ÝURDUÑY TANAMAK
Öz ýurduňy tanamak üçin onda dogulmak, onda ýaşamak we onda ömrüňi ötürmek ýeterlik däl. Öz ýurduňy tanamak üçin ony hemişe öwrenmek zerur. Öwrenmek üçin bolsa onuň durmuşyna garylyp-gatylmak, her daban ýerini özüňe ýakyn tutmak, özüňki diýip bilmek, ömrüň hem bagtyň hasaplamak zerur.
Tozanlyja ýol-ýodalarynda aýakýalaňaç ylgaman, ak çägesiniň gyzgyn mährini dabanyňdan depäňe çenli siňdirmän, daglarynda salkynlanyp, derýalarynda ýüzmän, geçmişe heýkel bolup oturan galalaryndan taryhyň ýaňyny, ata-babalaryň sesini eşitmän, ekinzarlyklaryndan göwnüňi dokundyryp, täze binalaryndan şu günüň hem geljegiň bagt şuglasyny görmän... ýurduňy nähili tanap bilersiň, oňa neneň düşünip bilersiň, ony nädip akylly-başly söýüp bilersiň?!
Çagakak, ýaz ýagşynyň şahalardaky damjalarynyň bir böleginiň topraga damyp, bir böleginiň ter baldaklara birleşip, ýene bir böleginiň howa siňip gidişine şaýat bolardyk. Gämikleriň ýarylyşyny, otlaryň börtüp çykyşyny ýatyp synlardyk. Pyntyklaryň ýarylyp, ýapraklaryň ýazylyşyna, gunçalaryň ýylgyryp, gülleriň açylyşyna, gözümiziň agy saralýança seredip, melul bolardyk. Şonda olaryň sesini hem eşiderdik. Hawa, otlaryň gögerip çykyşynyň we ösüşiniň hem, pyntyklaryň ýarylyşynyň we ýapraklaryň ýazylyşynyň hem, gunçalaryň ýylgyryp, gülleriň açylyşynyň hem... — bularyň barynyň öz sesi, öz owazy bar. Öz topragyna, öz tebigatyna iňňän ýakyn duranda, adam özgeleriň görüp bilmeýänlerini görýär, özgeleriň eşidip bilmeýänlerini eşidýär, özgeleriň duýup bilmeýänlerini duýýar. Şu gudrata, şu mukaddeslige ynsanyň körpe perzendi wagtyň ýetmegiň lezzetiniň üýtgeşik bolşy ýaly, gymmaty hem başga. Şol pursatlar göwün päkliginiň, öz ýurduňa, öz tebigatyňa söýginiň mizemejek esaslaryny goýýar. Mahal-mahal tebigata juda golaý baranymda, göz öňümde şol täsinlikler gaýtadan janlanýar, gulagyma şol owazlar täzeden eşidilýär. Ol wagtlar kä sag gulagymyzy, kä çep gulagymyzy ýere berip, Zeminiň sesini hem diňlärdik. Ýaşyl ýaýlada diň arkan düşüp ýatyşymyza, gündizlerine bulutlar bilen habarlaşardyk, gijelerine ýyldyzlar bilen göz gypyşardyk...
Ine, şu — durmuşyň üçinem, döredijiligiň üçinem ilkinji zerurlyk, gönezlik. Eger haýsy zatlar döredijiligime has beter täsir eden bolsa, olar, meger, hatda halypalardan, kitaplardan hem öňdäki zatlardyr — öz ýaşaýan tebigatyma juda ýakyn durup gören, eşiden, duýan, özümçe öwrenen, akyl ýetiren zatlarymdyr. Olar hiç aňymdan çykanok. Olary goşgularymda gaýta-gaýta ýatlaýaryn...
Adam käte bilmeýän zady hakynda bir zatlar çyrşaýar. Göräýmäge, bolýan ýalydyr, emma bolýan däldir. Goşgy diýip ýazýany goşgy däl-de, ýöne goşgynyň şekilidir. Diýmek, bilmeýän zadyň hakynda, hernäçe timarlap ýazsaň-da, gowy eser döretmek mümkin däl. Bilmeýän zadyň hakynda aýdyp, illere näme öwredip bilersiň?! Diňe bilmek hem ýeterlik däl, bilýän zadyň aňyňa hem ýüregiňe ornaşan bolmaly, seniň bilen birleşen bolmaly. Soňra bişişen bolmaly, şondan soň zehiniň zarbyna gaýnap çykmaly.
Ýurduňda näçe derýanyň, näçe kölüň we şuňa meňzeşleriň bardygyny ýat tutmak bir başga, olary gözüň bilen görmek, ýüregiň bilen söýmek bir başga.
Öz ýurduň mübärek topraklaryna gadam basyp, onuň gadymyýetden galan yzlaryny, dynman özgerýän keşbini görüp durmak öz mähriban ataň bilen eneňe salama baryp, olaryň halyndan häli-şindi habar alyp durmak ýaly ýakymly täsir döredýär.
Munuň özi zyýaratdyr. Zyýarat diýlen zat bolsa türkmen üçin diňe barmak, görmek, aýlanmak hem däldir. Muňa görä has çuň, has uly mana eýedir, mukaddeslige deňdir. Baryp tagzym etmekdir. Hormat etmekdir, baş egip salam bermekdir, sežde etmekdir.
Ine, şonda geçmişiň beýikliginiň şu günüň beýikligi bilen söýenişip durandygyny görüp bolar. Ine, şonda şu günüň beýikliginiň geljegiň beýikligini döredýändigini duýup bolar. Ine, şonda ýurduňy tanap bolar, iliňi tanap bolar. Öz tebigatyňa akyl ýetirip bolar. Nireden gelip, nirä barýandygyňa düşünip bolar...
...Şeýdip, buýsanç döreýär. Mizemejek buýsanç. Öz halkyňa, öz ýurduňa, öz tebigatyňa buýsanç!
Şeýdip, aýdym döreýär. Könelmejek aýdym. Öz halkyň, öz ýurduň, öz bagtyň baradaky aýdym!..
Ine, onsoň mähriban Watana ýüzlenip, tüýs ýürekden şeýle diýýärsiň:
Seni söýen dosta-ýara düşüner,
Seni söýen namys-ara düşüner,
Seni söýen hak hossara düşüner,
Seni söýen Arkadaga düşüner!
Akmyrat HOJANYÝAZ.
|