22:22 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -3/ dowamy | |
6.
Romanlar
Gapydaky nobatçy girip: – Jenap polkownik, geldiler – diýip, habar berdi. Dessine-de dolmaç aýal bilen ak palçykdan ýasalan ýaly, on-on iki ýaşlaryndaky owadan gyzjagaz içeri girdi. Polkownik gollaryny galdyryp: – Hany, gözüňizi ýumuň – diýdi. Ak mapraç aýal gözlerini ýumup, durşy bilen ýylgyryşa öwrüldi. Uýezd naçalnigi eplenip goýlan gaplaň hamyny alyp, silkip aýalynyň gerilgi gollaryna goýdy. Ak mapraç aýal şadyýan ses bilen: – Älhepus, munuň janyňa parap barýan ýumşajykdygyny! Owadandygyny görsene! Hakyky deri, özem gowy eýlenen! Nähili gowudygyny – diýip, gaplaňyň hamyny ýüzüne sypap gördi. Bu sowgada begenip, özi bilmezden çirkinje ses eden, bili ýarym gysym, eteklerine çenli epin-epin owadan köýnekli eýjejik, ýaňy ýetişip, göze görnüp ugran gyzjagaz ejesiniň elinden gaplaňyň derisini aldy... – Kaka! Kaka jan!.. – Bu gaplaňyň hamyny sypyryp şu ýerik getiren kimdir öýdýäňiz? Ä? Gaplaňyň garşysyna ýekme-ýeke çykan kimdir öýdýäňiz? Dagda özüni patyşa hasaplap ýören gaplaňyň garşysyna çykan ýigit, ine, öňüňizde dur! Bu sowgady şu ýigit getirdi. Gaplaňy dagda awlan gaplaň ýürekli beg ýigit – diýip, uýezd naçalnigi Annanyýazy görkezdi. Natalýa Iwanowna Annanyýazyň iki golundan tutup, ýaňagyndan emaý bilen ogşady. Kebelek ýaly owadan gyzjagaz hem ejesinden kem galman, Nyýazyň beýleki ýaňagyndan ogşady. Nyýaz çym-gyzyl bolup tas çaşypdy, posalardan hem sowgadyndan jyda düşürilen Ýelli baý bolsa ýüzüni egşidip, ýüreginiň agyrysyny ýüzüne çykaryp, hapa bolup durdy... Kebelek ýaly owsunyp duran gyz: – Dogrudan-da gaplaňy siz awladyňyzmy? Gorkmadyňyzmy? Batyr ýigit!.. Batyr!.. Berekella! – diýip, utanjyndan çym-gyzyl bolan ýigide sowal yzyna sowal berip, kakasynyň ýanyna baryp, onuň hem ýaňagyndan ogşady: – Sen muny maňa sowgat edersiň-ä! Bu maňa gerek, kaka! – Saňa, gyzym, saňa! – Saňa ýaş ýigit ýaňadan gaplaň awlap, hamyny sypyryp berer! – diýip, Natalýa Iwanowna gyzyny gižželedi. Ýelli par aşaklyk bilen ýegenine garap, göz gypyp goýberdi hem türkmençe: – Daýyň bilýändir, kimi näme bilen awlamalydygyny! – diýip pyşyrdady. Uýezd naçalnigi aýalyna ýylgyryp garap: – Natalýa Iwanowna, ine, meniň saňa waspyny ýetiren ýigidim – diýdi. Aýaly Annanyýaz Aýdan aşak düşdi diýlen ýaly geň galyp, mährem nazaryny ýigidiň gözlerine dikip: – Siz hakda adamym maňa gürrüň berdi – diýdi. – Adamymyň gürrüňi boýunça men sizi dogry göz öňüme getiripdirin. – Bu ýigit asylzada maşgaladan. Kakasy obaň arçyny. Abraýly arçyn. Başga birini bellejek bolduk. Obaň adamlary bizi diňlemegem islemedi. Men muny özüme işe çagyrýan. Men häzirlikçe Nyýazy milli meseleler boýunça geňeşdar edýärin... Sen, Annanyýaz, kakaň bilen gürleş. Düşündir! Hökümet bilen duşmançylykda ýaşap bolmaz. Kakaň dana adam diýip eşidýän, düýnki bir doňzuň1 eden gabahat işini unudyp, dost bolmak gerek!.. Bir milletiň içinde ýagşysam bolýar, ýamanam. Bu türkmen halkynda-da şeýledir: sizde-de ýagşam bardyr, ýamanam. Onsoň bir ýamanyň ýüzünden türkmen, ýa orus ýaman diýmek bolmaz-a. – Bilýäňizmi näme, jenap naçalnik – diýip, Annanyýaz dillendi: – Meniň Abul Himmet Keskiogly diýen mugallymym bardy. Siziň gep-sözüňiz, hereketiňiz hakyt şoňa meňzeýär. Geň galýan, mugallymym-a musulman, sizem hristian. Heriňiz bir dinden, ýöne siziň boluşlaryňyzda bir almany iki bölen ýaly meňzeşlik bar. Elbetde, meniň mugallymym hortap adamdy... Koşmann Annanyýazyň bu sözüne hoş bolup ýylgyrjaklady. – Ýaş ýigit, onuň sebäbini men bilýän – diýip, Natalýa Iwanowna biraz sägindi: – Meniň adamym harby adam däl, ol şu ýere gelmezden öň Sankt-Peterburgyň gündogary öwreniş institutynda mugallym bolup işleýärdi. Zakaspide işlemek üçin gündogary bilýän, gündogaryň dilini bilýän hünärmenler gerek diýip, haýyna-waýyna bakman, adamymy şu ýerik işe ugratdylar. Bizem yzyndan geldik. – Ynha, indi düşnükli – diýip, Nyýaz makullaýjylyk bilen baş atdy. – Kakam arap dilini suwara bilýär – diýip, Koşmannyň gyzy Oksana gürrüňe goşuldy. – Ine, munyňyz-a meniň üçin hasam täsinlik. – Ýaş ýigit, meniň adamymdan entek köp täsinligi öwrenersiňiz. Polkownigiň diýseň kaşaň geýnen, gurjak ýaly enaýyja gyzy Annanyýazdan gözlerini aýyrman seredýärdi. Ol seredeni bilen kanagatlanman, Annanyýazyň gapdaljygyna gelip oturdy: – Siz nähili daýaw, dogrudanam siz hiç zatdan gorkýan dälsiňiz?! Siz mençe dört esse bar... Gyzyň halysalla ýürekden aýdan bu sözlerine Annanyýaz çalaja ýylgyrdy: – Biziň neberämiziň ählisi şeýle süňňi iri adamlar. – Bilýäňizmi näme? – diýip, Ýelli baý howlukmaç dillendi: – Şirden diňe bir çaga önýär, ýöne tilkilerden, şagallardan dört-bäş çaga bolýar. Annanyýazyň neberesi-de edil şir neberesi ýaly. Annanyýaz ýeke dikrar. Annanyýazyň kakasam, atasam, ondan aňyrsam ýeke. – Ownuk, tilki-şagallaryňky ýaly bolandan, goý, şiriň çagasy ýaly ýeke bolsun – diýip, Natalýa Iwanowna Annanyýaza ýüzlendi: – Annanyýaz, siz ýaňy gürrüňiňizde öz mugallymyňyzy ýatladyňyz. Siz nirede okadyňyz? – Annanyýaz jan Bagdatda okady. Özem iň abraýly medresäni – uniwersiteti gutardy. Okuwyny gutaryp gelenine onçakly köp wagt geçenok. Oksana Annanyýaza gysmyljyrady: – Annanyýaz, siz haýsy dilleri bilýäňiz? – Annanyýaz ýegenim ýetmiş iki dili bilýär. – Ýetmiş iki diýdiňizmi? – Hawa, hawa, dünýäde ýetmiş iki sany millet bar, Annanyýaz ýegenim, ana, dünýäň ähli milletleriniň dilini suwara bilýär. Arap, pars dilini-hä edil öz ene dili ýaly bilýär. Meniň Annanyýaz ýegenimiň belli bahasy ýokdur! Ýelli paryň bu sözlerini diňe Oksana däl, Koşmannam, onuň aýaly Natalýa Iwanowna-da geň galyp diňleýärdiler. – Men bu ýigidiň ýönekeý ýigit däldigini görenimden aňdym – diýip, Koşmann özünden göwnühoş ýylgyrdy: – Bu ýigit özünden iki esse uly pilmahmydy edil dag agdaran ýaly gübürdedip ýykdy. Ýer goduklap gitdi. Görüň-ä, bu ýigit diňe bir beden taýdan däl, sowat-bilim babatda-da beýik eken-ä! Natalýa Iwanowna, Annanyýazyň eden ýene bir täsin işini aýdyp bereýin. – Koşmann gürrüňini süýjütmek üçinmi, nämemi, sözüne dyngy berip, bir aýalynyň, bir-de gyzynyň ýüzüne ýylgyrjaklap bakyp dymdy. – Kaka, aýtsana bahymrak!.. – Ökde adamyň mydama duşmany ýetik bolýar. Adamlar özünden barlynyň, özünden ökdäniň bolmagyny islemeýär. Annanyýazyň okuwdan gelenine köp wagt geçmedik-de bolsa, eýýäm duşmany ýeterlik bar. Süýrgünortan Annanyýazy öz mülkünde bir nekgende bäş ädim aralykdan atypdyr. Ýöne bu ýigit ýöne-möne ýigit däl, onuň goragçy perişdesi bar. Şol goragçy perişde hem Annanyýazy göni gelen ajaldan alyp galypdyr. Ok çep egnine degipdir. Oksana ýerinden turup, Annanyýazyň egnine çiňerilip seretdi. Başyny ýaýkap, hyrçyny dişledi. – Heý, size-de ok atyp bolarmy? Size ok atan nekgendäni öldürmeli! – Gepem şonda-da. Men ol nekgendäni atmakçydym, ýöne düýn Annanyýaz ýanyma gelip: «Jenap naçalnik, şol nekgendäni türmeden boşatmagyňyzy haýyş edýän. Men ol nekgendäni özüme janpena edinjek» diýdi. Men Annanyýaza garşy çykyp bilmedim. Özüme galsa-ha, ol nekgendäni atjak! Ak mapraç zenan aňk-taňk bolup, eşiden gürrüňini göýä akylyna sygdyryp bilmeýän dek, gözlerini petredip esli salym Annanyýaza seretdi oturdy: – Ýaş ýigit, siz oňarmansyňyz. Ýylan ýylandyr, her näçe gowy görseňiz-de, ýylan bir gün hökman çakar. Ýagşylygyň gadyryny ähli kişi bilmegi başarýan däldir. Ol nekgende siziň ýagşylygyňyzyň gadyryny bilmez, bir gün sizi hökman gapyl galdyrar. – Ol sizi öldürip, gaçyp gider – diýip, Oksana odandy. – Ol eýýäm gaçdy. – Men aýtdym-a! – Koşmannyň bar keýpi, göçgünliligi zym-zyýat boldy: – Ony hökman tapmaly! Ol, goý, türmede çüýresin. – Kaka, derrew tapyp türmä dyksana ol haýyny! – diýip, Oksana naýynjar dillendi. – Görýäňizmi, meniň gyzymyň hem size ýüregi awaýar. Ýagşylygyň gadyryny bilýän, ýagşylygyňa ýagşylyk bilen jogap berýän kişilere är kişiler diýmeli. Gep seniň ýagşylygyňa ýamanlyk, haýynlyk bilen gaýtargy berýänleriň barlygynda. Sen howsala düşme, biz ol näkesi hökman taparys – diýip, Koşmann Annanyýaza göwünlik berdi. – Jenap başlyk, men ol ýigidiň ýanyma geljekdigine ynanýan. Ol häzir ynsaby bilen darkaş guraýar. Ynha, görersiňiz, bu gün bolmasa, ol ertir geler. – Ýaş ýigit, sen janyňy töwekgellige salma. Sen akylly bolsaňam, bu dünýä akylly däl, ol seniň bilen şeýle bir samsyk oýun eder welin, puşeýmanyň ýer tutmaz. – Natalýa Iwanowna dogry aýdýar. Sen seresap bol. Ýedi ýyllap okapsyň. Öwrenen zatlaryňy indi sen peýdalanmaly. Onsoňam, Annanyýaz, sen Gündogaryň ylmyny öwrenipsiň, indi saňa Ýewropaň ylmyny öwrenmek gerek. Meniň hem senden köp zatlar hakda sorasym, senden köp zatlar öwrenesim gelýär. Annanyýaz minnetdarlyk bildirip baş atdy. – Munuň ýaly resmi ýagdaýda däl-de, Annanyýaz bilen çaý başynda duşuşmak gerek. Men Annanyýazyň Gündogar ylmy baradaky gürrüňlerini diňlemek isleýän. Men bir ýerde-hä okadym, dünýäniň iň beýik açyşlary ilki Gündogarda edilipdir, üç-dört asyr soň ol açyşlar Ýewropada edilipdir. Nýutonyň kanuny diýýäs, ol hakda ilki Gündogar alymlary aýdypdyr diýýärler. Başga-da dünýäň köp-köp meşhur açyşlary ilki Gündogarda açylypdyr. Häliden bäri sesini çykarman oturan Annanyýaz Natalýa Iwanownanyň ol sözlerini eşidip, tisginip gitdi. Çünki bu zenan Annanyýazyň iň wawwaly, ýedi ýyllap ýüregine sygdyryp bilmän ýaşan meselesiniň üstünden bardy. Ol başga näme hakda gürlense-de dymardy, ýöne bu mahal ol dogumlandy, çalaja arçynyp ýerinden galyp, otlukly gürledi: – Natalýa Iwanowna, siz örän dogry aýtdyňyz. Yslam alymlary Sabit bin Kurra we Betrujy Bütindünýä dartylma kanunyny Nýutondan bäş asyr öň açýarlar. Türkmen alymy Biruny Amerika we Ýaponiýa hakda Hristofor Kolumbdan bäş ýüz ýyl öň öz eserlerinde ýazypdyr. Ýeriň dartyş güýjüni, Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanýandygyny, Günüň daşyndan aýlanýandygyny, Ýeriň togalakdygyny deliller bilen subut edip, Ýeriň aýlanyş tizligini dünýäde ilkinji bolup hasaplan onunjy asyrda ýaşan al-Biruny bolsa-da, bu açyşlar Nýuton bilen Galileýiň atlaryndan tanalýar. XII asyrda Ibn-i Hulle Mawseri, XIII asyrda türkmen alymy Mahmyt Kaşgarly özleriniň düzen kartalarynda ýer şarynyň togalakdygyny nygtapdyrlar, emma ýewropalylar bolsa 1492-nji ýyla çenli dünýäni düz hasaplap gelipdirler. Ibn Sina on birinji asyrda dünýäde ilkinji bolup Garagum çölünde ýüregi şowly operasiýa eden lukman. Ibn Sina operasiýada näsaga ukladyjy derman bermegem ilki bolup tapýar. Ýene bir ýönekeý mysal: ýewropalylar on sekizinji asyra çenli süýtden gatyk edip bolýandygyny bilmändirler. Gündogarlylar bolsa üç müň asyr bäri gatyk içýär. – Annanyýaz uzak gürlemezlik üçin dymdy, ýogsam bu mysallary has uzaldyp biljekdi. – Siz meni bagyşlaň. Men bu zatlary dünýä ylmyndaky adalatsyzlyklar üçin aýtmadym. Ýok, ähli zat Allanyň işi, ykbal işi. Dünýäde däl, öz öýüňde eden işiň bilinse, oňa ýetesi näme bar. Ýöne bag bolmasa, ýa baga barýan adam ýok bolsa, bilbilligiňden ne peýda?! Her bir zada baha berip bilýän siziň ýaly adamlaryň bardygyna men, dogrymy aýtsam, biçak begendim. – Biz bilbiliň gadyr-gymmatyny bilýändiris, dynç güni günortan sagat on ikide biz sizi öýümize günortanlyk naharyna çagyrýarys – diýip, Natalýa Iwanowna ör turdy. – Hökman bararys, gelneje, hökman bararys. Annanyýazy özüm elin öýüňize elterin – diýip, Ýelli par guş bolup uçaýarly göründi. Annanyýazy ak mapraç Natalýa Iwanownanyň, gyzy Oksananyň owadanlygy, Gün garasyny görmedik deýin akmeňizligi, terligi, näzikligi, mähir-muhabbetliligi haýrana goýdy. Annanyýaz: – Bagyşlaň welin, ors zenanlarynyň ählisi siz ýaly üýtgeşik owadanmy? – diýip, Natalýa Iwanowna ýüzlendi. Natalýa Iwanowna bu söze jak-jaklap güldi. – Hoş sözüňiz üçin sag boluň. Hakykatdan hem ors zenanlary dünýäde iň owadan zenanlaryň hatarynda durýan bolsun gerek. Osip Zigmundowiç maňa owadanlygym üçin öýlendi, owadanlygyma aşyk boldy. Ýöne Orsyýetde şeýle bir owadan gyzlar bar welin, olary görseňiz, hakyt özüňizden gidersiňiz. Olar Zemin perzendi däl-de, ylahy perilerdir öýdersiňiz. Ýöne türkmeniň zenanlaram dünýäň owadan zenanlarynyň hiç birinden peslär ýaly däl. Annanyýazyň göz atuwynda ýaňagy meňli owadan gyz janlandy. – Dogry aýdýarsyňyz, türkmeniň gözelleri ylahy gözeller. – Siziň aýalyňyz barmy? – diýip, Oksana gyzyklandy. – Annanyýaz entek öýlenenok, ýöne bahym öýermekçi. – Halaýan, söýüşýän gyzyňyz barmy? Annanyýaz bu sowala gyzardy, sowaly jogapsyz galdyrdy. – Beýle görmegeý ýigidiň gyzy birem däl, kändir. Musulmanlarda dört aýal almaga rugsat berilýär – diýip, Koşmann özüniň howlukmaçdygyny duýdurdy. – Dynç güni biz size garaşarys – diýip, Oksana dillendi. Annanyýaz çakylyk baradaky pikirini bilmekçi bolýan dek Koşmanna seretdi. – Aýalym dogry aýtdy, biz sizi günortanlyk naharyna çagyrýarys. Meniň gowy kofäm bar. Siz entek kofe içip gören dälsiňiz. Men sizi kofe bilen hezzetlärin, hezil edersiňiz – diýip, Koşmann hoşlaşyp, Annanyýazyň elini gysdy. – Eý, şirden önen şir! Men size sabyrsyzlyk bilen garaşaryn, on ikiden gijä galaýmaň – diýip, Oksana Annanyýaza näzli bakdy. Hoşlaşyk uzaga çekdi. Hoşlaşylandan soň hem köp gürrüňleriň başy agyrdyldy. 7. Gyzar ikindi boluberende uýezd naçalnigi Nyýaz bilen Ýelli baýy ugratdy. Aýaly ajaýyp sowgat üçin ýene Nyýazyň ýaňagyndan ogşap, enelik mähri bilen gujagyna gysdy. Kebelek ýaly pyrlanjyrap duran gyzjagaz bolsa, uzyn barmakly näzijek eljagazyny uzadyp, Nyýaz bilen elleşip hoşlaşdy... Edähet boýunça Kasym garaýagçynyň ogly bulary öýlerine paýtunly eltip gaýtmalydy. Ýelli par baýaryň ýanynda hiç zat diýip bilmese-de, paýtun ýola düşen badyna pert-pert perman berdi: – Ýagşy ýigit, sen galyber. – Bolmaýar! Maňa jenabym öýlerine eltip gaýt hormatly myhmanlary diýip tabşyryk berdi, bolmaýar. – Hormatly myhmanlar bolsa saňa jogap berýär. Biziň wajyp maslahatymyz bar. Sen şu ýerde dur-da garaşyber paýtunyňa, sagat ýarymdan geler – diýip, aňyna-maňyna bakman, ýigidi düşürdi. Paýtunçy bolsa sakgallak rus adamydy, indi Ýelli par ýazylyp-ýaýrap gürläp biljekdi. Gürledem: – Ýegen, gördüňmi, daýyň ediberşini! Baýaryň, aýalynyň, gyzynyň eddil ýürejiginden turaýandyryn, ýöne! – diýip, gollaryny kelemenlendirip, öz işine wazaň berip agzyny köpürjikledip, gürrüň bermäge başlady. – Zaňňar! Ýaňkyja jennetiň melegi ýalyjak gyzyň posasy bir gyzyň galyňyna degmeýärmi? Mura-mugt posa alyp, sag bolam aýdaňok daýyňa!.. Beýle näzijek gyz dagy ogşanynda özüm bolsam-a pagyş-para erärdim... – Goýsana, daýy, onuň ýaly gürrüňleriňi. Ýelli par haýran galdy: – Sen, näme, pagyş-para eremediňmi? Sen! Sen... akylyň bir ýerindemi? Sen kakaňa çeken damaryňy unut! Koşmann bilen dogan okaşaly. Bize ondan peýda kän, düşünýäňmi? Döwlet guşy depämize gondy. Ojagaş gyz ýaňagyňdan ogşanyndan syn kyldym men... Ojagaş gyz pagyş-para eredi seni göreninden, ol tä biz gaýdýançak süňňüni hem saklap bilmedi!.. Sen meň diýenimi et! Sypdyrma ojagaz gyzy! Ol gyzjagazy ikinji aýalyň edin, ýa bolmasa üçünjiň edin, ýöne ony sypdyrma! Ertir ýene bir gaplaňyň hamyny alýarys... birigün ýene bir gaplaňyň hamyny... Ol gyz bagt guşy, ýegen jan! – Men dagyň ähli gaplaňyny ýalaňaç goýmaly-da onda?! – Gaplaňa däl-de, gyza nebsiň agyrsyn seniň. Sen gaplaň awlamak islemeseň, men gaplaň awlajak başga bir goç ýigidi taparyn. Gaty arkaýyn bol! Gel, ikimiz açyk gepleşeli onda. Gaplaň hamyny tapmak meniň bilen. Ýöne sen, birinjiden, baýaryň geňeşdary bol! Kakaňa gulak asma!.. Är türkmen bolmak diňe kakaň ikiňe galan däldir! Örän dana, artykmaç adam eken, baýar. Özem rastyny aýdýar. Haýsydyr bir çalgyrt gepleýän gelmişekler türkmen bilen orsuň arasynda gezýär. Baýar bolsa saňa dilmajym ýa attutarym bol diýmedi, geňeşdarym bol diýdi, ýegen!.. – diýip, Ýelli baý çirkin gygyrdy, hatda çilimini kükedip barýan paýtunçy hem tisginip yzyna garanyny duýman galdy: – Kakaň seniň köne pikirli... Kakaň ýurdy berdik diýip içine urup, ahmyr bilen ýanyp-köýüp ýör. Şeýdip ýörse, uzak ýaşamaz ol. Öler ol. Men onuň ýüzünde öliniň reňkini gördüm. Muny saňa men aýdýan. Ynha, görersiň, daýym dogry aýdan eken diýersiň. Kime gerek bu tozap ýatan çölüň! Paýtun tä Gypjaga barýança Ýelli par joşup-joşup akyl berdi, Annanyýaz bolsa bir golunda gyzyň ýakymyny saklap, bir ýaňagynda gyzyň posasynyň mährini duýup, soňam akdaşaýakly gözi ýyldyrymly gyzy göz öňüne getirip, süýji hyýallara gark bolup barýardy. Ol başga dünýädedi... – Ata-babalaryma düşünemok – diýip, Annanyýaz içki pikirini çalaja daşyna çykardy. Annanyýaz bu sözleri pyşyrdap diýen ýaly aýdan hem bolsa, Ýelli baý eşidipdi. Eşidibem ör-gökden geldi. – Bu ara ata-babalarymyz nireden düşdi? Sen ata-babalaň nämesine düşüneňok? Annanyýaz içki pikirini daşyna çykaranyna utanyp, çym-gyzyl boldy. «O gyz meniň aňymam üýtgedip ýör-ow» diýip oýlandy. Annanyýaz beýle pikire gelmezçe däldi. Sebäp ol özüne erk etmegi başarýardy ahyryn. O jadyly garaýyşly gyz onuň enterpelegini aýlapdy. «Ata-babalaryma düşünemok» diýmesi ýöne ýere däldi onuň. Ýüregiňi şeýle heýjana salýan, mähir-muhabbetden dörän, gudratdan dörän gyz-gelinlere näme üçin kembaha garamaly?! Ä? Näme üçin? Annanyýaz, ine, şuňa – ata-babasynyň ylahy gözelleri erkek kişilerden pes görmekleriniň sebäbine düşünenokdy. Muny akylyna sygdyryp bilenokdy. Olar akyl-pähim babatda erkeklerden pesmi? Annanyýaz ejesine çuň hormat goýýar. Kakasynyň ejesiniň maslahatyna gulak asýandygyny bilýär. Ejesi akyl-parasadyň öýi ahyryn onuň! Ýok, ýok, ýok, gyz-gelinleri kemsitmek, olary satmak bolmaýar. Olary söýmek gerek! Gyz-gelinleri aýaňda götermek gerek! Hana, Annanyýaz Garahan döwi nätdi?! Garahan döwi Annanyýaz şol gözleri ataşly peri-peýkeriň jadysyna jadylanyp, ämert güýç-kuwwatlanyp ýykdy ahbetin! Ýogsam Garahan döw aňsat-aňsat ýykyljak adam däl-ä! Ýigidiň maksat-myrady, Magtymguly şahyr aýtmyşlaýyn: gyr at, gözel ýar, ok-ýarag! Gözel gyza kembaha garamak ýigidiň maksat-myradyna kembaha garamak dälmidir eýsem?! Eý, Alla jan! Ýalbarýan, meni şol gözel gyza gowşur. Şol gözel gyz meniňki bolsun. Diňe meniňki bolsun! Men ony aýamda saklaryn! | |
|
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |