AGAGELDI ALLANAZAROWYÑ "KALBYMA HEM ALYSA SYÝAHAT" KITABYNY OKAP...
Agageldi, sen bu goşga mätäç däl,
Goşgym mätäç, özi ýanyña bardy.
Ol neneñ barmasyn,
Deñ-duşlardaky
Ýok zatlaryñ
Sende bardygyny gördi.
Aýlanýarkak gazygymyzyñ daşynda,
Bolup ýörkäñ bähbitjikleriñ "guly".
Türkmen taryhynyñ tarp ýerlerini,
Görüp, özleşdirip ekýärsiñ güli.
Ýogsam, güzeranyñ ilden artyk däl,
Bilýän, ilden artyk alañok puly.
Şonda-sa türkmeniñ topragy üçin
Kitabyñda gurupsyñ sen heýkeli...
Mysalmy?
Gaýgysyz Atabaý üçin
Guwanjyñy görüp haýran galdym men.
(Beýikleri bilip, söýüp bilýäniñ
Beýik bolýandygny indi añdym men)
Biziñ taryh uklap ýatan bir deñiz,
Sen onuñ goýnunda müñzäp barýarsyñ!...
Gaýgysyzyñ gürrüñlerni berende,
Göýä özüñ şoña meñzäp barýarsyñ!
Menem öz ilini söýeniñ biri,
Söýgi setirini sazlapdym ençe.
Ýöne, Agageldi, boýun alýaryn,
Herkes söýüp bilmez türkmeni Sençe...
Gurbanýaz DAŞGYNOW.
# "Sowet Türkmenistany", 17.10.1990 ý.
Goşgular