09:10 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -16 | |
On altynjy hekaýat
Taryhy proza
MÜŇ DOSTDAN BIR DUŞMAN KÖP I. Altynjan soltan bilen gitjek bäş sany jandaryna ýörite görkez¬meler berdi. Ol bäş jandara baş edip hem Kabyly belledi. Togrul soltan bäş müň atly bilen gitmekçidi, ýöne Amydyl¬mülk wezir bilen Dürnazar ýörite nygtanlaryndan soň, ol on müň esger bilen ýola düşmegi makul tapdy. Daşarda serasyma bolup duran Altynjanyň ýanyna umury beridde işleýän Haldan geldi. Onuň elinde akja kepderi bardy. – Wiý, enaýyja kepderi! – diýip, Altynjan akja kepderini synlady. – Eliňizde saklap göräýiň, han melikäm. – Getir. – Altynjan kepderini döşüniň üstünde goýup sypady. – Diwany beridiňkimi? – Hawa, han melikäm, diwany beridiňki. Men bu kepderini ýörite size görkezmek üçin alyp gaýtdym. – Maňa näme üçin görkezýärsiň? – Men siziň göwnüňiziň açylmagyny isleýärin. Bu kepderini görüp begendiňiz. Ýüzüňizde janperwerlik peýda boldy. Sizi başga bir zat bilen şeýdip begendirmek maňa başartmazdy. Altynjan kepderini ýüzüne syldy, üç-dört bugdaý dänesini çokdurdy: – Bu kepderi bilen hat ugradýarsyňyzmy? – Hawa, hawa, umury beridiň hat gatnadýan kepderileriniň biri bu. – Bu nirä hat gatnadýar? – Hemedana. – Hemedana diýdiňmi? – Hawa, Hemedana. Wiý-weýla, siz ýene aladaly keşbe girdiňiz. Men siziň ýylgaý şadyýan bolmagyňyzy isleýärin. Elimden gelse, siziň derdiňizem özüme aljak, siziň dert çekmegiňizi islämok men. Siziň şadyýan bolmagyňyz üçin men ölüme-de taýýar, han melikäm. – Sen bu kepderide Hemedana habar ugratjak bolýarsyňmy? – Ýok, ýok, han melikäm. Mende beýle pikir ýok. Habar ugratmak diňe Togrul soltanyň tabşyrygy bilen edilýär. – Me, kepderiňi al, meni saklama. Meniň işim köp – diýip, Altynjan kepderini Haldana berdi. – Bir ýere gitmelimi? «Hemedana gidilýär» diýip eşitdim men-ä. – Dogry, Hemedana gidilýär. Haldan Altynjanyň ýanyndan aýrylmady. Onuň göwnünden turmaga çalyşdy: – Ýene gitmelimi? Han melikäm, men siziň soltan bilen dynç almagyňyzy isleýärin, gije-gündiz size hyzmat etmek isleýärin. Meniň üçin dünýäde iň datly lezzet – size hyzmat etmek, siziň ýumşuňyzy bitirmek. Men biçak bagtly adam, han melikäm. – Men hiç ýerik gidemok, Haldan. Diňe soltan gidýär. – Onda biziň soltanlygymyzyň serhedi ýene giňär. Täze-täze şäherler bize tabyn bolar. Gyzyl deňzine çenli aralyk, enşa, biziňki bolar. – Bu gezek soltan kapyrlary musulman etmek – jihat etmek üçin däl-de, dogany Ybraýym begiň ogluna edýän sünnet toýuna gatnaşmak üçin barýar. – Hemedana diýdiňizmi? Ybraýym begiň toýuna barýarmy? Onuň toýuna gitmek, düşünişmek üçin munça goşun hökmanmy? – Berlen habara görä, Ybraýymyň ýüz müň atly goşuny bar bolmaly. – Ybraýym begde onça goşun neýlesin? Onda goşun uly däldir. Soltanymyzyň goşuny welin, görüň-ä, ýüz müň dagy bar. – Seniň gözüňe köp bolup görünýändir. Aslynda welin, on müň. Göwnüme bolmasa, bu goşun az. Ýüz müň esger jemläp, göni Hemedana barmaly. Ybraýym bilen hem toýdan soň egri oturyp, dogry gürleşmeli. Sebäbi onuň soňky günler päli azypdyr: ol soltan bolmak isleýär. Bu habara Haldan başyny ýaýkap gynandy: – Oňa berk jeza bermeli. Wah, Bekdaş wepat etdi, ýogsam ol Ybraýymy müň saý atly haşary bilenem mugyra getirerdi. Ol meni gowy görýärdi, meni öz ýanyna kömekçi edip işe aljak bolup ýördi. Altynjan geňirgenmesini daşyna çykardy: – Ol seni gowy görýärdimi? – Hawa, hawa, Bekdaş sahyp meni biçak gowy görýärdi. Ol maňa: «Ýene birki aýdan sen meniň ýanymda işlärsiň. Men bu hakda soltan bilen geňeşerin. Ol seniň meniň ýanymda işlemegiňe garşy çykyp durmaz» diýipdi. Arman, ömri gysga eken, onuň. – Haldan, seniň umury istihbaratda işläsiň gelýärmi? – Hawa, meniň bu gullukda işläsim gelýär. Soltan Bekdaş neressäniň wezipesini Dürnazara ynandy welin, ol bu wezipäni Bekdaşça oňarar öýdemok. Bekdaş dogabitdi jansyzdy, polady ýumşak adamdy. Aşa geçirimlidi. Ol adamyň ýüzüne seretdigi bes, onuň näjüre adamdygyny, näme maksadynyň bardygyny dessine bil¬ýärdi. Dürnazar hem köp zat bilýär, ýöne ol her bir adamda duşman görýär. Ol ähli kişä şübheli seredýär. Hiç kime ynanmaýar. Özem rehimsiz. Oňa Dürnazar çarmyh1 diýip ýöne ýere aýdanoklar. Onuň eline düşen özüň bolma. Hudaý saklasyn. Rehimsiz ol, çensiz-çaksyz pähimsiz. Bekdaş biraz geçirimlidi, käbir zatlara göz ýumardy. Dürnazar welin, öz babasyna, öz enesine-de geçirimlilik etjek adam däl! – Sahyplara baha kesmek saňa galmandyr! – diýip, Altynjan Haldana gaharly seredip, ýoluny dowam etdirdi. * * * Soltan bir menzil geçilenden soň atynyň jylawyny çekdi, özüni ugratmak üçin gelýän wezir-wekillerine, hatyny Altynjana ýüzlendi: – Besdir, indi şu ýerden yzyňyza gaýdyň! Wezir, men saňa gaýtalap aýdýaryn – diýip, soltan Amydylmülke ýüzlendi: – Gaýa-gopuz ýokka, menden anyk görkezme bolmasa, goşun tutup, Hemedana barmaň. Düşnüklimi? – Düşnükli, merhemetli soltanym! Ähli wezir-wekiller soltana sag-salamatlykda dolanmagyny dileg etdiler: – Sag-aman dolanyp geliň! – Biz günümizi sanap, siziň geleriňize garaşarys – diýip, Altynjan hatyn soltana mähir bilen bakdy. Şol mahal, säher çagy Asman göm-gökdi, howa sergindi, ýaýylyp ýatan meýdanda iňlär siňek ýokdy. Birden Asmanda akja kepderi göründi. Ol atlylary görüp, aşaklady. Megerem, atlylary tanamakçy bolandyr. – Şadykynyň kepderisi bu. Bir ýerden habar getirýändir – diýip, Altynjan dillendi. Ol bu kepderini tanady: Haldanyň elinden alyp, oňa bugdaý dänesini çokdurypdy. Akja kepderi ýokarda birki öwrüm edip, aşak indi. – Haldan, bu hälki kepderi ýaly-la?! Haldan gozgalaňa düşdi: – Meniň kepderim däl, ýok, ýok, bu meniň kepderim däl. Zäherli bolaýmasyn?! Kowuň ony! – diýip, ol ellerini galgadyp gazaplylyk bilen kepderini kowmaga çalyşdy. Kepderi Haldanyň haýbatyndan gorkdumy-nämemi, onuň däl-de, Altynjanyň egnine gondy. – Aýagynda hat bar ýaly-la onuň?! – diýip, Togrul soltan gyzyk¬landy. – Men bu kepderä ertir iým berdim. Şonuň üçinem bu meniň egnime gondy. – Altynjan kepderini eline alyp sypady. Onuň aýagyna daňylan haty alyp, emaý bilen gatyny açdy. Haty okan Altynjan boz-ýaz boldy: «On müň goşun bilen ýola düşdi. Içinde hatynyň inisi hem bäş sany jansyzy bar». – Haldan, bu näme? – diýip, Altynjan hatyn Haldana haty görkezip gazaplandy. – Men-ä bilmedim... – diýip, Haldan sakawlady. Altynjan haty Togrul soltana uzatdy. Haty okan soltan bir Haldana, birem Altynjana seretdi: – Altynjan, sen munuň Ybraýymyň aýýarydygyny2 bilýärsiň-ä! – Bilýärin... – Onda näme üçin muny ýanyňda saklap ýörsüň? Men saňa «Ýagşylyk eden kişiňden äge bol!» «Ýagşylyk eden kişiňden gaçarak dur!» diýip telim ýola aýtdym ahyryn! – Begim, onuň şuguly meni size gowşurdy. Onsoň men onuň günäsini geçmeli boldum. – Ýok, ýok, seni maňa bu aýýaryň şuguly däl-de, Allatagala gowşurdy, seni ýazgyt gowşurdy. Altynjan näme diýjegini bilmän dymdy: – Eý, bidöwlet, gel ýanyma! – Soltan gazap bilen Haldana elini galgatdy. Soňam ýanyndaky haşymlaryna ýüzlendi: – Tutup, ýanyma getiriň ol pälazany! Haldany atdan düşürip, südenekledip soltanyň huzuryna getirdiler. Haldan gorkudan ýaňa göm-gök bolupdy. Titreýärdi. Ýetişibildiginden soltandan bir çemçe ganynyň geçilmegini soraýardy. – Ýalan sözleseň, jezaň has çökder boljakdygyny bilýänsiň. Şu haty näme üçin ýazdyň? – Ybraýym beg öňüňizden çykyp garşylamak isleýärmiş, soltanym. Ybraýym begi begendirmek isledim, soltanym... – Soltandan bidin hiç hili habaryň ugradylmaly däldigini, eger ugradylsa, şol habary ugradan adamyň kellesiniň alynýandygyny bilýärmiň? – Bilýärin, soltanym, bilýärin. – Şadyky seniň eden bu işiňden habarlymy? – Habarly, soltanym, habarly. Soltan töweregine garanjaklady. – Diwany beridiň sahyby Şadyky nirede? – Men bärde – diýip, ala-mula atly3 sahyp seslendi. – Bu kepderi saňa tanyşmy? – Biziňki, soltanym. – Hatdan habarlymyň? – Hatdan habarym ýok, soltanym. – Her kepderiniň berkden berk saklanylmalydygyndan sen, nä, habarsyzmy? – Habarly, soltanym. – Onda näme üçin bu kepderini Hemedana ugratdyň? – Haldan bu kepderini berid diwanyndan Altynjan melikäniň tabşyrygy boýunça aldy. – Näme, näme? – Altynjan hatyn bu habara ör-gökden geldi. – Belki, haty-da Altynjan hatyn ýazandyr? – diýip, Togrul soltan ýaňsyly gürledi. – Dogry, dogry. Men Altynjan hatynyň tabşyrygyny ýerine ýetirdim – diýip, Haldan sakawlady. – O nähili tabşyryk? – Men Altynjan hatynyň ýaz diýen zatlaryny ýazdym. Men buýrugy ýerine ýetirdim. Mende günä ýok, soltanym. – Gapyl! Şu pursatdan başlap men seniň soltanyň däldirin! Sen bir eden etmişiňi az görüp, ýalan sözläp, ikinji etmişi-de etdiň... – Men ýalan sözlemeýärin. Men hakykaty aýdýaryn. – Anuşirwan!.. – Lepbeý, soltanym. – Diwany berid saňa degişli. Bu pelide tohum-tiji bilen özüň jeza ber. Ählisiniň kellesini diwany beridiň otagynda bir hepdeläp asyp goýuň. Goý, çaparlara, askudarlara, permanberlere göz bolsun. Şadykyny ýigrimi gamçy uruň! Goý, sapak bolsun! Goltugynda ýylan saklamasyn! Onsoňam walydaňy göwnühoşlukda saklagyn. Her gün meýlis gura, awa çykyň! – Barybir, siz gelýänçäňiz walydamda rahatlyk bolmaz – diýip, Anyşirwan misgin ýylgyrdy. Soltan kepderiniň boýnuny sogrup, eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi-de, Hemedana sary ýola rowana boldy. 2. Kabyl Altynjanyň ýeke-täk arkadaýanjydy: hem hajybydy, hem serkerdesidi, hem jandarlarynyň sahybydy, hem nedimidi. Häzir Kabylyň ýoklugy bildirýärdi. Sebäp Kabyl ýanyndaka Altynjan özüni gaty arkaýyn duýýardy. Möhüm mesele ýüze çyksa, onuň bilen pikir alyşýardy. Kabyl uýasyna teselli-göwünlik bermegi, onuň göwnüni götermegi başarýardy. Altynjan soňky günler işdäden kesilipdi: uzynly gün hiç zat iýmeýärdi. Uzynly gije gözüne uky-da gelmeýärdi. Onuň aňyndan Muhammet Togrul soltan aýrylanokdy. Anuşirwan şol günler Altynjanyň ýanyndan aýrylmady, ol käbesiniň göwnüni awlamak üçin gaty yhlas etdi. Her gün özüniň ykta ýerlerini, olaryň çäklerini howlukman gürrüň berdi, Merw kagyzynyň ýüzüne çyzyp görkezdi. Öwünmekde üýtgeşik bir lezzet bar. O lezzeti kim bilmese-de, Anuşirwan bilýärdi. Öwündigiçe galkyjaklaberýärdi. Ol ýygnan baýlyklary hakda gürlemekden ýadamaýardy. Bu hakda gürledigiçe gürläsi gelýärdi. Onuň öwünmelerinden mydama süýji lezzet alan Altynjan soňky günler şol lezzeti alyp bilenokdy. Onuň aňy Hemedana gidenlerdedi. Gidenlerden şindem habar-hatyr ýokdy. Altynjan uzynly gijäni ýere diň salyp geçirdi. Ol her menzilden on-on bäş aty ätiýaçdan goýmagy tabşyrdy. Dört günden soň Altynjan Kabylyň atynyň aýagynyň sesini eşitdi. Dessine Anuşirwanyň, Kundurynyň, wezir-wekilleriň – sol¬tanlygyň harby geňeşiniň agzalarynyň yzyndan adam iberdi. – Hemedandan möhüm habar geldi. Soltanyň kabulhanasynda harby geňeşiň gyssagly mejlisini geçirmeli! Harby geňeşiň agzalary ýygnanyşdy. Ähli geňeş agzalary içerde soltanyň karargähindedi, diňe Altynjan daşardady, ol Kabylyň gelerine garaşýardy. Amydylmülk Altynjanyň ýanyna geldi: – Altynjan melikäm, köşkde menden gizlin habar bolmaly däl. Nähili habar bolsa-da, ony, ilki bilen, maňa aýt. – Entek bilemok. Hemedandan näme habar getirilendigini meniňem bilesim gelýär, wezir. Şol isleg bilenem, ynha, şu ýerde durun! – Siz biziň yzymyzdan çapar gönderip, hemmämizi şu ýerik jemlediňiz. Indem: «Hiç zat bilemok» diýýärsiňizmi? Altynjan hatyn alysdan gelen üç atla bakan ümledi: – Habary şol gelýän atlylar aýdar. Üç atlynyň biri Kabyldy, hana, ol sag-salamat geldi. Iň esasy zat, jany sag. Galan zatlaryň bir hasaby bolar. Ýöne olaryň bolup gelşi hoş habar bilen gelýäne-hä meňzänok. Juda wajyp habar bolmasa, atlary beýdip çapdyrmak zerurlygy ýok ahyryn! Olar Altynjanyň ähli zatdan beter heder edýän habaryny getirýäne meňzeýärler. Kabyl atdan towsup düşdi-de, duranlar bilen ýekän-ýekän salam¬laşdy. Habaryny aýtmak üçin Kundurynyň ýanyna bardy, Kundury üm bilen Altynjany görkezdi. Şondan soň Kabyl Altynjana ýüzlendi: – Düşünýärin, düşünýärin, gorkma, soltanyň jany sag. Aňyňdaky ýaramaz pikiriňi aýyr. Bu habary eşiden Altynjan ýeňil dem aldy. – Näme boldy?! – diýip, Kundury odandy. Kabyl bolan zatlary gysgaça gürrüň berdi. Onuň habaryny diňlän Kundury depesinden agyr ýük urlan dek ýegşerildi, naýynjar nazaryny Altynjana gönükdirdi: – Hatyn, siziň çakyňyz dogry çykdy. – Bize garaşyp durlar. Ýörüň, adamlaryň ýanyna baralyň – diýip, Altynjan lapykeç dillendi. – Käbäm, biraz saklanyň! – diýip, wezir Anuşirwan alakjady. Altynjan hatynyň öňüne geçdi. – Biz häzir adamlaryň ýanyna barmaga howlukmalyň. Men, Amydylmülk hem siz – üçimiz meseläni öz aramyzda çözeliň, geňeşe anyk pikir bilen baralyň. – Bize garaşyp otyrlar!.. – Kim?.. – Anuşirwan geň galyp sorady. – Ähli wezir-wekiller, diwany wezaratyň adamlary. – Garaşanlarynda näme, goý, garaşsynlar! – Olary çagyryp, soňundan garaşdyrmak gelşiksiz bolar. – Biz nirede garaş diýsek, olar şol ýerde-de garaşarlar. Islesek, biz olary zyndanda-da garaşdyryp bileris. Oturybersinler, ilki üçimiz bir çukura tüýküreliň. – Wezir Şerefeddin Anuşirwan (Halyf oňa ýakynda «Şerefeddin» diýen at beripdi) örän dürs aýdýar. Biz geňeşe anyk pikir bilen baralyň. Ol ýerde herimiz bir zat diýsek, akyl satjak köp bolar. Bize akyl gerek däl! – Amydylmülk öz egindeşiniň pikirini oňlady. – Käbäm, siz Kabyl bilen biraz salym gürleşiň. Oňa çenli biz Kundury bilen bir ýerik baryp geleli. Altynjan Anuşirwanyň bolşuny geňledi. Sebäbi onuň bolşy diýseň geňdi, syrlydy, aljyraňňydy. Onuň bolşunda hiç hili gynanç alamaty ýokdy, gaýtam, ol toý aladalary bilen başagaý kişä meňzeýärdi. Ökjesi ýeňil gopýardy. Kundury bilen Anuşirwan Altynjandan anyk jogaba-da garaşman tirkeşip wezirler diwanyna bakan gitdiler. Altynjan olaryň yzyndan garap galdy. Olar: «Derrew geljek» diýip giden-de bolsalar, esli wagtlap gara bermediler. Olar iki bolup giden-de bolsalar, gelende diňe Anuşirwan geldi. Ol biçak galagopludy, aljyraňňydy. – Hany, Kundury? – Ol häzir geler… – diýip, Anuşirwan sowuk, başdansowma jogap berdi. – Ol näme üçin gelenok? – Kundury meniň siziň bilen ýekme-ýek düşünişmegimi isleýär. – Nämäni düşünişmeli? – Men häzir hemmesini düşündirjek, käbäm enem. Siz meni diňläň – Näme?! – Men açyk aýtmak isleýärin. – Ikimiz şu güne çenli diňe açyk gürrüň etdik dälmi näme? – Dogry, ikimiz şu güne çenli diňe açyk sözleşdik. Ýöne bu günki aýdyşjak zadymyz hasam açyk bolmaly. Kundury meni siziň dergähiňize ýörite gönderdi, ol ikimiziň bir pikire gelmegimizi isleýär. – Togrul soltanyň häzirki zyndanda oturan pursadynda ony halas etmekden başga nähili möhüm gürrüňiň bolup biljekdigine meniň-ä akylym çatanok. – Häzir düşündirsem, ähli zat ýerbe-ýer bolar. – Aýt! – Aýtsam, mähriban käbäm, adam bu gerdun panyda myhman. Bu pelege baky gelýän adam ýok. Soltan-da bolsaň, akyldar-da bolsaň, deňsiz-taýsyz peri-peýker-de bolsaň, bu gerdun pelekden gitmeli. – Bu sözleriň meniň üçin täzelik däl, aýdyber, aýdyber. – Aýtsam, mähriban käbäm, Muhammet Togrul soltan Haktagalanyň halan adamydy. Ol ýigrimi ýyldan gowrak wagtlap patyşa boldy, soltan boldy. Bu ähli kişä miýesser edýän zat däl. Bu Haktagala ýalkanda şeýle bolýar. – Näme, näme? Aýdýan zatlaryň näme seniň? Sen näme üçin: «Togrul soltan Haktagalanyň halan adamydy» diýýärsiň? – Käbäm, baky adam ýok. Altynjan daşarda ot ýakyp, daşyna egele bolup oturan serkerdeleriň ýanyna bakan ylgady. Baryp, oduň başyndakylaryň arasyndan Kabyly bir çete çekdi. – Uýam, näme boldy? – Togrul bege näme boldy? Ol şehit boldumy? – Ýok, ýok. – Sen menden gizleýän bolaýma?! Hernäçe ajy-da bolsa, maňa hakykaty aýt. – Men hakykaty aýtdym, isleseň, ýene gaýtalaýyn. – Sen Anuşirwana başga zatlar aýdan bolaýma? – Altynjan, men habarymy aýdanymda ýanymda üç adam bardy: Kundury, Anuşirwan hem sen! Meniň Anuşirwan bilen aýratyn gürrüň etmändigime sen gözli şaýat ahyryn! Altynjan ýanyna gelen Anuşirwana şübheli garady: – Men saňa düşünemok, oglum. – Men size ähli zady düşündirjek welin, siz meni diňläňzok. – Hany, näme aýdasyň gelýän bolsa aýt. – Ilki bilen, birki soragym bar, käbäm. – Sora. – Men bihal ýigitmi? – Hudaýa şükür, sen bihal ýigit däl. – Eger haýsy-da bolsa bir ýurda patyşalyk etmeli bolsam, oňararynmy? – Elbetde, oňararsyň. – Çagry begiň, onuň ogullary Kawurdyň, Alparslanyň maňa garaýşy nähili? – Hudaýa şükür, seljuk begleri seni gowy görýärler. – Olar maňa garşy gylyç götererlermi? – Juda bir çökder etmiş etmeseň, olar saňa garşy çykmasalar gerek. – Dogry aýdýarsyňyz, käbäm. Meni Çagry beg biçak gowy görýär. Meni Gutulmyş beg-de gowy görýär. Alparslan bilen-ä men edil dogan ýaly. – Soragyň gutardymy? Sen näme üçin Togrul begi azat etmek barada däl-de, başga-başga zatlar barada soraýarsyň? – Meniň ýene bir sowalym bar. – Sora. – Siz maňa çagakam hossar çykdyňyz. Maňa baba ýerinde baba, ene ýerinde ene bolduňyz. Meni hiç bir zada myzahar etmediňiz. Gaýtam, meni bolçulygyň, bagtyýarlygyň içinde uçmahy ýaşatdyňyz. Maňa ömrüňizi bagyş etdiňiz. Meniň her bir üstünligime ýürekden guwandyňyz. Yhlas edip, maňa üç dil öwretdiňiz. Yhlas edip, maňa söweş tilsimlerini öwretdiňiz. Siz üstüme abanan bela-beterlerden, perişde bolup, meni goradyňyz... Men bu zatlary gaty gowy bilýärin. Altynjan geňirgenme bilen Anuşirwany boýdan-başa synlady: – Göwnüme bolmasa, sen soltanyň tagtyna göz gyzdyrýarsyň. – Tagtda kimdir biri oturmaly bolar ahyryn?! – O näme üçin: «Kimdir biri» diýýärsiň? Tagt Togrul begiňki. – Dawam ýok. Dogry aýdýarsyňyz, tagt Togrul begiňki, ýöne, hernäçe islesegem, hernäçe gynansagam, baky adam, ba¬ky patyşa ýok. Bu pelek – gerdun pelek. Munda durup bolanok. Gelen gitmeli pelek bu. Men size düşünýärin. Siz Togrul begiň garrandygyny, onuň indi bu pelekden gitmelidigini boýun almak islemeýärsiňiz, ýöne gerdun pelek hiç kimden ýüz görenok. – Men seniň matlabyňa düşündim: sen tagt isleýärsiň! – Hawa, hawa, hawa, men tagt isleýärin. Men patyşa bolmak isleýärin. Men soltan bolmak isleýärin, çünki tagtdan başga ähli zat mende bar. Mende diňe tagt ýok. Eýsem meni şu küýsege, şu derejä ýetiren siziň özüňiz dälmi? Eýsem meniň başarnyk babatda Togrul soltandan ökde bolmagym üçin yhlas eden siziň özüňiz dälmi? Eýsem meniň Togrul soltandan ähli babatda rüstem bolmagymy islän siziň özüňiz dälmi? Näme, men bu zatlara düşünen däldir öýtdüňizmi? – Gepleme! – Ýok, indi meni saklamaň, käbäm! Rast, başlanyma görä, ähli zady aýdaýyn. Men özümiň kimdigime gaty gowy düşün¬ýärin. Men – Altynjan hatynyň ruhy. Men – Altynjan hatynyň Togrul soltana göz etmek üçin, gözüne basmak üçin döreden başarnygy. Men – Altynjan hatynyň içki dünýäsi. Men – men däl, men Altynjan hatynyň erkek kişi bolup, ikinji gaýtalanmasy... – Buýurýaryn, gepleme! Sen meniň içki dünýäm, ikinji gaýtalanmam däl. Ýok, sen meniň ruhum däl. Sen meniň ruhumdan, içki dünýämden daşda, özem gaty daşda. – Ýok, men daşda däl. Siz öz içki dünýäňizi, öz gaýtalan¬magyňyzy ykrar etmäge gaýrat tapyp bileňzok. Mert boluň, walydam. – Sen ýowuz! – Ýowuzlyk – Altynjan hatyn! – Anuşirwan, jigerim, beýdip örteme meni. – Hakykaty boýun almaga sizde häzir gaýrat ýetenok. Meniň aýdýan sözlerimiň hakykatdygyny ýüregiňiz ykrar edýär, aňyňyz welin, ykrar ederden ejiz gelýär!.. – Gepleme, «gepleme» diýýärin men saňa! Altynjanyň sesi uzaklara ýaýrady. Şondan soň Anuşirwan gürlemedi. * * * Kundurynyň emir Ärdeşir Magmarany bilen nämedir bir zadyň gürrüňini edip durandygyny gören Altynjan hopukdy, soltany halas etmegiň özüne kyn düşjekdigini aňdy. Ol ikisiniň näme hakda gürrüň edendigi Altynjana aýandy. Herhal, ol sesini çykarman geňeşiň başlanjak ýerine – Togrul soltanyň salamlygyndaky geňeş geçirilýän otaga – karargähe bardy. Ol ýere ýygnanan wezir-wekiller, serkerdeler irkilişip otyrdylar.Geňeş sust başlandy.Kundury oturanlara ýüzlendi: – Ybraýym ynal Togrul soltany, Süleýman mäligi hem Gutulmyş begi ýesir alypdyr, ýanyndaky esgerlerini, haşarlaryny, haşymlaryny öldüripdir, goşundan diňe üç kişi – Altynjan hatynyň dogany Kabyl hem iki sany jandar diri galypdyr. Indi biz näme etmeli? – Kundury oturanlara nazar aýlady. Oturanlar üçin bu habar düýpden garaşylmadyk habardy. – Ybraýym nädip het edip bildikä? Ol soltany toýa çagyrdy ahyryn?! – Soltan oňa, gör, näçe ýagşylyklar etdi. Ýagşylyga – ýamanlyk! Öň garşysyna baş göterip, goşun sürende Togrul soltan ony öldürmedi. Gaýtam, özüne wezir belledi. Wizantiýa kaýsary ýesir alanda dünýäniň baýlygyny pidýe töläp, azat eýledi, ýogsam Wizantiýanyň yzgarly zyndanynda çüýräp galmalydy. – Soltan ondan Jebel sebitini yzyna gaýdyp aldy welin, şoňa gahar eden bolýandyr ol. – Jebel oňa bahana, onuň päli düzüw däl! – Dogry, onuň yktasy köp-ä! Soltan oňa gaty köp ýerleri berdi. Hiç kimde onuňkyça köp mülk ýok. – Soltana garşy çykmak – Hudaýa garşy çykmak! – Baýlyk, hedýe-engam, mal-mülk berip adamy razy edip bolmajak eken. Ýogsam Togrul soltan Ybraýyma eçilmek eçildi. Kanagatda çäk ýok eken... – Häzir anyk gürrüň edeliň – diýip, Mübärek han Ärdeşir Magmaranynyň al-petinden aldy. – Anyk bir netijä geleliň. – Mübärek hak aýdýar, har-hamyr gürrüňleri häzirlikçe soňa goýa¬lyň, boljak iş bolupdyr. Indi biziň öňümizde durýan wezipe näme? Hany, aýdyň, biz näme iş edeliň, sahyplar?! – Kundury gygyrybrak gürledi. – Ýagdaýa dogry baha bermegimiz gerek. Soňky bir-iki ýyl bäri Ybraýymyň hamdy hem sahawaty artyk. – Ybraýymda elli müň atly goşun bar bolsa, biz ýüz elli müň atly goşunam ýygnap bileris – diýip, Altynjan janykdy. – Jemlänimizde näme?! Biz Ybraýymyň üstüne goşun çekip baryp bilmeris. – Näme üçin? – Altynjan hatyn, Ybraýym beg bilen Togrul soltan ikisi dogan. Biz olaryň dawalaryna goşulsak, yzy erbet bolar. Biz bärden goşun sürüp barsak, gahar edip, Ybraýymyň Togrul soltany öldürmegi mümkin. Netijede, soltanyň öldürilmeginiň sebäpkärleri biz bolarys. Onsoň bu etmişiň aşagyndan ömürboýy çykyp bilmeris. Men-ä bu jogapkärçiligi üstüme alyp biljek däl. Anuşirwan Kundurynyň pikiriniň üstüni ýetirdi: – Onsoňam bize soltanymyzdan hiç hili görkezme ýok. Görkezme bolmasa, biz Hemedana baryp bilmeris. Sebäbi bu barada soltan baş wezire açyk aýtdy. Onuň aýdan sözlerini ähliňiz eşitdiňiz. – Soltanyň görkezme bermäge ýagdaýy ýok, sebäbi ol tussagda. «Soltandan görkezme ýok» diýmek – soltany halas etmezlige, hawa, soltany halas etmezlige bahana. Soltanyň düşen güni bizi haýdan-haý Hemedana ugramaga borçly edýär. Bahana agtarmalyň, adamlar! Kabylyň habary bize ýeterlik. – Kabylyň gepine ynanyp, goşun sürüp barsak, soltanyň gahary geler, ählimiziň kellämizi ýatagandan geçirer! – Anuşirwan sesine bat berdi. – Onda näme etmeli? – diýip, emir Ýagysyýan töweregine garanjaklady. – Ybraýym bilen darkaş gurjak bolmalyň. Ol juda rehimsiz adam. Onuň biziň ählimizi öldürmegem mümkin. Gerek bolsa, Ybraýym ynalyň hormatyna metjitlerimizde hutba okadalyň – diýip, Kundury geňeşi jemlemäge çalyşdy. – Merwden Çagry begi, Sistandan Togrul soltanyň ogullygy – Alparslany, Kermandan Gurdy, Anadoly serhedinden Ýakudy geňeşe çagyralyň, Çagry begiň uly ogly Gurdy özümize soltan saýlalyň. Sebäbi Gurt Çagry begiň uly ogly. Ata-baba resimi boýunça miras uly ogla düşýär. – Onyň dogry, ýöne Gurdy tagta geçirmek gowy çykalga däl – diýip, Kundury Erdeme garşy çykdy. – Näme üçin gowy çykalga däl? – Gysgançdan ýabgu bolmaýar. Ol saçagyna hiç haçan guzy ýa çebiş getirilmegine rugsat bermeýär. «Guzy we çebiş bir adamyň nahary, haçan-da bir ýaşasa, ondan ýigrimi adamyň nahary bolar, ony bakyp ulaltmak üçin artykmaç zähmet gerek däl, sebäp ol oty düzden iýip ulalýar»4 diýýär. Şonuň üçin gassaplary naharen we jeharen (açyk we gizlin) gassaphana baryp bilmeýär. Allatagala gysganja rysk bermeýär. Patyşa welin, rysk¬ly adam bolmaly. Gurt patyşa bolsa ýurduň berekedi gaçar. Çünki Allatagala ýurduň ryskyny patyşa görä berýär. – Näme üçin Gurdy soltan saýlamaly? Soltanymyz Çagry begiň ogly Süleýmany mirasdüşer şazada belledi, muny hemmämiz bilýäris. Togrul soltan Süleýman bege mydama uly umyt baglaýardy. Häzir Süleýman begi soltan diýip yglan etsek, Ybraýym pälinden gaýdar. Sebäp ol Çagry begiň garşysyna çykyp bilmez, onuň bilen döwi deň gelmez onuň – diýip, emir Ýagysyýan ýumrugyny galgatdy. – Soltan Togrulyň başyna düşen kysmat şazada Süleýmanyň başyna-da düşdi. Ol hem häzir Hemedanda, Togrul beg bilen bilelikde Ybraýym begiň tussagy. Onuň ýagdaýynyň häzir nähilidigini biz takyk bilmeýäris. Şonuň üçin häzir şazada Süleýmanyň gürrüňini etmäliň. Rast Togrul soltanyň iň gowy gören adamyny soltan göterjek bolsak, onda Kunduryny ýa Anuşirwan ibn Tümeni soltan götermeli – diýip, emir Ärdeţir Magmarany Altynjan hatynyň ýüzüne bakdy. – Men bolmaýyn, goý, Anuşirwan bolsun! Anuşirwana Alp¬arslanam, Çagry begem uly hormat goýýar. Gutulmyş beg hem Anuşirwany hormatlaýar – diýip, Kundury howlukmaç gürledi. – Kundury örän dogry aýtdy: Anuşirwan beýik wezir. Ol diýseň başarjaň! Biziň aman galmagymyz, ilkinji nobatda, Ybraýym bilen ylalaşygymyza bagly. Bizi aman alyp galyp biljek – Ybraýym bilen düşünişip, onuň dilini tapyp biljek ýeke-täk adam bar. Ol adam – Anuşirwan ibn Tümen. Anuşirwan Ybraýym bilenem ylalaşyk gazanar. Ybraýym Anuşirwana mydama uly hormat goýýardy. Kundury bilen oňuşmadyk gezekleri bolýardy. Her gezek Ybraýymyň gahary gelende ony Anuşirwan köşeşdirýärdi. Şonuň üçin häzir wagtlaýynça Anuşirwany özümize soltan saýlalyň. Anuşirwan Ybraýym ynalyň ýanyna gitsin. Onuň bilen düşünişsin. Ybraýym bilen ylalaşanymyzdan soň bu meselä gaýdyp geleris – diýip, Ärdeşir Magmarany peträp duran gözlerini oturanlara aýlap çykdy. Geňeşiň agzalary üç topara bölündi. Birinji topar täzelik isleýärdi. Bu topar Togrul soltandan başga bir kişiniň tagtda oturmagyny isleýärdi. Sebäbi bu topara girýänleriň Togrul soltandan göwünleriniň galan ýerleri bardy. Ikinji topar ikirjiňlenýän topardy. Bu topara girýänler ýal¬ňyş¬mazlyga çalyşýardylar, şonuň üçinem seslerini çykarman otyrdylar. Üçünji topar Dogurga Merweziniň, Mübärek hanyň, Altynjanyň toparydy. Bu toparyň adamlary tagtda ýene Togrul begiň oturmagyny isleýärdiler. Harby geňeş agzalarynyň aglabasy – birinji hemem ikinji topar birleşdi, olar sähel salymda: «Wezir Anuşirwany wagtlaýynça soltan götermeli» diýen pikiri oňlady: – Anuşirwan wezir soltan bolsun – diýip, Hapban Endikäni gygyrdy. Beýlekiler hem onuň sözüni gaýtaladylar: – Anuşirwan wezir soltan bolsun! – Anuşirwan wezir soltan bolsun! – Anuşirwan wezir soltan bolsun! Altynjan gazap bilen ýerinden turdy: – Kimiň-kimdigi başa iş düşende belli bolýar eken. Siziň ähliňiz Muhammet Togrul soltanyň ýanynda özüňiziň wepadardygyňyz, oňa şirin janyňyzy rowa görmäge taýýardygyňyz barada ant içdiňiz, şeýdibem soltanyň ynamyny awladyňyz. Niçik soltan apata uçrady welin, siz ony halas etmek barada hiç hili pikir etmezden öz janyňyzy Ybraýymdan aman alyp galmagyň kül-külüne düşdüňiz. Men siziň ähliňiziň sözüňizi mukyt diňledim. Siz soltany azat etmegiň ýoluny gözlejek bolmadyňyz! Haýp! Size soltanyň ynamy haýp! Size soltanyň beren duzy haýp! Size soltanyň beren baýlygy haýp! Size soltanyň ynanan beýik-beýik derejeleri haýp! Dogurda Merwezi ýerinden turdy, oturanlara nazar aýlady: – Men Anuşirwanyň gaýynatasy. Men onuň başarjaňlygyny, ökdedigini bilýärin. Onuň patyşa bolmagyny-da isleýärin. Ýöne Togrul soltanyň öňündäki borjum, ähtim meniň bu islegime garşy çykýar. Şonuň üçin hem men Anuşirwanyň tagta geçmegini goldap biljek däl. Biz howlukmalyň. Togrul begi halas etjek bolalyň! Altynjan naýybyň janykmasy örän dogry… Dogurga Merwezini hormatlaýardylar, ýöne bu mahal onuň sözüne köpler pisint etmedi. Hapban Endikäni, Ärdeşir Magmaryny Anuşirwanyň tagta geçmegini isleýärdi. Bu islege Kundury garşy däldi. Kundurynyň pikiri – esasy pikirdi. Çünki ol baş wezirdi. Hapban Endikäni: – Anuşirwan — biziň patyşamyz! – diýdi. Ärdeşir Magmarany: – Anuşirwan, tagta geç! – diýdi. Kundury: – Men garşy däl! – diýdi. – Düşümli bolsun! – Anuşirwan, öz ýeriňe – patyşalyk tagtyňa geç! – Anuşirwan, öz mynasyp ýeriňde otur. Patyşa bolmak hiç wagtam aňsat bolan däldir. Mundan beýlägem aňsat bolmasyn gerek, ýöne häzirki pursatda welin, Anuşirwan hiç bir päsgelçiliksiz, hiç bir kynçylyksyz, aňsatlyk bilen, öz-özünden patyşa göterildi oturyberdi. Boljak bolsa, şeýle aňsatlyk bilenem patyşa göterilip bolýan eken! Eger Altynjan garşy çykmasa, onda Anuşirwan ibn Tümen ýedi yklymyň soltany bolmaly! Geňeşdäki wezir-wekiller, serkerdeler Anuşirwany patyşa saýlanmagy bilen mübärekleýär. Onuň patyşalyk tagta geçmegini isleýärler! Onuň başyna soltanlyk täjini geýdirmek isleýärler! Anuşirwan eda bilen ýerinden turup, keremara ýöräp ugrady. Onuň tagta tarap gönügendigini gören Altynjan gazap bilen ýerinden turdy: – Saklan! Otur ýeriňde! Lalasynyň gazaply nazaryna nazary düşen Anuşirwan sak¬landy, öňe ýöremäge aýgyt edip bilmedi: yzyna öwrüldi-de, ýerine geçip oturdy. Kundury Altynjana ýüzlendi: – Merhemetli Altynjan hatyn, siz näme üçin öz ogluňyza garşy çykýarsyňyz? Kyblaýy älemimiz bolan Togrul soltanyň gaýdyp gelmejekdigi, tagtynda oturmajakdygy ähli kişä aýan hakykat ahyryn! – Muhammet Togrul soltan geler, hökman geler, tagtynda-da oturar. – Togrul soltandan döwran geçdi. Biz oňa erbet soltandy diýmeýäris, ýöne hakykata ajy bolsa-da, göz ýetirip bilýän adamlar biz. Togrul soltan gowy soltandy, özem beýik soltandy. Oturanlar emir Kundurynyň sözüni unadylar: – Togrul soltan beýik soltandy. Kundury oturanlara ýüzlendi: – Merhemetli wezirler diwanynyň mertebeli agzalary, geliň, ýeke-ýekeden her kim öz pikirini aýtsyn, pikiri diňlenilmedik adam galmasyn. Aýdyň, haýsyňyz haýsy pikirde? Emir Magmarany, ilkinji söz seniňki. Ärdeşir Magmarany töweregindäkilere birlaý nazar aýlady: – Belent mertebeli başlyklarbaşy Amydylmülk! Men seljuk soltanatynyň, has anygy, Togrul soltanyň sadyk guly. Soltan näme emir etse, men öz şahsy pikirime seretmesizden, tabşyrygy gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirerin. Togrul soltan Hemedana ugramakçy bolanda biziň ygtyýarymyzy baş wezir, başlyklarbaşy Kundura – size ynanyp gitdi. Şeýle bolansoň, Kundury maňa näme buýursa, men onuň buýrugyny gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirerin. – Adamlar, Altynjan hanyň aýdyşy ýaly, biz näme üçin Tog¬rul soltany azat etmek barada pikir etmeýäris? – diýip, Mübärek han oturanlara nägilelik bildirdi. – Biz Togrul soltany azat etmek barada oýlanalyň. Çykalga gözläliň. Dürnazar, sen näme üçin dymýarsyň? Emir Dodurga, siz aýdyň? – Men pikirimi aýtdym, pikirimi hiç wagt üýtgetmerin. – Uhjury han, siz aýdyň! – Men Altynjan naýybyň pikirinde. – Ysmaýyl han, siz aýdyň. – Baş wezir näme buýursa, men onuň buýrugyny ýerine ýetirerin. – Emir Bu-l Kasym! Siz hem aýdyň! – Köplük näme diýse, men şol tarapda. Dürnazar göwünli-göwünsiz ýerinden turdy: – Byradarlar, men ýaşan ýaşymy halal ýaşadym. Nesip bolsa, Hudaýyň mundan buýanky berjek ömrüni-de halal ýaşaryn. Men Anuşirwany hatyralaýaryn, ýöne onuň olaryň tagt hakdaky howlukmaçlygyny oňlamaýaryn. Men Togrul soltany doganymdan hem ýeg hasaplaýaryn. Altynjan, sen Togrul soltany azat etmek barada aýtdyň. Şu maksadyň amaly üçin men näme iş etmeli bolsa, şirin janymy bermeli-de bolsa taýýardyryn. – Emir Ýagysyýan, sen nähili pikirde? – Merhemetli başlyklarbaşy, siz näme diýseňiz, men şony ýerine ýetirerin. – Erdem han, sen aýt! – Ýagysyýan hanyň aýdyşy ýaly, siz näme diýseňiz, men şony-da ederin. Meniň on müň ylgary esgerlerim söweşe taýýar. Altynjan wezirleriň, sahyplaryň özüne duşmançylyklarynyň ýokdugyny, ýöne olaryň çykalga tapmaýandyklaryny – ýalňyş¬majak bolup ýalňyşýandyklaryny aňdy. Olar soltanyň doganynyň üstüne çozuş etmekden hemem öz üstüne köp mukdardaky atly goşunyň gel¬ýändigini görüp, gorkusyna soltany öldürmeginden galawut edýärdiler, doganlaryň dawalarynyň arasyna goşulman, biraz garaşmak isleýärdiler. Muhammet Tog¬rul soltan: «Siz näme üçin meniň permanym ýokka Hemedana çozuş etdiňiz?» diýse, oňa wezirler näme jogap bersin? Soltanyň gaharyny getirmekden Hudaý saklasyn. Soltanyň gahary gelende onuň nämeleri edýändigini kim bilmese-de, wezirler hem hanlar bilýär. Togrul soltan dogany Ybraýymyň ýanyna gidende wezir¬leriniň, serkerdeleriniň köpüsini goýup gitdi ahyryn. Ýogsam onuň bilen Anuşirwanam, Erdemem, Ýagysyýan hem, Kundury hem gitjekdi. Ol Dürnazary-da goýup gitdi. «Men gelýänçäm siz köşkde boluň!» diýip, ýörite tabşyryp gitdi. Ol köplenç emirlerini ýany bilen äkidýärdi. Ýöne bu sapar äkitmedi. Onsoň onuň izini ýokka Hemedana gidip bolmaz. Kabyly ugradan Togrul soltan däl. Soltan islese kömek sorap, nyşanyny – gyzyl peýkamyny bir adamdan Bagdada göndererdi. Ýeke adam hem Tog¬rul soltanyň habaryny – nyşanyny Bagdada getirmedi. Diýmek, kömek gerek däldir. Doganlar öz aralarynda ylalaşjakdyrlar. Altynjan ähli jogapkärçiligi öz boýnuna alsa, Kundury ähli zada razydy. Ýöne Altynjan hem ähli jogapkärçiligi boýun almaýardy. Ol ähli işi Kundurynyň üsti bilen etmek isleýärdi. – Biz Togrul soltandan degişli perman gelýänçä garaşmakçy. Ine, biziň gelen netijämiz — diýip, Kundury geňeşi jemledi: – Mertebeli geňeş agzalary, şu ýerde men size özümiň bir syrymy açmaga mejbur boldum – diýip, Anuşirwan sözüne dyngy berdi. – Men soltan ýörişe ugramazyndan burun Dürnazaryň istihbarat umurysynda hasapda durýan jandary – aýyplaşmaň, olaryň sanyny men size aýtjak däl, onuň size zerurlygy-da ýok – diwanyma çagyryp açyk gürrüň etdim. Dürnazaryň ýanynda men olara şeýle tabşyryk berdim: «Eger bir erbetlik ýüze çyksa, göni Bagdada gaýdyň. «Gullukdan gaçyp gitdi» diýip size azar berilmez, sizi özüm goraryn» diýip, men olaryň ählisine soltanatyň ygtyýarnama tagmasyny berdim. Şol ygtyýarnama tagmasyny görkezseler, olary ýoldaky sakçy toparlary saklamaz. Meniň tabşyrygym boýunça ystyhbarat umurysynyň jandarlarynyň ikisi ertir daňdan gelmeli. «Agşamyň haýryndan, ertiriň şeri» diýip, oguz pähimi bar. Şu pähime eýerip, geliň, ertire çenli garaşalyň. Ertir jandarlaryň habaryny diňläris. Ana, şondan soň, biz gelen habara görä-de bolalyň. Şu pikiri niçik görýärsiňiz? Bu pikiri geňeşiň agzalarynyň galabasy oňlady… | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |