09:30

Zenanlar we neşe

ZENANLAR WE NEŞE

Tebigat tarapyndan zenan maşgalalara adamzat neslini dowam etdirmek, ojagy goramak ýaly derwaýys wezipeler niýetlenendir. Emma ajaýyp jynsyň wekillerine hem elhenç kysmat duçar bolaýar. Sebäbi neşekeşlige ýaşlaram, orta ýaşan adamlaram, zenanlaram, erkeklerem uçrap bilýärler.

■ Neşekeşlik zenanlaryň organizmine nähili täsir edip bilýär? Olar nämelerden ägä bolmaly?

Neşekeşlige baş goşan adamda hakyky gymmatlyklar ölçeginiň üýtgeýändigini biz bilýäris. Hakyky durmuş bilen arabaglanyşyk, öz-özüňi goramak babatdaky tebigy hüşgärlik duýgusy ýitirilýär.
Neşekeş zenanlaryň köpüsi loluçylyk bilen meşgullanyp, özleriniň bir atymlyk neşesini satyn alar ýaly puly gazanýarlar. Olaryň gözüne diňe neşäniň bir atymlyk mukdary görnüp, kim bilen, nirede, haçan bolýandyklary eýýäm olaryň parhyna-da däl. Şoňa görä-de, zenanlaram, olaryň köpsanly oýnaşlaram dürli kesellere uçraýarlar. Bu kesellere esasan-da jynsy gatnaşyk arkaly bir adamdan beýleki adamlara geçýän ýokanç keselleri, mysal üçin, merezýel, sözenek, peşew jyns ýollarynyň hlamidiýaly we trihomonadly keselleri degişlidir. Bu keseller jynsy gatnaşykda, hapa iňňe bilen sanjym edilende, neşekeşleriň öýündäki hapa gap-gaçlar we şahsy zatlar arkaly ýokuşyp bilýärler. Neşe belasy adamyň önelgesiz galmagyna sebäp bolýar. Neşekeşlige baş uran zenan 3-4 ýyldan çaga dogurmak ukybyny ýitirýär. Göwrede çaganyň galmagy mümkin, ýöne düwünçek hemişe diýen ýaly ölýär. Neşe zenanlaryň saglygyny weýran edýär, göwreliligiň we düwünçegiň ösmegini togtadýar. Neşe bilen zäherlenen göwreli organizmde elhenç üýtgeşmeler bolup geçýär.

■ Göwreliligiň ilkinji 3 aýynda şu ýagdaýlar ýüze çykyp bilerler:

çaganyň düşmesi;

göwredäki düwünçegiň ösüş döwründe düýpli kemçilikleriň döremegi;

düwünçegiň dogabitdi kemsikli bolup ösmegi.

Göwreliligiň ikinji we üçünji 3 aýynda şu kynçylyklar ýüze çykyp bilerler:

göwredäki düwünçegiň ösüşiniň saklanmagy;

düwünçegiň ösüşiniň yza galmagy;

göwreli aýalyň agramy kadalaýyk derejede atrmazlygy;

düwünçegiň gapdallaýyn ýatmagy çaganyň dünýä inmegini kynlaşdyrýar;

çaganyň öli dogulmagyna ýa-da onuň dünýä inip ýogalmagy.

Şeýle-de, göwrelilik döwründe şu kynçylyklaryň ýüze çykmagy ähtimal:

aýy-güni ýetmedik çaganyň dogulmagy;

çaganyň ýoldaşynyň bölünip düşmegi;

düwünçegiň daşyndaky suwly haltanyň wagtyndan ir böwsülmegi;

çaganyň okgunly dogulmagy (bu çaganyň şikeslenmegine we enäniň ýatgysynyň ýyrtylmagyna sebäp bolýar).

Zenanlaryň göwrelilik döwürlerinde neşe ulanmaklary olaryň çagalarynyň dogabitdi şikesli dogulmagyna sebäp bolup, olaryň geljekki ykbalyna täsir edýär. Şeýle çagalar ünslerini kesgitli bir zatda jemläp bilmeýärler. Olaryň okuwa ýetişigi örän pes bolýar. Özlerini alyp barşy kada laýyk däl, olaryň tertibi olaryň keýpine bagly bolýar. Bu zatlaryň bary olaryň heniz eneleriniň göwresindekäler neşekeşlere öwrülendikleri bilen düşündirilýär. Bu çagalar öz deň-duşlary bilen oňat gatnaşyk saklap bilmeýärler. Olaryň geplemek ukyby ýaramaz, söz baýlygy az, gaharjaň bolýarlar. Neşekeş zenanlaryň çagalary mekdep maksatnamasynyň doly özleşdirip bilmeýärler. Bu çagalaryň akyl başarjaňlyklary ösmeýär. Çaganyň enesi göwrelilik döwründe neşäni köp çeken bolsa, bu çaganyň daş keşbine hem täsirini ýetirýär. Çaga kemsikli ýa-da maýyp dogulýar. Soňra bu çaganyň boýy hem kada laýyk ösmeýär. Zenanyň göwrelilik döwründe neşe ulanmagy çagada mikrosefaliýanyň döremegine, ýagny beýniniň ösüşden yza galmagyna we çaganyň kemakyl bolmagyna eltýär. Şular ýaly çagalaryň kellesi kiçi, burunlary ýemşik, burun-dodak aralygy dogry ösmedik bolýar.
Şoňa görä-de, eý, zeminiň görki bolan gelin-gyzlar, şu makalany okap, bir salymlyk keýpiň çagaňyzyň tutuş ömrüniň zaýalanmagyna degip-degmeýändigi barada oýlanyň! Çünki siziň neşeden ýekeje pursatlyk alýan keýpiňiz çagaňyzyň tutuş ömrüni kül edip biler.

# saglyk.org
Категория: Medisina | Просмотров: 582 | Добавил: Raýdaş | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Medisina bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]