýun gaby bişirip bilýär. Ýalyn däl-de, howur arkaly, ýagny oduň gös-göni öz täsiri bilen däl-de, onuň howany gyzdyrmagy arkaly toýun gaby bişirmek ata-babalarymyzyň ajaýyp oýlap tapyşynyň netijesidir. Şeýle küreler baryp mis-daş eýýamy döwründe Ýaňykendiň şäherçeleriniň biri bolan Göksüýrüde giňden ulanylypdyr. Munuň özi XX asyrda türkmen kümüşçi ussalarynyň ulanan sada körügine meňzeş enjamdyr.
Çalt aýlanýan çarhyň we ikigat küräniň oýlanyp tapylmagy senetçiligiň aýratyn pudaga öwrülmegine getiripdir. Ýaňykendiň mähelleli etrabynyň esasy bölegini senetçileriň tutmagy häsiýetli zatdyr. Bu özboluşly senagat merkezi bolupdyr. Şu ýerde senet bilen senagatyň arabaglanyşygy we aratapawudy hakynda aýdaýyn.
Senetçilik – maldarçylykdan we ekerançylykdan soňky üçünji bir önümçilik pudagydyr. Öz mazmunynda akyl zähmetiniň tutýan orny boýunça senetçilik ekerançylykdan hem ýokarda durýar. Senetçilik has inçe paýhasy we has inçe zehini, üşügi talap edýär. Jemgyýetçilik aňynyň ösüşi jähetinden, senetçilik akylyň has anyklaşmagyna we pikirlenmäniň has hem predmetleşmegine getirýär.
Senetçilik tebigatdan daşlaşmagyň ilkinji uly ädimidir. Ol beýleki, öňki önümçilikler bilen deňeşdirilende, has uly zatdyr.
Maldarçylyk – tebigatdan taýýar önümi almakdyr (elbetde, öz zähmetiň bilen).
Ekerançylyk – tebigatda taýýar däl önümi özüň öndürmekdir.
Senetçilik bolsa tebigatda ýok görnüşleriň döredilmegidir. Senetçilik täze görnüşleri döretmek arkaly maldarçylygyňam, ekerançylygyňam mazmunyny üýtgetdi.
Ýaňykendiň senetçiliginde misgärlik we zergärlik uly orun tutupdyr. Gadymy ussalaryň pöwrize, hakyk we beýleki daşlardan ýasan monjuklary, gyzyl, kümüş önümleri saklanyp galypdyr. Dürli gymmatbaha daşlary, magdany deşmek üçin şallaky ulanylypdyr. Şallaky ujuna üşgi ötürilip, magdan, agaç, daş ýaly zatlary deşmek, oýmak, burawlamak üçin ulanylýan sadaja guraldyr. Daşlary, agaçlary owadanlamak, belli bir görnüşe salmak üçin ýonguçlary ulanypdyrlar.
Dowardarçylygyň ýokary derejesi Ýaňykent şäherinde dokmaçylygyň, taraçylygyň, gön işläp bejermegiň ösmegine esas bolupdyr.
Bir söz bilen aýdylanda, Altyn şäheri Içoguzyň ösen senagat merkezi hökmünde göz öňüne gelýär.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 543 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]