ARYLY WAKA
Şo gezek bize aryň öýjügini gozgamak nämä gerek boldy diýsene?! Aryň öýjügi köne agylymyzyň diwarynda, ýykyk-ýumruk bolup oturan çig kerpiçleriň arasynda ýerleşýärdi. Basym biz köne agylda mallarymyzy saklamaly. Onsoň biz olary ýok etmesek, häli-şindi mallary çakyp, heläklär diýip oýladyk. Dogrusy, öňki güni olaryň öýjügini daşyna çykyp bilmän, ölüp galarlar öýdüp, palçyk bilen ýapybam gaýtdyk.
Ertesi görsek, arylar palçygy deşip, daşyna çykyp, hümer bolup oturan ekenler. Onsoň jigim Aman bilen olary düýbi-teýkary bilen ýok etmeli diýen karara geldik. Munuň üçin herimiz uzyn bir agajyň ujuna esgi doladyk-da, üstüne-de nebit dökdük. Biz bu ýerik gelenimizde öýjügiň agzy arydan doly bolup, olar üstlerine abanýan howpy öňünden aňan ýaly, wagyr-da-wugur edip, iki-baka gaýmalaşýardylar.
Biz ody ýakyp, ýaňy bir olara golaýlanymyzam şoldy welin... Bary göz açyp, ýumasy salymda boldy. Ol ýerden ýüzläp, müňläp çykan arylar üstümize hüjüm etdiler.Ýüzlerçesi jigimiň ýüz-gözüne gondy. Ol elindäki otly taýagy taşlap, aryň awusyna çydaman uly ses bilen “Eje!” diýip, öýe bakan aglap gaýtdy. Iki-ýekesi menem çakypdy, awuly agyra çydaman menem otly taýagymy töweregime aýladym, soňam ody taşlap, jigimiň yzyndan eňdim. Arylar welin biz esli aralyga çenli ugratdy, yzymyzdan aýrylmady.
Jigim bolsa henizem yzyna garaman uly ses edip aglap barýardy. Sähel salymda ony tanar ýaly bolmady, ýüzi güp ýaly çişipdi, köz ýalam gyzarypdy. Gözlerem açylmaýardy, içi-içine sygman aglaýardy. Birhaýukdan bu ýere golaý goňşymyz Guwa ýeňňe, Aşyraly aga dagylar ýetip geldi. Olar nämäniň-nämedigine derhal göz ýetiripdiler. Guwa ýeňňe bada-bat ýapdaky palçyk laýyndan goşawujyny dolduryp aldy-da:
- Ary çakana ýeke-täk melhem palçyk laýydyr. Laý onuň agyrysyny köşeşdir hemde çişip gidip oturmazlygynyň öňüni alar—diýip, jigimiň ýüz-gözüne çyrmap çykdy.
Jigim indi aglanokdy, birneme köşeşipdi. Basym bu ýere kakam, ejem, doganlarymyz hem geldi. Ony öýe getirip, uzyn ýatyrdylar. Şonda kakam maňa käýedi.
- Ýeri, pälwan, jigiň heniz ýaş diýeli. Sen welin mekdebiň birinji synpyna gatnap ýören ullakan okuwçy ahyryn. Aryň ýanyna barmaly däldigini bileňokmy?
Men sesimi çykarman jigime bolmasyz bir zat bolaýmasyn diýen howatyr bilen seretdim. Ol ýuwaşja iňleýärdi. Şo pille meniň hem ary çakan ýerlerimi owkalaşdyryp duranymy gören kakam hasam gazaplandy:
- Mönsüreme, seni çaksa biri-ikisi çakandyr. Jigiňe seret, ony onlap-ýüzläp çakypdyr. Baryna sen günäkär, seniň üçin şu hala düşdi. Heý-de, aryňam töweregine bararlarmy? Jigiň gutulsyn bakaly, sen soň menden temmiňi alarsyň!
Bolsa-da jigim birnäçe günden gutuldy. Aryň çakan yzlary hem aýryldy. Munuň üçin maňa temmi-de berilmedi, ol iş-aladalara gümra bolup ýören kakamyň birwagtlar ýadyndan çykyp gitdi.
Şodur-da-şodur, gaýdyp biziň arylar bilen işimiz bolmady, olaryň golaýyna-da barmadyk. Bizden başga “Arynyň öýjügini gozgadyk welin bizi ary çakdy!” diýýänem ýok. Asyl, arylaram degmedige degmez ekeni. Degilmänsoňam olar islän ýerlerinde ýaýnap, köpelip, ýaşap ýörler.
Aryly wakadan bäri esli ýyl geçdi. Biz uly adamlar bolup ýetişdik. Ýöne şindi-şindilerem aryň üýşen ýerini gördügimiz, özümiziň çaga mahallarymyzdaky garagollugymyz ýadyma düşýär.
Bu jigim Aman ikimize hemişelik sapak boldy.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty