23:48 Alty emjekli düýe / ýomak | |
ALTY EMJEKLI DÜÝE
Satiriki hekaýalar
Bir gün irden ýoldaşym hem onuň atasy Annaly aga üçimiz tirkeşip barýarkak, garşymyzdan ýoldaşymyň tanşy çykdy. Ol az-kem içgili eken. Şonuň üçin hem keýpi kök. Oňaryp bilse-de, degişjek bolýar. Hemmämiz bilen birin-birin salamlaşandan soň, ol ýoldaşyma garady-da: - Hany, telpegiňi tersine öwür, göreli bakaly, gelişýärmikä? - diýdi. - O näme üçin? - Eýýäm ýadyňdan çykaraýdyňmy? Alty ýyl mundan ozal: "Sen alym bolsaň, telpegimi tersine geýerin" diýmänmidiň näme? - Zalywat, henizem ýadyndan çykarmandyr-ow. Indi ýadyma düşdi. Gutlaýaryn, dost! - Gutlajak bolsaň, bulgur göterip gutlarlar. Agşam gel, zaşitadan soň oturşarys. Bir restorany ýörite satyn aldym. Ana şonda gutlaýarlar. Ýoldaşlaryňy hem alyp gel - diýip, ol maňa garady. - Ýalňyşmaýan bolsam, gazet işgäri bolsaňyz gerek? - diýdi. - Dogrudyr. - Dogry bolsa, agşam sizem geliň! Žurnalistlerem alymlyk derejesiniň nädip goralýandygyny öz gözleri bilen görseler kem bolmaz. "Eşiden deň bolmaz gören göz bilen" diýilýär ahwetin. Belki, ojuk-bujuk ýazyp, hem-ä bizi begendirersiňiz, hemem jemgyýet üçin peýdaly iş etdigiňiz bolar, galyberse-de, sowalga... garnyňa depýärmi näme?! Men onuň soňky sözlerini göwnüme alsam-da, gödek bir zat aýtman, sypaýylyga saldym-da: - Sowalga diýýäniňiz-ä bolman duranok welin, dissertasiýaňyzyň temasy näme? - diýip soradym. - Çalyň adam organizmine edýän položitel täsiri. - Haýsy çalyň? - Elbetde, düýe çalynyň! Niredendir birden bu ýigide degmeklik meniňem küýüme düşdi. Ýoldaşyma gözümi gypdym-da: - Ýagşy ýigit, düýe çalyndan dissertasiýa gorajak bolsaňyz, bir zada jogap berseňiz-le: düýede näçe emjek bolýandyr? Agşam baraýsag-a, hatyrjem bol, şu soragy hökman bereris - diýdim. - Bar berjek soragyňyz şu bolsa, onda arkaýyn baryberiň! Düýede dört emjek bolýandyr - diýip, ol pert-pert jogap berdi. Men ol ýigide tarap barmagymy çommaltdym-da, ha-ha-haýlap güldüm. Ýoldaşymam güldi. Ol ýigit bolsa nämäniň nämedigine düşünmän, aňk-taňk bolup dur. Men gülküden ýaňa ýaşaran gözlerimi süpürip: - Munuň diýýänine seretseňiz-le?! "Düýede emjek dört bolýandyr" diýýär-aýt. Päheý, ýigid-ä oňard-ow, özem çaldan alym boljak bolýar. Bize duş gelmedik bolsa, ile masgara bolaýjak eken! - diýdim. Soňra ýoldaşyma garadym-da, ondan: - Düýede näçe emjek bolýandyr, hany aýt? - diýip soradym. Ýoldaşym maňa düşünen eken. Ol: - Telpegi onuň özi ters geýäýmeli boldy. Düýede alty emjek bolýar ahyry. Dogrudanam, bileňokmydyň? - diýdi. Men soňra ýaşula ýüzlenip: - Annaly aga, düýäniň emjegi näçedir? - diýip, gözümi gypdym. - Ýetmiş üç ýaşymyň otuzysyny düýe çopanlykda geçiripdim. Biziň gören düýelerimiziň-ä emjegi alty bolardy. Indi, elbetde, ylym-bilim ösýär. Mallaryňam täze-täze tohumlaryny döredýärler. Mäkiýandan horaz edenlerini-hä öz gözüm bilenem gördüm. Onsoň, tohumyny gowulandyrjak Bolmazbolup, dört emjekli edäýen bolmasalar! "" diýip bolmaz, inim, bu zamanada. Indi-hä düýe mala has hem köp üns berilýär - diýip, Annaly aga gara çyny bilen gepledi. Ýigidiň gözleri tegelendi, mazasy gaçdy. Ol: - Aý, oýun etmeseňizläň... - diýip, ysgynsyzja ýylgyrdy. - Oýny özüňiz edýäňiz. "Düýede dört emjek bar" diýip, bu adamlary çagadyr öýdýäňizmi? - Aý, oýun etmeseňizläň, walla... - diýip, ol öňki sözüni ýene-de gaýtalady. - Siziň çynyňyzmy? - diýip, menem geň galan boldum-da, soragymy has çynyrgatdym. - Şunça ýyl çal barada işläp, düýede näçe emjegiň baryny görmedik bolsaňyz, onda biz-ä bilmedik! Ýeri, bolýar-la, gorkup oturmaň, agşam barsagam, sorap durmarys. Arkaýyn bolaýyň. Ýöne hergiz ýadyňyzdan çykarmaň-da, belläp goýuň: geçi, goýun ýaly mallarda emjek iki bolar. Sygyrda, eşekde, baýtalda emjek dört bolýandyr, düýäniňki, piliňki altydyr. Itiňki bilen towşanyňky sekiz bolýandyr, martyşka atly kiçijik maýmynlarda-da sekizdir. Orangutanyňky bolsa, adamyňky ýaly, iki bolar. Diňe doňzuň emjegi on bolar. Muhammet pygamber şonuň üçin doňzy öz ymmatyna haram hasap edipdir diýýärler - diýip, agzyma gelenini uruberdim. Alym boljak ýigidiň halys weji gaçdy: - Ýeri bolýar-la, oýny ertir ederis - diýip, onuň bar aladasy sypmak boldy. - Sizi hem ýoldan saklaýdym öýdýän. Özümiňem ony-muny görmek işim bardy. Agşam görüşýänçäk, hoş! - diýdi-de, ýanymyzdan ýelk ýasaýdy. Ol şo gidişine göni Teke bazaryna baryp, taksi tutupdyr-da, Garadamaga tarap gamçyny basaýypdyr. Barsa, düýeler örüde eken. Sagymçy aýallardanam soramaga çekinipmi ýa-da olara ynam etmän, hut öz gözi bilen görmek isläpmi, garaz, maşyny meýdana sürüpdir. Baryp, öňýeten düýesini, soňra ikinjisini, üçünjisini... jemi on düýäni birin-birin tutup, olaryň emjeklerini sanapdyr. Görse, onusynyňam emjegi dört-dörtden eken. Diňe şondan soň onuň ýüregi ýerine gelipdir. Agşam ol döşüni gaýşardyp, tribuna arkaýyn çykdy. Döwlet ESENOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 23.01.1963 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |