12:57 Albert Houraniniñ ýerini tutup biljek ýok | |
ALBERT HOURANINIÑ ÝERINI TUTUP BILJEK ÝOK
Publisistika
Albert Hourani / Fotosurat: Gud Reds Asly arap iñlis taryhçysy Albert Hourani aradan çykanda Oksford uniwersiteti onuñ ýerine geçer ýaly adam gözläp başlady. Oksforda ýakyn adamlar hemme ýerde Houraniniñ deregni tutup biljek adamynyñ gözlegine çykdylar. Belli bir wagtdan soñ Houraniniñ deregni tutup biljek adamy tapmagyñ mümkin däldigini, iñ gowsy başga bir wezipede başga bir adamy gözlemekdigi aýdyldy. Birnäçe ýyl geçenden soñ Ýujin Rogan sebit bilen baglanyşykly uzakwagtlaýyn bilimine we şahsy tejribelerine seredilip, Albert Houraniniñ ýerine bellendi. Emma Rogan hemişe öñem aýdan sözüni gaýtalaýar: "Şu ugurda hiç kim Albert Houranä deñleşip bilmez". "History Today" žurnaly geçen aý Rogan bilen gürrüñdeşlik geçiripdir, ol alym alym pespälliligi bilen ýen Hourani hakda öñki aýdan sözlerini gaýtalapdyr. Ýujin Rogan / Fotosurat: Kit Barns Rogandan "Taryhyñ size öwreden iñ esasy sapagy näme?" diýip soralanda, ol: "Ýagdaý nähili erbet bolsa bolsun, hasam erbetleşip biler" diýip jogap berýär we gürrüñdeşlik şeýle dowam edýär: - Size iñ köp haýsy taryh kitaby täsir etdi? - Amin Malufyñ "Araplaryñ gözi bilen haçly ýörişler" kitaby. - Siziñ pikiriñizçe hemmeleriñ okamaly kitaby haýsy? - Albert Houraniniñ "Arap halklarynyñ taryhy" kitaby. - Haýsy döwre gidesiñiz gelýär? - Antik dünýäde syýahatçy bolsam-a, hezil ederdim. At arabasyny kireýne alyp faraonlar döwrüniñ Müsürine we Mesopotamiýa syýahat ederdim. - Size iñ köp täsirini ýetiren taryhçy kim? Oksfordyñ Häzirkizaman Ýakyn Gündogaryny öwreniş institutynyñ düýbüni tutujy Albert Hourani. - Okap bilmedik taryhy ýazgylaryñyz barmy? - Sanap bolmajak derejede köp. - Ugruñyz boýunça iñ köp ýaýran ýalñyşlyk näme? - Araplaryñ syýasy üýtgeşmeleri düşündirmek üçin komplimasiýa teoriýalaryna öwrenişip bolmajak derejede açyk bolmagy. - Iñ gowy muzeý haýsy? - Talap bolmaýany. - Dünýäni iñ köp üýtgeden tehnologiýa näme? - Şahsy kompýuterimiz. - Taryhy syryñ üstüni açasyñyz gelýärmi we ol syr näme bolup biler? Jon Kennediniñ janyna kast edilende üç ýaşymdadym. Bu teraktyñ üstüni açasym gelerdi. Komplimasiýa teoriýalarynyñ bir gyra zyñylmagyny ýola goýmagy halaýaryn. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 10.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |