20:48 "Ýat itiñ guýrugy..." | |
"ÝAT ITIÑ GUÝRUGY..."
Ýat itiň guýrugy ýangynda bormuş, Baryňa degişli bu gödek nakyl. Ýaşap bolmaz göge tutup tumşugy, Aňyr ujy bolaýmasaň kemakyl. Biz diňe pirdiris bir-birimize, Başga hiçkim dodagyny çöwürtmez. Del ýurduň Hudaýy, ýat iliň dini, Soňky demde kelemäňi öwürtmez. Eýsem ozal bizi garyp mekandan Gedemlik, bahyllyk çykarmadymy? Enesinden erkek dogan milleti Agzalalyk dyza çökermedimi? Gowy ýeri indikiňiz nämemiş? Ýene öňki gybat, ýene şol hapa. Ýurt täze, kontinent, materik täze, Ýene öňki duzak, ýene şol gapan... Bir-birini çeýnäp ýören itlerem, Agzyn birikdirmiş möjek görende. Adam siziň üçin bir köpük bolsa, Haýwandan bir alaýyňda görelde! Watany terk etmek nämä gerekdi, Ýene şol köne heň çalynjak bolsa? Ýalandan aglamak derkarmy bu gün Ertir öz üstüňden gülünjek bolsa? Ýat iliň del itin ýallamak üçin, Ýarag çenediňiz boz gurduňyza. Ýa siz ýurduňyzdan aýrylmansyňyz, Ýa indi gelip siz öz ýurduňyza! Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |