13:58 Amerikanyñ açylmagynda musulmanlaryñ goşandy boldumy? | |
AMERIKANYÑ AÇYLMAGYNDA MUSULMANLARYÑ GOŞANDY BOLDUMY?
Taryhy makalalar
Täze materigiñ açylmagynda musulmanlaryñ oýnan roly uludy. Hawa, san-sajaksyz musulman deñizçi Amerika barypdy we bu materikden has beter adalardanam habarlydy. Emma olaryñ baran ýerlerini aýry materikdir öýdendikleri belli däl Ençeme ýyllap dowam edip gelýän çekişme bar: Amerikany ýewropalylardan öñem musulmanlar bilýärdi. Şeýle diýýänleriñ köpüsi musulmanlaryñ kartografiýa we deñizçilik tejribesine goşan goşandy barada ýeke setir okamazdan boş-pöwhe pikirleri öñe sürmegi halaýar. Ýöne şu ýeri hakykat: musulmanlaryñ eden işleri ylmyñ gazananlaryna saldamly goşant goşupdy we ýewropalylaryñ Amerikany açmagynda möhüm rol oýnapdy. Ýewropalylardan öñem Maliden we başga-da birnäçe musulman ýurdundan gämiler täze materige barypdy, emma muny özbaşyna açyş hasaplap bolanokdy. Añyrsy-bärsi görünmeýän okeanyñ añyrsynda täze materigiñ bardygyny musulmanlar aýtmady. Şeýle-de, musulmanlaryñ inine-boýuna hasaplamalarynyñ we deñizçilik işleriniñ täsiri bolmasa, Günbatar Amerikany açmakda mazaly kynçylyk çekerdi. Dünýäniñ togalakdygy baradaky umumy düşünje entek Günbatara ýaýrap ýetişmändi. Hatda birnäçe oýlap tapyjynyñ düzen kartalaryna seredenimizde, şol uly açyşlara garamazdan, dünýä togalak däl-de, armyt ýa-da äýnek ýaly gülkünç şekillerde suratlandyrandyklaryny görýäris. Kolumby uly tutumly ýolagçylyga çykardan iñ esasy sebäpleriñ birem dünýäniñ togalakdygyna bolan berk ynançdy. Ol muny "Gündeliginde" şeýle beýan edipdir: "Ýer ýüzüniñ, guryýerleriñ, suwuñ sferasynyñ bardygyny hemişe okapdym. Plin suwlar bilen guryýeriñ bir bitewi sferany düzýändigini ýazypdyr. Bu okean deñziniñ iñ uly suw gatlagynyñ bardygyny pikir edipdir: hemişe asmana öwrülip durandygyny, astynda ýer bardygyny we oña daýanç bolýandygyny, hindi hozunyñ daşy bilen içi ýaly biri-biriniñ üstüni örtýär. Orta asyr taryhyñ mugallymy Ýaradylyşdan söz açanda suwlaryñ juda kändigini aýdypdy. Ýaradylyş wagtynda bütin ýer ýüzüni örtüp duranam bolsa - şol wagtlar ümür-dumandyr buga meñzeşdi, jisimleşip bir ýere üýşdülerem welin az-uçuk ýer tutdular diýýär. San-Nikolas hem şu pikirdedir". Kolumbyñ çak eden togalak dünýäsi Kolumb bu sözleri ikirjiñlenip we Orta asyryñ düşünjesine salgylanyp aýdanam bolsa, baryp-ha 890-njy ýylda Ibn Roşt has anyk we hakykata golaý pikirleri orta atypdy: "Alymlaryñ arasynda guryýer we deñiz bölekleri bilen birlikde bütin ýer ýüzüniñ top ýaly togalak görnüşdedigi barada umumy pikir bar. Günüñ, Aýyñ we ýyldyzlaryñ doguşy, olaryñ dünýäniñ dürli ýerlerinde bir wagtyñ özünde görünmeýşi, gündogar kysymlarda galan ýurtlarda günbatar kysymlardaky ýurtlardan has ir dogmagy bilen bu hususda delil getirilýär. Semawy jisimleriñ bu yzygiderliligi birmeñzeş zerurlygy emele getirýär". Ibn Roşdyñ sözleri diñe dünýäniñ şekiline degişli däldi. Dünýäniñ galaktikadaky ýerleşişine degişli-de haýrana goýujy maglumatlary berýärdi we dünýäniñ togalakdygyny jedele ýer goýmajak görnüşde subut edýärdi: "Ýer ýüzi egremçe (konkaw, вогнутый) şekilde bolan gögüñ (asmanyñ) ortasynda, howada asyl-asyl bolup duran top ýaly togalakdyr. Hem ýokarsyndan, hem aşagyndan, hem gyrasyndan, şeýdibem asman hemme tarapyndan dünýäni deñ derejede gurşap alýar. Asmanyñ içinde dünýä gabygyñ içindäki ýumurtganyñ sarysy ýalydyr". Kolumb dünýäniñ haýsydyr bir ýerinden ýola rowana bolan adamyñ ýene şol ýere aýlanyp geljegine ynanypdyr we muny subut etmek üçin gadymy rowaýatlardan delil getiripdir. Eýsem-de bolsa, yslam akyldarlaryndan Kahtawi ençeme asyrdan soñ Žyul Werniñ "Segsen günde döwri-älem" kitabynyñ jemleme bölümine-de tema bolşy ýalu, Gündogara sary ýola çulan adam başlangyç nokada baranda çykan nokadyndaky günden bir gün yzdan geljek senä ýetjegini şu sözler bilen aýdypdyr: "Eger biri berilen nokatdan Gündogara, beýlekisi Günbatara sary gitse, üçünji adamam başlangyç nokatda galsa, ikisi-de şol bir sagtda gaýdyp gelen ýagdaýynda dünýäni gezip gelmek üçin gündogara giden adam bir gün artyk, günbatara gidenem günüñ dogşuna-batyşyna görä çözgüde gelip, bir gün kem hasaplar. Günbatara giden adam gün bilen ugurdaş ýöreýär. Şu nukdaýnazardan onuñ güni gündogara gideniñkä garanda mydama az-kem uzyndyr. Netijede döwri-älem tamamlananda bu tapawut tegelek bir güne deñ bolýar". Ýene bir tanymal musulman alymy Abu Reýhan Biruny dünýäniñ käbir ýerlerinde alty aýlap gün dogmaýandygyny anyklap, Demirgazyk polýusyna yşarat edýärdi. Biruny muny dünýäniñ şekili we ýerleşişi bilen düşündirýärdi. • Amerika ilki berberiler aýak basdymy? Hamidullanyñ iñ esasy öñe sürýän pikirleriniñ birem Amerika yklymyna ilkinji bolup berberileriñ aýak basandygy hakdaky çaklamadyr. Ol bu pikirini delillendirmek üçinem "Braziliýa" adynyñ etimologiýasyndan peýdalanýar: "Berberiler Günbatar Afrika iñ ýakyn ýer bolan Braziliýa baryp ýetipdirler. Braziliýa sözi brazil dilinde-de, ýewropa dillerinde-de gabat gelmeýär. Bu söz dilçi alymlary (etimologlary) geñ galdyrýar. Biziñ gipotezamyz muny añsat düşündirýär. Ýagny, berberi taýpalarynyñ arasynda birzala diýen taýpa bar. Bu taýpanyñ agzalaryna köplük sanda Brazil diýilýär. Şol wagtyñ ýer atlary şol ýerde ýaýranlardan gözbaş alyp gaýdýardy. Musulmanlaryñ okeandaky gözlegleri netijesinde eden ýörişinde birzala taýpasyndan ýygnanan topar bir ýerde ýerleşdiler. Bu ýer megerem bir ada bolmaly. Şeýdibem ol ýeriñ ady Brazil bolup galdy. Soñabaka tutuş sebit şu at bilen atlandyrylypdyr. Hamidullanyñ etimologiýanyñ üstünden eden bu deñeşdirmesi gowşak delillere esaslanýanam bolsa, Kolumbyñ hut özüniñ ýazan "Gündeliginde" üýrmeýän it görnüşinden söz açmagy şübheleri güýçlendirýär, çünki onuñ aýdýan itine meñzeş it Afrikanyñ "basenži" diýen it görnüşinde gaýtalanýardy. Bulam iñ güýçli ähtimallyk bolup öñümizden çykýar. Fuat Sezgin Musulmanlaryñ dünýäniñ açylmagyna goşan goşantlary musulmanlaryñ X asyra çenli Ortaýer deñzini içerki deñiz ýagdaýyna getirendigini we iñ maýda kenarýaka ýeri we adany jikme-jik görnüşde kartalaşdyrandygyny bilýäris. Ortaýer deñziniñ ýany bilen musulman gämiçileriñ okeana açylmakdan hiç hili çekinmändigini we portugaliýalylara şu manyda gollanma bolandygyny Fuat Sezgin şu sözleri bilen subut edýär: "Olar okeanlara çykmakdanam hiç gorkanokdylar. IX asyrda ýaşan geografiýaçy we taryhçy al-Ýakuby Basra şäherine golaý Ubullada ýasalan ýelkenli gämileriñ demirgazyk-günbatar Afrikadaky Massa porty bilen Hytaýyñ arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ýola goýandygyny habar berýär. Beýleki käbir geografiýaçylaryñ aýtmagyna görä ady agzalan Massa Ýewropa we Wizantiýa bilen yslam dünýäsini baglanyşdyrýan söwda şäherleriniñ biri eken". (GAS XI, 384-385) (seret. şekil 13). Olaryñ taryhy geografiki giñişligi deñizçileriniñ has irki döwürlerde okeanlara batyrgaýlyk bilen çykandyklaryny görkezýär. Olardan bize çenli gelen deñizçilik kitaplary deñizçilikde nähili uly orunlarynyñ bardygy babatda bizi ajaýyp kartinanyñ öñünde goýýar duruberýär. Olaryñ gijä galan döwrebap etýudlary portugaliýalylaryñ ýakyn wagtlara çenli döwrebap deñizçiligiñ öñbaşçylary hökmünde tanadylmagyna mümkinçiligini berdi. Emma indi portugal deñizçiliginde bilinýän her bir şowly başlangyjyñ yslam dünýäsine borçludygyny görýäris. Olaryñ arasynda ýaşan yslam dünýäsiniñ deñizçiligini uly ukyp-başarnyk bilen ykrar edişlerine äwmezlik edip ýokary baha bermezlik mümkin däl. Olar üstünlige ýetiden her bir maglumatyny musulmanlardan öwrendiler. Musulmanlaryñ Atlantik okeanynda hereket ediş mümkinçiliklerini öwrendiler. ("Amerikanyñ açylmagynda musulmanlar"). IX asyrda musulmanlaryñ dünýä kartasy Musulmanlaryñ Afrikadan Sumatra we ekwator guşagyna çenli barýança köp ownuk ýalñyşlyklar bilen IX asyrdan bäri dünýäniñ kartasyny çyzandygyny görýäris. Ýokarda aýdylyşy ýaly Kolumb dünýäniñ togalakdygyna ynanypdyr, emma onuñ çyzan kartasynda bu togalakluk has beter armydy ýada salypdyr. Ýogsam bolmasa, musulmanlar eýýäm X asyrdan başlap dünýäniñ şumatly görnüşine juda ýakyn kartalary taýýarlapdylar: "Hristofor Kolumb hem dünýäni demirgazykdan günorta tarap süýnýän armyda meñzedipdir. Entek XV asyrda dünýäniñ togalakdygy baradaky pikiriñ ýerleşmedik Ýewropasyna derek musulmanlar eýýäm X asyryñ birinji ýarymynda Pireneý ýarymadasyndan Ýuwaş okeany aşyp Aziýanyñ gündogaryna ýetmäge synanyşypdylar. Olar bu iki kenaryñ arasynyñ baryp-ha IX asyrda 21° müñ kilometre ýakyndygyny hasaplapdyrlar. Köptaraply beýik alym Abu Reýhan Biruny XI asyryñ başlarynda bizi obýektiwligi bilen haýrana goýan hindi medeniýeti barada ýazan kitabynda şeýle diýýär: "Bize mälim uly guryýer yklymymyzyñ (ýagny Aziýa, Ýewropa, Afrika) daşyny uly okean gurşap alýar. Bu okeany (ady agzalýan) uly guryýer parçazynyñ arasyny şu we beýleki tarapynda bir guryýer parçasy bilen ýa-da adamlaryñ ýaşaýan adasy bilen kesişýän bolmagy ahmal". (Sezgin – a.g.e.) Kolumbyñ ýiten kartasy Fuat Sezginiñ şekillendirmeginde Okeanlara çykma meselesinde ýewropalylara iñ uly gollanma bolanlaryñ andaluslylardygyna (ispaniýaly musulmanlar) şek-şübhe bolup bilmez. Bu ýurtda ýaşaýan musulmanlar deñizçilik boýunça uly ösüşleri gazanyp, hatda muny özleriniñ durmuş ýörelgesine öwrüpdiler. Şondan iki ýüz ýyl soñ meşhur geografiýaçy Idrisi ömrüniñ köp bölegini Andalusda geçiripdir, ol şu boýunça bize has giñişleýin maglumatlary berýär. Al-Idrisi öz ýaşan döwründe meşhurlyk gazanan bir synanyşygyñ gürrüñini edýär. Ol synanyşygyñ gürrüñi okeany günbatara tarap kesip geçmek üçin bir maşgalanyñ sekiz agzasynyñ öz taýýarlan gämilerinde ýola çykyp şowsuzlyga uçramaklary hakdady. Pireneý ýarymadasynda şuña meñzeş synanyşyklaryñ artýandygy üçin Lissabonda bir köçä "Darb al-magrurin", ýagny "Başdan geçirmeçileriñ" ýa-da "Aldanýanlaryñ köçesi" ady dakylypdyr. (Sezgin. a.g.e.) Ýewropaly käbir taryhçylar Piri Reisiñ birkemsiz dünýä kartasynyñ Kolumbyñ ýiten kartasy esasynda çyzylandygyny aýtsalaram, Sezgin bulara şeýle sözler bilen jogap berip, soñky nokady goýýar: "Biz bu kartany kompýuter arkaly döwrebap karta bilen deñeşdirenimizde, ikisiniñem spesifiki ýerlerde Afrika bilen arasyndaky aralyklarda nähili biri-birine gabat gelýändigini gördük. Bular ýaly karta XVIII asyra çenli yslam dünýäsinden başga hiç bir medeniýet dünýäsinde çyzylyp bilinmezdi. Şeýle-de bu karta ýalñyşsyz boýlam (долгота) derejeleri ölçegine esaslanýandygyny görkezýär. Gysgaça aýdanda, Piri Reisiñ elinden çykan bu kartanyñ Ýewropadan Italiýa terjimesi Ispaniýa baryp ýeten we (megerem birnäçe nusgasy bilen) ýaýran, orginaly arap dilinde çyzylan kartadan ybarat bolmagy gerek". Piri Reisiñ kartasy Ispan korolynyñ tutanýerli talaby bilen Kolumbyñ dogany Bartolomeýiñ çyzyp, Madride ugradan kartasy bolsa şeýledi: Welhasyl, Täze dünýäniñ açylyşynda musulmanlaryñ oýnan roly uludy. Hawa, sansyz musulman deñizçisi Amerika barypdy we bu materikden has beter adalardan habarlary bardy. Emma olaryñ baran ýerlerini aýry materikdir öýdendikleri belli däl. Beýleki bir ýandan musulman deñizçileriñ bitiren işleri bolmasa, portugallaryñam, ispanlaryñam Ortaýer deñziniñ añyrsyna gidip biljek tejribesi ýokdy. *Has giñişleýin maglumatlary okap-öwrenmek isleýänler merhum ussadymyz Fuat Sezginiñ "Amerikanyñ açylmagynda musulmanlar" makalasyny okap bilerler. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Penşenbe 01.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |