22:25 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -4 | |
Dördünji bap
Romanlar
HOWSALA 1. Annanyýaz öýe gelende beýik tagta sekiniň üstünde Artyk han bilen Babahan baý gümür-ýamyr edip oturan eken. Aýyň ýagtysy dünýä kümüş şöhlesini ýaýradyp, ylla gündizlige öwrensoň, oturanlaryň keşp-keşmeri açyk görünýärdi. Annanyýaz Babahan baý bilen ikelläp görüşdi, baý halyny sorady, ol jogap berdi. Babahan baý Bäherdendendi, aňyrdan Agöýlüden gaýdýan kowum-hyştdandy, onuň üstesine-de, ol Annanyýazyň daýysydy, Artyk hanyň aýaly Aýnabat ejäniň uly doganydy. Ýöne Artyk han bilen Babahanyň ýakynlygy bu garyndaşlyk sebäpli däldi, garyndaşlygam, dostlugam gaty aňyrdandy, Babahan baý bilen Artyk han ýaş ýigit wagtlary birnije söweşlere bile gidip, gylyç syryp, ganly, gowgaly günlerde synagdan geçen adamdy. Käte Babahan baý: «Men Artyk hana ömür bergidar, ol meni ölümden alyp galdy» diýip nygtardy. Artyk han Babahan baýy nirede, nähili ýagdaýda ölümden alyp galdy, ine, bu Annanyýaza syrlydy. Bu hakda Babahan baý-a gürrüň bermeýärdi, Annanyýaz hem aýgyt edip sorap bilenokdy. Ýöne olary birleşdirýän zat, Annanyýazyň çaky boýunça, ýürekdeşlik bolmaly. Sebäp Babahan baý gelse, kakasynyň süňňi ýeňleýär. Özem olar ýazylyp-ýaýrap, şeýle bir hoşwagt söhbet edýärler welin, olaryň haçan ýatýandygyny-da biler ýaly däl. Ýarygijede-de olaryň gürrüňleri tükenenok. Özem olar hökman awa çykýarlar. Bir hepde çemesi awda bolup, göwün solpusyndan çykyp gelýärler. Bu sapar nähili bolarkan?! – Annanyýaz jan, tüweleme, tüweleme! Batyr kakamy gören ýaly bolaýdym... Ýene Alla ýarym garyş boý berse... – Näme, baý, oňa suw boýlatjakmy? – diýip, Artyk han güldi. – Suw boýlatjak däl, ýöne sähelçe ösäýse, Taňryguly batyr bolaýjak, tüweleme! – diýip, Babahan baý dessura görä «tüf, tüf» diýdi. Ejesi öýdeniçerlere siz oturyberiň diýip, ogly Annanyýaza ilki elin çaý, yzysüre-de, elin naharyny getirdi. Ene mydama ýalňyz ogluny, göýä hiç kime ynanmaýan ýaly, özi elin naharlardy. Ýöne onuň bu yhlasy ynanmazçylykdan däldi, bu enäniň küýsegidi. Artyk han bilen Babahan baý bolsa Annanyýazyň gelmegi bilen arasy kesilen gürrüňlerini dowam etdirdiler. Babahan baý ýuwaşjadan hälki aýdyp oturan gürrüňine başlady: – Aç gaplaň kowalaýarmyş. Pygamber gaçýarmyş, gaplaň kowýarmyş. Görgüli Allasyny-da çagyrmaga ýetişmeýärmiş. Şol gaçyp barşyna ýol hem gutaraýýar. Anha, alnynda bir kert gaýa, aşakda hem deňiz möwç urup tolkunyp ýatanmyş. Pygamber Allany çagyryp, deňze towusjak bolýar weli, görse, deňizde hem saňňy-saňňy dişlerini ýalpyldadyp, mähnet bir adamhor balyk agzyny açyp duranmyş. Pygamber Allany çagyryp, towsupdyr balygyň agzyna. Pygamber balygyň hatap ýaly agzyna ýetip barýarka, perişdeler kakyp alyp asmana bakan äkidýär. Pygamberden soraýarlar: «Sen yzyňda gaplaň – bir ajal, öňüňde çaýkanyp ýatan däli deňiz, agzyny açyp duran balyk, näme diýip, balygyň agzyny saýladyň?» Pygamber: «Gaplaň haramdyr, wagşydyr, balyk halaldyr, men ölümleriň içinden halalyny saýladym» diýip jogap beripmiş... Men, Artyk, soňky döwür halallyk bilen haramlygyň diwary gowşapdyr, garym-gatym boljak bolup dur diýmekçi bolýan. Pul, baýlyk öňem-ä bardy, ýöne onuň üçin syrtyny ýalaňaçlajak ýokdy. Soňky döwür pul türkmene-de hökmürowan bolup ugrady diýmekçi bolýan. – Haý, Babahan, wawwaly ýerden bardyň... – Gökdepeden öň-ä juda bir beýle däldi, türkmeni türkmençilik, ynsap dolandyrardy. Türkmen üýtgedi. Türkmen juda üýtgedi. Türkmen öňki türkmen-ä däl. Artyk, bize näme boldy? Bir salym dymyşlyk peýda boldy. Artyk han, yzyndan Babahan baý, yzyndan Artyk han ýüzi gyrawlap duran, köpürjikli düýe çalyny içdiler. – Babahan, sen mamla! Gökdepeden soň türkmen üýtgäp ugrady. Dogrymy aýdaýyn, men bu hakda köp oýlanýan. Durmuş iman, ynsap akymy bilen giderdi. Indi akaba emele, tilsime, pula öwrüldi. Bu gün şu üç zat durmuşy durmuş edýär. Türkmen üçin, türkmeniň türkmenligini, aňyrdan gelýän durkuny saklamagy üçin täzelik bu. Adam herki zada öwrenişýär, biz-de öwrenişeris. Men bir zady anyk bilýän: türkmeniň zalymy ýaly zalym, türkmeniň ýagşysy ýaly ýagşy bolmaz... Öňki döwri ýatla, Babahan, heý syrgyn arasynda, ýa oba arasynda uruş-goh bolup, adam öldürilen ýeri barmydy? Bolmazdy. Ýaş ýigitler toýda-tomguda sözleri azaşyp, iki tarap bolup uruşsalar-da, endamyň gurşugyny ýazyp, tamam bolardy. Ýaşulular ýaraşdyrardy, iki tarapam. Bolany!.. Gökdepeden soň, ine, şu Gypjak obasynda maýdaly-irili özara uruşda ölenler on üç adam! On üç adam! Obaň arçyny bolup oturyp, obadaşymyň hiç birisini ak patyşanyň žandarmeriýasynyň öňüne salyp goýbermek islämok. Onsoň egnime gaty uly günä-sogaby almaly bolýan. Şol goh-dawalar, göwnüme bolmasa, aşaklyk bilen ýörite edilýän ýaly bolup dur. Gözüň bilen görüp, eliň bilen tutmasaň, şeýtdiňiz diýip aýdyp hem bolanok. Şeýle bir çökder-çökder göçümler edilýär welin, teý akylyňa sygar ýaly däl. – Haý, Magtymguly aga aýtmaýarmy: «Dünýä ýüzi ýetmiş iki bölekdir, Bir bölekden goşma özge bölege» diýip. Soňky döwür azgynlyg-a köpeldi, ynha şony bendesiniň ýanynda hem aýdyp biljek, beýlekisiniň ýanynda hem. Ozallar her obada bir ýa iki neşebent bolardy. Olaram garry-gurty ýa söweşde murdar ýaralanyp, öljegi aýan bolan adamlardy. Indi her obada aýalyň aýbaşy esgisi ýaly hapa adamlar – nije arak içýän, nije humarbaz, nije tirýeki bar... – Entek näme görýäň, Babahan. Bu zatlary iliň öňüne düşeňde biler ekeniň. Obaň garamaty gerdenimde bolansoň, günde-günaşa görüp-bilip ýörün. Hanha, Nury gyşyk öýünde humar oýnadyp, meýlis gurup başlady. Bir ýola öýe çagyryp aýtdym, ikinji ýola üstüne baryp aýtdym, goý pis işiňi diýip. Üçünji gezek ýaşululary, kethudalary jemläp aýdyp gördük, etmedi. Men hem obadan göçürmeli diýip perman çykardym. Perman çykardym, emma Nury gyşygy obadan çykaryp bilmedim. Uýezdde «Bolanok, sen onuň işini diňe žandarmeriýa berip bilýäň» diýdiler. «Onuň öýünde žandarmyňam, harbylaryňam, köplenç, gelip humar oýnaýar» diýýän. Uýezd ýolbaşçylary arçyny däl-de, Nury gyşygy goraýarlar, goldaýarlar. «Şonuň bilen deň bolmasana, görmedik bolaýsana» diýýärler maňa. Talap edýärler. Arçyna näme çäre gör diýseň görjekler, ýöne Nury gyşyk tetellileriň welin, towugyna tok diýmek bolanok. Onsoň Nury gyşyk arçyny äsgerenok, permanyna-da pitiwa edenok. Sebäbi ol uýezd ýolbaşçylary bilen bir adam. Onsoň, pikir edip gör. Hökümet ýagşylyga, imana däl-de, haramylyga ýol berýär, meçew berýär. Onsoň, türkmen görgüli üýtgemän eýsem nätsin?! – Kaka, hedaýat1 ýoluny unudan, abraý lybasyny taşlan Nury gyşyk ýalylar öýünde meýlis guraýar, lüle çekýärler, şerap, arak içýärler. Žandarmeriýa-da olary gapjaýar. Iki-üç gün gözenege dykyp hem boşadyp goýberýär. Ýok, olary ýöne boşadanoklar. Olar hökümediň jansyzy, içalysy bolup gaýdýarlar. Ine, onsoň Gypjakda asgyrsaň, Aşgabatda özüňden gowy bilip oturandyrlar. Olar pis pişesini ýöretjek bolup, adamsatar hem bolýarlar... – Ynha, gepiň dürsüni Annanyýaz aýtdy – diýip, Babahan Annanyýazyň gepini makullady. Garrylygyň togsan dokuz alamaty bar diýýärler. Şol togsan dokuz alamatyň birem zeýrenjeňlik bolmaly. Annanyýaz kakasynyň, daýysy Babahan baýyň zeýrenmesine gynandy. Allatagalanyň eçilen döwründen, eçilen ýaşaýşyndan zeýrenmek külli günä. Allatagala bizi rast şeýle döwürde dünýä inderdimi, diýmek, biz şu döwürde ýaşamaga mynasyp adamlardyrys. Bu ýaşaýşy maňlaýyňa sylmaly. Zeýrenmek Haktagala hoş gelmez. Nähili döwür, nähili ýaşaýyş bolsa, şony bolmalysy ýaly, Allatagalanyň peşgeşi hökmünde kabul etmeli. Göýä Annanyýazyň içki pikirini aňlan deýin: – Goýalyň olaryň gürrüňini, şol pisleriň adynam tutmalyň, umytly ojakda gürrüňinem etmäliň – diýip, Artyk han sag goluny herekete getirdi. Artyk hanyň bu gürrüňi goýalyň diýmesiniň sebäbi bardy. Ol sebäp hem durmuşdan, ýaramaz adamlardan zeýrenilse, oglunyň halamaýanlygydy. Näme diýse-de, sesini çykarmaýan Annanyýaz birem däl, hakyt iki gezek kakasyna sypaýyçylyk bilen «ýalňyşýandygyny» ýaňzydypdy. Artyk hana gönülemek gerek däl, ol sähel yşarat bolsa-da aňyp dur ahyryn. Artyk han oglunyň dünýäsine düşünýärdi, ol dünýägaraýyş bilen ogluna durmuşyň gaty agyr düşjegini-de aňlaýardy. Aňlamaz ýaly däl: ylym-kitaby dünýä hemem ýalaňaç dünýä ýer bilen Çozgundag gerşi ýaly parhly. Ýöne Artyk han oglunyň garaýşyny özüniň üýtgedip-özgerdip bilmejekdigini aňypdy. Elbetde, oglunyň garaýşyny Durmuşyň özgertjegine ynanýar hem bu ynanjyna hopugýar. Eý, Hudaý jan, durmuş öwretsin, ýöne müçükdirmän, maýyrman, beterinden beterine sataşdyrman öwretsin! Çünki Annanyýazyň kalby durmuşa çykjak gyzyň aýnasy deýin arassa, päk, näzik. Ol diňe sünnetlere hem mustahaplara (sogap işlere) sygynyp ýaşaýar. – Hawa-la, ýagşy ruhlaryň gezelenje çykan çagy ýagşy gürrüň edilse gowy! – diýip, Aýnabat eje-de adamsynyň sözüni makullady. Annanyýaz kakasy bilen Babahan baýa seredip, edilýän degdim-gaçdym gürrüňlerden çen tutup, aralykda nämedir bir zadyň bardygyny duýdy. Sebäp oturanlar näme gürrüň etseler-de, ýürekden däl-de, ýöne bir dymyp oturmazlyk üçin edilýäne meňzeýärdi. Esasy gürrüň, meger, başga bolmaly. Bu ýerde uly bir mesele bolmaly. Babahan baýyň bu gürrüňler üçin Bäherdenden ýöriteläp gelmejekdigini Nyýaz gowy bilýär. Onsoňam, Babahan baýyň üç günläp myhman bolup gidenine entek on günem bolanok. Ol geçen sapar Nyýazyň okuwdan geleniniň hormatyna maşgalasy, çagalary bilen gelipdi. Elbetde, olar Nyýaz okuwdan gelende toý edenlerinde hem gelipdi, ýöne toýda arkaýynçylyga didarlaşyp bolýarmy näme! Babahan baý toýda çagalary bilen üç gün myhman bolupdy. Mundan on gün öňem gelip, üç gün myhman boldular, Aşgabada baryp geldiler. Babahan baý bu gezek ýeke gelipdi. Ýa Aşgabada iş bilen geläýdimikän? Annanyýaz özüne aýdylmaýan bir gürrüňiň bardygyny açyk duýýardy. Sebäp näme hakda gürrüň edilse-de, gürrüň gyzyp gidiberenokdy. Kakasy bilen Babahan baýyň degdim-gaçdym gürrüň edip oturan wagtlary ýok ahyryn, olar mydama göçgünli söhbet gurýarlar ahyryn! Aýnabat eje uly mejimede palow getirip goýdy. Bugaryp duran palowy görüp, Annanyýaz uzynly gün ylgap, ýadandygyny, ajygandygyny duýdy. Kakasy bilen Babahan baý ýaňy naharlanandyklaryny aýdansoň, Annanyýaz palowy ýeke iýmeli boldy. Onuň şeýle bir iýesi geldi: palow Aýyň ýagtysyna lowurdap görünýärdi. Ýöne ýaşulularyň ýanynda edep saklap, birki gezek iýdi-de, mejimäni ejesine uzatdy. Babahan baý palowçyldy. Şonuň üçin Aýnabat eje dogany gelende derrew palow bişirmegiň ugruna çykardy. Özem palow bişirmegi hiç kime ynanmazdy. Babahan baý şeýle bir palow iýerdi welin, dok hem bolsaň işdäň açylyp iýesiň gelibererdi. Özem Babahan baý her sapar palowyň taryhy hakda gürrüň bererdi. Onuň gürrüňlerini ençeme gezek diňläp-diňläp ýat tutupdylar. – Hezreti palowyň döreýşiniň taryhyny siz bilýän dälsiňiz – diýip, Babahan baý her gezek gürrüňiniň başynda gürrüňini süýjütmek üçin dymardy. – Men bolsa bilýän, isleseňiz, gürrüň bereýin. – Hiç kim «Gürrüň ber» diýmän dymardy, dymyşlygy Babahan baý haýyş hökmünde kabul edip gürrüňine başlardy: – Biler bolsaňyz, hezreti palow aşy oýlap tapan, döreden ibn Sinadyr, ýagny Lukman Hekimdir. Lukman Hekim bu tagamy derman hökmünde döredipdir. Hakykatdanam palow dermandyr. Onuň ilki ady «palowaş». Palowaş sözüniň her harpy bu tagamy bişirmek üçin gazana salynýan zatlaryň baş harplaryndan alnan. P – harpy pyýaz, ýagny sogan sözüniň baş harpy; a – harpy aýaz, ýagny käşir sözüniň baş harpy; l – harpy lahm, ýagny et sözüniň; o – harpy olio, ýagny ýag sözüniň; w – harpy wet, ýagny duz sözüniň; a – harpy ab, ýagny suw sözüniň; ş – harpy hem şaly, ýagny tüwi sözüniň baş harplary...» Babahan baý bu sapar palowaşyň taryhyny gürrüň berjek bolmady. Ol töwir etdi. Ol Annanyýazyň birki käse çaý içip, nepesini durlaryna garaşdy. Annanyýaz çaý içip bolansoň: – Nyýaz, daýyň seni alada edip, ýörite gelipdir – diýip, Artyk han ogluna ýüzlendi. – Hawa, hawa, düýn eşitdim. Eşidibem haýýatym göçdi, dessine bäri ugradym. Heý, onuň ýaly-da bir iş ederlermi, Nyýaz jan?! – Ýalňyşmasam, gürrüň Abdylla barada barýar? – Adyny näbileýin men. O tetelli mahlukdan adam bolmaz, beýlekem. Seniň arkaňda Alla bar, seni Alla gorapdyr, ýogsam geleňsizligiň sebäpli nämeler bolsa bolardy. Gel, boljak iş boldy diýeli, hemme zat gowulyk bilen gutarypdyr. Soňundan seniň ol pelidi türmeden çykarmaň näme? Ýanyňa aljak bolmaň näme? Men-ä Artyk hana-da düşünemok: «Annanyýaz ýaş oglan däl, etjek işini bilýändir» diýýär. Heý, bilýäniň etjek işimidir bu? Babahan baý gürledigisaýy gaharlanýardy, gaharlandygysaýy hem sesine agram berip gürleýärdi. Annanyýaz öýdäkileriň ählisiniň Babahanyň gürrüňini durşy bilen gulaga öwrülip diňleýändigini aňdy. Ejesi görnenok welin, Annanyýaz çak bilenräk ejesiniň duran ýerini anyklady. – Daýy, meniň bir ynanjym bar: meniň bilen ýüzbe-ýüz bolup, ýüregime, kalbyma diň salyp, maksadyma düşünip, soň maňa el göterip bilýän bolsalar, onda meniň bu dünýäde ýaşanymyň ähmiýeti ýok. – Heý, mundanam bir gürrüň bolarmy?! Sen nä pygambermi? Beýle sada gürrüň etme! Özüň üçin ýaşamasaňam, sen diýip ýaşap ýören kakaň üçin, ejeň üçin özüňi gora. Ýok et töwekgelligiňi. Sen entek durmuşy bileňok. Durmuş kitapda ýazylyşy ýaly däl. Onsoňam sen hakyky adamlaň gürrüňini edýäň, Nyýaz. Köpegiň guýrugynda ýag hem güýç bolmaýşy ýaly, o tetelli pelitlerde ynsap-sahawat, adamçylyk, ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap bermek diýen ýaly zatlar bolmaýar. Wah, olar emr we nehiý1 zatlary-da bilýän adamlar däl-ä. Gepiň küle ýeri, o pelitler adam däl. Pul üçin metjidi otlajak pelitler bar. Pul üçin perişdäni kerçim-kerçim edip öldürjek pelitler bar. Özem şeýle adamlar türkmende bar. Düşün, sadagaň bolaýyn! Bagdatda okan zadyň bir ýaňa, ýalaňaç durmuş bir ýaňa. Men başda ýöne ýere puluň gürrüňini etmedim. Men ol gürrüňleri durmuşa çuň düşünmegiň üçin etdim. Kakaň bilen ejeň ömürleriniň bar manysy sen bolmaly, 1 Emr we nehiý – Allatagalanyň buýruklary we gadagan eden zatlary. sen öýli-işikli, çagaly-çugaly bolup, bularyň tekgesi bolmaly, sen bolsa ömrüňi töwekgellige salýarsyň. Bu dünýä adam bendesiniň hakyly ýetmeýär, bu dünýä biziň pikir edişimiz ýaly däl. Dogry dälmi, Artyk?! – Gaty dogry aýdýaň – diýip, Aýnabat bike oturanlara ýakynlaşdy. – Artyk, ýa sen ogluň pikirini unaýaňmy? – Annanyýaz indi kämil çykan ýigit, ederini özi biler. Üç ýaşar at sygyryp suwa ýakylmaýar. – Wah, ol-a kämil çykan ýigit eken, adamyň bütin ömrüne akyl-maslahat gerek. Bize-de akyl gerek. Köp gerek. Annanyýaza kylanyňy kyl diýip, ugruna seretmezlik bolmaýar. Artyk, ine, şu ýerde ikimiziň aýry-aýry adamlardygymyzy duýýan, başga ähli meselede biziň pikirlerimiz bir çykýar. Häzir zamana çatanak ahyryn, Artyk, sen ogluňy bile-göre ajalyň eline berme. – Annanyýaza hiç zat bolmaz. – Sen nireden bilýäň hiç zat bolmajagyny. Gara şaýy üçin adam öldürmegi it öldürençe görmeýänler kän ahyryn bu zamanda. Kimiň durmuşy gowy bolsa, şonuň duşmanam kändir. Gowy ýaşaýaňmy, diýmek, saňa göriplik edýän, ýigrenýän hökman tapylar. Bu durmuşyň kanuny. Goý, sen ömrüňde ýekeje adama ýamanlyk etme, diňe ýagşylyk et, seni, ilki bilen, ýagşylyk edenleriň ýigrener. – Babahan, sen-ä dünýäni gapyşdyrdyň... Annanyýaz gürlemeli däldigini, Babahan baý bilen düşünişip bilmejekdigini aňdy. Onsoňam özüňkini dogry, özgäniňkini nädogry hasaplap oturmagam dogry däl ahyryn. Babahan baýyň diýýänleri dogry çykdy ahyryn. Annanyýazyň pikiriçe, Abdylla sadyklyk bilen boýun sunmalydy, Annanyýaz üçin ölüme gitmeli bolsa-da ikirjiňlenmezden gitmelidi. Abdylla nätdi? Ol Annanyýazyň ynamyndan peýdalandy. Türmeden çykdy. Onuň üçin sagbolam-a aýtmady. Annanyýazyň beren atyny münüp, gije zut gaçdy. Onuň gaçandygyny eşidende Annanyýazyň ýüregi urmasyny birsalym goýdy. Annanyýaz dem hem alman, doňan dek esli durdy. Aşgabada gidende, Aşgabatdan gelýärkä Annanyýazyň öňünde bir pikir köwsar urdy: «Ynha, öýe bararyn, barsam, öňümde Abdylla başyny aşak salyp durandyr. Ol meniň ýanyma gelip: «Gaçyp gidenim üçin günämi geç. Käbir adamlar bilen hasap-hesibim bardy, şol hasabymy geçip geldim. Indi galan ömrüme men seniň sadyk guluň boljak» diýip, aýagyna ýykylmalydy. Ol öýdeniçerden: «Abdylla gelmedimi?» diýip, howlukmaç sorady. Öýdeniçeriň baş ýaýkamasy Annanyýazyň bar umydyny puja çykardy. Şol günüň ertesi bolsa Abdyllanyň demirýoluň gyrasynda bukulyp, Annanyýazyň gelerine garaşandygyny, onuň ýanyndaky üç janpenanyň bardygyny görübem zut çöle siňip gidendigini habar berdiler. Bu habar Annanyýazy oýa batyrdy. Abdyllanyň özüni gapyllykda ýoklamak isleýändigine düşündi. Onda-da aňyndan Abdylla aýrylmady. Onuň özüne düşünmegini, wepaly janpenasy bolmagyny juda isledi. Aldanmak erbet, ynamyňda aldanmak iki esse erbet. Nyýaz ölümden gorkanok. Ýok, ol ähli zatdan beter kakasyndan öň ýogaljakdygyna, kakasynyň bu urga çekip-çydap bilmejekdigine gynanýar. Adam görgüli bu dünýäni akylynyň ýetişiçe görýär. Adam görgüli bu dünýä akylynyň ýetişiçe düşünýär. Gör, näçe akyldarlar bu dünýä akyl ýetirjek bolup, akylyna çolaşyp geçip gidipdir. Seýdiniň «Kim bar diýse, şu dünýäniň wepasy, Akmakdyr, tentekdir, dälidir däli» diýip odanmasy ýöne ýere däl. Köňül beren dünýäsiniň biwepalygynyň, ýowuzlygynyň odanmasy. Akyl ýaşamaga päsgel berýär. 2. Babahan baý ölemen awçydy. Artyk han Bäherdene baranda ony hökman awa äkiderdi. Olar bir hepde aw ederdiler. – Erkek kişi mahal-mahal awa gidip gan görüp durmalydyr. Gan görmeýän erkek zenanlaşýandyr – diýip, nygtamagy Babahan baý gowy görýärdi. Bu türkmende ata-baba gelýän ynanç. Annanyýaz bu ynanjyň ýöne ýere döremändigine, hakykatdygyna ynandy. Annanyýazyň göwnüne bolmasa, bu günki awa gidişlik diňe özi üçindi. Iki goja Annanyýazyň howsala, dowla düşmezligi üçin ýörite awa çykýan ýalydy. Awda iki goja, gör, ýene Annanyýaza öwüt-ündew etjekdirler. Ähli aýdylmaly zatlar aýdyldy ahyryn. Indi näme aýtmak isleýärkäler?! …Annanyýaz kakasy bilen Babahan baýyň yzyndan boz bedewini maýdalyna sürüp, baýyrlara, uzaklara seredip barýardy. Göwnüne bolmasa, haýsydyr bir baýryň depesinden ajaly – Abdylla zompa çykaýjak ýalydy. – Annanyýaz! – diýip, Babahan baý çalaja üzeňňä galyp, yzyna öwrüldi-de, Annanyýaza ýüzlendi: – Sen ýeke dälsiň. Abdylla ýaly pelitleri saňa ýakynlaşdyrmarys, gaty arkaýyn bol. Ol nejisi özüm elin öldürerin. Türkmeni öldüreni üçin türkmene ak patyşa hiç zat diýenok. Gorkmagyn! – Men gorkamok, daýy! – Annanyýaz çasly aýdan bu sözüne çalaja gyzardy. Bu sözüni kakasynyň halamazlygynyň mümkindigini Annanyýaz hakydasynda aýlady. Şonuň bilen gürrüň gutardy. Ýol daga barýardy. Hanha, topardan öňde üç tazy – Garagulak, Algyr, Ýolbars barýardy. Olar basalaşyp oýnaýardylar, atlar ýakynlaberende bolsa, ýene öňe okdurylýardylar. Tazylar baýyrlaryň ýüzüni ysgap aw gözleýärdiler. Peýwagtyna oturan guşlar olar ýakynlaberdigi güsürdeşip asmana göterilýärdi. Artyk han tazylaryň bolşuny, asyl tazylaryny biçak eý görýärdi. Tazylaryna ýal berlişine, köplenç, özi esewan bolardy. Awa gitjek güni ýakynlaşdygysaýy Artyk hanyň aladasy artardy, tazylaryň idisini artdyrardy. Tazylaryň ýokary towsuşlary Artyk hana hasam hoş ýakardy. Aýnabat eje welin, adamsynyň tazylaryň ýanynda görünmegini asla islemezdi. Ol diýmesine hiç zat diýmezdi, ýöne onuň bolşundan Artyk han duýardy. Artyk han niçik tazylaryň ýanyna bardygy Aýnabat eje rahat oturyp bilmezdi. Töweregine garanjaklap nähilidir bahanajyk agtarardy. Ýa özi kesellän bolardy, ýa içerde bir garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykardy. Ýa kimdir biriniň agyr näsagdygyny ýatlap: «Kakasy, pylany neresse «Artyk han görünmedimi?» diýip zordan soranmyş, görgüli soňky demini alyp ýatyrmyş, şonuň halyndan habar alyp gelseňiz-ä gowy boljak, ýaňyja ogly gelip, Artyk han biziňkä baryp gaýdyp bilmezmikä?» diýip ýalbaryp gitdi. «Ýaňyja-da öz-ä size gitjek bolup otyrdy» diýdim men-ä. Ýa-da Artyk hanyň gowy görýän adamlarynyň biriniň yzyndan öýdeniçerleriň birini ugradardy. «Bar, Artyk han gyssagly çagyrýar. Nahary ýeke iýesim gelenok, maňa ýoldaş bolsun diýýär diýdi» diýmegini tabşyryp, dessine biş-düşüň aladasy bilen bolardy. Aýnabat eje aw etini onçakly halap baranokdy. Özi hiç wagt aw etinden datmazdy. Aw nahary üçin gazany, çanak-çemçesi aýrydy. Ol bu zatlary Artyk hana duýdurman ederdi. Özi aw etiniň ýanyna aňsat-aňsat barmazdy. Aw etinden dürli tagamlary taýýarlaýan aşpez bardy. Aşpez öýden aýry duran myhmanhananyň gapdalyndaky aşhanada tagam bişirerdi. Ol bu bişirýän tagamlaryndan Aýnabat ejä hödür hem etjek bolmazdy. Hödür etse, özüniň halanmajakdygyny bilip duran aşpez näme üçin hödür etsin. Artyk hanyň iki sany elguşy – laçyny bilen garçgaýy hem bardy. Bu iki elguşuň idisi hemem üç tazynyň idisi üçin Nepes joş ýörite meşgullanýardy. Nepes joş Artyk handan bäş-alty ýaş kiçidi, boýy kelteräk bolsa-da, daýaw, deşli göwresi durşy bilen dogumdy, gujurdy. Ol diňe awuň dünýäsi bilen ýaşaýardy. Aw hakda gürrüň edilende dünýäni unudardy hem göwni göterilse, ýekedyz oturyp, aw bilen baglanyşykly wakalary joşup-joşup gürrüň bermäge başlardy. Onuň berýän gürrüňleriniň baş gahrymany – baş awçysy Artyk handy. Nepes joş has joşanda, gürrüňe gyzyk bermek isleýändir-dä, elbetde, gürrüňine ýalanam goşup goýbererdi. Nepesiň çala ýalan garyndyly gürrüňlerini gülüp, hezil edip, Artyk han diňlärdi. Onuň adyny mydama awçy diýip tutardy. Nepes joş yzdan hyzmatkärler bilen gelýärdi. Ol ähli kişiden yzdan çep elinde garçgaý göterip gelýänem bolsa, aňy gaty öňdedi. Nepes joş eýýäm hyýalynda deräň içindedi, awa başlapdy. Kimiň näme etmelidigini hyzmatkärlere görkezme berişdirýärdi. Iki sany dag goçy bolsa gapdalynda eýýäm ýatyrdy. Halypa bilen myhman biraz gezim edýänçä, düşege geçýänçä atylan dag goçundan şara edip ýetişmeli. Eger oňa ýetişmeseň, seniň awçy lakamyny götermäge hakyň ýok. Awçy awy arassalamaga, onuň gerekli ýerinden kakmaç taýýarlamaga ezber bolmaly. Annanyýaz Bagdatdan geleni bäri üçünji gezek awa barýar. Olar öň her gezek bir hepdeläp awda bolupdylar. Soňky gezek ol kakasy bilen Çozgundag gerşine çykypdy. Annanyýaz tanyş baýyrlara seredip barýardy. Daglar adama rahatlyk berýär. Daglar beýik. Daglar beýikligi bilen rahatlanmagy, dymmagy, giň bolmagy kalbyňa guýýar. Dagda bolup geleniňden soň dag giňligi seriňden aňsat-aňsat aýrylmaýar. Annanyýazyň nazary birden çep tarapda doňup galdy. Hanha, baýyrlaryň aňyrsyndan görünýän beýik baýyryň üstünde bir atly kişi dur. Ol atly Abdyllady. Annanyýaz boz bedewine gamçy çaldy. Sähel salymda Annanyýazyň bedewi topardan saýlanyp, Abdyllanyň görnen tarapyna süýnüp gitdi. Nämäniň nämedigine derrew düşünen Durdy kalaý Rejep bilen Annanyýazyň yzyndan at goýdy. Artyk han bilen Babahan göýä hiç bir zady duýmaýan dek, göz astyndan giden ýigitleri synlap, äwmän barýardylar. Olar biri-birinden içki howsalasyny ýaşyrmaga, giňlige salmaga çalyşýardylar. Ýöne ýigitler uzaklaşansoň çykan tüpeň sesi diňe bir iki gojany däl, ýöräp barýan atlary-da ürküzdi. – Boş ok! – diýip, Babahan baý öňe seredip barşyna seslendi. – Dogrudanam, ok boş geçdi. – Ok nyşana degende sesi häzirki ýaly şaňňy bolmaýar, sesi güňlenç bolýar, özem gysga bolýar. Aňsat hem ýaňlanmaýar. Gara möjekden habar ýokmy? Şoňa aýtmaly: goý, tapsyn, kerçim-kerçim etsin. Ol pelidi hökman, hawa, hökman öldürmeli. – Aý, ýok, Gara möjege aýtmak bolmaz. Goý, ol ganhoram bolsa ölmesin. – Ýok, ýok, Artyk, ol pelidiňki diňe ölümdir. Gara möjek nämäniň-nämedigine düşünse, etmeli işini özi biler. – Ölse-de, daşrakda ölsün. Bizden bir tapmasyn. Ölümine biz bir sebäp bolmaly onuň. – Ine-dä, biz türkmenleň bolşumyz. Pelidiň pälinden başga bir ýerde tapmagyny isleýäs. Beýle geçirimlilik etseň, ertirki gün depäňi hapalarlar. Artyk han sesini çykarman Annanyýazyň giden tarapyna seretdi. Annanyýazyň ýigitleri bilen gelýändigini görüp, biraz rahatlandy. Annanyýaz başyny aşak salyp, topara goşuldy. Ol iş bitirmän – Abdyllany ele salman gelşine utanyp, örtendi. Näme diýjegini bilmedi. – Hiç ýerde ýok, edil ýere giren ýaly – diýip, Durdy çozgun Annanyýazyň diýip bilmedik sözlerini aýtdy. – Wah, şol ýere giräýse bolmajakmy? Onuň ýaly pelide Ezraýylam elini hapalamaz eken – diýip, Babahan baý ahmyrly dillendi. Olar jülgä baryp girenlerinde Gün daglaň aňyrsynda galypdy, jülgede Günüň batany duýulýardy. Jülge salkyndy. Hana oýtakda, dört-bäş adam görünýär. Olar öňden goş-golamlary araba ýükläp gaýdan Allanyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatçy topar bolmaly. Olar eýýäm üç çadyr dikipdirler. Odun ýygnap ýetişipdirler. Depe bolup duran odunyň gapdalynda belentden ot ýakypdyrlar, düşek ýazylypdyr. Teke halysynyň owadandygyny görsene! Dünýä gowyny tanaýar. Dünýäň köp-köp köşklerini teke halylary bezeýär ahyryn. Hawa, oduň daşyna hem älemgoşar düşelen ýaly lowurdap dur. Gözýetimden kakmajyň ýuwdundyrýan ysy gelýär. Düşlegdäkiler edip oturan işlerini goýuşyp, gelenleriň öňünden çykdylar, atlaryny tutdular, Annanyýaz Dagaran atly bedewinden towsup düşdi-de, ilki kakasynyň, soň Babahan baýyň atdan düşmegine tekge berdi. Artyk han düşlegdäkileriň hal-ýagdaýyny soraşdyrdy, soňam çadyryň ýabaly agajynda oturdylan laçynynyň kellesinden başlygyny aýyrdy. Laçyny eline aldy. Ýüreginiň üstünde goýup, onuň ýürek urgusyny diňledi. Nepes joş garçgaýyny göterip, ylgap Artyk hanyň ýanyna geldi: – Bir zat bolupmy, han aga? – Bolan zat ýok, ýöne laçyndan awa taýýarmy-dälmi, şony soraýaýyn diýdim. – Awa taýýar-la, bulara geregi aw. – Annanyýaz, laçynyň ýüregini diňläp gör, näme diýýär – diýip, Artyk han elindäki laçyny başlygy bilen ogluna uzatdy. Laçyn ürküp, alapasyrdy turuzdy. Nepes joş çalasynlyk bilen laçyny eline aldy. Artyk han hezil edip güldi: – Elguşuň senden ýadyrgaýar, nädip aw etjek-how sen? Entegem özüňe öwrenişdirmänsiň-ä. Annanyýaz özüni aklamak üçin: «Öz-ä elguşlar maňa öwrenişipdiler» diýmekçi boldy, ýöne özüni aklamagy sadalyk saýyp, dymdy. Özüňi aklamak günäňi boýun almazlyk ahyryn. Annanyýaz laçyny Nepes joşdan aldy, laçynyň ýüreginiň urgusyna diň saldy, soňam laçynyň başlygyny geýdirdi. Artyk han ellerini hereketlendirdi, «Laçynyň başlygyny geýdirme, goý, ol biraz başlyksyz bolsun» diýmekçi boldy, ýöne ol bu pikirinden el çekdi. Kakasynyň bir zatlar diýmekçi bolandygyny aňan Annanyýaz laçyny Nepes joşa berdi: – Kaka, maňa bir zat aýtmakçy bolduňyzmy? – Ýok, ýok, näme edesiň gelse ediber. Bu gezek Babahan ikimiz seniň myhmanyň. Şeýle dälmi, Babahan? – Çozgundagda ak pata beren bolsaň, indi Annanyýaz näme etse, biz lepbeý diýmesek bolmaz. – Babahan baý göwnüjoşluk bilen ýylgyrjaklady: – Artyk, hany, indi näme edeli? Şeýdip duralymy, ýa düşege geçiberelimi? Ýa biraz gezim edip, soň düşege geçelimi? – Ony näme üçin menden soraýaň? Ony Nyýaz jandan sora. – Hä-ä! Nyýaz jan, biz näme edeli? – Siz, ine, şu adamlaň arzyly myhmany – diýip, Annanyýaz hyzmat edip ýören adamlary görkezdi: – Biz siziň hyzmatyňyzda. Myhmanlarymyz tarhandyr. Näme etjek diýseler, ediberýärler. Biz myhmanlara görä bolarys. – Görýän welin, Nyýaz jan bize per berjek däl, ýör, biş-düş taýýar bolýança biraz gurşan aýaklarymyzy ýazaly – diýip, Artyk han Babahan baý bilen gezim etmäge ugrady. Düşlegdäkileriň serleri galady. Şadyýandylar. Obadan getirilen semiz işşek eýýäm böleklenipdi, börtme etmek üçin gazana salnypdy. Işşegiň jylka ýerlerinden kakmaç taýýarlanýardy. Nirede, haçan atylandygy belli däl, ýöne üç sany käkilik orta äberilmek üçin taýýar edilipdi. Käkilikler semiz eken, şeýle bolansoň, olaryň eti oduň ýagtysyna lowurdap, işdäňi açýardy. Annanyýaz kakasy bilen Babahan baýyň biraz gezim etmek baradaky pikirini öz ýanyndan makullady. Olar biraz gezim edýänçäler Annanyýaz düşlegiň ýagdaýy bilen tanşyp ýetişip biljekdi. Saçagy ol özi bilen getiripdi. Ol haýdan-haý oduň başynda kakasy nirede otursa, amatly boljakdygyny anyklady, şol ýere goşa düşekçe ýazdy. Hiç kime hiç zat öwretmegiň geregi ýokdy: her kim öz etmeli işini bilýärdi. Birinji gezek däl ahbetin! Kakaňa hyzmat etmekden lezzetli zat ýokdur. Kakaň her bir hereketi seniň göwnüňi dokundyrýar. Annanyýazyň kakasyndan gözüni aýrasy gelmedi. Oturanda-da, ýazylyp-ýaýrap gürrüň edende-de Annanyýaz kakasyndan gözüni aýyrmady. Kakasyna jany-teni bilen hyzmat edesi, ýaranasy geldi. Aslynda Artyk hana oglunyň ýaranjak bolmasy gerek däldi, oglunyň öz yzyna eýe bolmagy, aman-esenligi ýeterlikdi. Annanyýaz oduň başyna ýygnanyşanlary synlap, sesini çykarman otyrdy. Ol Artyk hanyň, Babahan baýyň gürrüňlerini diňleýärdi. Nepes joş agşam joşdy. Artyk han bilen ýaşlykda bu ýerlere güzer salyşlary, Taňryguly batyry aňk edişleri hakda joşup-joşup gürrüň berdi. Annanyýazyň bir gulagy mesawy gürrüňi diňleýän bolsa, bir gulagy daş-töweregindedi. Irden laçyn tebil tapdy. Garagulak gulaklaryny hüşerdip, garaňkylyga siňip gitdi. Ýolbars bilen Algyr onuň yzyndan eňdi. Annanyýaz geň galdy: ol laçynyň başlygyny geýdiripdi ahyryn, kimdir biri laçynyň başlygyny çykarypdyr. Ol nämäni bilmese-de, laçynyň awa çykjak gününiň bir gün öňünden başlykly bolmalydygyny bilýärdi. Ol mydama-da başlykly bolmaly. Laçyn ünsüni başga zatlara bölmeli däl. Ol dury nazar bilen awuna topulmaly. Onuň nazary dürli zatlara düşüp dursa, awa iniş takyklygy peselýär. Ol bu hakda diňe bir kakasyndan däl, Nepes joşdan hem ençeme gezek eşidipdi. Eger, şeýle bolsa, laçynyň başlygy gije näme üçin aýrylýar? Oturanlary goramak üçinmi? Awçylar günüň tüp yssysynda ýatmakçy bolanlarynda elguşlarynyň başlyklaryny aýryp, daňysyz goýýandyklaryny bilýär. Annanyýaz bir awçy ýatyrka üstünden gelen bir nätanşyň kelleçanagyny bürgüdiň paçak-paçak edendigini, elguşlaryň iň sak sakçylardygyny kän gezekler eşidipdi. Belki, laçynyň başlygy onuň sakçylyk etmegi üçin aýrylandyr?! Laçynyň tebil tapmagy bilen gürrüňiň arasy bölündi. Üç-dört kişi tazylaryň giden tarapyna atylyp gitdi.– Abdylladyr, garaňkylykdan peýdalanmak isleýändir – diýip, Nepes joş howatyrlandy. – O pelidi her etmeli-hesip etmeli ele salmaly, näme maksadynyň bardygyny bilmeli. – Maksady düşnükli onuň. – Annanyýaz ony tanamasa näme?! Heý, tanamadyk adamyň janyna kast edibermek bolarmy? Annanyýaz adamçylyk etdi. Ony türmeden boşatdy. Gowy bedew berdi. Indikisi näme onuň? – Kimdir biriniň elinde oýnatgy ol, kimdir biri oňa lomaýja pul wada berendir. – Kimkä şol lomaýja pul wada beren? – Wah, meniň ähli zatdan beter şony bilesim gelýär-dä. – Babahan baý garaňkylygyň içinde näme etjegini bilmän elewredi. – Men-ä Illew gübernatyrmyka diýýärin. Onuň Artyk hanyň abraýyna gözi gidýär – diýip, Durdy kalaý janykdy. Hiç kim onuň janykmasyna goşulmady. Annanyýaz duranlara duýdurman yza çekildi. Ol öňündäki kerkawlaryň arasy bilen depä tarap ugrady. Ol depä çykyp töweregine garanjaklady. Onuň bar maksady nirä barsa yzynda bukdaklap ýören Abdyllanyň gözüne ilmekdi. «Goý, atsyn! Meniň ölümim bilen bir zatlar üýtgeýän bolsa, goý, üýtgesin. Meniň ölmegim bilen kimdir birine gowy bolýan bolsa, goý, gowy bolsun» diýip, Annanyýaz öwran-öwran içini gepletdi. – Abdylla! Men bärde! Bukdaklap ýörme. Mende ýarag ýok! Gel bärik! – diýip, Annanyýaz gygyrdy: – Bar maksadyň meni atmak bolsa, gel bäri, at meni! Annanyýazyň sesi jülgede gat-gat bolup, birnäçe gezek ýaňlandy. – Annanyýaz, edýäniň näme seniň? Aşak otur! – diýip, Durdy kalaý zähresi ýarylan ýaly bolup gygyrdy. Ol Annanyýaza tarap ok bolup atyldy. Biraz wagtdan soň olar dolanyp geldi. Durdy kalaý adaty endigine görä dillendi: – Men aýtdym-a. Aýtdym-a men, Abdyllany hökman öldürmeli diýip. Meniň aýdanymy etmediň-dä. Durdy kalaýyň bu sözlerine ýagşydan-ýamandan hiç kim jogap bermedi. Artyk han oglunyň bolşuny halamady, ýöne hiç zat diýmedi. – Biziň tazylarymyz, laçynlarymyz bu töwerege keseki birini getirmez, siz arkaýyn oturyň – diýip, Artyk han ilki bolup aşak oturdy. Şondan soň meýlis uzaga çekmedi: ertir aladaňdan çykyljak awa taýýarlyk görüldi. 3. Artyk handa on sany tüýdük bardy. Ol tüýdükleriň ýolda nämedir bir zadyň aşagynda galyp döwülmezligi üçin demirden gaby bardy. Tüýdükleriň sugunyň, piliň süňkünden ýasalanam, gamyşdan ýasalanam bardy. Tüýdükleriň her birinden haýsydyr bir haýwanyň sesine meňzeş ses çykýardy. Artyk han ol tüýdükleri «Aldaw tüýdükler» diýip atlandyrýardy. Näme awlamak islense, on tüýdügiň içinden degişli aldaw tüýdügi alyp çalybermelidi. Haýsy haýwan azaşanda, höwürini agtaranda nähili ses edýändigini awçylar bilýärdi. Bu tüýdükleriň altysy Artyk hana kakasy Taňryguly batyrdan miras galypdy. Galan dördüsiniň ikisini Artyk hanyň özi ýasapdy, ikisini bolsa, hindistanly täjirden satyn alypdy. Eý, Hudaý jan, türkmeniň bilýän zatlarynyň köpdügine seretsene! Türkmen tebigatyň dilini bilýär! Üstüne Gün düşürip ýatýan janly-jandar ýok (Elbetde, adamdan başga!). Jahan entek oňly ýagtylyp-ýagtylmanka ähli guş-gumursylar saýraşyp ugraýar. Turaçlar saýranlarynda gulaklary eşitmeýär. Şonuň üçin daňdan diňe aw guşlary awlanýar. Günortan keýikler, aýraklar, dag goçlary güzere suwa gelýär. Günortan keýikler, dag goçlary awlanýar. Gün ýaşyp gelýän çagy towşan awlamaly. Awuň lezzeti awlan awyň etinde däl. Awuň lezzeti awuňa garaşyş pursatyňda, iň lezzetli pursatam awuňa topulyşyňda, awuňy tapyp ele salşyňda. Ýogsam Artyk hanyň süri-süri maly bar. Et mätäçligi ýok. Gep, kalbyňy dokundyrmakda. Gep, özüňden, öz dünýäňden çykyp, ganatlanmakda. Awda her awçy ganatlanýar. Awda her awçy hyjuwyny egisýär. Awda her awçyň dünýäsi tämizlenýär. Aslynda, Allatagala bendesini batyl hem wagşy edip ýaradypdyr. Adamyň manyly ömrüniň ählisi Allatarapyn berlen iki aýratynlygynyň üstüni örtmek üçin çalyşmadyr. Adamyň körlügi – bu dünýäni bilmeýänligi, ýanyndaky zatlary-da görmeýänligi, köp-köp zatlara düşünmeýänligi. Ýöne adam bende mydama bu dünýädäki ähli zatlary görenden bolýar, bu dünýädäki ähli zatlara düşünenden bolýar. Allatarapyn berlen wagşylyk sypatyny-da adam bende mydama ýaşyrmak üçin çalyşýar. Ol özüni wagşy däl edip görkezmek üçin çalyşýar, özüni ýagşy adam, wagşylyga garşy göreşýän adam edip görkezmäge çytraşýar. Adam wagşylykdan lezzet alýar. Aw adamyň wagşy hyjuwyny egismek üçin iň amatly çykalga. Awdan soň adam has rahatlanýar, has geçirimli bolýar, sahawatly, mylaýym bolýar, mährem bolýar. Nurana, ruhubelent bolýar. Bir hepdä çeken aw düşlegdäkileri biri-birine has ysnyşdyrdy. Abdylla, howsala aradan aýrylypdy. Düşlegiň gürrüňi käkilikleriň, dag goçlarynyň, keýikleriň nädip ele salnyşy hakdady. Garagulak, Algyr, Ýolbars hakda-da, garçgaýyň, laçynyň awuny kakyp goýberişi, her hili geň-enaýy boluşlary hakda-da näçe gürrüň edilse-de az ýalydy. Babahan baý her gün öýlän eline gazma dutaryny alyp, damana ýoluna başlardy. Ähli göçgünli gürrüňler bir ýanady, Babahan baýyň gyz-gelinli, toý-baýramly, bedew at, kesgir gylyç hakdaky aýdymlary bir ýanady. Bagşyny on üçünji perdäniň aýdymlaryna çykarjak bolup, etgelçiler häsini, howuny ýetirýärdiler, ýöne Babahan baý ýokary perdäň aýdymlaryna ýakynlaşmaýardy. Damana ýoly – dynç alyş ýoly. Damana ýoly – rahatlyk hüwdüsi. Damana ýoly – göçgünlilik ýoly. Damana ýoly – dowamly ýol. Ýokary perdedäki aýdymlary köp diňlemeli däl, olar adamy agyr oýa batyrýar, olar adama güýçli täsir edýär. Ýok, bu düşlegde kellä, ýürege agram bermeli däl, bu ýerde kellä, ýürege ýazylganlyk, rahatlyk bermeli. Ana, şol ýazylganlygy, rahatlygy damana ýoly berip bilýär. Babahan baý aýdymyň sözlerini döwüp-döwüp pessaý aýdýardy. Bir söz üç-dört döwüme, üç-dört urga bölünýärdi, ýok, bir söz owaza öwrülip, ýüregiň urgusy boýunça bölünýärdi, ýüregiň urgusyna öwrülýärdi. Babahan baý ikinji agşam «Döwletýary», üçünji gije «Seýpelmelek–Methaljemaly» aýdyp, Magrupyny tirsegine galdyrypdy. Altynjy gün diýlende gezek Annanyýaza ýetdi. Ol «Bibijandan» «Könegüzere» ýetdi. Ol dünýäni unudyp, joşup-joşup saz çaldy. Babahan baý: «Hany, Bagdat türkmenleriniň ýapbaldak, damana meňzäp duran ýolundanam gaçyraly-la. Soňky döwür olarda täze saz barmy? Köne sazlaryny senden soň men çalaýyn» diýdi. Ýokarky perdeden birden aşak düşmek Annanyýaza ýokuş degdi. Ýöne okuw ýyllary – ýaşlyk ýyllary Artyk han üçin-de, Babahan baý üçin-de ýakymlydy. Talyplyk aýdymlary bar, ol aýdymlar deňiz tolkunlaryny ýadyňa salýar. Her setir setiriň yzyndan, tolkun tolkunyň yzyndan ýetip gelşi deýin gelip, kalbyňy heýjana salýardy. Göwnüň şol tolkunlaryň arasynda ýüzüşe çykýar. Annanyýazyň ýuwaşjadan aýdym aýtmasyna ýa Babahanyň göwni ýetmedi, ýa-da hyjuwyna bäs gelip bilmedi, Annanyýaza goşup, aýdym aýtmaga başlady. Meger, Annanyýaz onuň hyjuwyny açyp goýberdi. Ol sesini aýajak bolup durman dikine gygyrdy. Artyk han uzak saklanyp bilmedi: ol hem aýdyma goşulyp gygyrmaga başlady. Aýdymyň üç ýerden göçgünli aýdylmagy düşlegdäkileriň ýüreklerini heýjana salýardy. Nepes joş aýdymyň sözlerini bilmänden soň, diňe aýdymyň gaýtalanýan ýerine hemem jukguldysyna goşulyp kellesini yrap, gözlerini ýumup ikidyz otyrdy. Şol gije daňdana çenli serden geçildi. Eýýäm olaryň her günki daňdan turýan wagty bolaýypdyr. Şeýle-de bolsa gözleriň awusyny almak üçin başlaryny ýassyga goýdular. Ol gün ertir, günortan awa çykylmady. Aw eti ýeterlik bardy. Öýlän beýik çynaryň aşagyndaky salkyn düşlegde her dürli datly tagamlar taýýarlandy. «Özüň bişirip iýseň, tagamy üýtgeşik bolýar» diýip, Artyk han bilen Babahan baý duzuny, tagamyny alyp malgam bolan dag goçunyň etinden çişlik bişirmäge durdular. Ojar odunyň közi ýiti bolansoň, malgam bolan etiň sähel geleň etmeseň köýjek bolup dur. Iki sakgaldaş özlerine seredilýändiginem bilip-duýup durlar. Çişlik bişirip bilmedi, köýdürdi diýip masgara bolmak bolmaz. Artyk han nahar başynda Agöýli serdar hakda gürrüň berdi. Annanyýaz Agöýli serdar hakda öňem öňli-soňly köp gürrüňler eşidipdi. Ýöne ol Agöýli serdar hakda şeýle giňişleýin gürrüňi öň eşitmändi. Bir ýerlerde möjegiň zaryn-zaryn uwlamagy depe saçyňy düýrükdirip ugrady. Entek möjegiň şeýle zaryn uwlamasyna awçylaryň biri-de gabat gelmändi. Awçylar möjegiň uwlaýan ýerine ugradylar. Iki möjek – är-aýal süreniniň agzynda durdular. Üç sany möjek çagasy bolsa daşarda serlip ýatyrdy. Ene möjek öli çagajyklarynyň kä onusyny, kä beýlekisini baryp ysgaýardy-da, temegini dik ýokaryk tutup aýylganç uwlaýardy. Erkek möjek bolsa, göýä bu zatlara parhsyz ýalydy, ol ene möjegiň elewremesine seredip, hereketsiz durdy. – Hany, ýörüň, bu ýerden gideliň – diýip, Artyk han bukudakylara ýüzlendi: – Ene möjek häzir awdan gelipdir. Çagalarynyň öldürilendigini kimden görjegini bilmän, häzir hars urýar. Bize gözi düşse, ol hökman çagalarynyň ölümini bizden görer. Iň gowusy, daşrak bolalyň. Awçylar ýuwaşlyk bilen yzyna öwrüldiler. Ýolda Durdy kalaý Artyk hana ýüzlendi: – Han aga, möjegiň çagajyklaryny kim öldürdikän? – Möjek diýen janawar gaty namysjaň bolýar – diýip, Artyk han elindäki iňlis bäşataryny egninden asdy: – Ene möjek öňki ýyllar başga bir erkek möjek bilen bile bolardy. Bu ýyl ýanyndaky başga bir erkek möjek. Bu möjek öňki erkek möjekden rüstem gelen bolmaly. Şeýle ýagdaýlarda urkaçy möjegiň başga bir möjek tapmasyny namys bilip, köplenç, erkek möjek awa gidilen wagty peýläp ar alýar. Beýle ýagdaý möjekleriň arasynda bolýan zat. – Wagşy diýseň, wagşy eken. – Wah, Durdy jan, adamyň wagşylygynyň ýanynda möjegiň wagşylygy witjik. Ene möjek entegem uwlaýardy. Ene möjek uzynly gün zaryn-zaryn uwlady. Erkek möjek welin, ýeke gezegem uwlamady. Ýok, bir gezek uwlady, ýöne ol uwlama däldi, ýasamady, gaty pessaýdy. Bir hepdä çeken dynç alyşdan, awdan ähli kişi hoşaldy. Üýtgeşik bir aw bolmadyk-da bolsa, wagtlaryny hoş geçiripdiler, gowy dynç alypdylar. Babahan baý dagdan gaýdasy gelmeýän ýaly, öwran-öwran yzyna seretdi. – Bir zadyňy galdyrdyňmy? – diýip, Artyk han ýola düşülende Babahan baýdan sorady. – Galdyran zadym-a ýok weli... – «Weliň» näme? – Welimmi? – diýip, Babahan baý biraz dymdy: – Türkmeniň daglarynyň berekedi egsilipmi ýa göwnümemi? Göwnüme bolmasa, daglar birmahalky daglar däl ýaly bolup dur. Biziň şu düşlän ýerimizden başga ýerde çynar görnenok. Öň daglar gür tokaýlykdy. Arçalar, kerkawlar köpdi. Jülgelerde çynarlar bolardy. Indi keliň saçy ýaly. Öň süri-süri keýikler gezerdi. Ýöne, her näme-de bolsa, awumyz-a ganly boldy. Annanyýaz-a mergen eken, ýeke okam sowa geçmedi. Haçan mergenligi öwrenip ýörsüň, Annanyýaz, sen? Annanyýaz ýylgyrjaklap Babahan baýa ýakynlaşdy. – Okuwa gitmezden öň kakam meni bu ýerlere gaty köp gezek alyp gaýdypdy. 4. Jülgeden çykylan ýerde birgiden harby atlylar gaýda-gaýmalaşykdy. Olary görüp, awçylar topary saklandy. – Artyk, uruş turan bolaýmasyn? Aw bilen ber-başagaý bolup, dünýäden bihabar galan bolaýmaly? – diýip, Babahan baý geňirgenmesini-howsalasyny daşyna çykardy. – Işimiz gaýtdy, ýene uruş turandyr! – diýip, Nepes joşuň ýüzi duw-ak boldy. – O nämäniň urşy? Goýsaňyzlaň howsala düşmäňizi – diýip, Artyk han giňlige saldy. Annanyýaz kyrk-elli çemesi esgerli harby toparyň näme edýändigini anyklamak üçin öňe saýlandy. Harbylar dagyň eteginde düşläpdirler. Olar ýola düşjek bolýardylar. Hana, öňden alty-ýedi araba eýýäm ugrapdy. Arabalaryň üstündäki keýik maslyklaryny görüp, Annanyýaz nämäniň-nämedigine düşündi: harbylar awdan şähere barýardylar. Olar dagdan çykan ýerlerinde düşläp naharlanypdyrlar. Olaryň ýakan otlary tüsseläp durdy. Annanyýaz yza öwrüldi. – Awdan gelýärler. – Bä-ä – diýip, Artyk han haýran galdy. – Şol arabalaryň üstündäkileriň bary keýikmi? – Esgerleri diňe aw eti bilen naharlaýarlar ahyryn – diýip, Annanyýaz jogap berdi. Nazary biygtyýar öz arabalaryndaky ondan gowrak saýgagyň arassalanan etinde saklandy. Adam başyna bir saýgakdy. Artyk han: «Awdan geldik diýip, öýüňize boş barsaňyz bolmaz» diýip, hyzmat edenleriň hersine bir saýgak, Nepes joşa iki saýgak araba atypdy. Harbylaryň arasyndan dört atly Artyk han daga tarap gaýtdy. Annanyýaz öňden gelýän atlyny dessine tanady: ol Illewdi – Ilmyrat Aždarowdy. Onuň gelşi haýbatlydy. Ol gele-gelmäne gykylyklady: – Näme edip ýörsüňiz bu ýerde?! Harbylary Artyk hanyň ýakynyna getirmezlik üçin Annanyýaz üç ýigidi bilen öňe saýlandy. – Nireden gelýäňiz diýýän men size? Näme, döwlet agdarylyşygyny etjek bolýaňyzmy? Annanyýaz ajy ýylgyrdy: – Aý, döwlet agdarylyşygynyň gürrüňini etmek nämä gerek, nökeri sen bolsaň, döwletiň özem uzak durmaz, agar. – Näme diýdiň, näme, näme?! – Ah-ow, gübernator, onça paýhynlyk etmäge Hudaýdan gorkmadyňmy? Ynsabyňy ýuwdaýdyňmy? – Sen ak patyşaň işgärine akyl öwretmek isleýäňmi? Näme diýjek bolýaň sen? – Gürleşjek bolsaň, gykylyklama, adam ýaly gürleş. – Näme diýjek bolýaň? Ä? Näme diýjek bolýaň? – Nireden gelýäňiz? – diýip, Illewiň ýanyndaky äýnekli ofiser Annanyýaza ýüzlendi. – Awdan gelýäris. – Bagyşlaň, biz sizi serhet kesensiňiz öýtdük. – O nähili serhet? – diýip, Durdy kalaý geňirgendi. – Bular serhedi näbilsin, beýlekini näbilsin – diýip, Illew salgyt ors dilinde başky hörpünde gürledi. Äýnekli ofiser arabanyň içine göz aýlady-da, atyny yzyna öwürdi. Ýanyndakylar ugransoň, Illew salgyt ýeke durmagy birhili gelşiksiz gördümi ýa-da gorkdumy, nämemi, atyny yzyna öwürdi: – Nyýaz, jikgerme! Gözüňi türmede açdyryn. Seniň bilen aýratyn hasaplaşmasam bolmaz – Illew özünden barha daşlaşýan ýoldaşlarynyň yzyndan at saldy. Illewiň yzyndan hyrçyny dişläp seredip duran Artyk han ahmyrly dillendi: – Ak patyşany zor görmeli: türkmeniň şirini türkmeniň körmüşi bilen awlaýar. Türkmen ilinde türkmeniň alasamsygynyň eli bilen ot gorsaýar. Şu-da ökdelik, syýasat, Babahan. – Beýle samsygy gundagdaka bogup öldürmeli. Harbylar nämedir bir zada garaşýardylar. Meger, ýene araba gelip goşulmalydyr. Harbylar öz aladalary bilen başagaýdylar, olaryň arasynda edip oturan işini goýup, Annanyýaz dagyny synlap duranlary-da bardy. Illew olar geçip gidýänçä ýeňsesini öwrüp durdy. – Ýeňsesindenem samsykdygy bildirip dur – diýip, Babahan baý loh-lohlap güldi: – Şuny dogmak üçinem bir görgüli aş saýlandyr. 5. Artyk han aw eşigini, gerekmejek zatlaryny arabanyň üstüne atyp, Babahan baý, Annanyýaz bilen göni çowkan oýnalýan ýere ugrady. Adamlar eýýäm ýygnanyşypdy. Oýnuň bir tarapynda Guwak baý, beýleki tarapynda Annanyýaz durdy. Her tarapda alty atly bardy. Topy urmak, özem takyk urmak üçin türgenlik gerekdi, çalasynlyk gerekdi, alty çowkançynyň düşünişip, goldaşyp oýnamagy gerekdi. Top urjak salajynyňy1 takyk işletmegi başarmak gerek. Oba arçynynyň oýunda aksakgallar bilen oturýan aýratyn ýeri bar. Artyk han Babahan baý bilen jaýlaşykly oturdy. Oýun ýaňy başlananda Artyk hanyň öýdeniçeri ylgap geldi. Öýdeniçeriň gara dere batyp gelenini gören Artyk han bir şum habar bilen gelendir öýdüp ýerinden laňňa galdy. – Han aga, bagyşlaweriň, öýüňize myhman geldi. – Myhman?! – Hawa, han aga, myhman geldi. Eý, Alla jan, kimkän ol gelen? Gelenleriň kimdigini öýdeniçer nä bilsin. Bilýän bolsa aýdardy ahyryn. Artyk han öýdeniçeriň titräp, aljyrap durşundan gelenleriň ýöne-möne adamlar däldigini aňdy. Artyk han ýanyndaky ýaşululara öýüne myhman gelendigi sebäpli gitmeli bolandygyny aýdyp, atyna atlandy. Annanyýaz hem salajynyny başga birine bermeli boldy. Annanyýaz howluda şol tanyş kaşaň paýtuny – Koşmannyň paýtunyny görenden tanady. Artyk han öňde ýöräp bargähe girdi. Içerde Koşmann ýeke däldi. Içerde giň saçagyň başynda Koşmann aýaly, gyzy bilen çaý içip otyrdy. Artyk hanyň mylaýym ýylgyryp içeri girenini gören Koşmann ýerinden galdy: – Muhammet daga barmasa, dag Muhammediň ýanyna gelýändir. – Ýewropapisint kişiniň arassa arapça gürlemegi Artyk hany-da, Babahan baýy-da haýrana goýdy, çünki olaryň ikisi-de arap dilini suwara bilýärdiler. Olar gadyrly salamlaşdylar. Saglyk-amanlykdan soň, ýerine geçip oturan Koşmann näme üçin gelendigini düşündirmäge durdy. – Men dünýä halklarynyň däp-dessurlaryna aýratyn sarpa goýýaryn. Halklaryň däp-dessurlaryny içgin öwrenip, şeýle bir pikire geldim: haýsy halky içgin tanajak bolsaň, şol halkyň ruhy derejesini anyklajak bolsaň, ilkinji nobatda, şol halkyň däp-dessurlaryny öwrenmeli. Halkyň däp-dessurynda taryhy ýatyr, medeni, ruhy derejesi görünýär. Men türkmen däp-dessurlarynyň inçeligine haýranlar galýaryn. Siz öz däp-dessurlaryňyzyň içinde ýaşap ýöreniňizden soň, anyk bir ünsem berip durýan dälsiňiz, ýöne keseden seredeniňde siziň däp-dessurlaryňyz teke halysy ýaly owadan, inçe. Meniň aýalym türkmen obasyny görmek isledi, ol Annanyýazyň nähili ýaşaýandygyny görmek isledi. Gyzym Oksana, oglum Mihail Sankt-Peterburgda okaýarlar. Ynha, gyzym okuwynyň iki aýlyk dynç alşynda gezelenje geldi. Men gyzymy Köpetdaga gezelenje äkitdim. Garagum çölüne äkitdim. Ekzotika! Gyzym ertir Sankt-Peterburga ugraýar. Gitmezinden öň, goý, türkmen maşgalasynyň ýaşaýşyny görsün diýip pikir etdim. Aýalym bilen gyzyma siziň milli keteniňizi geýdirdim. Walla, ketenide erkekleriň aýgyrlygyny oýarýan üýtgeşik bir buzgunç ys bar. Koşmannyň arapça gürleýşini oturanlar henizem haýran galyp diňläp otyrdylar. Haýran galmazça-da däldi: Koşmann arapçany diýseň süýji gürleýärdi. Onsoňam jylka orsuň arapça gürleýşi akylyňa sygar ýaly zat däldi. Olar nämä garaşsalaram, orsuň arapça gürlemesine garaşmandylar. – Siz arap dilinde beýle arassa gürlemegi nireden öwrenip ýörsüňiz? – diýip, Babahan baý geňirgenmesini daşyna çykardy: – Walla, çynym, siz şeýle bir gowy, şeýle bir süýji gürleýärsiňiz. Siz Arabystanda okadyňyzmy? – Ýok, men Arabystanda bolamok. Men arap dilini Sankt-Peterburgda öwrendim. Men institutda arap dilinden mugallym, ynanjym boýunça prawoslaw, dünýäm-aňym boýunça musulman. Bu ýerlere gelerin diýip meniň ýatsam-tursam pikirimde-de ýokdy, ýöne, hökümet hökümet bolýar. Gitmeli diýse, gitmeli, gitmeli däl diýse, galybermeli. Biziň hemmämiz öz döwletimiziň sadyk esgerleri. – Koşmann bir salym dymdy: – Eden hyzmatlaryňyz üçin sag boluň. Bizi örän gowy garşyladylar. Ilki buz ýaly çal bilen hezzetlediler. Eýýäm iýip-içen zadymyz kän. Siziň milli tagamlaryňyzyň ählisi üýtgeşik gowy. Iýip-içip doýar ýaly däl. Eden hyzmatlaryňyz üçin sag boluň. Rugsat bolsa, biz indi gaýdaly, Artyk han. – Siziň hormatyňyza söwüş edip otyrys. Tagam datman gitseňiz bolmaz. Bu söz Koşmanna hoş ýakan bolarly, dessine Artyk hanyň sözlerini aýalydyr gyzyna arapçadan terjime edip berdi. – Ýatyp-turýan otaglaryny, aşhanalaryny, teblehanalaryny görüp bolmazmykan? – diýip, Natalýa Iwanowna adamsyna ýüzlendi. – Bolar, bolar – diýip, Annanyýaz hyzmatyny hödürledi. – Isleseňiz, men sizi ýaşaýşymyz, maşgalamyz bilen tanyşdyraýyn. Elguşlarymyzy, tazylarymyzy, bedewlerimizi görkezeýin. Mülkümizi görkezeýin. Jykyrymyzy, degirmenimizi, harazymyzy görkezeýin. Oňa çenli bolsa saçagy täzelesinler. – Siz gelýänçäňiz biz naharlandyk, kemi ýok. – Ýok, indi aw etinden bişirýän tagamlarymyzdanam iýip görüň. Gaty üýtgeşikdir, tagamlydyr. Ýörüň, men sizi, ilki bilen, ejem bilen tanyşdyraýyn. – Seniň ýaly batyr ýigidi dogran türkmen enesini göresim gelýär – diýip, Natalýa Iwanowna Annanyýazyň yzyna düşdi. Koşmann Artyk handyr Babahan baý bilen içerde galdy. Koşmann özüni Sankt-Peterburgda ýaly duýýan bolarly: yslam dünýäsi, yslam dünýäsiniň täsin taryhy hakda «öz okuwçylaryna» – Artyk han bilen Babahana gürrüň bermäge başlady. Onuň berýän gürrüňleri «iki okuwça» belli bir derejede tanyşdy, ýöne başga diniň wekiliniň musulmançylyga guwanyp gürrüň bermesi olar üçin has täsirlidi, geňdi, ýakymlydy. Annanyýaz Natalýa Iwanownany ejesi bilen tanyşdyrdy. – Perişde ýaly ejeňiz bar eken. Siziň ejeňizi görüp, öz ejem ýadyma düşdi – diýip, Natalýa Iwanowna birden gözlerini gubarlandyrdy. – Bu urkaça näm boldy, oglum? – Sizi görüp öz ejesini ýatlady. Siz onuň ejesine gaty meňzeşmişiňiz. Size perişde ýaly ene eken diýýär. Annanyýaz myhmanlaryny mülküne aýlady. Eken baglaryny görkezdi. Teblehana aýlady. Bagda erik kändi. Erikler sowulypdy. Almadyr enarlar şahalarynda sallanyşyp durdylar. Eneli-gyz bagyň içinde gezmek gezdiler. Düzüm-düzüm al-gyzyl almalar, enarlar lowurdaşyp durdy. Aýratyn bir teläriň aşagynda kişdeler serlip goýlupdy. Kişde biçak kändi. Eneli-gyz kişdelerden, almadyr enarlardan gözlerini gandyrmak isleýän ýalydylar. Eneli-gyz türkmen keteni köýnegini geýipdirler welin, olar – aýratyn hem tyňkyja Oksana – has-da görklenen ýaly bolupdylar. Annanyýaz keteni köýnegini öň beýle ýakyndan synlap görmändi. Bu gün türkmen ketenisiniň owadanlygyna, ýiti reňkine haýranlar galdy. Bagda işläp ýörenler Annanyýazyň iki sany aýal maşgalanyň öňüne düşüp, olar bilen içgin gürrüň etmesini geňläp seredýärdiler. Annanyýaz eneli-gyzy sekiz ganatly ak öýe eltdi. Ol öýde elguşlary saklanýardy. Annanyýaz elguşlaryň başlyklaryny geýdirdi. Elguşlar haýbatlydy, garçgaýyňam, laçynyňam haýbaty eneli-gyzyň howuny basdy. Annanyýaz elguşlaryň ýetişdirilişi, mydama ortasy gyzyl reňk mataly albaýda guşlara iým-et berlişi, awa öwredilende bolsa, asmana göterilen elguşlar görer ýaly iým iýýän albaýlaryny bulaýlap çagyrylýandygy, mydama iým iýýän albaýyny görende elguşlaryň ok bolup aşak inýändigi, bu guşlar bilen towşan, sülgün, käkilik awlap bolýandygy barada gürrüň berdi. Wah, elguşlar hakda, tazylar hakda gürlemeli bolsa, Nepes joşa gezek berläýse! Ýöne soralmadyk zady aýdyberip bolýarmy näme! Ýöne seniň joşup gürlemegiň ýeke bir özüňe-de bagly däl. Seniň joşup gürrüň bermegiň üçin gürrüňdeşiň magnit bolmaly, ol seniň içki joşgunyňy, gürrüňleriňi özüne çekmeli – gürrüňdeşiň häňi ýetirmeli, seni goldamaly. Gürrüňdeşiň seni sowuk-sala diňlese, joşup gürläp bolmaz. Annanyýaz joşup gürleýärdi. Sebäbi onuň her bir sözüni uly gyzyklanma bilen diňleýärdiler. Eneli-gyz üçin Annanyýazyň her bir aýdýan sözi täzelikdi, geňdi, gyzyklydy. Birden Natalýa Iwanowna Annanyýazyň sözüni böldi: – Annanyýaz, meniň türkmen dilini öwrenesim gelýär. – Haý, size kyn düşäýmese. – Men käbir sözleri kagyza orsça ýazyp geldim. Sen şol orsça ýazylan sözleriň türkmençe aýdylyşyny ýazyp berip bilmezmiň?! – Käşgä. Men size mugallym bolmaga-da taýýar. Natalýa Iwanowna ýanyndaky kiçeňräk gara ýalpyldawuk sanajyndan kagyz bilen galam çykardy. – Salamälik, sag-aman geldiňizmi? – Sag boluň, geldim. – Men türkmen däp-dessurlaryna, türkmen aristokratiýasyna çäksiz uly hormat goýýaryn. – Türkmenleriň kalby halylary ýaly owadan. – Men sizi söýýärin. Natalýa Iwanowna ýazylanlary okady. Annanyýaz dogry aýdylmagy üçin her sözi, sözlemi iki-üç gezek gaýtalamaly boldy. – Annanyýaz, biz siziň ýaşaýşyňyz bilen tanyşdyk. Sag bol. Örän gowy ýaşaýşyňyz bar eken. Nesip etsin. – Sag boluň. – Myhmançylyga çagyrsam, Sankt-Peterburga bararmysyňyz? – Bararyn, Natalýa Iwanowna, hökman bararyn. – Sankt-Peterburgdan uzak bolmadyk ýerde biziňem siziňkiden kiçeňräk mülkümiz bar. Biziň myhmanymyz boluň. – Hudaý halasa bararyn. – Hudaý sizi halar. Siz biçak gowy ýigit. Siz batyr ýigit. Biz size aýratyn hormat goýýarys. Ýöne meni bir zat geň galdyrýar. – Sizi näme geň galdyrýar, Natalýa Iwanowna?! – Siz ýigrimi iki ýaşap entegem öýlenmänsiňiz. Türkmenleriň köpüsiniň ýigrimi iki ýaşynda iki-üç aýaly, birgiden çagasy bar. – Men şu ýyl öýlenip, ol kemçiligimi düzederin, Natalýa Iwanowna! – Gelinligiňiz barmy? – Bar... – Näçe sany? – Häzir-ä bir... Türkmen milli eşigi şeýle bir sünnä dokalanyndanmy ýa täzeligindenmi, eneli-gyz täze geýimlerinde şeýle bir owadan görünýärdiler. Asyl eneli-gyzyň bar kemi şu türkmen geýimleri eken. Olar türkmen eşiginde öňki owadanlygyndan juda owadanlaşypdyrlar, ezizleşipdirler. Zenanlyk näzikligi hasam artypdyr. Eneli-gyzdan gözüňi aýrar ýaly däldi, wah, şularyň ikisem meniňki bolaýsady diýdirýär olar. Türkmen zenanlary, köplenç, gyzyl bilen ýaşyl reňkli eşik geýýärler. Bu iki reňk bahar paslyny, bahar paslynyň gyzyl gülälekli ýaşyl meýdanyny ýada salýar. Türkmen zenanlary ýylyň ähli paslynda erkek kişilere bahar gözelligini, bahar joşgunyny ýatladýar. Asyl türkmen zenanlarynyň özlerem bahar pasly deýin owadan, bahar pasly deýin göçgünli, mylaýym, kalbyňy heýjana getirýän eýjejik, bahar gül-gunçalary deýin owadan, päkize. Türkmen zenanlary erkek kişiler üçin goşa bahar, goşa owadanlyk, goşa joşgunlylyk. Başga dinli, başga milletiň wekiliniň milli türkmen eşigindeligi Annanyýazyň biçak göwnüni göterdi. Olar bilen has ysnyşmak isledi. Ýöne özüne ejesiniň mukytlyk bilen seredýändigini, dogrusy, olar bilen gürleşýändigini halamaýandygyny aňdy. Näme üçindir, Natalýa Iwanownanyň gyzy hem ilki gezekki görnüşdäki ýaly bilesigeliji, şadyýan däldi. Ol asyl gürlemek islemeýän ýalydy. Ejesi onuň göwnüni götermek üçin aşa yhlas edýärdi: – Oksana, sen näme bilmek-soramak isleýäň? – diýip, Natalýa Iwanowna gyzyna ýüzlendi. Oksana egnini ýygryp, sowuk jogap berdi: – Ýok, hiç zat soramak islämok... | |
|
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |