09:30 Añ telperligi | |
AÑ TELPERLIGI
Publisistika
Biz kän ýerde syýasy jahylyýetde ýaşaýarys, "öz tarapymyzda" çalynýan "saza" goşulyşmaýana zäherimizi pürkýäris! Her öñýeten öz pikiriniñ alternatiwasyzdygyna ynanýar. Her öñýeten özüniñ, pikiriniñ, eden işiniñ mukaddesleşdirilmegini isleýär. Ýolbaşçylar başlyklaýyn, her öñýeten özüniñ öwülmegini, ýüzüne magtalmagyny isleýär... Şular ýaly añ baknalygyny nämüçin şindizem analiz edip bilemzok? Şular ýaly akylyñ gymmatlyk ýitgisini iki söz bilen aýdamda, intellektualizmiñ gowşaklygyndan görýärin... A hakykatyñ status-kwo ýitgisi näme? Nädip beýle bolduk? Özümizi jogapkärçilige çekip bilmezligimiziñ düýp sebäbi, her pursatda diýen ýaly jemgyýetçilik çüýrükligiñ "aýbyny" özgelere, häkimiýet başynda oturanlaryñ boýnuna atma añsatçyllygy... Ýogsam bolmasa: Diñe bir tarap däl, tutuş jemgyýet bolup pese düşdük! Meselem, diñe "añyrky tarapyñ" teleýaýlaymlary däl, "biziñ ýaýlymlarymyzam" özünden geçip diýen ýaly parlañküşlük bilen halkyñ añyny üýtgetmek üçun işleýär. Baý, kän propogandistler bar-a! Agyzlaryny dolduryp bir gürleýärler! * * * Soñky ýyllarda döwrüniñ akylyna, duýgusyna, düzgünine garşy çykyp bilýän intellektuallary gündiz eliñ çyraly gözläp tapmaly boldy. Nirä sumat boldy bular? Nirä gitdiler? Hakykatyñ ugrundaky intellektuallaryñ ýitgisi nädip boldy? Iñ erbet ýerem, nämüçun hiç kim intellektual mätäçligi duýanok, gözlegde däl? Şular ýaly derejede apolitiki perwaýsyzlygyñ sebäbi näme? Galyberse-de, intellektuallar iñ soñky derejede ähmiýetsiz ýüz hökmünde (entel-dantel) görülmäge haçan başlandy? Mälim bolşy ýaly, intellektuallaryñ ýitgisi - tankydy düşünjäniñ, döredijiligiñ ölümi diýmekdir. Onuñ ýok ýerini soragsyz-sowalsyz boýun egilýän ytagat medeniýeti eýeleýär... Eýse nämüçin şeýle boldy? Bu bu gyşarmany amerikan medeniýetinden miras aldyk! ABŞ-nyñ pelsepeçileriniñ görnükli wekillerinden professor Riçard Hofştadter "Pulitzer" baýragyna hödürlenen "Amerikan durmuşynda anti-intellektualizm' kitabynda konserwatiw prowinsial medeniýetiniñ demikdirijiligi we munuñ bilen anti-kommunistik syýasy paranoýa makkartiçiligiñ arasyndaky gatnaşygy öwrendi. Onuñ salgylanan fanatik ruhanysy Jon Kottonyñ duýduryşy edil häzir doly güýjüni saklanokmy näme: "Has köp öwrenip-bilip, has degişgen biri boldugymyz saýy, şeýtanyñ isleýän adamyna has köp ýakynlaşdygymyz bolar". Intellektuallar hemişe şeýtanlaşdyrylyp gelindi! Fransuz sagçylary-da ýazyjy Marsel Prusty Üçünji respublikanyñ ahlak çöküşligine sebäp görkezmedilermi? Taryhy intellektual elmydama "şübhe tohumyny" ekýän günäkär yglan edildi. Birmeñzeş ýepbeklendiler: "Intellektuallaryñ hyýanaty". Aýratynam, "Sowuk uruş" döwründe intellektuallar yzygiderli diýen ýaly ekstremizmde, syýasy ýykgynçylykda aýyplandy. Hawa, biz bu mirasy ABŞ-dan aldyk! Häzir munuñ netijesini görýäris, jahylyýet döwrüni başdan geçirýäris... * * * "Mollasy köp bolsa, toklusy haram öler". Orta çykyp akyl satýan köpelipdir! Içinde ýeke intellektual ýok! Haýsydyr bir pikiri diñe mahabatçylara wagyz etdirýärler. Geñ gerek? Ýok. Işine ezberleri, akademikleri, tehnokratlary, ekran jazmenlerini intellektualdyr öýtme ýöntemligine düşdük! Bu zatlar käriñ başarjak işi däl. Intellektual - kimdir biriniñ zory bilen hereket etmeýän, garaşsyz, azat we analitiki akyl-paýhasyny ulanýan akyldardyr... Ol görnüp duran zatlardan biynjalyk bolýan, döredijilikli pikiriñ zähmetkeşidir... Gynansak-da, intellektuallar agalyk sürüji medeniýete, basyşa ýeñildi. Şeýdibem, ýurt birsydyrgynlyga-konformizme duçar edildi. Öwrülişigiñ bolmagyny isleýänlerem kyn göreşleri başdan geçirmeli bolýar. Status-kwoçylaryñ syýasatyñ manysyny gaçyrmagyna geñ galyp oturmagyñ hajaty ýok! Intellektual boşlugyñ ýerini, mezhepçilik, ildeşparazlyk doldurýar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 28.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |