19:04 Ahlak dawasy | |
AHLAK DAWASY
Publisistika
AKP Zeýtinburnu häkimligi 2020-nji ýylyñ edebi döredijilik-sungat ýyllygyny taýýarlady. Şonda şahyr Aly Aýçil "Dergah" žurnaly otuz ýaşynda" diýen makala ýazdy. Aýçiliñ sferasyndan bolan Erjan Ýyldyrym bu ýazga sosial mediýadan kinaýaly söz oklady: "Aly Aýçiliñ "Dergah" baradaky ýazgysy täsin... Ol "Jumhur" ýaranlygynyñ "milli-ýerli çykyşlarynyñ "Dergahyñ" öñden bäri orta atan pikiri-teklibidigini aýdýar. Ilkinji sanynyñ girişinde agzalýan pikir we merhum Nuretdin Topçynyñ tagallasy 2015-nji ýylda durmuşa geçdi!" Ýyldyrymyñ bu sözüne jogap ýazyjy Sibel Eraslandan geldi: "Ýazgy ýalñyş we başdansowma... "Dergah" syýasy manyda anadolyçy pozisiýasy we Demirel syýasatyna berýän goldawy bilen öñe saýlanýar. "Jumhur" ýaranlygynyñ liderleri bolsa Demirel syýasatyna we demirelçi sagçylyga makul göz bilen sereden liderler däl!" Turdy bir galmagal... "Dergah" žurnalynyñ redaksiýasyndan Ezel Erwerdi hiç haçan Demirele golaý durmandyklaryny aýdyp, "jenjel" döreden şu setirlerini paýlaşdy: "Sibel hanym bilen birnäçe ýyl öñ tanyşdyk. Ol Aly Aýçil bilen "Dergah" žurnalyna gelerdi. Ýanýoldaşym bilen şahsy durmuşyna degişli "dertlerini" paýlaşypdy. Biz onuñ gürrüñlerinden hekaýatlary toplap, iki kitap görnüşinde çap edipdik..." Sibel Eraslanyñ jogaby gijikmedi: "Musulman musulmanyñ elinden, bilinden, dilinden emin bolar" diýen ynanç bilen ulaldyk. Ilkinji pikir çaprazlygynda adamlaryñ pynhan syrlarynyñ üstünden urmaga synanyşmagy näme bilen düşündirip bolarka..." Galmagal ula gitdi... "Yeni Şafak" gazetiniñ žurnalisti Ýusuf Kaplan hem: "Bir musulman zenan ýazyjynyñ ar-namysy, mertebesi bilen oýun etmez! Özem hut şu şekilde! Edebiýat dünýämiz mundan öñ bular ýaly pesligi görmändi. Bolmajak zat! "Dergah" žurnaly Eraslandan ötünç soramaly" diýip ýazansoñ, bu barada ýazmak gutulgysyz boldy… • IKI INTELLEKTUAL ŞAHS "Dergah" žurnaly 1918-nji ýylda çapdan çykyp başlady. Žurnalyñ adyny goýanam belli şahyr Ýahýa Kemal. Mondros wagtlaýyn ýaraşyk şertnamasy osmanly ruhuny çym-pytrak edipdi. Stambul basybalyjylaryñ golastyndady. Maddy ýeter-ýetmezlikler açlyga çenli äkidipdi. Günbatara bolan mizemez ynanjy liberalizmdir imperializm ýom-ýok edipdi. Ruhy gymmatlyga arkañy bermek zerurlygy Stambul münewerlerini (ylmy jemgyýetçiligini) şu ki filosof düýpli täsir etdi: Emil Dýurkgeým (1858-1917)… Jemgyýetçilik çöküşliginiñ sebäplerini maddy zatlardan däl-de, sosial-ruhy we ahlak meselelerindem gözledi. Meseleleriñ çeşmesi şahsy däl, köpçülikleýindi. Jemgyýetçilik bitewiligi berkarar etmegiñ ýoly raýdaşlykdan geçýärdi. (Bu bolsa "halkçylyk" düşünjesine bap gelýärdi.) Dargamagyñ, agzalalygyñ sebäplerini ahlakdan gözlän, Günbatar pozitiwizmi bilen Gündogar mistisizmini bir galypda eredip, eýläp-ýugrup "birligi-ylalaşygy-sazlaşygy" maksat edinen stambully münewwerler Dýurkgeýmiñ taglymatyna gujaklaryny gerdiler. (Jemgyýetçi-halkçy Atatürküñ özem otuzynjy ýyllara çenli şolaryñ biridi.) Anri Bergson (1859 – 1941)… Dýurkgeýmiñ "mekdebinden" çykan Bergson hem "halypasynyñ" teoriýasyna psihologiýadyr mistisizmi goşdy. Dowamly kemala geliş halyndaky realizme rasionalizm-materializmden has beter intuisiýa-metafizika bilen dogry düşünip bolar... Awtory meşhur "Gülki" kitabyndan mysal getirip, onuñ garaýyşlaryny düşündirjek bolaýyn: "Gülki - maddanyñ döreden gödeklikleriñ ruh tarapyndan ýok edilmegidir." Ruhy gymmatlyk gözleýän türk dindar gatlaklarynyñ emi-ýomy Bergson boldy. Bu teoriýanyñ "Türkiýedäki wekili" Ženewada pisihologiýadan okan Mustapa Şekip Tunçdyr! Ysmaýyl Hakky Baltajyogly we soñ-soñlar ondan bölünen Mehmet Emin Erişirgil ýaly şahsyýetler bu "akyma" goşuldy... • TEJRIBÄ HAÝP! Bugün biri-birine garşydaş ýaly görkezilen Ahmet Hamdi Tanpynar, Halide Edip Adywar, Ahmet Haşym, Nurullah Ata Ataç, Köprülizada Fuat, Falif Ryfky Ataý, Hasan Aly Ýüjel, Mustapa Nihat Özen, Ýakup Kadri Karaosmanogly, Hilmi Ziýa Ülken ýaly belli ýazyjy-şahyrlar "Dergahda" çykyş etdi... "Dergah" milli azat-edijilik göreşine goldaw berdi. Bergsonyñ pelsepesi imperializme garşy göreş alyp baran mulli ruh eradasyna laýyk gelýärdi. Şol döwür... Bergsonyñ taglymatyna eýeriji Mustapa Şekip Tunç, Mehmet Emin Erişirgil bilen Ziýa Gökalpyñ arasynda ylym-ylymçylyk ýa-da nasionalizm-günbatarlylaşma ýaly meselelerde nukdaýnazar çekişmesi döredi. Tunç we Erişirgil tankydy pikirperini ýazmak üçin Ziýa Gökalpyñ Malta türmesinden çykyp, "Küçük Mecmua" žurnalyny çykarmagyna, ýagny erkin bolmagyna we olara jogap berip biljek metbugat organyna eýe bolaryna garaşdylar. Geçmişiñ galam ahlagy, ynha, şeýledi! Şol sanda pozitiwist Suphi Erdem bilen dindar gatlakdan Mehmet Aly Aýniniñ arasynda Bergsonyñ pelsepesiniñ üstünde ýerlikli çekişmeler boldy, taraplar pikirlerini kitap ýazyp dowam etdirdiler... Sözümi jemlär bolsam: "Hürriyet" gazetinde “Baş dawasy ahlak bolan bir musulman sosialist: Nuretdin Topçy” (11.05.2008 ý.) diýen makala ýazypdym. Topçynyñ dosentlik işi Bergsonyñ pelsepesidi. Ol "Dergah" žurnalynyñ awtorlarynyñ biridir. Bugün žurnalyñ redaksion kollegiýasyndaky şägirdi Ezel Erwerdi haçan demirelçi bolup ýetişdikä, men hiç düşünip bilmedim! Özem... pynhan syrlaryñ üstünde turan jenjellere nebsiagyryjylyk bilen syn etdim. Ýurdumyz nirelerden nirelere sowruldy, düşünje tejribesine haýp! Pikir dünýämiz haçan şular ýaly derejede takyrlaşdyka? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.09.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |