20:35 Ankara munisipaliteti | |
ANKARA MUNISIPALITETI
Publisistika
Sil joşgunlary paýtagt Ankarany ýesir aldy. Jogaby kyn däl: Stambul - Osmanlynyñ Krym urşy bilen gurulan modern munisipalitetçiliginden nusgady (Şeýle-de, Pariž Kommunasyndan nusga alnyp, 1854-nji ýylyñ 13-nji iýunynda gurlupdy). Ankara - respublikamyzyñ modern munisipalitetçiligine nusga boldy. Atatürk Ankara munisipalitetiniñ öñbaşçy rolda bolmagyny isledi. Şeýlelikde paýtagt munisipaliteti Osmanlydan harap bolan halda alynan 389 munisipalitete nusga bolmalydy... Şol sebäpli türk konstitusiýa taryhynda 1921-nji ýylyñ Konstitusiýasy ýerli dolandyryş edaralaryna has köp agram beren konstitusiýa boldy. 1924-nji ýylyñ 16-njy fewralynda "Ankara Şehremâneti" kanuny çykaryldy. Osmanlydan galan munisipalitet tejribesi ýeterlik derejede däldi. Ýewropadaky munisipalitetçilik öwrenildi. Maliýeden abadanlaşdyryş işlerine çenli yzly-yzyna dûzedişler we üýtgeşmeler girizildi. Ankaranyñ abadanlaşdyrylmagyna iñ möhüm mesele hökmünde garaldy. Emma, şeýle bolmagyny isläniñ ýeterlik bolmady, munisipalitetde tehniki taýdan kwalifisirlenen işgärleriñ ýetmezçiligi duýulýardy. Ara girip, şuny goşmasam bolmaz: Şehremini Ali Haýdar (Ýulug) Ankaranyñ hemme zatdan öñ gurluşyga mätäçdigini pikir edip, sumkasyna Ankaranyñ daş-keseginden, gumundan nemunalar alyşdyryp, bulary ýewropaly hünärmenlere görkezip, sement, kerpiç, keramzit edilip-edilmeýändigini öwrendi. Üns berýäñizmi? Dowam edeýin: 1928-nji ýylda Ankara Şäher abadanlaşdyryş müdirligi guruldy. Bu müdirlik abadanlaşdyryş meýilnamasyny we bäş ýyllyk maksatnamany taýýarlap, ministrler sowetine tassyklatmalydy. Taýýarlanan bäş ýyllyk maksatnama ministrler sowetine tassykladylandan soñra ýyllyk býužetlere görä ýerine ýetirilmelidi. Ýagny, meýilnamalaýyn hereket etmäge mejbur edilen munisipalitetleriñ üstünde aýratynam merkezi hökümetiñ gözegçiligi bardy. • TUTUŞ 76 MADDA Hawa, sähranyñ ortasyndaky Ankara munisipaliteti Türkiýä nusga bolmalydy. Ýokarda ýazyşym ýaly, munisipalitetiñ şahsy düzümi (personaly) hünär taýýarlygy we san taýdan alanda pesdi, maddy güýji çäklidi... Diñe Ankara şeýle däldi. Munisipalitetleriñ ýagdaýyny gowulandyrmak üçin edilen iñ esasy iş 1930-njy ýylyñ 3-nji aprelinde çykarylan 1580 belgili "Munisipalitetler kanuny" boldy. Osmanlynyñ 53 ýyl hereket eden "Dersaadet Belediye Kanunu" we "Vilayet Belediye Kanunu" güýjüni ýitiren hasap edildi. Respublikan hökümet bu kanun arkaly munisipalitetlere ýol görkezmegi maksat edinip, sanap bolaýjak ähli hyzmaty birin-birin agzap geçdi. Kanundaky 76 maddada nämeler ýokdy: Jemgyýetçilik işleri we abadanlaşdyryş işleri boýunça hyzmatlar, saglyk hyzmatlary, bilim, medeniýet, sport boýunça hyzmatlar we başgalar, we başgalar... Şol sanda, köpüsi daşary ýurt ýeñillikli şereketleriñ elindäki aragatnaşyk, suw, elektrik togy ýaly hyzmatlar munisipalitetiñ garamagyna geçirildi. Ýerli hyzmatlaryñ munsipalitetleşdirilmegi, gürrüñsiz, döwletçilik prinsipine laýykdy. Saglygy goraýyş ulgamyny jemgyýetçilik eýeçiligine geçirmek maksady bilen çykarylan "Umumi Hıfzıssıhha Kanunu"-da halkçylyga tarap ädilen ädimdi. Maýa goýumlaryna hemaýat bermegi üçin Munisipalitetler banky guruldy. Özeninde Respublika bäş ýörelgäni göz önüne tutdy: - Munisipalitetleriñ arasyndaky deñlik; - Munisipalitetleriñ hyzmat ediş ugurlarynyñ giñeldilmegi; - Munisipalitetleriñ işinde erkinlik; - Ýeke-täk derejeli saýlawlar bilen halkyñ täsirli sazlaşygynyñ üpjün edilmegi (saýlama ýaşy 18, saýlanma ýaşu 25 boldy). - Munisipalitetleriñ üstünde güýçli merkezi kontrollygyñ bolmagy. Mysal üçin, diñe abadanlaşdyryş meýilnamasyny ýerine ýetirmek hökmanylygy artdyrylmady, abadanlaşdyryş işlerinde merkezi hökümetiñ gözegçiligi berkidildi. Ýeri, uzatmaýyn: Düýn nusgalyk munisipalitet bolsun diýip gurulan Ankaranyñ sil joşgunlaryna boýun bolmagyny nädip düşündirmek gerek? Mesele diñe kişiler mi? • BINAGÄRI TURGUT ÖZAL Desantralizasiýa-ýerlileşdirme... Merkezi dolandyryşyñ meýilnamalaşdyryş, maddy çeşmeler, ygtyýarlyk, wezipe borçlaryny we jogapkärçiliklerini prowinsiýalardaky bölümlerine paýlan neoliberalizmiñ populýarlyk gazanan düşünjesi… 1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabryndaky döwlet agdarlyşygy we Turgut Özalyñ ýolbaşçylygynda munisipalitetler düýpli ideologik-neoliberal üýtgeşmä uçradyldy. Respublikanyñ munisipalitetleri ýerini uly şäher munisipalitetlerine berdi, rol-model indi bulardy. Mysal üçin: Has owal merkezi dolandyryşyñ elinde bolan abadanlaşdyryş işleriniñ barsy munisipalitetlere berildi. 3194-nji belgili "Abadanlaşdyryş kanuny" merkezi dolandyryşyñ abadanlaşdyryş meýilnamalary boýunça tassyklama ygtyýarlygyny ýatyryp, munisipalitetiñ çägindäki ýerleriñ abadanlaşdyryş işleriniñ munisipalitet derejesinde ýerine ýetiriljekdigini kanunlaşdyrdy. Diñe bulam däl... Maksat - bir bitewi döwleti kiçeldip, munisipalitetleri awtonomlaşdyrmakdy. Globallaşma şu sebäp bilen uly şäher munisipalitet sistemasyny emele geler ýaly etdi. Şeýlelikde, üýtgedilen malice Maksat - bir bitewi döwleti kiçeldip, munisipalitetleri awtonomlaşdyrmakdy. Globallaşma şu sebäpli uly şäher munisipalitet sistemasynyñ emele gelmegini boýna dakdy. Şeýlelikde, üýtgedilen maddy gurluş bilen global finans şereketleri uly şäherlere karz pul berme mümkinçiligini gazandy! Uzak wagtlap munisipalitetleriñ daşarky bergisiniñ hiç bir jemgyýetçilik edarasynyñ rugsadyna we gözegçiligine garaşly tutulmandygyny-da ýatladyp geçsem gowy bor... Munisipalitet hyzmatlarynyñ arzan, kepilliksiz işçi işledýän taşeronlara berilip, önümçilikden daşlaşmagy ýaly çekişmeli gürrüñlere giribem durjak däl. Ankaranyñ şu gün tebigy heläkçiliklere garşy göreşmeginiñ sebäbi diñe Melih Gökçekler däl, ony-da "dogran" ideologik neoliberal düşünjedir. Bu talañçy ideologiýany we syýasaty nädip pul gazanma serişdesine öwrüşleriniñ üstünde durup geçmezden problemalara çözgüt tapmak mümkin däl... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |