02:23

Ýañykent döwletiniñ taryhy -4/ dowamy

g) Heýkeller

Günorta Türkmenistanyň maddy medeniýetinde toýundan ýasalan kiçijik aýal heýkeljikleri aýratyn orun tutýar. Olar degişli döwürleriň ajaýyp medeni ýadygärlikleriniň hataryna girýär. Aýal heýkeljikleri mis-daş we bürünç eýýamlarynda, ýagny müňlerçe ýyllaryň dowamynda Günorta Türkmenistanyň dürli şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda giňden ýaýran bir medeni hadysa bolupdyr. Alymlar aýal heýkeljiklerini ezeli ata-babalarymyzyň uýan, sežde eden, çokunan aýal hudaýlarynyň şekilleri hasap edýärler. Olar özleriniň dünýägaraýyş manysy boýunça ene toprak bilen baglanyşykly ynançlary, ata-babalarymyzyň bol hasyl baradaky isleg-arzuwlarynyň şekillendirilmesi bolup durýar.
Miladydan öňki V–II müňýyllyklaryň dowamynda, ýagny takmynan 4 müň ýyllap döredilen heýkeljikleriň many hem dünýägaraýyş tarapdan köpdürli boljakdygy, eždatlarymyzyň düýpli ruhy ösüşini alamatlandyrýandygy tebigy zatdyr. Bular taryhy nukdaýnazardan iki jähetden parhlanýarlar: birinjiden, olaryň daşky aýratynlyklary arkaly biz özümiziň ezeli eždatlarymyzyň, hususanam, döwrüň aýallarynyň nähili egin-eşikleri geýendiklerini, saçlarynyň bejerilişini göz öňüne getirip bilýäris. Ikinjiden, olaryň manysy-mazmuny eždatlarymyzyň dünýägaraýşyna, aň-düşünjesine aralaşmaga kömek edýär.
Günorta Türkmenistanyň mis-daş we bürünç eýýamlarynda döredilen aýal heýkeljiklerini alymlar W.M.Masson bilen W.Sarianidi giňden öwrendiler. Türkmen taryhyny öwrenmekde, gazuw-agtaryş işlerinde bitiren hyzmatlary üçin biz olardan çäksiz minnetdardyrys. Türkmen taryhyny öwrenmekde olaryň geçiren gazuw-agtaryş işleri bahasyna ýetip bolmajak maglumatlary berýär.
Aýal heýkeljiklrinde şekillendirilen zenanlaryň burunlary ullakan, gözleriniň ýerinde bolsa iki sany badam gabak bar. Şol äpet gabaklaryň arasyndan geçýän inçejik çyzyk gözi aňladýan bolmaly. Gaşlary egri ýa-da göni, emma agyzlary görkezilmändir. Saçlary arasyndan açylyp, iki tarapa daralypdyr, örüm saçlary döşlerine düşüp dur. Ol örümler biziň köne edebiýatymyzda wasp edilen ýylanyň agynjak özi şekilinde berlipdir. Örüm saçlar köplenç döşüň derejesinde gutarýar, emma olaryň bile çenli baryp ýetýänleri-de bar. Aýratyn bellemeli zat: saçlary öňüne däl-de, arkasyna atylan zenany şekillendirýän heýkeljikler hem duş gelýär. Türkmenlerde has soňky döwürlerde gyz bilen durmuşa çykan zenanyň saçyny öňe ýa-da yza atýanlygy bilen tapawutlandyrylandygyny ýada salalyň. Biz aýal heýkeljiklerinde hem şu güne çenli saklanan şol durmuş aýratynlygyny görýäris.
Degişli eýýamyň aýallarynyň başgaplarynyň heýkeljiklerde şekillendirilişi hem üns bererlikli meseledir. Başgaplarynyň görnüşi boýunça alymlar heýkeljikleri dört topara bölüpdirler. Munda ähmiýetli zat şudur: alymlar hiç hili meňzeşlik, deňeşdirme geçirmezden, heýkelleriň degişli aýratynlygyny soňky döwrüň türkmen aýallarynyň başgaplarynyň görnüşlerine doly laýyk häsiýetlendiripdirler.
Birinji topar – başy topbuly aýallaryň şekili. Topbynyň köplenç maňlaý ýüzündäki dürli dik we kese çyzyklary türkmen aýallarynyň topba dakan şaýlarynyň ilkinji nusgalary hökmünde hereketlendirmek bolar.
Ikinji topar – başy börükli aýallaryň şekili. Gürrüňimiziň düşnükliligi üçin, topbynyň börükden tapawudyny aýdaýyn: topby has uly, belent bolýar. Börük bolsa onuň bilen deňeşdirilende, pesräp başgapdyr. Börügiň ýüzündäki dik, kese çyzyklar börüge berkidilýän maňlaýlygy ýada salýar.
Üçünji topar – başy gupbaly aýal şekili. Çünki bularyň başy gupbanyňky ýaly çüri edilip şekillendirilipdir.
Dördünji topar – başy tahýaly aýal şekili. Şeýle heýkeljikler diňe Ýaňykentden tapyldy.
Aýal heýkeljiklerinde aýallaryň boýnuna dakynan monjuklar hem oňat şekillendirilipdir. Şeýle heýkeljikler gürrüňsiz şol döwrüň aýallarynyň daşky görnüşini ýoýmazdan biziň günlerimize ýetiripdir.
Gürrüňi edilýän heýkelleriň göwresindäki dürli çyzyklar özleriniň görnüşi boýunça ösümligi ýada salýar. Olar köplenç Köpetdagda häzir hem köp duş gelýän arçanyň şekilini berýärler. Heýkelleriň ene toprak, hasyl bilen baglanyşygyny göz öňünde tutsaň, olarda ösümligiň şekillenmegi tebigy zatdyr. Dogrudanam, degişli çyzyklar bir tarapdan, arçany ýada salsa, beýleki tarapdan, bugdaý ýa-da arpa sümmüllerine çalym edýärler. Eger heýkeliň özüni ene topragyň nyşany diýip kabul etseň, onda onuň synasyndaky sümmüller bitewi many barlygyna eýe bolýarlar.
Alymlar endamynda şekillendirilen nyşanlaryň görnüşi boýunça heýkelleri alty sany topara bölüpdirler. Birinji topara endamy üçburçlukly heýkeljikler girýär. Üçburçluklar adatça heýkeliň öň tarapyna salnypdyr. Köplenjem olar göwsüň sag hem-de çep tarapynda, iki tarapa ýaýylyp gidýän goluň başlanýan ýerinde ýerleşdirilipdir. Şeýle-de olar ellerde, buduň ýüzünde, arkada çyzylypdyr.
Ikinji topar – sekizuçly ýyldyzly şekildir. Bu şekili başgaça sekiz burçly göl diýip okamak hem mümkin. Türkmen halysynyň teke gölünde jemi sekiz tarapyň bardygyny ýada salanynda, bu şekiliň soňky döwürlerde hem dowam edendigine hiç hili şübhe galmaýar. Diňe bu hem däl. Birinji topara girýän heýkellerdäki üçburçlugyň bir tarapy «kirpik çykarylan» görnüşdedir. Şeýle usul türkmen halysynda nagyş döretmegiň esasy usullarynyň biridir.
Üçünji topar – agaç ýa-da sünbül şekilli heýkeljikler.
Dördünji topar – däne şekilli heýkeljikler.
Bäşinji topar – suwuň alamaty bolan tolkun şekillendirilen heýkeljikler.
Altynjy topar – birnäçe dik çyzyjyklary özünde birikdirýän – hasyllylygy alamatlandyrýan heýkeljiklerdir.
Heýkeljikleriň bilden aşagynda, butlaryň, injikleriň ýüzünde hem dürli çyzyklar, üçburçluklar şekillendirilipdir. Bulary aýal-gyzlaryň içki geýiminde salýan nagyşlaryň ilkibaşky nusgasydygyna hiç hili şübhe ýokdur. Soňky döwrüň türkmen zenanlarynyň köýneginiň ýakasyna, şeýle-de içki geýminiň aşak ujuna keşde salynýar. Munuň özi keşdeleriň, nagyşlaryň aýal-gyzlaryň namysyny, tenini dilden-gözden gorag serişdesi bilen baglanyşyklydyr.
Ýaňykentden, beýleki şäherçelerden tapylan zenan heýkeljikleriniň ýüzüniň şekili barada aýratyn aýtmak gerek. Öňem ýatlap geçişim ýaly, heýkeljikleriň ýekejesinde hem zenanyň agzy görkezilmändir. Munuň özi bu şekilleriň uly, durmuşa çykan zenanlara degişlidigine yşarat edýär, durmuşa çykan zenanlar bolsa türkmenlerde örän gadymy döwürlerden gepsiz-gürrüňsiz sadyklyk bilen erkek kişä tabyn bolup gezipdirler. Diýmek, zenanyň agzyny şekillendirmek zerurlygy öz-özünden aradan aýrylýar. Galyberse-de, degişli heýkelleriň hiç birinde zenanyň ýüzüne hiç hili çyzygyň ýa-da başga alamatyň salynmandygy häsiýetlidir. Bu hem atamyz Nuh alaýhyssalamyň 9-njy wesýeti bilen baglanyşyklydyr. Saparmyrat Türkmenbaşy  Ruhnamada Nuh pygamberiň bu sargydyny beýan edipdi:
«Gyz-gelinleriňize zümerret daşlaryny gysganmaň. Nirede bar bolsa, tapyp getirip beriň. Gyz-gelniň göwnüni ýykan türk – iman (türkmen) däldir. Ejiz, naçar göwni näzikdir. Olary näzik saklajak bolsaňyz, göwnüne ýetiň. Bezeg daşyny boýnuna, arkasyna, döşüne dakyň, ýöne ýüzüne degmäň, ýüzüň özi müň zümerretden zyýatdyr. Beýik Taňrynyň ýürekdäki mähir-nury ýüzde jemlenendir, dünýäni çyraglandyrýandyr. Şonda olar has owadan görner, näzik bolar, göwnüňizi açar, ruh berer» diýip Nuh pygamber wesýet edýärdi. Öýüň bezegi, ýakym-ýaraşygy gyz-gelindir. Bägül bagda gowy, gelin-gyz – öýde» diýip, pygamber gaýtalaýardy»1.

1Saparmyrat Türkmenbaşy.  Ruhnama. 12 sah.
Bürünç eýýamynda heýkel ýasan ussalaryň öz şekillerini durmuşdan alandygyna biz şu ýerde doly göz ýetirýäris.
Diýmek, aýal heýkeljikleri hem durmuşy, hem göçme manydan ybarat mazmuny özünde jemläpdir. Göçme many jähetinde bular ene topragyň alamaty, ene topragyň şahsyýetlendirilmegidir. Enäniň çaga dogruşy ýaly, toprak hem bol hasyl öndürýär diýip eždatlarymyz hasaplapdyrlar hem-de hasylyň bol bolmagy üçin öz ýasan şekilleri arkaly ene topraga sežde edipdirler, oňa çokunypdyrlar. Aýal heýkeljikleriniň Ýaňykendiň ýaşaýyş etraplarynda tapylýandygy häsiýetlidir. Diýmek, adamlar bu heýkelleri öýlerinde saklapdyrlar we olardan bol hasyly dileg edipdirler.
Şekilleriň göçme manyly mazmuny Ýaňykentde hat-ýazuwyň ilkinji alamatlarynyň döremegine getiripdir. Çünki hatyň özi-de şertli göçme many bolup, ol diňe göçme manyly mazmundan hem döräp bilýär. Muňa heýkeljiklerdäki alamatlaryň manysyny yzarlanyňda göz ýetirip bolýar.
Aýal heýkeljikleriniň türkmen rowaýatlary we yrymlary bilen gönüden-göni taryhy baglanyşygy bar. Gynandyrýan ýeri, olary öwrenen arheologlar heýkelleri, olaryň manysyny, göçme manylylygyny dünýäniň islendik öňki ýa-da häzirki halky bilen baglanyşdyrýarlar, emma türkmen bilen, şu toprakda ýaşap gelýän halk bilen weli baglanyşdyrmalydyr hem öýdenoklar. Munuň özi sowet döwründe dörän keseldir. Kime ýüzlenseňem, türkmene ýüzlenmezlik keseliniň aňyrsynda türkmeniň muňa nähili dahyly bolsun, ol başga ýerden gelen millet ahyryn diýen aňasty garaýyş bar. Ol garaýyş bolsa sowet aňyýeti tarapyndan döredilipdi. Arheologiýanyň türkmen taryhyndan, etnografiýasyndan üzňe ýaşamagy geçmişi bitewüliginde göz öňüne getirmäge hem-de dikeltmäge päsgel berdi. Netijede hem arheologik tapyndylaryň köpüsi-de nädogry teswir edilipdir, başga halklar bilen baglanyşdyrylyp, nädogry netijelere gelnipdir. Elbetde, olarda adamzadyň umumy ösüşine mahsus kanunalaýyklar hem ýüze çykýar. Şonuň üçin Altynyň heýkeljiklerini bürünç eýýamyň beýleki medeniýetleri bilen baglanyşdyrmak nädogry däldir. Emma bu işiň diňe deslapky ýarysydyr. Eger ylmy derňew şu nokatda togtasa (ol şeýle hem edildi), onda ylmyň hiç hili amaly ähmiýeti – hyzmaty bolmaýar. Ylymdan amaly nepe garaşjak bolsaň, onda diňe bir ruhy däl, eýsem taryhy baglanyşyklary hem dikeltmeli. Şu günki ýa-da düýnki türkmeniň durmuşynda, ruhunda nähili yzlar galypdyr – ine, şu tarapdan derňewiň ýetmezligi ylmy işleriň netijesiniň anyk durmuşa dahylsyz zatlar bolup galmagyna getirdi.
Men Ýaňykendiň, umuman, bürünç eýýamyndaky Türkmenistanyň häzirki türkmen bilen häzirlikçe, edil şu pursat iki baglanyşygyna – halk yrymlary hem-de halk amaly-haşam sungaty bilen baglanyşygyna ünsi çekip biljek. Aýal jynsly gahrymanlar türkmen rowaýatlarynda uly orun tutýar. Olar al-bassy, al, al-arwah, al-möjek, eýe, şaýly gelin ýaly onlarça atlar bilen atlandyrylýar. Elbetde, yslamdan soň olaryň ýaramaz mazmuna hem-de sypata geçendigi öz-özünden düşnüklidir. Emma asylbaşda olar edil Ýaňykendiň heýkeljikleri ýaly oňyn zatlar bolupdyrlar. Albassy – etnograflar «beýik taňry, hudaý» manysynda düşündirýärler. Şaýly gelin – öz-özünden ýokarky heýkelleri ýadyňa salýar. Al – möjek – şu jümlede «möjek» örän gadymy ylahyň manysyny berýär. Ruhuň ösüşiniň soňky döwürlerinde ata-babalarymyz zoomorf sypatly ylahlary möjek atlandyrypdyrlar. Çagalary «möjek gelýär» diýip gorkuzmak hem şol döwürlerden galypdyr. Ýöne heýkeller bilen iň oňat baglanyşykly hyýalyýeti mahluklar, elbetde, eýelerdir.
«Eýe» sözüniň taňry, hudaý bilen baglanyşykly manysy patriarhatyň netijesidir. Emma has irki döwürde dörän bu düşünje eýe, ene, eje sözleri bilen kökdeşdir. Özem ol aýal sypatly ylahlaryň umumy adydyr. Ýaňykentden, beýleki şäherçelerden tapylan heýkelleriň birnäçe dürli toparlara bölünmegi her ugruň öz eýesiniň – enesiniň barlygy bilen baglanyşyklydyr. Ünsüňi çekýän zat, häzirki yrymçyl, dogaçyl adamlaryň, köplenç hem aýallaryň ulanýan doga-tumarlarynyň serişdeleri-de, şekilleri-de 5-6 müň ýyllyk gadymyýete gidýär. Aýdaly, türkmenlerde doga üçburçluk şekilinde edilýär. Bu şekiliň heýkellerde nähili orun eýeländigini ýokarda görüpdik ýa-da türkmen tumary piramida şekilindedir. Doga üçin ulanylýan dagdan agajy, şeýle-de kömür (agaç kömür – köne zamanlarda) biziň ezeli taryhymyzyň çuňňur gatlaklaryna gidýär.
Türkmen gelin-gyzlarynyň ulanýan şaý-sepleriniň esasy äheňleriniň biri adamyň şekilidir. Adamlyk diýilýän şaýyň bardygyny hemmeler bilýändir. Edil şonuň ýaly-da al – möjek şaýy-da giňden ulanylypdyr. Al – möjek – 5-6 sm. ululykdaky misden ýasalan aýal şekilidir. Ony türkmen aýallary «al bolmazlyk üçin» boýunlaryna dakynýarlar. Üns beriň: boýna dakynylýar. Bu size degişli heýkelleriň boýnundaky şekilleri, çyzyklary ýatlatmaýarmy?!
Galyberse-de, ýokarda aýdyşym ýaly, gorizontal baglanyşyga-da ser salsa bolar. Assiriýa şasy Aşyrnasirpalyň kitaphanasyndan tapylan jadyly ýazgylaryň mazmuny köp zatlary aýdyňlaşdyrýar. Şol ýazgylarda dürli eýeleriň toýun heýkellerini ýasamagyň usullary, olaryň ýörite atlary, olaryň egin-eşikleri, olaryň nämeden, nähili howplardan goraýandygy, olaryň dogalaryny nädip aýtmalydygy barada birin-birin gürrüň berilýär.
Olaryň nirede saklanmalydygy hem şol ýazgylarda görkezilýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, şol ýazgylarda «başujunda gizläp goýmaly», «düşegiň aşagynda gizlemeli», «puhoryň işiginiň aşagynda gizlemeli», «derwezäniň agzynda bukmaly», «öýüň ortarasynda saklamaly» ýaly jümleler bar. Geň galmaly ýeri, bu jümleleri okanyňda örän öňden tanyş, ýöne unudan düzgünleriň, däpleriň ýada düşen ýaly bolýar. Ýöne biziň hakydamyz bu sargytlaryň başgaça mazmuna geçen döwrüniň önümidir. Bu ýerde zatlar çalşypdyr, olaryň manysy çepbe çöwrülipdir, ýöne giňişlikler weli şol durşuna galypdyr. Başuçda – gije ýatylanda bir döwüm çörek goýulýar, düşegiň aşagyndan häzirki palçylar kimdir biriniň oklan dogasyny tapjak bolýarlar, derwezäniň agzynda goçuň şahy goýulýar. Öýüň ortarasynda çörekli saçak goýulýar. Garaz, görnüş üýtgäpdir, ruhy mazmuny weli 5 müň ýyl mundan öňki eždatlarymyzda hem, häzirki türkmende hem şol bir manylar düzýär.
Ýokarda aýdyşym ýaly, heýkeljikleriň kördürlüligi olaryň her toparynyň dürli ugurlaryň eýesidigini aňladýar. Dürli ugurlaryň aýal ylahlary bolan eýeler adamzadyň ruhy ösüşiniň iň irki döwürlerinden habar berýär. Alymlar eýeleri birnäçe ugra bölýärler: 1) ähli hudaýlaryň enesi. Türkmenlerde muňa Humaý diýipdirler. 2) haýwanlaryň enesi; 3) ene – däne; 4) ene – toprak.
Türkmenlerde eýeleriň harabalarda ýaşaýandygy baradaky ynançlar bir zady – bularyň gaty gadymy şäherleriň ilatynyň hudaýlary bolandygyny gönümel görkezýär. Aýdaly, häzirki ynançlardaky şaýly gelin harabalarda ýaşaýar hasaplanýar. Munuň özi ata-babalarymyzyň ojagyň eýesini şaýly gelin diýip atlandyrandyklaryny görkezýär. Biz bürünç eýýamyň hekeljikleriniň endamyndaky çyzyjaklarda, şekiljiklerde hem dürli ugruň aňladylyşyny görýäris.
Ýokarda endamyndaky şekiller boýunça heýkelleri alty topara bölüpdik. Birinji topara üçburçluk şekilli heýkeljikler girýär. Arheologlar şeýle şekiliň ýerli ojaklarda köküniň tapylmaýandygyny aýdýarlar we munuň manysyny açyp bilenoklar. Käbiri bir tarapy kirpikli üçburçlugyň saçy aňladýandygyny aýtsa, beýlekiler muny makullamaýarlar. Emma türkmeni bilýän adam üçin munda çykalga bardyr. Endamy üçburçlukly heýkeller – aýal ylahlary gürrüňsiz ojagyň eýeleridir, öý – ojagy goraýjylardyr. Çünki göz-dilden goraýan türkmen dogasy üçburçluk görnüşindedir. Ol doga häzirki wagtda maşyna, öýüň gapysynyň agzynda asylýar. Üçburçluk – munuň özi eýýäm eýelenen, özleşdirilen, ýurt tutulan giňişligiň, özem jaý, öý ýaly ýapyk, bitewi giňişligiň simwolydyr. Hut şonuň üçin hem ol gürrüňsiz öýüň Eýesiniň şekilidir, tagmasydyr. Onuň bir tarapynyň kirpik şekilde bolanlygy-da eýäniň gözden goramak wezipesinden habar berýär.
Heýkelleriň ikinji toparynyň – endamy, alymlaryň dilinde, sekizburç ýyldyzly ýa-da haçly heýkelleriň manysy-da beýle bir düşnüksiz däldir. Bu ýerde obraz nädogry göz öňüne getirilýär: gürrüň toprak, ene bilen baglanyşyklyka, hristiançylygyň nyşany haç nireden gelýärkä?
Bu ýerdäki obrazy türkmen durmuşyna laýyklykda göl diýip atlandyrmaly. Göl bolsa ýene-de giňişlikdir, ýöne öýden-ojakdan has uly giňişlikdir. Günorta Türkmenistan bilen medeni we garyndaşlyk aragatnaşykda bolan eýýamda birgiden obalaryň, şäherleriň eýeleri bolupdyr. Göl ýa-da gol hem Ýaňykent ýaly şäherleriň ýa-da olaryň etraplarynyň eýesiniň alamaty – tagmasydyr.
Dogry, dik atanagyň (hajyň däl!) gölüň iň ilkinji deslapky, entek çylşyrymlaşmadyk nusgasydygyny çaklamak mantyg taýdan ýerliklidir.
Heýkeljikleriň dördünji toparyndaky şekil ösümligi aňladýar. Şeýle şekil baryp daş-mis eýýamynda döräpdir. Alymlar muny ösüp oturan arça hökmünde düşündirýärler. Göksüýrüde, Garadepede tapylan toýun gaplaryň ýüzünde şol şekilleri görüp bolýar.
Türkmenleriň gadymdan gelýän ynançlarynda agaç, agajyň aýry-aýry görnüşleri möhüm orun titýar. Soňky döwürlere çenli agaçlaryň içinde, aýratynam, tuda hem-de arça keramatly, gudratly daragtlar, zatlar hökmünde garalypdyr. Adam kesel tapynanda, adamyň belli-belli agzalary agyryp, şikes ýetende, şol agaçlaryň ýanyna baryp, olaryň baldagyna çüý kakmak, şahalaryndan dürli mata böleklerini asyp gaýtmak ýaly dessurlar bu agaçlara keramatly ukyplaryň ýöňkelendigini görkezýär. Şeýle agajyň şahasyny döwmek, kesip almak, odun üçin ulanmak külli günä hasaplanypdyr. Gadymy ertekilerimizde we dessanlarymyzda gahrymanlaryň uzak sapara gidip, ýolda agajyň kölegesinde uklamagy, şol ýerde-de öz ykbalyny kesgitleýji oraşan düýş görmegi ezeli eždatlarymyzyň ynanjynyň galyndylarydyr.
Elbetde, yslamyň gelmegi bilen şeýle ynançlarda özboluşly üýtgeşmeler bolup geçipdir. Indi agajyň gudraty onuň öz ruhy bilen däl-de, onuň töwereginde jaýlanan öwlüýäniň – keramatly adamyň şahsyýeti bilen baglanyşdyrylypdyr. Emma her näme-de bolsa, atalarymyzyň ynanjy biraz üýtgeşen görnüşde bize çenli ýaşap gelipdir. Agaçlaryň içinde-de arçanyň ilkinji bolup keramatlaşdyrylmagy onuň ýylyň bütin dowamynda ýaşyl öwsüp oturmagy sebäplidir. Ata-babalarymyz arçanyň beýleki agaçlar ýaly ýapraklarynyň saralyp-solmaýanlygyna, ýaprak düşürmeýänligine onuň «ölmeýänligi» diýip düşünipdirler. Bu bolsa olar üçin bakylyk hadysasy bolupdyr. Ýaňykentde hem, ondan öňki oba-şäherleriň gurluşygynda hem dürli agaçlaryň ulanylandygyny tassyklamak bolar.
Bäşinji topar heýkeljiklerde suwuň şekili berlipdir. Şeýle tolkun şekilleri miladydan öňki VI müňýyllykdaky Jeýtunyň toýun gaplarynda köp we yzygider ýerleşdirilipdir. Namazga II eýýamyň toýun gaplaryndaky suw şekili hem şol döwürdäki eždatlarymyzyň ynançlaryndan habar berýär. Bu ýerde biz üçburçlugyň içinde ýerleşdirilen tolkuny görýäris. Munuň özi «biziň derýamyz» diýen manyny berýär. Ýagny, Namazgaly eždatlarymyz öz gaplarynyň ýüzünde suw içýän derýasynyň suratyny çekipdirler. Suw – tolkun şekilleri heýkeljikleriň butlarynda ýerleşdirilipdir. Şu hili heýkeljikler suwa sežde etmegiň serişdesi bolupdyr.
Heýkellerdäki altynjy şekiliň – ýedi ýa-da on sany dik çyzygyň nämedigi hakda men köp oýlandym. Eger heýkelleriň hemmesiniň hem ýer-ýurt, hasyllyk bilen baglanyşyklydygyny göz öňünde tutsaň, onda bu dik çyzyklaryň ýagşyň-ýagmyryň şekilidigini çekinmän aýtsa bolar. Şeýle dik çyzyklar mis-daş eýýamyň toýun gaplarynyň ýüzünde duş gelýär. Garadepede tapylan heýkeljikleriň aýaklarynda, Göksüýrüden tapylan heýkeljikleriň arkasynda ýagmyryň şekilleri bar. Käbir heýkeljikdäki dik çyzyklar ýokarsyndan geçirilen kese çyzyk bilen birleşdirilýär. Şeýle pursatda degişli kese çyzyk, elbetde, buludy aňladýar. Ruhy ösüşiň ondan soňky eýýamynda – Gorkut ata eýýamynda degişli heýkeljigiň ornuny Burkut baba eýeläpdir diýmäge esas bar.
Ýogsa-da, Gorkut ata bilen baglanyşykly «dile geldi – bile geldi» diýleni. Gorkut atanyň kitabynda biz has irki ynançlaryň we düşünjeleriň beýanyny görüp bilýäris. Salyr Gazanyň ýurdy talananda, ol düýş görüp, awdan öz ýurduna gaýdyp gelýär. Şonda ol 1) öz ýurduna; 2) soňra suwa salam berýär hem-de olara edil janly zatlar ýaly garaýar. Edil şonuň ýaly-da, onuň ýesir düşen ogly Oraz özüni asmakçy bolanlarynda, agaja janly zat hökmünde ýüzlenýär. Bularyň bary eýýäm Gorkut ata zamanlarynda geçmişden galan ynançlar hökmünde aňlanylypdyr. Muňa olaryň gahrymanlara hiç hili jogap bermeýändikleri şaýatlyk edýär. Suw, ýurt, agaç beýan edilýän hadysa özbaşdak barlyk hökmünde gatnaşmaýar. Olardan hiç hili ses-seda, soraga jogap ýok. Diňe Gorkut ata öz adyndan «Suw haçan habar berse gerek» diýýär, ýagny «suw näme diýip bilsin» diýen manydaky söz aýdýar. Diýmek, Gorkut ata bu ýerde öz döwrüniň aňyna, ynanjyna däl-de, ondan has öňki eýýamlaryň aňyna degişli ynanjy beýan edýär, özem ony çeper tär üçin ulanýar. Ruhy ösüşiň kanunalaýyklygy şeýle:
Subýektiň obýekte öwrülmegi bilen onuň gudratlylyk, keramatlylyk many-mazmuny ýitip gidýär.
Şeýle bir hekaýaty göz öňüne getireliň: Aýdaly, Salyr Gazan, onuň ogly Oraz ýaly adamzat nesli bilen agajyň ýa-da suwuň özara gürrüňini bürünç eýýamyň ýazyjysy, şahyry beýan etmek isläpdir diýeli. Şonda şeýle gürrüň nähili göz öňüne getirilerdi? Elbetde, Gorkut atanyňkydan tapawutlylykda, bu beýanda suw, agaç geplemän durmazdylar. Ondanam beter esasy orun adama däl-de, hut şolara degişli bolardy. Munuň sebäbi bolsa ezeli eýýamyň ruhunyň taryhy aýratynlygyndadyr. Bu ruhda bolsa aýgytlaýjy orun şol keramatlylara degişli bolupdyr. Çünki, olar obýekt däl-de, ýaşaýşy dolandyryjy subýektlerdir.
Ýaňykentden geçirilen gazuw işleri aýal heýkeljiklerinden başga erkek heýkelleri hem ýüze çykardy. Bu heýkelleriň endamynda sünbüliň suraty çekilipdir. Diýmek, bular hasyllylyk bilen baglanyşykly dessurlarda ulanylan tumarlaryň ornuny ýerine ýetiripdirler.
Şeýlelikde, ezeli Oguz türkmen döwletiniň ösen döwürlerine degişli dürli heýkeljikler şol döwrüň adamlarynyň ruhy durmuşyny beýan edýär. Biz bu aýal heýkelleriniň her toparyny durmuşyň bir ugrunyň eýesi hasaplaýarys. Endamy «kirpikli» üçburçluk şekilli heýkeller öýüň, ojagyň eýesi, endamy göl şekilliler taýpanyň, obanyň (oba – taýpa diýmekdir) eýesi, endamynda däne şekili bolanlar rysgalyň eýesi, endamyny arça şekilleri bezän heýkeller ösümlikleriň eýesini, tolkun şekilliler suwuň eýesini, ýagyş şekilliler bolsa ygalyň eýesini alamatlandyrypdyrlar. Erkeksypat heýkeller bolsa hasyllylygyň eýesi bolmaly.
Bu heýkeljiklere ezeli Oguz türkmenleri degişli ugruň eýesiniň nyşany hökmünde seredipdirler. Eýä başgaça ruh hem diýilýär. Adamyň janynyň bolşy ýaly, töweregi gurşap alýan, adamyň iş salyşýan zatlarynyň hem jany bar hasaplanypdyr. Olaryň janlary ruh, eýe sözleri bilen aňladylypdyr. Dürli heýkeljikler bolsa ol ruhlaryň ýa-da eýeleriň maddy göz öňüne getirilmesi, maddy alamatydyr.
Dürli ugurlaryň eýeleriniň endamynda şekillendirilýän çyzyklar türkmen halysynda häzir hem saklanyp galypdyr. Ojagyň, öýüň eýesiniň alamaty bolan «kirpikli» üçburçluk älem atly nagyşda, taýpanyň eýesiniň nyşany sekizburçluk gölde, ösümlik şekili parsy diýen nagyşda, suw şekili ýaşyl hem-de gök goçakda, däne bolsa kiçi gölçede şol durşuna diýen ýaly saklanyp galypdyr. Heýkeljikleriň aýal keşbi olaryň beýan edýän ugurlarynyň ählisiniň aýallara degişlidigi sebäplidir. Bu ugurlar öý, ojak, nebere, rysgal, hasyl, toprak ýaly düşünjelerden durýar. Şolaryň aňladýan nyşanlarynyň aýal işi bolan häzirki halyçylykda ýaşap gelýändigi hem häsiýetlidir. Galyberse-de, özara many-semantiki baglanyşygy bolan heýkel-haly – nagyş (toýun gaplardaky) işleri diňe aýallaryň ygtyýaryndaky önümçilik bolupdyr. Şonuň üçin hem men indi toýun gaplaryň ýüzüne çekilen nagyşlaryň many teswirine geçýärin. Ýöne muňa geçmezden öňürti heýkelleriň türkmen milli hakydasy bilen arabaglanyşygy hakynda aýtmakçy. Şeýle arabaglanyşyk, dogrudanam, heýkelleriň many teswirinde has aýdyň görünýär.
Men ezeli taryhymyzdan galan heýkeljikleriň alty toparynda ata-babalarymyzyň çokunan, uýan alty sany ruhunyň bardygyny aýtdym. Şol bir wagtda-da ylymda degişli şekil – aňlatmalaryň başgaça düşündiriş mümkinçiliginiň bardygyny aýtmalydyryn. Hususanam, degişli alty şekili eždatlarymyzyň aýry-aýry alty taýpasynyň ýa-da taýpa toparynyň aýry-aýry görnüşde aňladylmasy hökmünde teswirläp bolar. Her taýpa öz heýkelinde özüniň taýpa degişliligini aňladypdyr. Has soňky döwürleriň dili bilen aýdylanda, bu şekiller taýpalaryň oňonlary bolupdyr.
Şekilleriň ýokarda beýan edilen iki hili many teswiri, göräýmäge, biri-birine garşy gelýän, biri-birini inkär edýän ýaly. Emma bu diňe göräýmäge şeýledir. Ruhuň ösüşiň uzak prosesi nukdaýnazaryndan seredeniňde, bu «göräýmäge» aradan aýrylýar. Muňa düşünmek üçin hadysa sinhron däl-de, diahron garaýyş gerek. Ruhy ösüşiň ilkibaşky döwründe alty şekil, dogrudanam, biziň başky beýan eden manymyzy beripdir. Ýagny, alty heýkeljigiň hersi belli bir ugruň eýesi, ruhy hökmünde görlüpdir. Üçburçluk – ojak, göl – oba (etrap), däne – rysgal, ösümlik – agaçlaryň ruhy we ş.m.-ler. Ösüşiň ikinji döwründe – ösen bürünç eýýamynda dürli jemgyýetçilik-etniki prosesleriň netijesinde alty şekil indi ozalky ýaly sap dünýägaraýyş nukdaýnazardan däl-de, jemgyýetçilik-durmuş, etniki nukdaýnazardan aňlanylypdyr. Indi olaryň her biri aýratyn taýpanyň, taýpa toparynyň oňony, belgi, tagmasy bolup durýar. Ine, şu tarapdan alanyňda-da, ol şekillerde Oguz hanyň alty oglunyň tagmasyny görýäris. Biziň milli hakydamyzda Ýaňykent şäherini guran, onda ýaşan, onuň beýik medeniýetini döreden alty taýpa Oguz hanyň alty ogly görnüşinde umumylaşdyrylypdyr. Çünki, adamzat hakydasyna umumylaşdyrmak, çylşyrymly we anyk taryhy hadysalary ruhy-edebi dile geçirip, düşnükli hem-de gysby etmek häsiýeti mahsusdyr. Munuň özi asla-da taryhy ýoýmak ýa-da ony tersine öwürmek däl-de, eýsem onuň iň esasy özenini saklap galmakdyr. Men şol esasy özen hökmünde-de Ruhnamada Oguz han hem-de onuň alty ogly, ýigrimi dört agtygy baradaky juda gadymdan gelýän rowaýatlary ýerleşdirdim. Rowaýat näme? Rowaýat – taryhy hakykatyň iň umumy hem-de bitewi beýanyýetidir. Ylym özüniň tebigaty boýunça diňe az wagt aralygy bilen iş salyşmaga mejbur edilendir. Çünki ylmyň subutnamalaýynlyk diýilýän aýratynlygy jikme-jikligi, anyklygy ylmyň esasy ýüzüne öwürýär. Şeýdip hem ylym başga bir zady – giňligi elden giderýär. Juda uzak wagt aralygynda bolup geçen wagt hakykatyny ylym öz içinde saklap bilmez. Munuň özi adamyň özüniň, aýdaly, 60 ýa-da 70 ýyllyk ömrüniň her gününi-hä däl, hatda her aýyny-da jikme-jik ýadynda saklap bilmeýşi ýalydyr. Bu asla mümkin däldir. Edil şonuň ýaly hem ylmy aň bilen taryhy wagtyň özara gatnaşygynda birinjiniň ikinjini özüne doly almagy mümkin däldir. Şu ýerde-de rowaýaty aň kömege gelýär. Ylym iň soňunda rowaýata öwrülýär. Çünki, rowaýat jikme-jikligi däl-de, diňe özeni alyp galýar. Üstesine-de, şol özeni ol adam hakydasy aňsat kabul edip biljek hem-de uzak wagtlap özünde saklap biljek görnüşlere salýar. Şeýdip, ol taryhy durmuşa adam hakydasynyň bakylygyndan orun alyp berýär.
Ylym – adam aňynyň panylyk mülküdir;
mif (rowaýat) hem-de pelsepe – adam aňynyň bakylyk mülküdir.
Şeýle düşüniliş ylmy kemsidenok, ol rowaýaty hem ylymdan ýokarda goýanok. Gürrüň bütinleý anyk hadysalar hakynda barýar. Ylym rowaýat bilen deňeşdirilende, has hökmürowandyr, emma bu hökmürowanlyk bary-ýogy şu güne, ylmyň öz ömrüne degişlidir. Şu gün äsgerilmeýän rowaýata bolsa geljek degişlidir.
Şeýlelikde, men alty topar şekilli heýkeljikleriň her birinde Oguz hanyň bir oglunyň tagmasyny, oňonyny görýärin.

1. Üçburçluk şekil – Dag hanyň tagmasy.
2. Göl ýa-da ýyldyz – Ýyldyz hanyň tagmasy.
3. Şöhle (sünbül) – Gün hanyň tagmasy.
4. Ösümlik (arça) – Gök hanyň tagmasy.
5. Suw – Deňiz hanyň tagmasy.
6. Ýagmyr – Aý hanyň tagmasy.

Üçburçlugyň dagdygyny goňşy Eýranyň arheologiýasyny öwrenen E.Hersfeld doly öwrenipdir. Dogrudanam, ösen bürünç eýýamynda üçburçluk dagy aňladypdyr. Munuň has irki döwürlerde üçburçlugyň öýi ýa-da aýal maşgalany aňladandygyna ters gelenok-da, aňyň dürli döwrüni – iki döwrüni alamatlandyrýar. Birinji döwre howaýylyk, ikinji döwre bolsa hakykylyk, durmuşylyk mahsusdyr. Ýyldyz hanyň tagmasynda üýtgeşik esaslandyryp oturara zat hem ýokdur. Birinji – howaýy okalyş – göl (oba, şäher), ikinji – ýyldyz.
Gün hanyň tagmasynyň iki manysy biziň ene dilimizde oňat saklanypdyr. Çörek, rysgal – gün-güzeran (eklenç) hem-de asmandaky Gün.
Gök hanyň tagmasy babatda bolsa onuň asmany däl-de, ösümlik dünýäsi – göm-göklügi aňladýandygyny aýtmalydyrys.
Deňiz sözi-de ilkibaşda dilimizde, umuman, suw giňişligini aňladypdyr.
Ýagmyryň Aý hanyň tagmasy bolmagynda hem hiç hili geň-taňlyk ýokdur. Ýagmyr, ýagyş, ygal – Taňrynyň (Aýyň) tohumydyr. Gadymy döwrüň halklarynyň köpüsi täze Aýyň dogmagyny ýagyş bilen baglanyşdyrypdyrlar.
Oguz hanyň agtyklarynyň tagmasy hakynda Oguznamalarda giňişleýin gürrüň edilýär, emma ogullarynyň tagmasy hakynda dil hem ýarylmaýar. Emma ol ýitip gidäýmändir. Geçmiş öz yzlaryny goýup gidipdir. Esasy zat, şol yzlary tapmakda we olary okamagy başarmakda. Ine, biz bu gün geçmişiň galdyryp giden yzlaryny içgin öwrenip, Oguz hanyň ogullarynyň tagmalaryny halka ýetirýäris, ýaýýarys. Oguz hanyň ogullarynyň tagmalary Ýaňykendiň heýkellerinde saklanyp galypdyr.

d) Nakgaşlyk

Toýun gaplaryň ýüzüne çekilen nagyşlar biziň gadymy taryhymyzyň esasy medeni özboluşlylygynyň birini emele getirýär. Türkmen ruhunyň birinji taryhy eýýamynda köplenç şu nagyşlar arkaly ýüze çykandygyny tekrarlamalydyrys. Şonuň üçin hem bu çylşyrymly hem-de müňlerçe ýyllaryň dowamynda kemala gelen we ösen ruhy hadysadyr.
Ezeli nakgaşlyk (ýagny, nagyş salmak) adamzadyň ilkinji ruhy ýaşaýyş tejribelerini özünde jemleýär. Bularyň mazmunyny ilkinji ruhy açyşlar düzýär. Şonuň üçinem ezeli nakgaşlykda adamyň daşky dünýä bilen aragatnaşygy baş tema bolupdyr. Köp adamlar häzir gaplaryň ýüzündäki nagyşlara sungat hökmünde, ýagny adam aňynyň anyk bir görnüşi hökmünde seredýärler. Emma bu düýbünden ýalňyşdyr. Ezeli nakgaşlyk – munuň özi entek dürli ugurlara, görnüşlere bölünmedik aňyň, ruhuň bitewi işidir. Şonuň üçin hem oňa şu bitewüligiň nukdaýnazaryndan hem garamak gerek. Bu diňe bir sungat däldiginden başga-da, soňky aňyň birnäçe görnüşiniň ýöne bir ilkibaşky mukdar jemi hem däldir. Munuň özi ezeli adamyň bitewi ruhuny aňlatmak usulydyr.
Ezeli nakgaşlygyň tebigatyna düşünmek üçin bir zatdan kyýas alyp göreiň. Çaganyň surat çekişini alyp göreliň. Ezeli nakgaşlyk bilen munuň bir umumylygy bar: ikisinde-de şekilleriň ýönekeýligi, sadalygy, munda adam eliniň endiginiň azlygynyň, tejribesizliginiň alamatlary görnüp dur. Emma ikisiniň arasynda ägirt uly tapawut hem bar: çaganyňkydan tapawutlylykda bu nakgaşlykda dürli semantiki, estetiki, ewristiki manylar bar. Bir söz bilen aýdylanda, ezeli nakgaşlyk – munuň özi çaga eli, emma ulynyň paýhasy, ruhy bilen döredilen uly dünýädir. Bu dünýäniň many barlyklaryny teswir etmek adam ruhunyň ösüşini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berer. Many bolsa, ösüş nukdaýnazaryndan, bu ösüşiň döwürleriniň aňlatmada ýüze çykmasydyr. Many nukdaýnazardan, obýektiň içki baglanyşyklarynyň jemidir. Çaganyň bolşy ulular üçin bimanylyk bolup görünýär. Şonuň üçin hem ulular çaganyň hereketlerini «oýun», «oýnamak» aňlatmalary arkaly kesgitleýärler. Munuň özi ulularyň men-menligi we çaga düşünmek ukybynyň ýitirilmegidir.
Çaganyň ýaşaýşy – oýun, ulynyň ýz ýaşaýşy, hamana, çynmyşyn, işmişin ýa-da ýaşaýyşmyşyn. Emma ulular özleriniňem ýaşaýşynyň şol bir oýundygyna, ýöne indi başgaçarak oýundygyna düşünmeýärler. Ulular öz aňyna, ýaşaýşyna nälaýyk zada bimanylyk, oýun diýip düşünýärler. Emma çaga üçin onuň bolşy «oýun» däl-de, ulalmak, ösmek ýolundaky manydan doly hökmany bir menzildir. Aýtjak bolýan zadym – çaganyň durmuşynyň bimanylyk manysyndaky oýun däldigine akyl ýetirmek üçin özüňi çaganyň ornunda goýmany başarmak gerek.
Köneleriň sungatyna düşünmek üçin hem özüňi olaryň ornuna goýmany başarmak gerek. Ine, biziň üçin olaryň döreden nagyşlary ýöntem, sada görünýär. Şeýlemikä beri? Näme üçin sada? Çünki, biz olara özümiziň ýaşaýan döwrümiziň ýeten kämillik derejesinden baha berýäris. Biziň döwrümiziň ruhy bolsa tehniki çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar. Tehniki çylşyrymlylyk – gurluş çylşyrymlylygy manysynda. Emma ruhy hadysanyň many hem gözellik gymmaty onuň gurluşy bilen ölçenilýärmi? Elbetde, ýok! Eger şeýle bolsa, onda biziň döwrümizde döredilen islendik bir eser ezeli eýýamda döredilen islendik bir eserden has ýokardaky zat bolardy. Emma beýle däl ahyryn. Diýmek, ruhy hadysanyň many we gözellik gymmatlygy şol hadysa arkaly ony döreden we ony kabul eden adam üçin onda amal edilen ruhy açyşlaryň möçberi bilen ölçenilýär. Biziň ezeli nakgaşlygymyzda bolsa şol döwrüň adamlary üçin ägirt uly ruhy açyşlar bolup durýan manylar köpdür. Emma şondan soňky döwürlerde edilen soňky açyşlaryň netijesinde olaryň manysy ýitirilip, öçüp, bular ýönekeý çyzyklara öwrülip gidipdirler. Umumylaşdyryp aýdylanda, adamzadyň ruhy taryhynda endige öwrülmek hadysasy bolup geçýär. Şonuň üçin hem sözüň hakyky manysyndaky akyl ýetiriş şu prosesiň tersine gitmek görnüşinde bolmalydyr:
Akyl ýetirmek – biri-birine baslygyp giden endikleri ýekänme-ýekän aradan aýyrmak hem-de asylbaşky many açyşlaryny dikeltmekdir.
Endikleşme hadysasy adamzadyň barha we barha awtomatpisint jandara meňzemegine getiripdir. Adamzat ahlagynyň iň esasy hem-de adaty kadasy bolan salamlaşmagy alyp göreliň. Birek-birege el berip, elleşmek kadasynyň asylbaşky manysy nähili çuňňur hem gözel bolandyr. Öz döräýen döwürleri üçin munuň özi uly dünýägaraýyş açyşy bolup, şol açyş elleşmek däbi arkaly amala aşyrylypdyr. Häzir bolsa ol hiç hili üýtgeşik ähmiýet berilmeýän ýönekeý endik hökmünde aňlanylýar.
Ýa-da ylymdan mysal alaly. Köpeltmek tablisasyny düzmek üçin öz döwründe nähili akyl gözlegleri dowam edip, nähili ruhy güýç-kuwwat siňdirilendir bu işe. Indi bolsa biz muňa hamana hemişe bolan, hemişe bolaýmaly zat hökmünde garaýarys. Elipbiýiň döremegi üçin adamzadyň müňlerçe ýyllyk maddy, jemgyýetçilik hem-de ruhy hereketi gerek bolupdyr.
Elipbiýiň ilkinji şineleri bolsa nakgaşlykda döräpdir. Nakgaşlygyň iň irki, ezeli keşdeleri adamyň daşyny gurşap alan asman hem zemin, suw hem dag, bag hem-de jandarlar hakyndadyr. Özem bizden tapawutlylykda ezeli adamlar olary ruhlaşdyrylan zatlar hökmünde kabul edipdirler. Ruhlar bilen sazlaşykly, oňşukly ýaşamaga çalşypdyrlar. Ruhy açyşlar arkaly adam daşky giňişlikleri özleşdirmäge çalşypdyr. Nakgaşlygyň giňişlik sungatynyň hataryna girýänliginiň asylky sebäbi hem şunuň bilen baglanyşyklydyr. Ezeli nagyşlarda beýan edilen mazmunyň dünýägaraýyş manysy bardyr. Ata-babalarymyz dünýä bolan umumy garaýyşlaryny we dünýäni duýuşlaryny şol nagyşlaryň üsti bilen aňladypdyrlar. Soňra ol nagyşlaryň dünýägaraýyş manysy ýitip, diňe gözellik, sungat bolup galypdyr. Häzirki adamlar üçin bolsa olar bary-ýogy utilitar ähmiýeti bolan adatylyga öwrülip gidipdir. Gözellik ruhy jähetde bary-ýogy owadanlyga, maddy jähetde bolsa utilitarlyga öwrüldi. Günbatarda sungatyň ornuny dizaýn eýeledi. Dizaýn – owalbaşda maddy ulanylyşa niýeylenen zatlara daşky owadanlyk bermekdir.
Türkmen ezeli nakgaşlygynyň uzak hem-de çylşyrymly taryhy bar. Ol taryh daş eýýamyndan, Jeýtun medeniýetinden başlanýar. Alymlar Jeýtunyň toýun gaplarynyň ýüzündäki nagyşlary ýedi sany görnüşe bölüpdirler. Ol nagyşlar köplenç toýun şabadalarynyň, kersenleriň ýüzüne çekilipdir.
Birinji görnüş – munuň özi iň köp ýaýran nagyş-tolkunky şekilli nagyşdyr. Munda, köplenç, biri-birine sepleşmeýän dik tolkunjyklar aňladylypdyr.
Ikinji görnüş – ýaý şekilli nagyşlar.
Üçünji görnüş – gözenek şekilli nagyşlar.
Dördünji görnüş – dik zolakly nagyşlar.
Bäşinji görnüş – kese zolakly nagyşlar.
Altynjy görnüş – gyşyk zolakly nagyşlar.
Ýedinji görnüş – üçburçluk nagyşlar.
Şeýle nagyşlar ata-babalarymyzyň daşky dünýäni göz öňüne getirişleriniň ilkinji nusgalarydyr. Şonuň üçinem olar hatda entek nagyşlar hem däl-de, ýönekeý çyzyklardyr. Bularyň tebigatyna düşünmäge bize türkmen dilindäki bir aňlatma kömek edip biler. Biziň dilimizde çaga hakynda «gözi gara düşüp ugranda» diýen jümle bar. Gözüň gara düşmegi – daşky dünýäniň zatlaryny doly, aýyl-saýyl görmek däl-de, olaryň diňe garasyny, salgymyny görmegi aňladýar. Atalarymyz hem ýokarky şekiller arkaly şol garany, dünýäniň salgymyny görkezipdirler. Bular entek sözüň hakyky manysynda daşky dünýäniň suratlary däldir. Munda akylyň däl-de, duýgynyň alasarmyk işi bar. Degişli döwürde daşky dünýäni aňlamakda mantygyň ornunda assosiasiýanyň durandygyny tassyklamak bolar. Mantyg has soňky döwrüň önümi bolup, ol beýni bilen görmekdir. Assosiasiýa bolsa – göz bilen aňlamakdyr. Änewde bolsa bu nagyşlaryň görnüşi 30-dan geçipdir.
Näme üçin eždatlarymyz öz ýasan gaplarynyň ýüzüne şeýle şekilleri beripdirler? Olar şunsuz oňup bilmezmidiler?
Degişli şekiller arkaly olar öz döreden zatlaryny ruhlaşdyrypdyrlar, diýmek, özleri üçin düşnükli zat hökmünde aňlapdyrlar. Degişli şekillerdäki tolkuny suwuň, dürli zolaklary bolsa bugdaýyň ýa başga bir iýmit çeşmesiniň aňladylmasy hasaplaýaryn. Degişli gaplarda-da şol önümleri we zatlary saklapdyrlar.
Bu şekiller mis-daş eýýamy döwründe has hem ösdürilipdir we çylşyrymlaşypdyr. Mis-daş eýýamynda toýun gaplar Daşlyjada, Garadepede, Namazgada, Ýassydepede, Göksüýrüde we beýleki şäherçelerde köpçülikleýin öndürilipdir. Toýun gaplaryň ýüzüne ilki gögümtil-çal düşekde goňrumtyl çyzyklar, soňraklar bolsa gyrmyzy düşekde goňrumtyl-gara çyzyklar arkaly nagyş çekilipdir. Bular eýýäm sözüň hakyky manysyndaky aýdyň we anyk nagyşlardyr. Munda diňe aňyň däl, eýsem eliň hem tejribeliligi oňat görünýär. Jeýtunyň gaplaryndaky ýaý, tolkun, zolak şekilleri özgerip, anyklaşyp hem-de özara birigip, indi üçburçluk, göl, keşde, basgançak şekillerini berýär. Nakgaşlykda has aýdyň sazlaşyk emele gelýär. Adamzat aňynyň ösüşinde sazlaşygyň uly ähmiýeti bolupdyr. Deňölçegli şekilleriň deň gaýtalanmagy ýaşaýyş hadysasyny berýär.
Sazlaşykda esasy zat deň gaýtalanmadyr. Astronomiki jisimlerden başlap adam ýüregine çenli ähli zatlar sazlaşyk boýunça ýaşaýarlar. Ýaşaýyş hadysasynyň mazmuny jähetinden gaýtalama ählumumy ýaşaýşyň tekrary bolsa, akyl ýetirmäniň usuly hökmünde ol adamyň aňyny şol hadysalara öwrenişdirýär, onuň ýadyny kemala getirýär. Şeýdip hem sazlaşyk arkaly ýaşaýşyň we akyl ýetirmäniň kanunalaýyklyklary aňlanylýar. Nagyş – aslynda wagt hadysasy bolan sazlaşygyň giňişlik sypatyna eýe bolmagydyr.
Mis-daş eýýamyndaky nakgaşlyga pişme şekilli gölçeler, piramida şekilli göller, üçburçluk şekilli ýarym gölçeler, romb şekilli älemler mahsusdyr. Olaryň gaýtalanyp-gaýtalanyp durmagy özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Öň hem aýdyşym ýaly, bularyň bary giňişligi özleşdirmek bilen baglanyşyklydyr. Gölçe, göl, älem, ýarym gölçe – bularyň bary ruh tarapyndan özleşdirilen, eýelenen giňişlikleriň geometriki suratlarydyr. Şol bir wagtda-da sazlaşygyň barlygy bularyň many çäklerini giňeldýär we wagty hem aňlatmaklyga baryp ýetýär. Mysal üçin, agymtyl hem garamtyl reňkleriň gezekleşigi, aýdaly, küşt tagtasyny ýada salýan ak-gara inedördül şekiller gije bilen gündiziň, Aý bilen Günüň gezekleşmegini, ýagny tebigatyň sazlaşygyny aňladyp biler. Muňa degişli nagyşlar bilen gönüden-göni baglanyşykly türkmen halysynyň göllerine berilýän düşündirişler hem şaýatlyk edýär. Gülýaýdy nagşyndaky dokuz sany çyzyk adamyň dogluşy – 9 aý, 9 gün bilen, ondaky ak-gara reňkler gije we gündiz bilen, şelpeli gölçäniň ak, goňur, sary we gara reňkleri säher, günortan, öýlän we iňrik bilen baglanyşdyrylýar. Eger geçirilen gazuw işleriniň wagt bilen baglanyşykly sungatlaryň degişli eýýamlarda meşhur bolandygynyň subutnamasyna duşmandygyny göz öňünde tutsaň, onda olaryňam hyzmatyny nakgaşlyk öz üstüne alypdyr diýip tassyklamaga mümkinçilik döreýär. Özem nakgaşlyk diňe bir toýun gaplaryň ýüzünde yz galdyrypdyr diýip pikirlenmek ýeterlik bolmaz.
Degişli eýýamda maldrçylygyň ösendigine hiç hili şübhe ýok. Maldarçylygyň ösen ýerinde bolsa dokmaçylyk hem ýokary derejede bolýar. Türkmen halysynyň nagyşlary toýun gaplardaky nagyşlar bilen doly gabat gelýär. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamakçy bolýaryn: şol eýýamda ata-babalarymyz dokmaçylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Bu gün bizde türkmen halysynyň ýaşy azyndan bäş müň ýyl diýip tassyklamaga doly esaslar bar.
Öň hem belläp geçişim ýaly, mis-daş eýýamynda nakgaşlyk sungatynyň esasy iki sany uly mekdebi bolupdyr.
Ýaňykendiň günbatar tarapynda ýerleşýän şäherçelerde we obalarda günbatar mekdebi, gündogarynda bolsa gündogar mekdebi döräpdir hem-de ösüpdir. Alymlar günbatar ýoluny garadepe uslyby diýip hem atlandyrýarlar. Bu nakgaşlyk ýoluna ownuk nagyşlar we dürli haýwanlaryň hem-de guşlaryň şekili mahsusdyr.
Gündogardaky Göksüýrüde bolsa göller we ýarymgölçeler giňden ýaýrapdyr. Garadepe nakgaşlygynda nagyşlar şeýle bir ownadylypdyr weli, olary aýratyn nagyş, gol hökmünde aňlamak hem aňsat düşenok. Şu manyda olar nagyşlary we gölleri aýry-aýry düşünjelerden durýan ýomut halylaryny ýada salýar. Günbatar ýolunyň ýene bir aýratynlygy haýwan şekilleriniň köp berilýänligindedir. Olaryň içinde äpet hem egri şahly tekeleriň şekili birinji orunda durýar. Munda ata-babalarymyzyň totem ynançlary beýan bolupdyr.
Totem ynanjy – adamyň öz gelip çykyşyny, aslyny haýsy hem bolsa bir jandar ýa-da ösümlik bilen baglanyşdyrmagydyr. Bu şekil häzirki türkmen halylarynda «goçak» nagşy görnüşinde ömrüni dowam etdirýär. Häzirki esasy türkmen taýpalarynyň biri bolan tekeleriň hem şu totem bilen baglanyşygy bar. Galyberse-de, türkmenleriň ýene dokuz sany tiresiniň ady teke bilen baglanyşýar. Diýmek, nakgaşlykda eždatlarymyzyň etniki taryhy hem öz beýanyny tapypdyr.
Gaplaryň ýüzündäki haýwan şekilleriniň arasynda ikinji orun barsa, üçünji orun bolsa bürgüde degişlidir.
Bu jandarlar hem türkmen halysynda öz ornuny tapypdyr. Halymyzyň «dyrnak göl» atly gölünde bürgüdiň dyrnagynyň şekili bar. Mundan başga-da, guş, guşly göl ýaly göller, güjük yzy, pişik yzy ýaly nagyşlar türkmen halysy üçin mahsus göllerdir, nagyşlardyr. Degişli jandarlaryň şekili ýöne bir haýwanlaryň suraty däl-de, eýsem mifologiýa we dini ynançlar we dessurlar bilen baglanyşykly alamatlar – nyşanlardyr, has türkmençe aýdylanda, tumarlardyr. Hut şonuň üçin hem olaryň şekiline aşa howaýylyk hem-de haşamlyk mahsusdyr.
Nakgaşlygyň günbatar – Göksüýri ýoluna ullakan, göze doly göller, ýarym gölçeler häsiýetlidir. Mundaky jandarlar hem inedördül görnüşde berilýär.
Şeýle nakgaşlyk ýollary bir zady – daş-mis eýýamynda dürli urug degişliligini, her urugyň öz nagyşlarynyň bolandygyny aňladýar. Munuň özi giçki orta asyrlarda her türkmen taýpasynyň özüne mahsus halylarynyň bolşy ýalydyr.
Mis-daş eýýamyň nakgaşlyk däpleri bürünç eýýamynda hem dowam edipdir. Nakgaşlygyň ösüşine bu eýýamda oýlanyp tapylan külalçylyk çarhy güýçli täsir edipdir, küýzeleriň, humlaryň, mytaralaryň, mejimeleriň, tüňleriň we tüňçeleriň öň görlüp-eşidilmedik nusgalary we görnüşleri peýda bolýar.
Olaryň ýüzündäki nagyşlar bolsa öňki eýýamyň nusgalaryny dowam edýär. Ýöne indi olar sözüň hakyky manysyndaky gür, berk sazlaşykly we belli bir manyny, belli bir wakany, alamaty aňladýan haly nagyşlaryna öwrülýärler. Olaryň şeýle özgerişi, galyberse-de, giçki bürünç eýýamynda toýun gaplaryň ýüzünden nagyşlaryň bütinleý ýitip gitmegi uly ruhy öwrülişige şaýatlyk edýär.
Diýmek, nagyşlaryň adamlaryň ruhy durmuşynda tutýan orny üýtgeýär: şol döwürde olaryň iýmit, rysgal bilen baglanyşykly gorag manysy ýitipdir. Indi nagyşlar gaplaryň ýüzünden halylara doly geçipdir. Çünki, nagyşlaryň dünýägaraýyş, ruhy manysy ýitip, onuň diňe gözellik manysy galypdyr. Ol, ýokarda aýdyşym ýaly, indi doly endige öwrülipdir. Estetiki tarapdan alanynda bolsa, külalçarhyň tapylmagy bilen toýun gaplary nagyşsyz hem gözel we kämil ýasamak mümkinçiligi döräpdir. Şonuň netijesinde hem eždatlarymyzyň dünýägaraýşyny özünde jemleýän nagyşlar indi halyçylykda we heýkeltaraşlykda jem bolupdyr. Haly – baýdak, tugra ornuna geçdi, heýkellerde bolsa urug hudaýlarynyň şahsyýeti aňlanyldy. Munuň özi öňki tire-maşgala gurluşynyň täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynda öz ornuny täze dörän uruglara berendigini, ýagny, täze, şäher bitewüliginiň emele gelendigini aýdyň görkezýän hadysadyr.

 

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 637 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]