19:03 Akmak bilen akylly / hekaýa | |
Akmak bilen akylly
Hekaýalar
(hekaýa) Müň dokuz ýüz otuz ýedi ýaňy başlanypdy. Ýanwaryň şatlama aýazly günleriniň biridi. Al şapagyň günbatarda eňegini ýere dirän uçurlary Annamyrat ýaňyja murt orunlary garalyp ugran ogullary Guwanç bilen Begenje gije peje salar ýaly odunlyk töňňe saýlap berýärdi. Gyş oduny üçin tomus bir topar guran tut kesilip, olaryň töňňeleri-de köwlenip, palçyk jaýynyň arkasyna basylyp goýlupdy. Amanmyrat şol töňňeleriň çemelirägini ogullaryna alyp berýärdi. Biri ýaňy on bäş, birem on alty ýaşy tegelän ýetginjek ogullarynyň boýy-syraty daýanykly görünýän-de bolsa, ýukaýürek ata: «Heniz bularyň süňki bekemedik. Uly töňňeleri ýarjak bolup, birden synalaryna şikes ýetiräýmesinler» diýip, dözmezlik bilen içini gepledýärdi. Şonuň üçinem ýeňilräk bölünjek töňňeleri saýlap berýärdi. Uly töňňeleri boşlagrak wagty onuň özi çapardy. Esli güne ýeter ýaly oduny ençe gün öňünden taýýarlardy. Gijeler aýaz birden has güýjedi-de, Amanmyradyň «Esli güne bolar-ow» diýip, çaklap çapan odunlary wagtyndan öň ýakylyp gutardy. Gijelerine peje ünemliräk odun salmasaň, gowaça çöpdür tut çybygy ýaly ýeňil-ýelpaý odun bilen içeriniň ýylysyny saklar ýaly däldi. Bu gün hem oduny Amanmyradyň özi çapmakçydy. «Öýle çaýymy içip çaparyn-da» diýip, pikir edip otyrdy. Çaýyny içip bolmanka, öýe goňşusy Hojanýaz geldi. Onuň ýüzi aladalydy. Goňşusynyň içki harasadyny ýüzünden okasa-da, Amanmyrat oňa birbada zat diýmän, onuň özüniň dillenerine garaşdy. Ertirden bäri ençe gezek didarlaşyp, saglyk-amanlyk soraşylansoň, salam-heligem söz açara bahana boljak däldi. Hojanýaz howsalasyny habar berdi: —Ikimizem başlyk çagyrýamyş. Bir oglanjyk gelip gitdi. Kimiň dogmasydygyny-da soramandyryn. «Goňşyň Amanmyrat bilen başlygyň ýanyna barmaly. Gyssagyňyz özüňizde bolsun!» diýdi. «Eýgilikmikä?» diýip, Amanmyrat bimahal çakylygy halaman, içini gepletdi. Alada galmaz ýaly hem däldi. Gyşyň başyndan bäri Moskwada günäli-günäsiz diýmän, adamlaryň tutulyp basylýandygy hakdaky habar Amanmyrat dagynyň gulagyna-da degipdi. Amanmyradyň içki pikirini Hojanýaz gaýtalady: —Eýgilikmikä? —Eýgilikdir-le—diýip, Amanmyrat habary gowulyga ýordy. Soň hem goňşusyna haçan barjagyny aýtdy: —Men biraz odun çapmakçydym... Hojanýaz gorkuly gözlerini elek-çelek edip, onuň sözüni böldi: —Odun çapyp dursaň-a, gijä galarys. Gijä galsagam, başlyk halamaz. —Indi oduny goýbolsun etmeli bor—diýip, Amanmyrat sözüniň yzyny dowam etdi.—Çagalar çapar. Ýöne olara ýeňil-ýelpaýrak töňňelerden saýlap bermesem bolmaz. Hojanýaz çakylyga howlukdy: —Töňňänem özleri çaparlar-laý. Çaga däl-ä indi olar. Boýlar-a meniň iki essäm bar. Çagyrylan ýere garaşdyrman barsak ýagşy. —Sen gaty howluksaň, ýöräber—diýip, Amanmyrat niýetinden dänmedi.—Men yzyňdan ýeterin. Il gözüne çaga bolmasa-da, meň gözüme çaga heniz bular —diýip, Amanmyrat törde kitaba dümtünip oturan ogullaryna tarap nazar aýlap goýberdi. —Bularyň süňňi iri. Daýawlyklary şonuň üçin. Boý adamyň güýjüne güýç goşanok. Güýçlenmek üçin uzak ýyllaryň yssy-sowugyndan geçip, bedeniň taplanmasy gerek. Güýçleri ýetse-ýetmese, çem gelen töňňä palta salarlar-da, bir ýerlerini agyrdar bular. Hojanýaz howlukmaç yzyna dolandy: —Sen onda baryber. Men-ä ýörejek. —Bolýa-bolýa—diýip, Amanmyrat ony ugradyp goýberdi. Soňra ogullaryna ýüzlendi: —Guwanç han, Begenç han, odun-a özüňiz çapmasaňyz boljak däl. Ýetginjekler gulagasyjylyk bilen gobsundylar. —Bolýa, kaka, odunyň gürrüňi bolmaz—diýşip, çüýden asylgy duran köne donlaryny eginlerine atmaga durdular.—Sen arkaýyn gidiber. Töňňäni-de özümiz saýlarys. Görmedik işimiz däl-ä. —Gowuja geýniň, gaty sowuk—diýip, Amanmyrat atalyk aladasy bilen ogullaryna sargyt etdi.—Döşüňizem donuňyz bilen ýapyň-da, biliňizem bek guşaň. Odun çapan wagtyňyz donuňyzyň syýnyny guşagyňyza gysdyryň. Ýogsa, ol galgap, işlemäge päsgel berer. Ýetginjekler öň kakalaryndan telim eşiden bu nesihatlaryny ýene seslerini çykarman diňlediler. Gulagasyjylyk bilen kakalarynyň diýenini edip, billerine guşak daňyp, daşaryk çykdylar. «Özümiz saýlarys» diýseler-de, gulak asman, Amanmyrat ogullaryna töňňe saýlap berdi. Birki sany kiçiräk töňňäni tapyp berdi-de, ýola şaýlandy: —Ine, şulary çapyň. Şu gijä ýeter. Ertir özüm ýeterlik çaparyn. Özüňizem seresap boluň. Palta uçup, bijaý degäýmesin. Eliňizi, aýagyňyzy agyrdaýmaň. Ýadasaňyz, dynç alyp çapyň. Biliňize-de gaty agram salmaň. Ogullaryna nesihatlaryny aýdansoň Amanmyrat goňşulary bilen üýşüp, tamdyrda çörek bişirip duran keýwanysyna tarap nazar aýlap goýberdi. —Ejeňize-de özüňiz aýdarsyňyz nirä gidenimi. Ýolda barýarka aňynda: «Başlygyň öýüne barmalymyka ýa-da prawleniýä?» diýen sowal peýda boldy. Muny Hojanýazdan soramany ýadyna düşdi. «Ilki öýünden habar tutaýyn. Soň prawleniýä ötägiderin» diýip, içini gepletdi-de, kolhoz başlygynyň ýaşaýan köçesine sowuldy. «Gyşyň güni. Garaňky gatlyşyp barýar. Beýle aýazda başlygam prawleniýäni alyp oturmasa gerek» diýip, içini gepletdi. «Näme gep barka? Ala-böle ikimizi çagyrmasy nämekä? Ýa çagalykda bile oýnap-ulalamyzsoň, dost maslahaty barmyka?» Kolhozyň başlygy Öwezli Amanmyrat üçinem, Hojanýaz üçinem ýat kişi däldi. Hemmesi bir obanyň adamlarydy. Hatda çagalykda bileje oýnap kemala gelipdiler. Olar obalaryna sowet hökümetiniň ornaşyşyny-da, halkyň başyna düşen ýagşy-ýaman işleri-de deň synlapdylar. Kolhoz ýaňy gurlanda obanyň iň garyby diýip, arka durup, sowet hökümeti Öwezliniň kakasy Hojany başlyk belläpdi. Günleriň bir güni bolsa, gije tümlüginde gelip, kimdir biri aýaly bilen nahar iýip oturan Hojany öz saçagynyň başynda bir oka tabşyryp gidipdi. Gözüne çenli gara telpek sümrüp, burnundan aşagyny-da esgi bilen örten daýaw pyýadanyň kimligini Hojanyň aýaly tanaman galypdy. Öwezli bolsa ol wagt öýde ýokdy. Deň-duşlarynyň ýanyna diýip çykypdy. Şol wagt öýde Öwezliniň ýoklugyny hemmeler bähbidi ýordular. «Ýogsa, kim bilýär, ol gelen kişi başlygyň ýigit çykan ogluny-da aman goýmazdy» diýip, adamlar kän wagtlap bu waka hakda gürrüň edipdirler. Hojany atanyň kimdigi bilinmän galdy. Anyk bilinmese-de, onuň baý-kulak diýlip, obadan kowlanlaryň, sürgün edilenleriň hossarlaryndandygyny çakladylar. Ol zamanda şondan başga çaklama tutaryk hem tapyljak däldi. Baýlary saýpallamakda hökümete kömek bermekde kolhoz başlygynyň-da esasy kelledigini hemmeler bilýärdi. Heniz ýaşrak bolsa-da, kakasynyň hormaty üçin, hökümet Öwezlini kolhoz başlyklygyna belläpdi. Şondan bäri ol şol işini ýöredip gelýärdi. Başlygyň-da oba adamlarynyňkydan üýtgeşik saýlanyp duran tünegi ýokdy. Uly iliňki ýaly, onuň-da öýi palçykdan salnandy. Ýekeje tapawudy onuň tamy ikidi. Biri maşgalasy üçin, beýlekisem gelen-giden hem özi üçin. Uly il üstüne dökülip duran öý üçin hem iki tünegiň gerekdigine hemmeler düşünýärdi hem. Amanmyrat salam berip bosagadan ätledi. Arassa syrylyp-süpürilen içeri keçeler bilen düşeklenipdi. Gapa golaý ýerde demir peç gübürdäp ýanýardy. Içeri ýyljakdy. Orta ýazylan saçagyň başynda Öwezli bilen Hojanýazdan başga kişi ýokdy. Olar ýanlaryny ýassyga berip, hümürdeşip, çaý içýärdiler. Amanmyrat girenden, olaryň ikisi-de göwresini dikeltdi. Öwezli salam aldy. Gapdalyndan Amanmyrada ýer görkezdi: —Gel, Amanmyrat, geç şu ýerik. Amanmyrat Öwezliniň görkezen ýerine geçip oturdy. Ol oturyp-oturmanka, öz ogullary bilen deň-duşrak ýetginjek oglan onuň öňüne käse bilen bir çäýnek çaý getirip gitdi. —Indi naharyňyzam getiräýiň—diýip, Öwezli ýetginjege gep goşdy. Soň Amanmyrada ýüzlendi.—Al, çaý içip otur. Amanmyrat çäýnegi öňüne süýşürip, bir käse çaý guýdy. Sypaýyçylyk bilen gep urdy: —Men-ä çaý içibem gelipdim. Öwezi mydama çytyk ýüzüne ýagtylyk çaýyp, loh-lohlap güldi: —Seň çaýy başgadyr, başlygyň çaýy bir başga... Hojanýaz Öwezliniň gülküsine gülki goşdy. Amanmyrat hem ýylgyran boldy: —Şeýledir öz-ä. Öwezli ýene agraslandy: —Çaýam gepbaşydyr, içibersene. Az salymdan etlije çorba geldi. Mazaly iýip-içdiler. Nahardan soň çaýy täzeden getirip, keýpilerini köklediler. Ýyljažyk içerä, gyzganjyk çaý bilen naharyň güýjüne maňlaýlaryndan burçak-burçak der syrygdy. Çaý-nahardan boldum edilip, saçak-supra ýygnalsa-da, näme üçindir, Öwezli myhmanlaryna çakylygynyň sebäbini aýdybermedi. Muňa Amanmyradyň kejebesi darygyp, ahyry özi gep gozgady. Öwezliniň ýüzüne bakyp: —Çagyran ekeniň. Eýgilikmi özi?—diýip sorady. Öwezliniň badyhowa başy aşak egilip, gabaklary sallandy. Ýüzüne bulut çekilen ýaly boldy. Amanmyrat onuň bu bolşuny görüp: «Bir bela-ha bar bu ýerde. Eýgilik bolsun-da» diýip, içini gepletdi. Öwezli uludan dem aldy: —Eýgiligiň bar-ýoguny bir Allatagala bilýä, oglanlar men şu obada ikiňizi özüme has ýakyn hasap edemsoň, çagyrandyryn. Hojanýaz hyzmata taýynlygyny duýdurdy: —Çekinme-de aýdyber, Öwezli. Näme hyzmatyň bolsa, men-ä elimden gelen kömegi gaýgyrman. —Moskwada tutha-tutlugyň başlananyny-ha eşidensiňiz?—diýip-de, Öwezli bir Amanmyradyň bir-de Hojanýazyň ýüzüne seretdi. Amanmyrat Öwezliniň sözüni böldi: —Eşitmesen-ä eşitdik welin...Ýogsa-da, nämäniň tutha-tutlugyka ol? —Sowet hökümetiniň duşmanlary ýok edilýä—diýip, Öwezli öz öýünde oturanam bolsa, kimdir biriniň diňlärinden heder ediýän ýaly, äpişgä tarap ätiýaçly nazar aýlap, logurdap duran ýogyn sesini peseldip gepledi. Amanmyrat kolhozlar gurlup ýörkä «baý-kulak, galtaman» diýlip, obadan ýok edilenleri ýatlady. Onuň içki pikirini aňan ýaly, Hojanýaz Öwezlä düşnüksiz nazaryny dikdi: —Duşmanlardan öň dynylmandymy näme? Öwezli sözüni pyşyrdap diýen ýaly dowam etdi: —Öň ýok edilenler göze görnüp duran duşmanlar. Olar eline ýarag alyp, ata çykyp, göze görnüp geldi. Ýok hem edildi. Garyplaryň ganyny sorup oturan baýlary-da biziň barymyz tanaýardyk. Ine, indi oba bir syn ediň. Göräýmäge, olaryň bary bir deň adamlar ýaly. Ýöne ýiti göz bilen seretseň welin, bularyň arasynda sowet hökümetine garşy näçe duşman bardyr. Olaryň kimsi baýyň-kulagyň nesli, kimsi galtaman guýrugy. Olar ertirki gün syçanyň ýüpi kertişi ýaly, hökümeti içinden kertip, ýok etmäge taýýar bolup durandyrlar. Döwleti ýumurmanka hökümet olaryň özünden dynmak isleýä. Öwezliniň bu sözleri Amanmyrady howpukdyrdy. Sebäbi Amanmyrat tutulýanlaryň ýene-de kolhoz gurluşygy ýyllaryndaky ýaly, sowuk aýazly Sibire sürgün edilýändigini ýa-da atylýandygyny eşidipdi. Ol Moskwada başlanan tutha-tutluk belasynyň öz obalaryna bir toýnak salmazlygyny Alladan diläp ýördi. Onuň alada edýän belasy hut aýaklarynyň aşagyndan gopdy. «Eý-ho!—diýip, ol hopukmak bilen içini gepletdi. —Biziň obamyzdan duşman diýlip, kim tutularka? Öweli biraz dymansoň, ýene sözüni dowam etdi: —Diňe ikiňize ynam edensoň aýdýan. Özüňizem diliňize bek boluň. Bize-de ýoldaş Staliniň hut özünden bek buýruk geldi. Bizem janymyz-tenimiz bilen Iosif Wissarionowiçe kömek etmeli. —Biz Moskwadaky adamlaryň haýsynyň hökümete duşman, haýsynyň dostlygyny nädip tanarkak? —diýip, Hojanýaz alada galyp sorady. Hojanýazyň sözlerine Öwezliniň gaşlary çytyldy: —Seniň Moskwa bilen nä işiň bar! Moskwany olaryň özleri oňarlar. Biz öz obamyzdaky duşmanlary saýpallaşmaga kömek etmeli. Bu sözlere Amanmyradyň ýüregi jigläp gitdi. Hojanýaz bolsa gözlerini hanasyndan çykaraýjak boldy: —Biziň obamyzdada-da hökümete garşy duşman barmy?—diýip soranda, tolgunmadan onuň ýüzi bir agardy, bir gyzardy. Dodaklary titredi. —Duşman ýurduň ähli ýerinde bar—diýip, Öwezli ýene ýanbaşyny ýassyga berdi. Ol indi arkaýyn gepläp ugrady.—Özem olar juda howply duşmanlar. Olar biziň bilen bile toý sowýarlar, ýasa barýarlar, bile çörek iýýärler. Ýöne ýüreklerinde welin, sowet hökümetini ýok etmek. Ine, şolary bilip anyklap, siz-ä maňa aýtmaly, menem hökümete ýetirmeli. Ýok etmäge kömek etmeli. «Eý-ho! Kimkä ol duşmanlar?» diýip Amanmyrat beýnisine agram salyp, içini gepletdi. Obadaşlary, tanyş-bilişleri, kowum-garyndaşlary, dost-ýarlary birin-birin göz öňüne geldi. Olaryň ählisi-de ýurtdaky tozgunçylyklaryň gerdenlere atan ýüküni Amanmyrat bilen deň çekişen adamlardy. Künjara çöregini-de bir gün tapsa, bir gün tapman ýören adamlardy. Ýyrtyk eginbaşly, kimsiniň aýaklary ýalaňaç, kimsi ýyrtyk galoşly adamlardy. Olaryň köpüsi Amanmyrat bilen bileje oýnap-ösen dost oglanlarydy. Köpüsişol dostlaryň hossarlarydy. Köpüsem Amanmyradyň ejesi-kakasy ýogalanda olary eginlerine göterip, iň soňky ýoluna ugradyşan adamlardy, Amanmyradyň gussasyny deň paýlaşyp, merhumlaryň agysyny aglaşan adamlardy. Amanmyrat öýlenende kejebesini çekişen, şatlygyna goşulyp, toýuny toý eden adamlardy. Gelnini çörege çagyryp, duzlaryndan dadyran adamlardy. Ogullary bolanda begenip, buşluk haky beren adamlardy. Indi Amanmyrat olaryň haýsy birine sowet hökümetine duşmandyr diýip, barmak çommaltsyn! Ol bendeleriň haýsy birini sowuk hem ýat ýerlere, ölüme ugratsyn! Şu pursatyň özünde Amanmyrat bu işi boýun almajakdygyna öz ýanyndan ant içdi. Hojanýaz-da esli salym pikirlendi. Bir haýukdan soň ol: —Bolýa, bolýa—diýip, baş atyp Öwezlä jogap berdi. Elimizden gelen kömegi ederis. Ýöne sen aýt. Biz olaryň haýsysynyň duşmandygyny nädip bilmeli? Hojanýazyň suw meýillidigine Amanmyrat ör-gökden geldi. Nije ýyl goňşy bolup ýaşasada, bile önüp-ulalsa-da, ony tanamynyna haýran galdy.. «Be...Duşmany nädip tanamalydygyny öwretseler, bi göçhä-göçlüklerden, tozha-tozluklardan, uruş-gowgalardan soň iki aýagynyň üstünde zordan durýan bendeleriň arasynda günäkärem gözläýjeg-ow!» Içinden şeýle pikir öwrensoň, Amanmyrat Hojanýazyň ýüzüne alarylyp, geň nazar bilen bakdy. Ýöne sesini çykarmady. Onýança Öwezli Amanmyrada ýüzlendi: —Sen nädersiň, Amanmyrat? Kömegiň degermi maňa? Amanmyrat hyýalynda obadaşlaryny ýene bir laý gözden geçirip oturşyna, Öwezliniň özüne sowal bilen ýüzlendi: —Öwezli diýýän-ä, sen bir syn ed-ä. Sen bi, obadaky garyp-pukaralaryň haýsy birine duşman diýjek? Olaryň hökümet bilen nä işi, zat bilen nä işi? Eşikleri sal-sal. Aýak üstünde zordan durýarlar. Sen hökümete «Biziň obamyzda duşman ýok» diýipjik aýdaýsaň nädýä? Amanmyradyň sözlerine Öwezliniň gahary geldi. Ol sesini gataltdy: —Sen bar-a, Amanmyrat, gepiňi köpeltme-de, maňa etjegiňi-etmejegiňi aýt! Eşikleri sal-salam bolsa, olaryň ýüreginde ne hyýal baryny sen bilmersiň. Göroglynyň Gyratyny ogurlanyň hem sandan galan kempirdigini unutma sen! Ýurduň ähli ýerinden duşman köki tapylyp durka, ala-böle «Biziň obamyzda duşman ýok» diýen söze kim ynanar! Biziň obamyzda-da hökman bolaýmaly duşman! Onsoňam, hökümet senden «Obaňda duşman barmy-ýok?» diýip soranok. «Obaňdaky duşmanlary tapyp ber» diýýä ol. Ine bolany. —Men şu işe goşulmaýynla, Öwezli—diýip, Amanmyrat tabşyrygy ýüregine sygdyryp bilmän, gitmek üçin ýerinden gobsundy.—Günä gazanmak islämok. Çaga bar, öý bar...Sen aýyplaşma. Indem, rugsat berseň, gideýin. Ine, saňa Hojanýaz kömek edäýjek ýaly-la. Ilçilikdir, belki, Hojanýaz ýaly meýilli ýene tapylar. Ýöne bu ýumşuňy men boýun almaýyn. Bir bendäni ynjytmaga ýüregim bolanok meniň. Başga näme ýumuş býursaň buýur, edeýin. Gije-gündiz ýatman, ýer depmelem bolsa, gerdenim bilen ömürboýy ýük çekdirseňem, edeýin. Ýöne «Adam tutuş» diýme! Amanmyrat çaga ýaly boýnuny burup, Öwezliniň ýüzüne delmuryp bakdy. Öwezli bu gezek sesini çykarmady. Amanmyradyň sözlerine onuň gaharynyň gelýänini mese-mälim bildirýärdi. Gözleri gazap bilen ýanýardy. Bütin synasy bilen saňňyldaýardy. Öwezliden ses-üýn bolmansoň, Amanmyrat: —Sag oturyň—diýdi-de, gapa ýöneldi. Oňa hiç kim jogap bermedi. Agşamyň düşmegi bilen aýaz has-da güýjäpdi. Hut degen ýerini kesip barýardy. Ýyly ýerden çykan Amanmyrat birbada aýaza öwrenişip bilmän, on iki süňňi bilen gagşady. «Ene ýagjak öýdýän, gurbany gitdigim» diýip, içinden pikir öwürdi. «Aýaz çydar ýaly däl. Ýagaýsa, birneme gowşardy». Ençe gün bäri eremän duran gary aýaklary bilen gütüredip barşyna, Amanmyrat oba nazar aýlady. Palçykdan salnan hütdükleriň depesinden çala çykyp duran turbalardan tüsse burugsaýardy. Öýler gaty horoşajady. Olar urlup-urlup, ini bezikdirilen adamyň ýene taýak degerinden heder edip, düýrügişini ýatladyp, eginlerini gysyşyp otyrdylar. Palçykdan salnan öý-de hemmeler-de ýokdy. Heniz gara öý bilen mydar edip oturanlar-da kändi. Obadaşlaryň köpüsi kolhoz gurlup başlanan uçurlary daşary ýurtlara gaçdy, ele düşenler Sibire ugradyldymy, atyldymy—Amanmyrat ony bilenok. Olar gürüm-jürüm edildi. Hijisinden derek ýok. Köpler «aklar—gyzyllar» diýlip urşulan uruşlarda gitdi. Amanmyradyň gözowalaryna gubar indi-de, göreçleriniň alny ümezledi. Soň ol ümezler birje damja ýaşa öwrülip, ýaňagyndan togalanyp gaýtdy. «Bile önüp-ösüp, ulalanlarymyzyň üçden birem galmandyr-a obada—diýip, ol ýaňagyndan syrygan gözýaş damjasyny donunyň ýeňi bilen sylyp barşyna, obadaşlarynyň halyna ýüregini gyýym-gyýym edip, içini gepletmegi dowam etdi.—Bu galanjalaryň-da ýaryny «duşman» diýip ýygnatjak bolsalar...Men-ä bilmedim indi näme boljagyny, Allanyň özi gowusyny etsin!.. Amanmyrat öýüne gelende çaý-çöregem iýilmän, özüne garaşylyp oturylanyny aňdy. Orta ýazylan saçagyň gyrasynda içine çörek dogralan tabak durdy. Pejiň üstünde gara gazan bilen çaý kündügi bugarýardy. —Men naharly. Siz arkaýyn iýiň-içiň—diýip Amanmyrat belli bir adama ýüzlenmän gepledi. Özem pejiň gapdalyna geçip, çoýunmaga oturdy. —Howa gaty sowuk şu gün. Tawus jyk ýaga sogan daglap eden gara çorbasyny tabaga agdardy-da, gazany peçden düşürip, gapdalda goýdy. Nahary ogullarynyň öňüne süýşürdi: —Alyň, balalam iýiberiň. Şeý diýip, Tawusyň özem ogullarynyň gapdalyna süýşdi. Pejiň böwrüne basylan odunlar ogullaryň iş bitireninden habar berýärdi. Şeýle bolansoň, Amanmyrat töňňeler hakda gep gozgabam durmady. Nahar iýlip bolunýança sesini çykarman, peje çoýunyp, inini ýylatdy. Tabak boşansoň, maşgalanyň töwirini galdyryp berdi. Tawus pejiň üstünde bugaryp duran kündükden tabagyna–gazanyna suw guýup goýdy. Soňra çaý demledi. Amanmyrat çaýdan birki käse içdi. Adamsynyň reňki öçük ýüzünden rejäniň geň däldigini aňsa-da çagalar ýatýança, Tawus ondan hiç zat soramady. Ýakymsyz habary çagalaryň eşiderini islänokdy. Amanmyradyň özi hem şeýle pikirde bolansoň, Öwezliniňkide bolan gürrüň hakda dil ýarmady. Uzakly günüň hysyrdysyndan ýadan maşgala basym ýatmak bilen boldy. Ýatsa-da ýatdylar welin, daň atýança Tawusyň-da, Amanmyradyň-da gözlerine çiş kakyldy. Tawus-a neneňsi söz bilen başlygyň Amanmyradyň ýüzüni ak tam edip goýberenini bilesi gelip, alada galýardy. Amanmyrat bolsa ýüregine ýeten howsaladan Tawusy-da basymrak habardar etmek isleýärdi. Gijäni olaryň ikisem iki ýanlaryna agdarylyp geçirdiler. Daňa golaý irkildiler. Irden turup Tawus pejini otlap, çaý gaýnatdy. Amanmyrat namazyny okady. Çaý-suw içen çagalar mekdebe gidensoň, ol agşamky gürrüňden aýalyny habardar etdi. Obanyň başyna abanýan howpdan gorkup, Tawus ýakasyny tutdy. Adamsynyň bolşuny makullady: —«Hiç kimi tutjak däl» diýip akyl iş edipsiň Gör, ertir onuň günäsi neneň bor! Iki sany boýy ýetip barýan ogluň bar.—Şeý diýensoň, Tawus uludan dem alyp, gözlerini ýaşlady.—Toba, toba, millete dynuw ýok oguşýa. Bularyň içinden ýene-de soguryp äkitjekler-ow! Indi nä alaç edilerkä? Amanmyrat hem eginlerinden dem aldy: —Başa ne gelse, çekmeli bor. Şondan gaýry çäre ýok... Ikisem birbada dymdy. Birhaýukdan soň, Amanmyrat özbaşyna pyşyrdady: —Şunça ýyl goňşy oturyp, Hojanýazy-da tanamandyrys... Akmak eken...Öz obadaşlaryna kast etjege meňzeýä. Öwezli näme diýse, «bolýa» diýip, baş atyp otyr... —Toba, toba—diýip, Tawus ýene ýakasyna el ýetirdi.—Eýsem-de bolsa, ol öz obadaşlaryna kast edäermikä?.. Hudaýdan gorkmaýarmyka? Öňem-ä Alladan alany ýeke ogul... Amanmyrat dagy bu gün hem adaty ýagdaýy geçirip, gije ýassyga asuda baş goýdular. Amanmyrat mazaly irkilip, ukusyny gana alan çagy gapynyň batly kakylýan sesine oýandy. Alasarmyklykda nämäniň bolýanyna aň ýetirip bilmedi. Gapa baryp, ilgençegi ýazdyrdy. Daş işikde egni şinelli milisioner durdy. —Amanmyrat Rahmanguly şu öýde ýaşaýarmy? -diýip, ol garaňkyda ýüzüni Amanmyrada dikdi. —Hawa, men şol-diýip, Amanmyrat jogap berdi. Göz açyp ýumasy salymyň içinde: «Enkewedeçi meni näme üçin gözleýärkä?» diýip pikir öwürdi. —Gürrüň bar. Egin-eşigiňi geýip, goş-golamyňy al-da, yzyma düş -diýip, bimahal gelen kişi habaryny berdi. Şeý diýip, milisioner eýwana tarap süýşdi. Eýýäm örboýuna galan Tawus-da, Begençdir Guwanç-da howsala düşüp, Amanmyradyň üstüni sowaldan gömdüler: —Eý-waý, bu nä habar boldugyka, kakasy? —Kaka, kim ol? —Basym gelermiň, kaka? Amanmyrat äpişgeden öýe siňip ugran daňyň ak reňkine sermenip, egin-eşiklerini geýdi. Donunyň üstünden guşagyny guşady. —Allany çagyryp oturyň, niýetiňizi ýamana dikmäň-diýip, ogullarydyr, aýalyny köşeşdirdi-de, ol daşaryk çykdy. Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |