05:04 5 gülle... 5 çaga: Lukman we amputasiýalar | |
5 GÜLLE... 5 ÇAGA: LUKMAN we AMPUTASIÝALAR
Publisistika
Aýgytlaýjy rol oýnaýan medisina enjamlarynyñ elýetersiz şertlerinde her gün gol-aýak amputasiýalaryny edýärdik. Standart medisina enjamlary ýeterlik bolsady, köp sanly amputasiýanyñ öñüni alyp bolardy Köp sanly palestinaly edilýän hüjümlere garşy özlerine gaçybatalga bolar umydy bilen ýalñyşsalar-da, şu hassahana we beýlekilerine ýöneldi. Adamlar hassahana doluşyp, koridorlarda, basgançaklarda, hatda ammarlarda ýaşamaga başlady. Ýewropa bileleşiginiñ (ÝB) durman işleýän nosilka we enjam hümerlenşigini kadalaşdyrmak üçin taslan giñ koridorlary indi ýeke-täk koridora öwrüldi. Her tarapa üçekden aşaklygyna odeýallar örtülip, maşgalalar azajygam bolsa mähremligi saklamak üçin kiçijik meýdançalary emele getirdi. 300-e golaý näsagy kabul edip biljek ýagdaýda taslanan hassahana häzir müñden gowrak hassa we gaçybatalga gözleýän ýüzlerçe adama seretme mejburylygy bilen başa-baş. Ýerlilerden az sanly hirurg galdy. Birnäçesiniñ öldürilendigi ýa-da tussag edilendigi, nirededigi, hatda bardygynam belli däldigi aýdylýar. Bir böleginiñ bolsa, hassahana gitmegiñ diýseñ howply bolan demirgazykdaky basylyp alynan ýerlerde ýa-da şol töwereklerde daşy gabalgy ýagdaýda galandygy aýdylýar. Ýerli halkdan ýekeje plastiki hirurg galdy. Gije-gündiziñ dowamynda çirim etmän hassahanada nobatçylyk çekip oturan hirurg öýi ýykylandygy üçin goş-golamlaryny iki çemodana salyşdyryp, hassahanada ýaşamaga başlady. Onuñ başdan geçiren gününi hassahanadaky beýleki işgärleriñ hemmesi bilýär. Bu hirurg nesibelidi, çünki hassahananyñ ähli işgäri diýen ýaly hossarlarynyñ ýasyny tutup ýör, onuñ aýaly bilen gyzynyñ bolsa janlary sagdy. Dessine işlemäge başladym. Günde 10-12 operasiýa girýärdim. Bir gezekde 14-16 sagat işledim. Kämahal her otuz sekuntda bir bolýan üznüksiz bombalamalar zerarly operasiýanyñ gidip duran jaýy ikiýana yranyp durýardy. Operasiýalary ABŞ-nyñ özünde akla-huşa sygmajak derejede sterilizirlenmedik şertlerde geçirýärdik. Aýgytlaýjy rol oýnaýan medisina enjamlarynyñ elýetersiz şertlerinde her gün gol-aýak amputasiýalaryny edýärdik. Standart medisina enjamlary ýeterlik bolsady, köp sanly amputasiýanyñ öñüni alyp bolardy. Doly çagşan saglygy goraýyş ulgamynda hassa bolan adamlary bejermäge synanyşmak şolar ýaly kyn bolýan eken. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 23.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |