21:31 Apy ýylan / hekaýanyñ dowamy | |
…Ýaz geçdi. Tomus düşdi. Adamlaryň kalbyna wehim salan äpet ýylan bilen baglanyşykly howsalaly gürrüňler galyşdy. Obadaşlarymyz öňküleri ýaly ekabyrlardan ogryn-dogryn daga ýekelikde-de gidip ugradylar. Tomsuň orruk ortasy boluberendenem şo-ol mähnet ýylanyň öldürilen ýeri bolan “Gyzyl gaýa” golaýrak ýerde, ýene-de meniň öz kartam boýunça alanymyzda “Boz dagda”, biziň dag jynslarymyzy we ösümliklerimizi öwrenmek üçin Moskwadan ýörite gelen haýsydyr bir ekspedisiýa goş ýazdyrdy. Ýokardan gelen görkezmä, şeýle hem çägiň bize degişlidigine görä olary azyk-suwlyk bilen üpjün etmeklik obamyzyň başlygy Aly aganyň üstüne ýüklendi. O-da muny öz gezeginde Nowruz aga tabşyrdy. Nowruz aga-da olara suw çekmekligi-hä kakama, nan ýapmaklygam mekdebiň okuwsyz döwri bolansoň Haltäç daýza tabşyrdy. Onsuzam dag içindäki çopanlara agyz suw daşap ýörensoň, ýüzügra olaryňam her biri elli litrlik flýagalaryny günde bolsun, günaşa bolsun, suwdan doldyryp gaýtmak kakam üçin müşgil bolmady. Üstesine ol Haltäç daýzanyň günaşadan ýapýan bir tamdyr nanynam olara eltip bermekligi öz boýnuna aldy. Et üpjünçiligi çopanlaryň üstüne atyldy. Ýöne , tomsuň güni çöl içinde eti saklamak kyn bolansoň, çopanlaryň özleri goýny soýup, gowurdak görnüşinde käte goýnuň garnyna dykyp, käte-de syrçaly setile gapgaryp eltip bermeli boldular. Kakam olary ak-gökden, bakjadanam kem etmedi. Özem ony görkezme boýunça däl-de, uzak ýurtdan gelen myhmanlara hormat hökmünde etdi. Ýogsam, suwy bilen çöreklerini eltip berseň galan zatlary şeýle-de ýeterlik. Hatda gowurdaksyzam oňup biljekler. Çünki bäş-alty sany eplenýän krowat bilen birgiden goş-golam sygýan ullakan çadyryň çep burçuna münder-münder edilip basylan pessejik tagta we karton gapyrjaklaryň içi demir gutulyja, daşyna oralan kagyza sygryň suraty çekilen et konserwalary diýermiň, ýüzi balyk suratlyja, konserwalar diýermiň, ýarym litrlik aýna bankajyklara gaplanan şorja gök önümler diýermiň leýs bolşup ýatyrlar. O zatlary men kakam käte: “Ýoldaş borsuň, hemem çöl bilen, dag bilen öwrenişerçiň” diýip, ýany bilen alyp gidende görýärdim. Bir gezek alymlaryň iýip-içip oturan wagtlaryna gabat geldik-de, men o zatlardan dadybam gördüm. Şonda olar kakama aragam içirdiler. Kakam: – Nit, nit, mne nylja, ýa şopur, rol…– diýip, hernäçe gaýra gaýyşsa-da goýmadylar. Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, sary saçly, çokga goňur sakgally, timarlanmadyk murtunyň gyllary dodaklarynyň üstüni ýapyp duran, depesi beýik, etegi giň saman şlýapasy bilen tegelek gara äýnegini çadyra girenden soňam aýyrmaýan Sergeý atly, kyrk bäş ýaşlaryndaky, boýy Mäti kiçjigiňkidenem kelte, üstüsine-de hor adam içi arakly bulgury kakama yzadyp oturşyna orsçalap bir zatlar diýdi. Men onuň “inspektor”, “net”, “gory” diýen ýaly özüme tanyş bolan käbir sözlerinden çen tutup: “Arkaýyn içibersene! Bu ýerde inspektor ýok. Daş-töweregiň dag” diýendigine düşündim. “Prawilno da- prawilno” bolşup ony beýlekilerem goldadylar. Kakamam olara uzak ýalbartmady. “Dawaýyň onda, saglyga” diýde-de, ýelmäp goýberdi. Şondan soň olar kakam bilen hasam dostlaşdylar. Kakam olara hatda bir gezek palow iýdirmek üçin öýmüze myhmançylyga-da çagyrdy. Olaryň kakama Moşşy diýmän Maşşy diýýändikleri henizem ýadymda. Çünki her gezek şeý diýenlerinde men: “Bular meniň kakama “maşşyn”diýýärler”– diýip, gülerdim. Elbetde, biz her gezek baranymyzda olara düşübam duramyzok. Şolar ýalyda gaplaryny suwdan doldyrýarys, elten zatlarymyzam çadyryň içinde ýa kölegesinde oňa-myňa dolap ýa üstüni basyryp goýýarys-da, gaýdyberýäris. “Çöl ýeri, howa-da yssy, zyýany degmez, iň bolmanda ellerini ýuwmana-ha ýarar” diýip, kakam olaryň ownuk-uşak gap-gaçlaryna, hatda arakdan boşan çüýşelerine çenli suwdan doldyrýar. Soňky gezek baranymyzda-da çadyrda hiç kim ýok ekeni. Ýöne edil şo-ol, “Gyzyl gaýadaky” ýylany atan esgerleriňki ýaly ullakan “sudobekkerleri” welin näme üçindir çadyryň gapdalynda dur. –Ýa pirçin edendir ýa-da kän uzaga giden däldirler, ýogsam muny goýup gitmezdiler – diýip, kakam öz-özi hümürdendi. Hemişekisi ýaly bidonlary we beýleki gaplary suwdan doldurdy. Elten gawun-garpyzlaryny, pomidordyr- hyýarlaryny çadyryň kölegesinde goýup, üstüne-de köneräk halta taşlady. Salkynjyk durary ýaly üstüne suw sepeledi. Daş-töwereginem suwlady. Elten bäş-üç kilo sogany bilen kartoşkasyny maşyna suw guýmak üçin ulanýan brezent torbasyndan çykaryp konserwalardan boşan tagta gapyrjaklaryň birine gapgardy. Torbasyny suwdan dolduryp buferiň çep tarapky gaňyrçagyndan, hemişekije durýan ýerinden asdy. Maşyn ýörände şemal çalyp, torbanyň içindäki suw mazaly sowaýar. Islän wagtyň durup içibermeli. Hernäçe çaýkansa-da, döküljek ýa nem syzjak gumany ýok. Kakam şol gezek ýany bilen bäş-alty hoşa üzümem eltipdi. Ony medeni zona gideninde Nowruz aga getiripdi-de, şolara eltip ber, diýip kakamdan iberipdi. Kakam onam alymlaryň göş-galamlarynyň arasynsdan çykan köneje torbajyga saldy-da, bir emel bilen çadyryň sütüninden asdy. Şol gün biz suw eltmek üçin ýolda çopan goşlarynyňam üçüsine dagy sowulypdyk-da, birneme ýadawrakdyk. Ýadawlyk esasanam kakamy basmarlapdy. Ölemen çilimkeş bolmasa-da, gün içinde üç-dört çilim çekäýmesi bardy. Ýöne, şol gün onuň şoňa-da eli ýetmändi. O guýuda çekerin, bu guýuda çekerin bilen çadyra ýeteninem bilmän galypdy. Şonuň üçinem ol ýaňky hysyrdylardan dynyşy ýaly elini çep döşündäki jübüsine sokup, ýarysy boşandygy üçin iki eplenen “pamiri” çykardy. Açgy. Bir çilimi sogrup aldy. Agzyna elti. Ýöne, otlamady. Bir azajyk böwrüni diňläp oturansoň: “Gel-aý, ajöze çekmäýin-le şuny, – diýip yzyna saldy. Öz-özüne igendi. –Asylam agzyňa almaly zad-a däl welin, nätjek-dä, şeýtanam bir tarapyňdan galanok-da… –Şondan soň hamala şol meseläni men çözýän ýaly, depesi ýagjaryp duran, ak çyzmykly çalymtyl galyň matadan tikilen gaşy uzyn “Stalin papagyny” maňlaýragyna süýşirip, süýem barmagy bilen ýeňsesini gaşady – Ýa gelýänçäler garaşaýsakmykak? Hem-ä çaý-suw içip dynjymyzy alarys, hemem Sergeý dagy bilen salamlaşarys, esli wagt bäri görşubem bilemizok, beýleki işlerimizi bolsa birýüzli etdik. – Men agzymy açyp-açmankamam: –Şeýdäýeli-le şony – diýip, ýerinden turdy. Maňa daş-töwerekden çöpleme çöplemegi buýurdy. “Wodowozyň” çeleginiň iki gapdalyndaky odur-budur atylýan insizje nowalaryň çep tarapkysyndan köneje halta bölegine dolangy kiçeňräk mis tüňçesini, “bardoçokdaky” serkeçden gök gülleje, sähelçe möý açan, gyrasy uçukly käsesini, ak saply pyçagyny çykardy. Meniň çöplän jygramalarymy bir ýere üýşürip ot ýakdy. Oňa tüňçe goýdy. Gaýnatdy, Gol boýy taýagy gulpuna ildirip tüňçäni otdan çykardy. Demledi. Gaýtardy. Şondan soň menem alyp çadyra girdi. Çüňki, bu wagt eýýäm kölege kiçelipdi we ol ýerde iki adam-a däl, bir adam oturmana-da maý ýokdy. Içerde ornaşanymyzdan soň kakam özbaşyna, ýöne meniň bilen geňeşýän äheňde gürledi. –Gowurdak bilen iýsekmikäk ýa bularyň kansirlerinden birini açaýsakmykak? Men gultundym. –Kansir açaýaly-la, kaka, gowurdak öýde-de bar-a… Kakam hezil edip güldi. Burça basylgy duran agaç gapyrjaklaryň içindäki “tuşonkalaryň” birini aldy. Pyçagynyň ujuny dözümliräk basyp bir ýan gapagyny deşdi. Soň tegeläp kesdi. Ekspedisiýaçylaryň gap-gaçlarynyň arasyndan kiçeňräk alýumin jam alyp konserwany şoňa guýdy. Tuşonkanyň ýakymly ysy çadyryň içine ýaýrady.Ymsynýanymy görüp, sarymtyl doň ýagdan ýaňa degresi kebir baglap duran bir dogramça eti pyçagyň ujuna dürtüp aldy-da maňa uzatdy. Soň daşardan iki sany pomidor blen bir sogan getirdi. Öwunjak edip olaram jamyň içine dogrady.Eltibem çaý odundan galan oduň köregiräk közüniň üstünde goýdy. Bygyrdap ugrandanam pyçagy bilen bulap garyşdyrdy. Boldum edenden soň töweregine garanjaklady. Çadyryň iç ýüzünde ýatan iki eplengi, haýsydyr bir orsça gazete gözi düşendenem şol tarapa elini uzadyp ýüzüme seretdi. Men ylgap gidip gäzeti getirdim. Kakam ondan ýyrtyp alyp iki sany tutaç ýasady. Şonuň bilen jamyň iki erňeginden tutup çagyra saldy. Öň taýýarlap goýan karton kagyzynyň üstünde goýdy. Alymlaryňkyny kemmezlik üçin kabinadan öz nanymyzy çykardy. Şondan soň ataly-ogul bolup naharlanmana oturdyk. Çemçe ulanmadyk.Ýok däl-de, özümiziň ulanasymyz gelenok. Ýogsam alymlaryň orta ululykdaky dikgije, çoýun gazanlarynyň içi ululy-kiçili alýumin çemçelerden, dürtgüçlerden doly. Ýöne, bize o zatlaryň geregi ýok. Eýýämhaçan kabinanyň ysy siňip ýetişen ýumşajyk nandan bir dişlemini elimiz bilen döwüp alýarys-da,malgama dönen goýy naharyň suwlurajyk ýerine birki ýola çümrüp çykarýarys. Şonda, şojagaz nanyň özüne siňdirip alýan çorbasynyň mukdary öýmüzdäki daşy gülli agaç çemçeleriňki bilen-ä deňeşdirmäýin welin, alymlaryň demir çemçeleriniň tutýan sygymyndan köp bolmasa az däl. Hakykatdan-da şeýledigini şol bir dişlem nany agzyňa salan badyňa duýmak bolýar. Dişiň-dişiňe degenden, nandan sykylyp çykýan çorba öwurdyňy doldurýar we “gult” edip aňryňa düşýär. Ýöne, ojagaz bir dişlem nan bilen çanakdan ýeke bir çorba däl, ynsabyňa görä ýoňsyzja etem alyp gaýdyp bolýar. Ýagny, çorba çümrüp çykaranyňdan soň eliňdäki nany bir dogramçajyk ete ýanaga-da, jamyň erňegine tarap, ýokarylygyna sürmeli. Erňege ýetendenem süýem we orta barmaklaryň bilen aşakdan tekge beräge-de başam barmagyň bilen üstünden çalarak basmaly. Şonda dogramçajyk jüpdeklenen üç barmagyň arasynda nan bilen mäkäm jebisleşýär, erňekden çykyp daşyna gaçmana ýa yzyna, jamyň içine gaýtmana mümkinçiligi bolmaýar, şol usul lukmany agzyňa atmak üçinem amatly. Azajyk öňli-soňlurak diýäýmeseň, çorba bilen et ikisi ajygýan ýeriňe bir wagtyň özünde diýen ýaly düňküldäp düşýär. Yzyndanam eşrepi ýly ajyja, gyzgynjak gök çaýdan bir-iki gezek öwürtlaýarsyň welin, janyň heziller edinäýýär. Ýöne, gyzgyn çaý, gyzgyn nahar, gyzgyn howa, çadyryň içi bolansoň öwüsginem ýok, erbet yssylaýarys. Der diýeniň ýüzümizden,boýnumyzdan suw bolup akýar. Kakamyň güne ýanan garaýagyz ýüzi derden ýaňa edil garaýag çalnan ýaly “ýaldyr-r-ýaldyr” edýär. Burnunyň ujundaky peşehordanyň içine ýygnanýan derler dolandan soň kenaryndan daşyp çykýar-da, baryp burnynyň ujunda asyl-asyl bolup durýar. Derrewem “pat” edip dyzynyň üstüne gaçýar.Ol damjanyň ornuny başga bir damja eýeleýär. Bu ýagdaý burnuny gijedýän bolsa gerek, kakam häli-şindi elýaglygyny çykarýar-da, burnuny, boýnuny, ýüzüni süpürýär. Ýöne, der oňa barydir baş berenok. Elini aýyrdygy sil ýaly çögup çykyp dur. Düýn-öňňün Bekgi mugallyma saçyny syrdyrandygy üçin der onuň süýr depesindenem şaglap inip dur. Etli-ganly adam bolançoň ol asylam-a derlegiräkdi welin, men onuň beýle gara suw bolup derleýşini şo çaka çenli görmändim. Umumanam ol goýun gözleriniň üstüni ortüp duran galyň gabakly, daýanykly, ýüzi dolmuşrak, burunlak, dodaklaryny mäkäm gysyp gezýän, kän bir geplemezek, ýöne, iňňän işeňňir adam. Şonuň üçin ony oba ýolbaşçylaram, beýleki adamlaram gowy gorýärler. Möhümi düşçe hökman bitirýärler. Sözüne ynanýarlar. Kakamy menem gowy görýärin. Oňa buýsanýaryn. Şonuň üçinem men hemişe diýen ýaly onuň ýanynda. Howwa, şeýdip oturyşymyza biz birmeýdan sesimizi çykarman gara bokurdak bilen gidişdik.Ýöne, kakamyň eşidenini eşitmänini bilemok, nahara oturyşymyz ýaly gulagyma: “şygyr-şygyr”, “şowur-şowur” ses geldi durdy. Adatça ýöräp gelenden soň tä sowaýança biziň “wodowozymyzyň” motoram edil şolar ýaly bolmasa-da, birhili “şyg-şyg-şyg” edip ses çykarýardy. Arasynda şyt-şyt”, şyňk-şyňk” hem edýärdi. Ilkibada men gulagyma gelýän ses şoldur öýtdüm, ýöne, ol wagt eýýäm onuň galyşaryça pursat geçipdi. Asyl galyşypdam. Men muňa baryp-ha çöpleme çöpläp ýören wagtlarym üns beripdim. Gapdalyndan geçenimde ýörite diň salyndym. Bu wagtky eşidilýän ses welin galyşanok-da, barha beter batlanýar. Göwnüme bolmasa golaýlaşýanam ýaly. Oduň tebtine daşy çalarak garalan alýumin jamyň düýbi görnüberende muny kakamam duýdy. –Al,oglum, şuň düýbüni ýala, sogap bor – diýip, jamy meniň öňüme süýşürdi-de, iki dyzynyň üstüne galyp diňşirgendi. Gulaklaryny taýly gezek gapa tarap gerdi. Söň gyýalap maňa bakdy. – Beh, bir şowurdy-ha bar, Ata jan, nämekä bi? Ýa bir bendäň maly boşanyp tanapyny süýräp gaýdyberdimikä? Ol töwir galdyrmana-da howlugyp eli bilen ýüzüni syldy-da, ýerinden turdy. Böküp daş çykdy. Ýalap-ýalap düýbüni aýna ýaly eden jamymy goýup menem çykdym. Çykyşymyz ýalam ýaz aýy öldürilen ýylandanam uly,owadanlygam şondan pes bolmadyk mähnet bir ýylanyň aşaky çöketlikden çykyp, bize tarap süýrenjiräp gelýänini gördük. O-da bizi görenden sähelçe sägindi-de, kellesini galdyryp “has-s” etdirdi. Dilini ýalmandyrdy. Duşmançylyk niýetiniň bardygyny bidermekçi bolýan ýaly guýrugy bilen ilk-ä ýer peşedi, soňam iki baka bulady, aşak ýokary urup “tarpyldatdy” Kakam: – Adamlar dogry aýdan ekenler, taýy bar ekeni. Şu şoldur. Ar almana gelendir. Gaçaly, ýene-de serhetçilere duýdyraýmasak ikimize eýgertmez bi, – diýdi-de, elimden tutup “wodowoza” tarap ylgady. Baryp kabinany açdy. Öňürti meni saldy. Soň özi girdi. “Şark-şurk” ýapdy. –Ýa Alla! Elbetde biziň gaçyp gutuljakdygymyza güman ýok. Ýylanyň yzymyzdan kowalap ýetibilmejekdigem belli. Juda gyssansak maşynymyza basdyryp mynjyradaýsagam bolup dur. Şonuň üçinem bizde gorky-ürki ýok. Ýöne, näme üçinder biz ugramyzok. Maşynymyz ýerinden gozgananok. Asla motordan ses çykanok. Otlananok. Ýylan bolsa golaýlap gelýär. Iň ýamanam edil jadylanan ýaly men ondan gözümi aýryp bilemok. Çaga bilesigelijiliginiň erkinden çykyp bilemok. Synladygymça synlasym gelýär. Ahyram özüme zor salyp gözümi kakama tarap aýladym. Ol açaryny tapmaýan bora çemeli, alahasyrdy bolup daş-töweregini, üsti-başyny, sermenýär. “Bardaçogy” dökýär, jalbarynyň jübülerini çöwürýär, köýneginiň alyn jübüsindäki iki eplengi “pamiri” bir çykarýar, bir salýar, soň egilip aýak astyny dörjeleýär. Der diýeniň welin hälki nahar iýip oturandakysyndanam beter. Üsti-başy ol suw.Myžžyk. Birdenem ol meniň ýüzüme seretdi. – Ýa ýaňky nan iýen ýerimizde galaýdymyka? – Şonda men onuň gözleriniň hemişekisinden kän ulalandygyny gördüm. Ýüzem öňküsinden has garalypdyr. Ýöne, özüni ýitirenok.Oňa çenli ýylanam çöketlikden çykdy. Bolaýsa otuz-kyrk metr aralyk galdy. Indi bize onuň owadan gözleriniň ýyltyldysyna, käte bir ýalmanyp gidýän garamtyl diliniň goşa çawuna çenli aýyl-çaýyl görnüp dur. Kakam meniň jogabyma-da garaşman kabinadan atylyp çykdy-da, iki bökende çadyryň agzynda häzir boldy. Barşy ýalam içine kürsäp urdy. Eglenmänem çykdy. Ylgap yzyna geldi. – O ýerdedem-ä ýok… Şondan soň ol öz maşynymyza görä ynamlyrak, berkiräk saýdymy ýa onuň açary içindedip öýtdümi, meni kabinadan garbap aldy-da, elimden tutup on ädim çemesi beýle ýanymyzda duran “sudobekkere” tarap ylgady. Kabina girişimiz ýalam, ýaňkysyndanam ulalan gözlerini açar sokulýana dikip lapykeç seslendi – Wah, müňňam açary ýok eken-ä… Men kakam erbet aljyrandyr ýa gorkandyr öýdemok, ýöne, meniň gorkaýmagymyň ahmaldygyndan gorkan bolsa gerek, ekspedisiýaçylar eşider ýaly uzyn-uzyn signal berdi. Birdenem sag eli bilen şapladyp sag buduna urdy. – Wah, o maşynda tüpeň bardy ahyry… Megerem çykmak islän bolsa gerek, kakam zarp bilen kabinany açdy. Ýöne, çykmana ýetişmedi. Eýýämhaçan alkymlap gelen ýylan “has-s” etdirip oňa topuldy. Kakam gapyny açandakysyndanam has çaltlyk bilen yzyna çekdi. Ýylan welin näme üçindir bizden sowuldy-da, çadyra tarap ýöneldi. Agzyna ýetip boýnuny süýndürip kellesini içine sokdy. Ine şunda welin men hakykatdan-da görkdum. Egerde biz “şowur-şowra” üns bermän, “tuşenka” bilen başagaý bolup otyrkak şeýdäge-de gapymyzdan gelip içerik boýnuny uzadan bolsa näderdik? Çykybam bilmezdik, çykýanymyzda-da gaçyp gutulybilmezdik. Ikimizem oňa ardurja ýal bolardyk . Meniň-ä oňa gözüm düşüşi ýaly ýüregim ýarylyp öläýmegimem mümkindi. Içinde janly-jemendäniň ýoklygyna göz ýetiren ýylan kellesini çadyrdan çykardy. “Duruň entek, öňürti şuň bilen bir bellesini edeýin, size soň dolanyp gelerin” diýýän ýaly bize tarap gaňrylyp seretdi-de, howlukman çadyryň daşyna aýlandy.Orandy. Kellesi bilen guýrugy tapyşandanam “şatyrdadyp” bir gysdy welin, ep-esli ýerdenem elesläp görünýän uly çadyr bili boglan sübse ýaly bir gysym boldy ýatyberdi. Direg sütünleri ýykyldy, delil baglady üzüldi. Çözülen çadyr ýelken ýaly aşak çöküp barşyna “höpür-höpür”, “wassyk-wussuk” edip ýelini çykardy. Töwerek-daşyna ýel tozatdy. Oňa çenlem ýylan towuny çözdü-de, guýrugy bilen çadyry silkip goýberdi. Eplem-büklem bolan krowatlaryň “şalkyldaşyp” hersi bir ýere düşdi. Içi negözel konserwalardan doly tagta we karton gapyrjaklar dumly-duşa pytrady. Alýumin jamlar, ululy-kiçili pitijikler bolsa uly zenzele turzuşyp, çöketlige bakan tigirlenişip gitdiler. Gawum-garpyzlar ýaryldy. Çigitleri guma garyldy. Arakly çüýşeleriň köpüsi döwüldi. Spirtiň myrtap ysy gelip burnumyza urdy. Şondan soň nägehan bize tarap öwrüldi. Başyny dim-dik edip, göni gözümiziň içine seretdi.Kellesini yranjyradyp öwsun atdy. “Has-s..” etdirip alkymyny çişirdi. Birdenem alahasyrdy bolup üstümize okduryldy. Ýöne, onam çadyr ýaly mynjyratmak islän bolsa gezek özüni biziň üstümize zyňmady-da, örän çaltlyk bilen “sudobekkeriň” daşyna aýlandy. Orandy. Maşyn leňňer atyp ugrady, emma ençeme tonna ýük göterijiligi bolan agyr tehnika oňa baş bermedi. Ýöne ýylanyňam bar emeli garşydaşyny gysyp almak däl ekeni. Ol maşyny yralamasyny goýdy. Bir minut çemesi onuň nirededigem belli bolmady. Birdenem maşynyň iki öň tigirleriniň arasyndan onuň nagyşly, owadan kellesi göründi. Iki-baka “ýalt-ýult” edip sähelçe durandan soň kem-kemden suwulyp tutuş göwresini çykardy.Maşynyň öňünde guýlundy. Başyyny galdyryp kakam ikimize tuňkesini dikdi. Äňini ilki “buferiň”, soň “kapotyň” üstüne goýdy. Usullyk bilen dyrmaşdy. Aýnadan bizi bir salym synlap durandan soň, hamala gözleýäni biz däl ýaly üstümizden aşyp kabina dyrmaşdy. Ol ýerdenem nowa girdi. Çörek boldy. Şonda maşynyň kölegesi iki esse dagy ulaldy. Kellesini galdyryp o ýan, bu ýan ülňeýäninem, ýituk gözleýän ýaly uzaklardan-uzaklara nazar salýanynam biz kölegä seredip bildik. Hä diýmänem ol nowadan aşyp ýere düşdi. Maşynyň sag tarapyndan aýlanyp ýene-de çat maňlaýymyza geçdi. Bizi ýiti-ýiti synlady. Tanajak bolýan ýaly çiňerilip-çiňerilip bakdy. Boýnuny bize tarap bir süýndürdi, bir yzyna çekdi. Ahyram ýüregini bore baglan bolsa gerek, öňküje münen ýerinden kapoda dyrmaşdy. Aýna golaýlaşdy. Men gorky damarlarymyň oklaw ýaly galandygyny bildermejek bolup hernäçe merdemsiresemem bolmady, kakam ony derrew duýdy. Şonuň üçinem: – Gorkma, oglum! Gorkma! Hiç zat bolmaz. Hiç zat edibilmez. Men ine häzirjek tüpeňimi alyp gelerin – diýip, meni köşeşdirmäne çalyşdy. Şonda men onuň ýeke bir galyň dodaklarynyň däl, diliniňem gurandygyny geplemesiniň kynalýandygyny duýdum. Özümiňem öler ýaly suwsaýandygymam men şonda bilip galdym. Ýöne, ikimiziňem ýadymyza suw düşenok. Sebäbi ol wagt terezä goýlan zat teşnelik däl-de, jan! Maşyndan düşübildigimiz biz takyrdan tikilen suwly torbany başymyza çekäge-de suwsuzlygymyzy gandyryp bilýäris, islesek üstümizden setilläp guýup suwa-da düşüp bilýäris. Çüňki “wodowozymyzyň” äpet demir çeleginiň içinde suw entegem näçe diýseň bar. Ýöne, oňa ýetmekde, üstümize topulyp gelýän apy tutandan gutulmakda iş bar. Yssy welin çadyryň içindäkisindenem beter. Günüň aşagynda duran demir kapasa peç ýaly gyzgyn. Aýnalar petikli. Açyk bolaýanlygynda-da öwüsgin ýok.Çöp başy gymyldanok. Eşiklerimizi sykybermeli. Kakam dar kabinanyň içinde iki ýana urunýar. “Bardaçokdan” pyçakmy, ulurak açarmy ýa ujy çiş “otwýortkamy” bir zatlar gözleýär. Ýylan edil aýnanyň öňüne geldi-de, “haýsyňyzy öňürti alaýyn” diýýän ýaly kellesini saňňyldadyp herimiziň ýüzümize bir seretdi. Bir zaman doňan ýaly bolup durdy. Soň haýaljakdan herekete geldi. Bat alýan ýaly kellesini öňe-yza ülňedi. Arkan gaýyşdy. Birdenem ýaýdan sypan ok ýaly öňe tarap süýndi-de, nagyşly, süýri kellesini maşynyň maňlaý aýnasyna “gülçüldedip” ýelmedi. Aýna “şatyrt” etdirip çat açdy. Azabynyň ýerine düşendigini aňan bela ara azajyk maý saldy-da, kellesini ýene bir gezek aýna urdy. Ondan soň ýene, ýene we ýene-de urdy. Urgularyň arasynyň ýygjamlanmagy bilen, aýnalaryň jygdalary köpeldi. Bagtymyza düýbi sarsmady. Gopmady.Ýöne, uzak durmajagam belli boldy. Iň bolmanda indiki urgulardan soň aýnanyň jygdalanan ýerleriniň hökga deşilmegi,şol deşikden ýylanyň sümülip kabina giräýmegi mümkin. Şonuň üçinem, biz her zat etmeli welin kabinadan çykyp gaçmaly. Özümizi öz maşynymyzyň içine atmaly. Ýaraglanmaly. Şondan başga bizde çykalga ýok.Bu ýanyp duran dag daşlarynyň arasynda bize şol goşa nilli tüpeňden başga hossar çykybiljek, beladan halas edibiljek ýok. Kakamyňam häzir ähli küýüniň şol goşa nildedigini bilýän. Ol eline ilen haýsydyr bir demir bölegi bilen ýylana haýbat atýar, aýnanyň iç ýüzünden oňa tarap demirli elini salgaýar,ürküzjek, görkuzjak bolýar, emma ýylan oňa ünsem berenok, gaýtam kakam birki ýola demir bilen aýnanyň iç ýüzünden urup ýylana “kömegem” etdi. Ana,şondan soň welin ol hakykatdan-da howsala düşdi. Meniň nä haldadygymy aňmakçy bolýan ýaly birki ýola ýüzüme seretdi. Ýeňi bilen derini çaldy. Men uly ilim bilen möňňüribermekden zordan saklandym. Egerde biz turuwbaçda öz maşynymyzdan çykman oturyberen bolsadyk, onda bular ýaly çykgynsyz güne düşmezligimizem mümkindi.Çüňki, birinjiden-ä tüpeň eýýäm kakamyň elinde bolardy, ikinjidenem meniň pikirimçe nägehan häzir biziň üstümize diňe şo-ol, öňki öldürilen ýylany nowasyna ýükläp giden maşynyň ekiztaýynyň – “sudobekkeriň” içinde oturandygymyz üçin hüjüm edýärdi. … Ine-de aýna “pagşyldap” gitdi. Öwnukly-irili gyýçaklar kabinanyň içine pytrady. Biziň üsti-başymyza, ýüz-gözlerimize-de döküldi. Ýylanyň äpet kellesi süsňäp kabinanyň içine girdi. Onuň “gulkunyp” duran ak alkymyna, gorkunç äňine, gaňyrçak ýaly dişlerine gözüm düşenden men çirkin gygyrdym. Şol wagtam gözlerimiň öňünde gara ýyldyrym çakyp giden ýaly boldy. Ýüzüme ýylymsy bir zat degdi. Ýylanyň ýalmanyp duran diliniň derläp duran ýaňaklarymy, maňlaýymy ýalap gidýändigini aňanymdanam öňkümden-de beter “wägirip” özümi kakamyň gujagyna okladym. Görkunjymamy ýa bilesigelijilikdenmi, gaňrylyp ýene-de ýylan tarapa seretdim. Onuň sag gözünden, äňiniň aşagyndan joralanyp gan akýar. Çep gözünde bolsa bir garyş çemesi uzynlykdaky insizje aýna gyýçagy somalyp dur. Hut şonuň üçinem ol bizi saýgaryp bilmäýän bolsa gerek, owadan, ýöne biziň üçin ölüm howply kellesini dar kabinanyň içinde o ýan, bu ýan ülňeýär, göwresiniň galan böleginem içine saljak bolup jan edýär, omzaýar, towlanjyraýar. Häzirki ýagdaýda men kakama päsgel berýärdim. Ýöne, ol iňňän çalt hereket etdi. Ýylanyň alasarmyk ýagdaýa düşenini, ýaralananyny aňandan kabinany zarp bilen açdy-da, meniň elimden tutup daşaryk okdyryldy. Çykyşy ýalam ýüzün ýykyldy. Menem ýykyldym. Ikimiziňem ýüzümiz sypjyryldy. Meniň-ä burnumam ganady. Aýalaryma dişleri awy-zerzaw bolup duran, guraksy çakyrtikenler çümdi. Dyz çanaklarym agyrdy. Ýöne, men o zatlara üňsem bermidim-de, kakamyň yzy bilen hasanaklap ýerimden galdym. Iki bökende öz maşynymyzyň ýanynda häzir bolduk. Edil öňki gezekki ýaly kakam öz oturýan tarapyndaky gapyny açdy-da, öňürti meni saldy. Soň özi girdi. Girişi ýalam ur-tut elini oturgyjyň arkasyna sokdy. Şol ýerde kese ýatan “goşany” garbap aldy. “Bardoçokdan” peşeňli hatary çykardy. Iki sanysyny sögrup alyp “şakyr-şukur” goşanyň gözlerine sürdi. Hatary meniň elime tutdurdy. –Me, her gezek ber diýenimde şundan iki sanysyny sogur-da elime tutdur-da dur. Biz gaýdanymyzdan soň ýylanyňam ýeke özüniň boş kabinada uzak durasy gelmedi. Garagan bolan kellesini “sudobekkeriň” kabinasyndan silkip çykardy-da, çar tarapa hekgerilip bizi gözledi. Bize gözi düşendenem: Ýok, gadyrdanlar, ýalňyşýaňyz, meniň bar ýagym ýeke bir bu äpet maşyn däl, sizem şoň biri, diýýän ýaly bize tarap buruljyrap gaýtdy. Ýöne, bu wagt eýýäm kakam eli tüpeňli basgançakda durdy. Içi iki sany doňuz okly goşa nil bolsa äpediň owadan kellesini nyşana alypdy. Bu zatlardan bihabar ýylan bize barha golaýlaşýar, hälkisi ýaly guýrugy bilen ýer peşeýär, “tarpyldatýar” gum sowurýar, guýrugy bilen çöp-çalamlary goparyşdyryp dumly-duşa pytradýar. Juda çüň çümen bor-a çemeli, gözündäki gyýçak henizem dur. Ýöne, indi somalanok-da, sallanyp dur.Şol wagt men onuň alkymyna-da bir gyýçagyň gadalyp durandygyny gördüm. Ol gyýçak oňa kellesini yza çeken mahaly çümen bolmaly. “Gümp!” Goşanyň gözünden ot çykyp gitdi. Däriniň ajy ysy burnuma urdy. Gümpüldiniň ikinji gezek ýaňlanmagy bilen, ýylan sag tarapa çalarak gyşaran ýaly etdi. Ýöne, ugruny üýtgetmedi. Ýanynlabragam bolsa hereketini dowam etdirdi. Aralyk has golaýlady. Ol ýene bäş- üç ädim ýalyrak süýşdügi “wodowozyňam” kapodyna dyrmaşyp biljekdi. Ýöne biz indi öňki ýaly biçäre däldik. Elimizde ýarag bardy. – Hany, bol!…– diýen ses gulagyma degendenem derläp duran çep aýamyň içindäki iki peşeňi kakamyň garaýag ýokly, gataňsy, jaýryk-jaýryk aýasynyň üstünde goýdum. Ol peşeňleriň ikisinem birden diýen ýaly örän ussatlyk bilen sürdi. Sürşi ýalam diduwany gözüniň deňine ýetirdi-de, yzly-yzyna mäşäni gysdy. – Bol! Ol muny agzyndan tüsse tütäp duran peşeňleri goşanyň gözünden çykaryp durşuna aýtdy. Boşan peşeňler ýere ýetip-ýetmänkä men ýene-de iki oky onuň eline tutdurdym. Şu ýagdaý telim gezek gaýtalandy. Men hatardan sogryp ýetişsem kakam atyp ýetişýär.Aşakda boş peşeňleriň üýşmegi ulalýar. Her gezek ok niliň agzyndan çykanda ýylan näme üçinder kellesini şoňa tarap ülňäp goýberýär. Yzly-yzyna uçup barýan oklar oňa öňe süýşmäne maý berenok. Soňky iki ok göni baryp onyň uludan açylan agzyna girdi. Bokurdaga çümen gyzgyn gülle suwa sokulan otly kesindi ýaly “jas-s” etdirdi. Bir dişiniň kül-uşak bolanyny gözüm bilen gördüm. Aşaky äňem “şylkyldap” aşak gaýtdy. Bir gözi çykdy, Akdy. Negözel kellede gork-görmek galmady. Şondan soň ol başyny ýere goýdy. Göwre welin henizem hars urýar. Towlanjyraýar, tapyrdaýar, kä eýlesine, kä beýlesine öwrülýär, käte garnyny akjardyp arkan düşýär. Esasanam güýruk işjeň. “Tarp!” “Tarp!” “Gürp-gürp!”. Her “tarpyldydan, gürpüldiden soňam ep-esli meýdan tozap gidýär. Kakam menden ýene iki ok aldy-da, basgançakdan böküp düşdi. Bir tobsanda ýylanyň ýanyna bardy. Käte bir abat gözi açylyp-ýumulýar diýäýmeseň, bütinleý hereketden galan kelleden ýene-de iki oky çüýledi. Kelleçanak pytrady. Aňňal orak ýaly egreýip duran ýeke dişinden esli wagtlap gan gatyşykly sary suwuklyk akdy durdy. Endamjanyndan syrkyraýan al gan Güne ýanan ot-çöpleriň üstüni örtdi. Oýrak ýere üýşenleri uýap gowrubermeli boldy. Her näçe mynjyranan hem bolsa, kelläniň käbir ýumşagrak bölekleri esli wagtlap içinde ýürek bar ýaly müňküldedi durdy. Göwredir-guýrugyň welin käte bir tisginmesi bir sagat geçenden soňam galmady. Ekspedisiýaçylar wagty bilen gelmediler. Şeýle-de bolsa biz olara garaşmaly bolduk. Aýtmaklaryna görä olar biziň beren signallarymyzy eşitmändirler. Tüpeň sesini eşidipdirler, ýöne, dag içinde gezip ýören awçylaryň biridir öýdüpdirler. Pyýada gidensoňlar owkatlarynam ýanlary bilen alyp gidipdirler-de, günortan goşa dolanjagam bolmandyrlar. Ýogsam her gün günortanyň yssysyny tä, salkyn düşýänçä çadyryň içinde geçirýändiklerini biz bilýärdik. Şonuň üçinem olara garaşyp çaýa oturypdyk. Maşynlary welin kakamyň aýdyşy ýaly hakykatdan-da kemçilik tapan ekeni.Oňa gerekli şaýlary şondan iki gün söň mehanik Annak öz gozakly motory bilen medeni zona gidip, kolhozyň garajyndanmy, MTS-denmi, bir ýerden tapyp getirip berdi. Maňlaý aýnasyny tapmak üçin welin uly başlyk Aly aga raýkomyň birinji sekretaryna çenli görmeli boldy we şonuň tagallasy bilen serhet galalarynyň birinden alyp berdi. Çüňki, ol wagtlar ýeke bir biziň obamyzda däl, tutuş etrap boýunça-da “sudobekker” ýokdy. Biri-birinden boýlary tapawutly diýäýmeseň meniň gözüme barysy birmeňzeş görünýän, başlary Sergeý aganyňky ýaly depesi beýik, etegi giň örme saman şlýapaly, gözleri gara äýnekli, dyzlaryna ýetip duran kelte balakly, endamlary gyp-gyzyl, hal-hal, saryçyrmaşyk ýaly sap-sary tüýli, çyparja, gök gözlüje, alymlar çalam-çaş bolup ýatan çadyrlaryny, pytraşyp ýatan goş-golamlaryny, bir ujy çöketligiň içinden çykýan gap-çanaklaryny görüp birhili boldular. Süýnüp ýatan mähnet ýylan welin olary hasam haýran galdyrdy. Ilk-ä ony diridir öýdüp gorkdular. Kellesiniň çym-pytrak bolandygyny görübem az-kem ekezlendiler. Hakykatdan-da diri däldigine göz ýetirmek üçin daşrakda durup syn etdiler. Uzyn taýak bilen o ýerine, bu ýerine dürtüp gördüler. Esli wagtlap hiç haýsyndan ses-üýn çykmady. Biziň bardygymyzam, näme bolandygyny bizden soraýmalydygynam unudan ýaly şo-ol, biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler durdular. Başlaryny ýaýkadylar. Öwran-öwranam näme üçindir boýunlaryny süýndürişip daş-töwereklerine garanjaklaşdylar. “Wodowozyň” kölegesinde meni goltuklap, çalarak üpkiljiräp, käte-de bir tisginip oturan kakamam tä, özleri gelip soraýançalar hiç zat diýmedi. Sesinem çykarmady. Gözlerini süzüp olaryň hereketlerine syn etdi oturdy. Ahyram Sergeý aga usullyk bilen gelip biziň çat maňlaýymyzda çommaldy-da, ruhy öçen ýüzüni duw-ak edip kakamyň ýüzüne çiňerildi. Şonda onuň çerrelip duran göm-gökçe, sary kirpikli gözlerinde uçursyz haýran galyjylyk, hormat hem-de gorky alamatlary göründi. – Мащи! Что случилось? Ты что ли её так? Как это случилось? Sözme-söz düşünmesemem, men onuň näme diýendigini aňdym. Oňa çenli beýleki alymlaram gelip Sergeý aganyň gapdalynda çömmaldylar. Şondan soň kakam bildigine görä orsçalap olara bolan işi birin-birin gürrüň berdi. Şeýle äpet ýylanyň hötdesinden onuň ýeke özüniň gelendigine alymlar ynanmajak boldular. «Не может быть- да не может быть» bolşup iki ýana ýaýkanjyraşdylar. Kakamam ynandyrjak bolup dyzabam durmady. Gaýtam meniň egnime kakdy-da: – Dogrudanam ony men ýeke özüm öldüremok. Ine, şu ikimiz öldürdik – diýdi «Nädip ähli okuňy kellesinden urup bildiň» diýen soraglaryna bolsa: – Ýylan oky gapyp alýar. Şonuň üçinem atybildigiň ok baryp onuň kellesinden girýär-diýip jogap berdi. Alymlar ruletka bilen ýylanyň inini – boýuny ölçediler. Suratyny aldylar. Gapdalynda kakam ikimizi durzubam aldylar. Kitapdamy ýa Orsyýediň gazet-žurnallarynyň birindemi, çap etjekdiklerini aýtdylar. Soň özlerem ýylanyň daşyna üýşüp düşdüler. Biziň bilen durubam, ýeke-ýekelikde durubam düşdüler. Gapak ýaly döşüniň üsti durşuna tüý bolup duran, goşarlaryndan başlap kebzelerine çenli gök reňk bilen ýazylan hatlardan, her dürli suratlardan doly, tegelek ýüzli, garynlak daýaw biri bolsa göwresine bap gelmeýän inçejik, üstüsine-de gyryljak sesi bilen bir zatlar diýip gaty kän käkeledi. Jübüsinden çykaran gök saply, eplenýän çakgysyny çoçjaýdyp ýylana topuldy, o ýerine bu ýerine dürtüp gördi. Daşyndan aýlandy. Kakamdan sorap görsem ol adam: munuň derisinden tasma ýasalyň , soňam gönçülere satalyň, pul edeliň diýýän ekini. Ýöne, bu äpet mahlugyň derisini soýmak üçin ussatlygyň gerekdigini, önsoňam elleriniň aşagynda ony duzlar ýaly, eýläp ýaly hiç hili şertiň ýokdugyny, o zatlarsyzam bu yssyda onuň hä diýmän porsap başlajakdygyny, gurtlajakdygyny aýdyp ony pälinden gaýtardylar. Şondan soň gürrüň ýylany nätmelidigi barada gitdi. Kimdir biri: – Hökümede tabşyrmaly – diýdi. Başga biri oňa garşy çykdy. – Öli ýylany hökümet başyna ýapsynmy? – Dogry aýdýaň. Diri bolan bolsa başga mesele… – Gerek bolaýanda-da bu wagt muny nirä äkitjek? – Kime eltip berjek? Ahyram ýylany çöketligiň düýbündäki hemişe kölege düşüp duran, ýaz aýlary ýagyn suwunyň köp ýatandygy sebäpli gök gyrtyjy henizem doly gurap ýetişmedik, ýumşajyk, gazmak üçin amatly ýerde gömmeli diýen karara geldiler. Şeýle hem etdiler. Çukur taýyn bolandan soň bilinden “tros” salyp ýylany ol ýere kakamyň maşyny bilen süýräp eltdiler. Höwlukman gömdüler. Öň ýadyna düşmändirmi ýa aýdara maý tapmandyrmy, kakam diňe şondan soň olara şu töwerekde öňem şular ýaly äpet bir ýylanyň öldürilendigi, munyňam şonuň taýy bolaýmagynyň ahmaldygy barada gürrüň berdi. – Adamlar muňa köpden bäri garaşýardylar, – diýibem sözüni soňlady. Kakamyň gürrüňi alymlarda iňňän uly täsir galdyrdy. Olar ony tä aýdyp bolýança seslerini çykarmak diňlediler. Soň: “…твою мать да твою мать…”– bolşup başlaryny ýaýkadylar.Gözlerini tegeleşip biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Ömürlerini dag-güzde geçirenem bolsalar, henize çenli bular ýaly waka duş gelmändiklerini, hatda eşitmändiklerinem aýtdylar. Şondan soň yraň-daraň edişip çadyrlaryna tarap ugradylar. Sergeý aga çadyryň aşagyny sermeşdirip bir çüýşe döwülmän galan arak bilen iki banka balyk konserwasyny tapdy. Kakama tarap baş atdy. – Садись, Мащи! Это дело надо отметить. Ты сегодня герой – diýdi. Kakam garşy bolmady. Hiç zat datman diýen ýaly iki gezek yzly-yzyna ýelmänden soň, şu günüň içinde ilkinji gezek çilim çekmek üçin sag elini derden ýaňa bar ýeri besse-besse bolup duran gögümtil, şol döwürde ýoň bolan iki jubüli “şotland” köýneginiň çep döşündäki jübüsine sokdy. Iki eplengi “pamirini” çykardy. Epinini ýazyşy ýalam: -Wah-he-eý, muňa seretle! – diýip, süýem barmagyna ildirilgi açary maňa görkezdi. – Şu jübüme atypdyryn. Bu-da çilimiň gabyna gidipdir – Ol açarly wakany alymlara-da gürrüň berdi. – Şuny wagtynda tapan bolsam-a gaçybam gutulýadyk welin… Sergeý aga güldi. –Хорошо, что не нашел, а то героем не стал бы… Onuň bu sözüne gyzyl-gyran gülüşdiler. – Правильно! Правильно!..- diýşip kakamyň bulguryna ýene-de arak guýdular. – Пей, Мащы! Пей… ––Ýeri bolýa-da, täkläýeýin-le- diýip, kakam onam içdi. Hernäçe hödür etselerem men hiç zat iýip bilmedim. Sebäbi işdäm ýok. Şol gün biziň içgämiz ýandy. Kakamyň duz datman içip oturyşam şonuň üçin. Ýogsam, günortanky iýenimizden bäri ajygarça wagt geçiberipdem. Şondan soň alymlar bu ganly wakanyň bolan ýerinden daşraga, öňküdenem has belendiräk bir ýere göçdüler. Para-para bolan çadyrlarynam çatyşdyryp, ýamaşdyryp,kä ýerini bujak görnüşinde boguşdyryp, käbir böleklerini çigişdirip, şol ýerde dikdiler. Göç-gona kakam ikimizem kömekleşdik. “Sudobekkerem” täze ýere kakam öz maşynynyň ýzyna tirkäp eltdi. O zatlaram bizi ep-esli egledi. Şonuň üçinem, iňrik mazaly garalandan soň ýola düşdük. Bize külpet baryny görkezen tomsuň bir güni şeýdip tamam boldy. Kakam ýolboýy öz ýanyndan bir zatlar diýip pyşyrdady gitdi oturdy. Başda men oňa kän bir ünsem bermedim. Has takygy maşynyň zenzelesi, “şakyr-şukury” bilen hiç zat eşitmändirin. Pugta gulak salyp oturanymdan soň onuňam edil Haltäç daýzanyň öňki ýylanyň öldürilen güni edişi ýaly, doga okaýandygyny aňdym. Ýolboýam içimden äpetleriň ikisiniňem ajala dözer ýaly däl derejede şeýle owadandyklary, tebigat tarapyndan ýaradylan ýütgeşik bir jandar ekendikleri barada pikir etdim. Ýa Mäti kuçjigiňki dogrumyka, diýip oýlandym. Şeýle hem, bir garyşlygyndan başlap şol derejä ýetirýänçä tebigatyň olary nijembir belalardan, howp-hatarlardan gorap saklandygy, “Gyzyl gaýa”, “Boz daga” gelýänçäler nijembir ýollary geçendikleri, nijembir mowritleri başlaryndan geçurendikleri, gör nirelerden gelendikleri, haýsy daglardan, haýsy düzlüklerden aşandyklary, haýsy çöllükleri sökendikleri barada oýlandym. Şol zatlar barada men häzirem oýlanýaryn. Tebigatyň şonça zamanlar aman saklan janawerleriniň gelip-gelip biriniň-ä Haltäç daýza sebäpli esgerleriň elinden, beýleksiniňem “öz aýagy” bilen üstümize gelip kakamyň elinden ölüşlerine diýseň geň galýaryn we Haltäç daýzanyň , kakamyň edişi ýaly bizden kän-kän güýçli hem hökmürawan tebigatyň güýjüne, kuwwatyna haýranlar galmakdan ýaňa uzyndan-uzyn dogalar okaýaryn. Şol wakanyň bolan döwürleri obamyzyň iň ýaşulysy Zaman aganyň aýtmagyna görä welin, nijembir ýyllapmy, asyrlapmy, gör nirelerdedir bir ýerlerde adam garasyny görmän aždarha çykan, ýuwdarhalyga ýetişen şol iki äpet öz mekanlaryndaky janly-jandarlaryň ählisini iýip gutaranlaryndan soň, özleriniň şeýle uzaga çeken ömürlerinden bizar bolup, ajallaryna el bulap adamlaryň arasyna gelipdirler. Serhetçileriň ýa kakamyň elinden ölmäýenlerinde-de, olar barybir başga birleriniň elinden öläýmeli ekenler. Sebäbi, islendik zadyň soňy geläýmeli. Baky zat ýok. Ömürem şeýle. Egerde şol gezek biz olary almadyk bolsak, onda hökman olar bizi almaly ekenler. Diýmek, meniň obadaşlarymyň tapan çözgütleri, gyssagara gelen netijeleri dogry ekeni. Bu barada ylym näme diýýär, ony men bilemok. 2006 ý. Bitaraplyk aýy (dekabr) Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |