22:13 Ala taýakly / satiriki hekaýa | |
ALA TAÝAKLY
Satiriki hekaýalar
Be, bu gün alataýaklylara näme bold-aý?! Bular maña halys gün berjek däller-ow. Hanha öñde ýene-de biri Garaçomak ýaly gazarylyp dur. Şu ýerden hyrra yzyma öwrülip jyraýsam näderkä? Aý, ýok, bulardan beýdib-ä sypyp bolmaz. Soñ tutaýsalar, edil körüñ eline büre düşen ýaly ederler. Nätsemkäm? Olaryñ birentegi gaty berebekgeý, how, höre-köşäñe-de düşünenoklar. Wiý, ýogsa-da tilkiniñ müñde bir sapalagyny ulansam näderkä? "Hytyrlygam batyrlykdyr ýerinde" diýip, bir akyldaryñ bir-ä aýdan bolmaly, şu wagt adyma düşenok-da, şoñ kimdigi. Aý, ol zeruram däl-le. Han-ha, han-ha... Ala taýak galdy ýokaryk. Ol maşynymyñ aýagyna duşak boldy. Durdum. - O-ho-ow, agasy, salawmaleýkim - diýip, men awtoinspektoryñ öñünden ylgap diýen ýaly çykdym. Ýyljyraklap iki elimi uzatdym. Gadyrly görüşdim. Onuñ iki gözi meniñ arabamdady. - Halypa, hany, bi maşynyñ öñündäki nomeri ýok-la?! Onuñ soragyna ör-gökden gelen boldum. - Be, dogrudanam niredekän-aý o? Hýä, şu çagajyklarym gaty garagol-da, walla. Işleýän ýeriñem söwda bolsa, mydama başagaý bolup geçäýýäñ, seretmän ýola çykaýypdyryn... - Nirede işleýän diýdiñiz? - diýip, ol maña tarap golaý-golaý süýşdi. - Ä-hä, çeññege iljek öýdýän. Şol akyldaryñ aýdanyny etsek boljak özi. Men has-da ykjamlandym. - Söwdada işleýän, agam. Şuwadam howlugyp haryt almaga barýan, baza. Men oña üýtgeşijek çilim hödürledim. Mürähede ýakyn eken, gaby bilen alaýdy. - Söwdada işleýän bolsañ, ýene-de taparsyñ-laý. Wah, özüm üstüne pul töläp, tanyş-bilşiñ üsti bilen zordab alypdym welin, näme, ony aýdyp bolýamy. Dol mädesirän boldum. - Aý, çilimiñ gürrüñ bolmaz, agam. Awtoinspektoryñ dili hasam süýjedi. - Inim, gaty görmegin how, saklady diýip. Bizem hökümediñ işini edýäs, nomuryñ bolmansoñ... Ýogsa-da, bu wagt näme almaga barýan diýdiñ? Indi meñki hezil, ony toruma saldym. Näme diýseñ diýip oturmaly. - Ýañy bazañ başlygynyñ özi jañ etdi. Gel-de añry-bäri äkit diýip. Nämedeýin senden gizläp durup. Añyrsyna seretseñ, olaram bir zat hantama, her kim ýonjak. Bu-u, üstüne emlemeseñ dagy öldürseñem zat berenoklar. Gürleşenoklaram. Şo biziñ bazamyzda biri bar weli, öz aýalyna-da gymmat bahasyndan eltip berýämiş, delje matalary... - diýip, ýene-de köp zadyñ başyny agyrtdym. Men gözümiñ gytagy bilen inspektoryñ aýagyna seretdim. - Ýogsa-da, agam, köwüşden haýsy razmer geýýäñiz, häzir salamandra aljak welin, gaýdyşyn... Awtoinspektoryñ geçisi ýaýrady. - Bar, maşynyñ yzky nomerinem aýyr-da ýygna. Saklajak bolsalaram durmagyn. Nomeriñ-ä belläp bilmezler, galyberse-de, özümiz bir zat ederis. Ýañky köwüş diýýäniñden-ä otuz dokuz geýýän welin... - Hawa, weliniñ näme? - diýip, men onuñ ýaýdanjyramasyna düşünmediksirän boldum. Ol jübüsine elini sokdy-da: - Ýanymdaky pulum ýetermikä beri - diýip, eplem-eplem bolup sürçegi çykan ownuk pullaryny sanamaga oturdy. "Be, mundan ep-esli ýonubam boljak eken. Onuñam öz daban azab-a däldir bi pullar" diýip içimi gepletdim. Ýene-de ynsabym çatmady. - Agam, puluny köwüş getiremde hasaplaşaýaly-da. Onsoñam bäş-üç manat ýetmände-de, o bir adam öldürýän zat däl. Gürrüñdeşimiñ ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol, hamala diýersiñ, köwşi eýýäm beýlesine geçiren ýaly, ýene-de dileg etdi. - Inisi, maña bir nemejigem gerek welin.. - Nämejik? - Montana tapdyrmazmyka, kyrk sekizinji razmer. Men agyr ýüküñ aşagynda galan ýaly ýaýdanjyran boldum. - Montana, montana-ha... Be, saña kömeg-ä etmeli bor. Señ razmerinden birini tapyp biljek welin, oñ reñki gowy däl. Gyzyl horaz ýaly bolar ýörersiñ. Bäş-üç gün garaşyp biljekmi? - diýip, men çyn berimsiz edip ýalan sözledim. Kanagatly ýigit ekeni. Razylaşdy. Wadalaşyp aýrylyşdyk. Ala taýaklyñ başyna ala ýabylyñ oýnuny getirdim welin, bu zatlaryñ yzy näme bilen gutararka?! diýip, men howatyrlandym. Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |