11:20 Ahwal | |
AHWAL
Goşgular
Arzuwlarym, umytlarym egbarlap, Ýaprak ýaly şahasyndan tänipdir. Manysyzlyk girdabyna itberip, Dänmejekler bu gün menden dänipdir. Unutmajaklaram unutdy eýýäm, Aýatdakam, asman bilen arada. Men bolsa henizem agtaryp ýörün, "Ömrüm boýy gözlän ornum nirede?". Hemme kişi ýer alýarka zer bilen, Men ornumy gursaklardan gözledim. Emma, gursaklarda ýer almak üçin, Ýalñyş çykdy saýlap alan çözgüdim. Şoñ üçinem asman-zemin arada, Ýapyp ähli hasaplaryñ depderin. Bu manysyz düşelgämi terk edip, Gökde gaýyp ýören akja kepderiñ, Uçuşy deý, uçup gitsem barlykdan, Soñlanar meñ üçin manysyz ahwal. Ýalñyş çykan meselämiñ ol ýerde, Dogry jogabynam tapmagym ahmal. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ömrümde / Goşgular - 05.07.2024 |
√ Bilýäňmi, kim sen / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Öwütlerim / Goşgular - 10.06.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ «Sallançakdan düşüp meýdana gitdim...» / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |