11:14 Allaýar Çüriýew | |
ALLAÝAR ÇÜRIÝEW
Edebi makalalar
Ynsan juda täsin ýaradylypdyr. Ol dünýä gelýär, aýak tutýar, gün-güzerana ulaşýar. «Şeýde-şeýde-de orta gelenini duýman galýar. Ine, şonda-da ony täsin bir jebir oda salýar. Onuň köňlüniň bir ýerlerinde, duýgynyň, akyl-paýhasyň emr etmeýän ýerlerinde juda gazaply hasaplaşyk başlanýar. «Sen bu dünýä gelip, ynsan hökmünde näme iş bitirdiň? Ynsan, ogul hökmünde iýen duzuňy nädip hakladyň? Ýa gelşiň ýaly, boş gidip barýarsyňmy?» – bu jebirli sowallara jogap beräýmek aňsat däl. Kimler güzeran bilen, kimler özün bilmeý, kimler ugrun bilmeý orta ýola boram-boş gelenini, şonuň üçinem «ynsap» diýilýän şol adalatly kazynyň alnynda öz etini özüniň iýýän pursatlary az bolanok. Diňe şondan soň ol tijenen bolýar, özüni gyssan bolýar, emma giç, gaty giç... Men bu pelsepä ýöne ýere ýüz uramok. Şeýle ýagdaýlar gidip-gidip özümde-de bolýar, öz etimi özümiň çeýnän günlerim, güzeran üçin, öz kanagatym üçin berlen müddeti bihuda geçirenime jowranýan pursatlarym köp bolýar. Ine, şonda meniň ýadyma hemişe Allaýar Çüriýew düşýär. Allaýar juda özboluşly liriki şahyr, gowy ýigit, adamkärçilikli adam. Ýöne onuň soňky on ýylda alyp baran mukaddes işi agzan häsiýetlerimiň ählisine taý. Ol ähli ynsabyny, ukybyny, ömrüniň düşünjeli döwrüni köýen umytlaryň gözleginde geçirdi. Ýazyjy-şahyr hem her tüýsli bolýar. Kim geçmişi, geljegi liriki lybasa salyp, bal ýaly edip okyja hödürleýär. Kim umumy taryhy temalara ýüzlenýär. Kim bolsa adaty temalar bilen eser ýazýar. Bu babatda-da Allaýar Çüriýewiň örňeşen ugry, ýapyşan meselesi juda hupbatly. Men Allaýaryň çap etdiren oçerkleriniň ählisini diýen ýaly okadym. Şonda onuň wawwaly meselelere ýapyşyşyna şolardan baş alyp çykmaga gaýrat tapyşyna oturyp-oturyp haýran galýardym. Çünki Allaýaryň oçerkleriniň gahrymanlary gülala-güllük zamanasynyň adamlary däl. Olar Beýik Oktýabra, Leniniň ideýalaryna janlary-tenleri bilen berlen, türkmen halkynyň merdana, nowbahar ogullary, rewolýusiýanyň nowbahar esgerleri, respublikamyzda adalatyň, sosializmiň düýbüni tutmaga tutuş onki süňňi bilen berlen mähriban adamlar. Olar özleriniň umydy bilen, sarsmaz ynanjy, gaýduwsyz kommunistligi bilen ýüzi çawlanan neresselerdi. Olar öz mukaddes umytlarynyň oduna köýdürilen gerçeklerdi. Ine, Allaýar Çüriýew şol köýen umytlary täzeden dikeltmegiň yhlasy bilen ýaşady. Soň-soňlar bolsa bu işe tutuş düýrmegi bilen özüni bagyşlady. Onuň «Ýüregiň emri bilen» diýen sözbaşysyny hem juda haladym. Bu sözbaşyda awtoryň yhlasy hem-de ykbaly bu kitaba giren gerçekleriň tutuş maksay beýan edilipdir. Dogrusy, Gaýgysyz Atabaýewden başlap, şol gerçekleriň ählisi Watana, halka, Kommunistik partiýa ýürekleriniň emri bilen ene süýdünden halal hyzmat edipdiler. Olar iň agyr jebirlere-de şol mukaddes ynanç bilen gidipdiler. Gerek bolanda şol ynamy, namysy gorap, hiç kime ikilik etmän, haýynlyk etmän gurban bolupdylar. Men Gaýgysyz Atabaý barada romanam, dokumental powestem, tomlanyp ýazylan taryhy beýan hem okadym. Emma şolaryň birinden hem Allaýar Çüriýewiň bu kitabyndan tapan ýürekdeş duýgularymy, Gaýgysyz Atabaýewiň özüme, halkymyza şeýle ýakynlygynyň pynhan bulaklaryny tapyp bilmändim. Allaýar öz oçerklerinde köpbilmişlik edip, forma kowalaşyp, mazmuny kesip-biçip ýörenok. Ol her bir oçerkiň tebigy, original çözgüdini tapmagy başarypdyr. Ylaýta-da onuň taryhy, arhiw dokumentleri bilen awtoryň pozisiýasyny sepleşdirişinden göwnüň suw içýär. Ýene-de bir gowy ýeri, ol her bir oçerkinde gahrymanlaryň bolşuny, olaryň bitiren işlerini öz sözleri bilen uzaltjak, ulaltjak bolup duranok. Ol her bir eseriň astynda umydy köýdürilen ynsanyň ykbalynyň durandygyna, şol ynsanyň depelenen mertebesini her edip-hesip edip dikeltmelidigine gowy düşünýär. Ol şu niýetine-de her bir oçerkinde gulluk edýär. Hut şonuň üçin-de onuň «Ýüregiň emri bilen» diýen kitabyna giren oçerkleriniň her biri özbaşdak eser ýaly bolup ýadyňda galýar. Allaýar Çüriýewiň «Ýüregiň emri bilen» atly juda uly gymmaty bolan kitabynyň Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragyna hödürlenilmegi türkmen okyjylaryny diýseň begendirdi. Munuň şeýle bolmagy ýöne ýerden däl, stalinçilik jeza beriş ýyllarynda gör, näçe adamyň üstünden töhmet, ölüm belasy indi. Gör, näçeler bigünä halyna ýat ýerlere, agyr jebirler berilýän ýerlere sürgün edildi. Şol bigünä bendeleriň ykbaly, çeken derdi, gören görgüsi henize çenlem belli bolunman gelýär. Ine, Allaýar Çüriýewiň bir özi diýen ýaly şol bigünä, biçäre adamlaryň ykbalyny yzarlaýar. Olary halkymyzyň öňünde doly aklaýar, olaryň günäsiniň ýokdugyny ynandyryjylyk bilen subut edýär. Žurnalist «Ýüregiň emri bilen» diýen taryhy publisistik oçerkler kitaby üçin baýraga hödürlenildi. Biziň pikirimizçe, häzirki wagtda şundan mukaddes, şundan möhüm mesele ýok. Allaýar şoňa düşünýär, özüniň bütin düşünjeli ömrüni bu juda mukaddes, asylly işe tutuşlygyna bagyşlaýar. Şonuň üçin-de onuň bu kitaby Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragyna doly mynasyp. Öwezdurdy NEPESOW, ýazyjy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. «Ýaş kommunist» gazeti. 21.05.1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |