ATA WE OGUL
…Öý işini harsal ýerine ýetirendigi sebäpli bu gün soňky sapakda mugallym oňa gaty käýýedi. Dogrusy mugallymyň sözlerini gulagynyň duşundan geçiribem goýbererdi welin, onuň: “Saňa gelişmeýär, Annameret! Äý hawa-da, ata käýinji bolmasa ene igenjinden ne peýda…” diýen sözleri Annameretjigiň öňem ýaraly, kiçijik ýürejiginden ok bolup geçdi. Ýerinden atylyp turaga-da: “Sen bar-a, mollum, meni kemsitme! Kakasy neşebent diýip, diýjegiňi diýen bolup durma! Men islemänim ýa-da ýaltananym üçin öý işimde ýalňyş goýbermedim. Ýeke ogul bolsam-da, seniň beýleki synpda okaýan lellim ogluň Lallyk ýaly läliksiredilmeýärin. Men okuwdan soň uýalarym bilen ejemiň ýanyna, meýdana gidip, oňa kömekleşýärin. Gije gelibem ýadaw bolandygym üçin, öý işimi çalt-çalt taýýarladym.” diýip, gaharlanjak boldy. Emma özüniň müýni bolandygy zerarly dilini dişläp oňmaly boldy.
Mekdepden gaýdanda-da deňdeşleri bilen bile gaýtmazlyk üçin, olardan ökje ogurlap galdy-da, uzagrak hem bolsa, başga köçeden gaýtdy. Çola köçäniň ugry bilen ýalňyz özi ýegşerilip barýan, Annamerediň namysjaň ýürejiginde kine gaýnap-joşýardy. Hemişe agzy salamly bolandygy üçin sataşan obadaşlaryna: “Baý, munuň edeplijedigini, şunuň ýalyjak oglanjyk bize-de nesip edewersin” diýdirýän, Annameret garaja galpakly başyny aşak sallap barşyna ýolugra sataşýan birlän-ikilän ýaşy uly obadaşlaryna üns bermeýärdi. Onuň göwnüne bolmasa, olaryň bary: “Muny görüň-ä, süpük neşekeş Haldurdynyň ogly gelýär” diýip, ony ýeňsesinden ýaňsylaýan ýalydylar. Diňe bir adamlaram däl, eýsem köçäniň iki gyrasyndaky ýaplarda ýaşyl ýapraklara basyrynyp oturan tutlar-da, olarda jürküldeşýän guşlar-da, tutlaryň aňyrsynda gizlenýän haýatlaram… olaryň ählisi: “görüň-ä muny, görüň ahyry bu neşekeşiň ogluny” diýip onuň yzyndan gykuw berýäne çalym edýärdiler. Gözlerini ýerden götermäge utanyp barýan Annameret üçin ýer-ä ýarylmaýardy, ol hem girmeýärdi.
Ahbetin ýüzüni sallap barşyna Annameretjik öýlerine ýetdi. Daşyna şifer aýlanan aşhanada özünden dört ýaş uly, altynjy synpda okaýan, ortanjy gyz uýasy nahar bilen başagaýdy. Ol günortandan soň okaýandygy sebäpli eýýäm mekdep geýimindedi. Özem Annamerediň eglenendigi üçin, gaharlydy.
-Näme gelmän geçdiň, saňa nahar berjek bolup mekdepden gijä galýaryn ahyry!
Akyly-huşy başga ýerde bolan Annameretjik uýasynyň gaharly jümlesine kelam agyz jogap bermän, içeri girip gitdi. Iki otagly öýüň içinde derde ýarar ýaly goş-golam ýokdy. Otaglaryň astyna ýazylan düşekler bolsa, göwnüňe bolmasa köneliginden ýaňa aýagyňy bassaň, dabanyň astynda dyr-pytrak bolup, dagap gidäýjege meňzeýärdi. Annameret daşky otaglarynda säginmän, gapdalky otaga geçdi. Bosagadan ätlen dessine-de ýene-de eýýäm iki hepde bäri boş duran telewizoryň ýerine gözi düşdi-de, ýaňy mellekleriniň gädiginden ätlände az-kem köşeşen derdi täzelendi. Kakasy bu telewizory alyp gidende öýde Annamerediň ýeke özüdi. Irdenden bäri awulygyny tapyp bilmändigi üçin ýüzüni eňşidip, erniniň suwuny akdyryp, öňünde: “Oglum, şu wagt gidip ejeňe aýtma, aýtsaň gykylyk turzup gelip, telewizory elimden alar, men bolsa bu mahal ölüp barýan” diýip, sazanaklap duran adamyň bolup durşy ysnady bolsa-da, ol kakasydy. Dözmedi. Ejesiniň yzyndan gitmedi. Onsoň öňem öýleriniň içinde ýumurtga togalabermeli eden kakasy, ýeke-täk güýmenjeleri hem tutuş hojalyklarynda derege ýaraýjak ýeke-täk zady – telewizory gujagyna gysyp alyp gitdi. Ejesi gijara işden gelip, telewizoryň boş duran ýerini görüp ähli zada düşündi. Mön göz ogluna bir zatlar diýip, käýejek bolup dodaklaryny müňküldetse-de, ýuwdundy-da, hiç zat geplemedi. Annameretjige tarap gözlerini alardyşan iki gyzy-da ejeleriniň oňa igenmändigini görüp, körpelerine hiç zat diýmediler. Ýöne Annameretjik ýaşy ýaňy otuz bäşden geçen hem bolsa kakasynyň berýän güzaplary zerarly eýýam garrap ugran ejesiniň gam-gussadan ýaňa püre-pür bolan alma gözlerinden sözsüz igenjini okady: “Oguljygym, öten ýyl hemmämiziň arly ýyllap çeken zähmetimiz üçin berlen sowgatdy-da! Bolmanda: “elleme” diýip bir bildiňmi ahyry?!”
…Telewizor bilen baglanyşykly ýatlama onuň çaga aňy üçin juda ýakymsyzdy. Sebäbi her gezek telewizory ýadyna düşende ejesiniň tükeniksiz gam-gussadan ýaňa püre-pür gözleri özüniň göreçlerine dikanlap garaýan ýaly bolýardy. Ejesiniň bu garaýşy onuň üçin çydar ýaly bolmadyk ezýetdi. Sebäbi ol gözlerde geljege umyt ýokdy, ynam ýokdy. Olar ejesiniň birmahal, özi ýatandyr öýdüp, ýarygijeden soň uly gyz dogany, mekdebiň sekizinji synpynda okaýan Çemen bilen derdinişende: “Hemmeler kakasy süpük diýseler-de: “Kakasy näme bolanda näme, özi arassa bolsa bolýar-da” diýip, hiç kimi diňlemän geldim. Ýigit dagam däldi, ýigidiň gülüdi. Toý-tomgy bolsa öňüne çykyp bilýän pälwan ýokdy…Ýöne näme, tohum yzarlaýan ekeni bi nägehan… Annameret jan dünýä inmänkä başlan ekeni… Soň bildim. Indi häli şu Annameret jandan hem gorkym az däl… Wa-eý Toba! Üç kerem toba” diýip aýdan sözlerini pyşyrdaýan ýalydy. Annamerede uç-gyraksyz mähir-muhabbet, söýgi bilen garaýan ol wagtyndan öň garran gözleriň jümmüşinde nähilidir birhili ysgynsyz müňkürlik bardy. Şol çala saýgaryp bolýan müňkürligiň üstüni-de ejesiniň jigerinden syzylyp çykýan ymgyr güýçli nalyşy basyrýardy. “Balam, bar umydym sensiň! Kakaňdan-a umyt ýokdur. Uruş döwründäki ýaly, nirededir bir alys ýerde “wepat boldy” hatyny alan bolsam döşümizi gaýşardyr gezerdik-le, janym! Ýöne, bagtymyzy küle çökeren maňlaýygara, ne abraý goýdy biz-de, ne hormat… Bar, umydym sensiň, guzym! Öň ýanyp, ýanyp, ýanyp köýüp bilmän ýörenimiz besdir! Diri ýakaýma!”…
…Annameret bu agyryly oýlanmalaryny bahymrak huşundan çykarmak üçin, telewizoryň boş ýeri garalyp duran bir gapysy ýok, döwük tekjeden ünsüni sowdy-da, eşiklerini çalşyp başlady. Şol wagt yzyndan gaharly uýasy girdi.
-Aý oglan, näme süýnüp-sarkan bolup dursuň, çakganrak-çakganrak geýimleriňi çalşyryn-da, naharyňy iý! Onsoň meýdana, ejem dagynyň yzyndan git. Şu mahal ýetişmeýärler.
Öz pikirlerine gümra Annameret ýene-de ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Muňa öňem atylmaga taýýar bolan uýasynyň bolmajysy boldy. Ol tasanjyrap jigisiniň ýakynyna bardy-da, ýeňsesine çalyp goýberdi:
-Aý oglan, näme lal açdyňmy? Men seniň bilen gepleşýän ahyry.
Uýasynyň bu şarpygy kalby kineli oglanjygyň sabyr käsesini dolduran iň soňky damja boldy. Ol:
-Näme urýarsyň-aý?-diýip,gahar bilen uýajygyny itiberip goýberdi. Birdenem onuň dodaklary öz-özünden kemşerdiler-de, garaja gözlerinden ajy damjalar paýrap gaýtdy. Aglaýanyna namys eden oglanjyk, diňe içki jalbarçaly durşuna aşak çökdi-de, ýüzüni dyzjagazlarynyň üstünde goýup, sojap ugrady.
-Munuň bolan bolaýşyny! Birje şarpyk üçin şumjaran bolup! Oglana meňzeş däl.-diýip uýasy hüňürdedi-de, öýüň daşky işigine ýöneldi.
Uýasynyň sözleri oglanjygyň janyna batdy:
-Gürlemän otur-how, sen! Taýak bilen ursaňam aglamazdym şu wagt…
-Birje şapbat üçin gyz ýaly jögüläp otyrsyň, ýene-de “taýak bilen ursaň” diýen bolýarsyň…
-Gürlemän otyr diýdim-how, men saňa!
Uýasy Annameret bilen sanaşyp durmaga wagty bolmandygy üçin, öýden çykdy-da, çalasyn hereket bilen saçak ýazyp, nahar aldy. Gaýmalaklap ýörşüne-de Annamerediň sojamasa-da eşiklerini geýmän, ýerinden gozganman oturandygy gözüne ildi. Nebsi agyrdy. Hasapdan öçürilen kakasyny hasaba almanyňda öýlerinde ýeke erkek kişiniň, ýalňyz arkadaglarynyň ejizläp oturmasyna haýpy geldi. Mekdepden gijä galyp barsa-da gyzjagaz, emaý bilen jigisiniň ýanyna bardy. Oturdy.
-Jigim!
Annameret gozganmady.
-Jigim, naharyňy iýäýsene!
-Jukk!-etdi-de Annameret başyny ýaýkady. Uýasy onuň bu bolup oturyşyny halamady.
-Wiý, bu oglany, indi uýaňdan bir gezek ýeňsäme kakdy diýip gaty gören bolýarsyňmy? Aý oglan, utanmaýarsyňmy?-diýip, uýasy Annamerediň böwrüne dürtüp ony güldürmäge çalyşdy. Emma Annameret oýkanjyrady-da, gülmän zordan saklanýandygy bildirýän hereket bilen gaharlanan boldy:
-Saňa däl-how, saňa däl! Aýtdym-a taýak bilen ursaňam hiç diýip…
-Onda näme boldy, aý oglan?!
Annameret gyzlar bilen gepleşýän oglanjyklaryň ählisine mahsus gopbamsylyk bilen horazsyrady:
-Äý ol zatlar seniň işiň däl…
Birdenem ol özi hem duýman göwnüniň galan ýerini gepläp goýberdi:
-Entek ulalaýyn, onsoň bar-a… Onsoň bar-a, hiç kim maňa: “Neşekeşiň ogly” diýip bilmez.
Uýasynyň ýüzjagazyna kölege indi:
-Kim diýdi?-diýende gyzjagazyň sesi gyryljak çykdy.
Dilinden sypdyrandygyna ökünen Annameret indi uýasynyň aýtdyrmasa oňmajagyna düşünip:
-Lallygyň kakasy.-diýdi.
Uýasy özüne zor salýandygy mese-mälim bildirip dursa-da, ýylgyran boldy:
-Bolýar-la, jigim. Sen bir tur geýin-de naharyňy iý. Ýaňky şarpyk çalanym üçin bolsa öýkeleme, öýlän gelip öý işleriňi edişerin.
Olaryň ikisi hem ýerlerinden turdular. Annameret hasyr-husur geýindi. Derrew iki bolup nahar edindiler. Onsoň uýasy haýdap saçagy ýygnap ugrady. Annameret çekinse-de uýasyna sowal bermän bilmedi:
-Kakam görünmedimi?
Uýasy edip ýören işini ýeke pursatlyk goýdy-da, gaşlaryny çytdy.
-Nämesine görünsin? Öýe gelmäge ýüzi barmy, onuň?!
Annameretjigiň ýüregi jigläp gitdi.
-Näme bolupdyr?
-Näme bolar öýdýärsiň?! Ejemiň sandykda ýygşyranja gelin şaý-seplerini ogurlap alyp gidipdir. Irden sen gideniňden soň ejem: “indi howa sowugrak, geýmäge zadym hem ýok, şol öňki aýap ýören begres haladymy geýäýmesem” diýip sandygy açdy welin, şonda gördi…
Annameret uýalarynyň näme üçin kakasyny halamaýandyklaryny bilýärdi. Uly gyz dogany bir gezek öýlerine köýnek tikdirmäge gelen jorasy bilen gepleşende eşidipdi. Geçen ýyl ejesi gaty agyr syrkawlapdy. Atasy-enesiniň ýokdugy zerarly olara kakasynyň uly dogany Orazdurdy kakalary kömek berýärdi. Şonda-da ol ejesi üçin bir topar gymmatbahaly dermanlary getirip beripdi. Şol dermanlar em edilip ugran ilkinji güni hem ejesi bäri bakyp başlapdy. Emma kakasy… ertesi gün Orazdurdy kakasynyň getirip beren ähli dermanlaryny bermejek bolsalar-da uýalarynyň elinden haram neşesine çalyşmak üçin gaňryp alyp gidipdi. Şondan bäri-de uýalary üçin kakalary ýok ýalydy. Boldy hem bir, bolmady hem. Has takygy bolanyndan bolmany…
Uýasynyň habaryna Annameretjik ýagyrnysyna şarpyk çalnan ýaly düýrükdi:
-Şol, geçen täze ýyl gijesi dakynyp görkezenlerinimi?
-Şolary-la, dagy haýsysyny bolsun?!-diýip uýasy gysgajyk jogap gaýtardy. Annameretjik ýuwdundy.
-Owadanynammy?!
-Hawa, şol owadan gülýakasynam…
Oglanjygyň kalby lerzana geldi. Ol ejesiniň ýeke-täk begenjiniň şol şaý-seplerdigini bilýärdi. Olar käbeleriniň ýeke-täk aýap ýören hazynasydy. Geçen täze ýyl gijesi, bolanja zatlary bilen saçaklaryny bezäp, iýip-içenlerinden soňra, ejesi ýörite olary begendirmek üçin sandygyndan gelin döwri dakynan şaý-seplerini çykaryşdyryp, dakynypdy. Şonda-da Annameret ejesiniň bir pursatda edil jadyly ertekilerdäki ýaly şeýlebir owadan bolandygyna aňk bolup galypdy. Özüniň haýran galandygyny nädip beýan etjegini bilmänem, demi tutulyp oturşyna çaga sadalygy bilen nädip:
-Eje, menem ulalsam, seniň ýaly owadan gelne öýlenjekdirin.-diýenini-de duýman galypdy. Şonda ejesi, uýalary onuň gürrüňine ala-ýaz bolup gülşüpdiler. Öýleriniň içine baharyň howasy çalana dönüpdi. Niredendir bir ýerden keýpini kökläp gelen kakasy hem olaryň nämä gülüşýändiklerini eşidip, heziller edip olaryň gülküsine goşulypdy. Şeýlebir owadan bolan ejesine üýtgeşik-üýtgeşik garaýyş bilen garap:
-Asyl seniň munuň ýaly owadanlygyň hem ýadymdan çykyp giden ekeni.-diýip pessaýdan-pessaý pyşyrdapdy. Şol pursat gül-gül bolup açylan ejesi bolsa, bigam şatlyk bilenem bolsa biraz gatyrganybrak:
-Äý ähli zat seniň ýadyňdan çykdy ahyry!-diýipdi.
Şol gije olaryň ählisi üýşüp, tä gije ýarymdan agýança süýji-süýji gepleşip oturypdylar. Ejesi-kakasynyň hümürdisine hüwdülenýän ýaly meýmiräp barýan Annameret üçinem şol pursatdan bagtly pursat ýokdy. Şonda onuň göwnüne bolmasa sag-aman ertesi güne çyksalar kakasy neşesini taşlaýjak ýaly, ejesi hem günsaýyn garrap barman, her gün owadan şaý-seplerini dakynyp, elmydama ýaşajyk gelne meňzäp ýörjek ýaly bolup görnüpdi. Emma… Ertesi gün ähli zat öňki-öňküligine galypdy…
…Uýasy hüňürdedi-hüňürdedi-de, okuw sebedini alyp, çykyp gitdi. Gidip barşyna-da:
-Çaýy termosa demläp, sebede salyp goýandyryn. Ejem dagynyň yzyndan gideniňde alyp gitgin. Gapyny gulplanyňdan soň açaryny goňşulara goýaýgyn.-diýip Annamerede tabşyrdy. Tutuş durky-düýmegini ejesiniň owadan şaý-sepleriniň alnyp gidilendigi, indi gaýdyp ejesiniň geçen täze ýyl gijesindäki ýaly şeýlebir owadan bolmajakdygy hakyndaky pikir eýelän Annameretjik bolsa uýasyna jogap bermegi-de unutdy. Uýasy gidenden soňam ol näme etjegini bilmän esli oturdy. Ahbetin ejesi bilen uýasynyň ýanyna gitmelidigi ýadyna düşüp, daş çykdy. Işiklerini gulplady-da, açaryny eline aldy. Goňşulary Anna agalara gitmek üçin köçä çykdy. Şol pille-de, kakasy ýegdekläp çatrykdan öwrüldi. Ony görüp Annameretjigiň ini tikenekläp gitdi. Üpül-sapyl bolup, egniniň şylhasyny aşyryp gelýän bu jandar adama garanyňda albassa has çalym edýärdi. Ol aňyrdan gelşine ogluna üns bermän, derwezesiz gädiklerinden girip gitdi. Girişine-de göni hammama garşy ýüzlendi. Annameret onuň neşesini sanjym etjek bolýandygyny aňdy. Oglanjygyň bar gazaby gözlerine üýşdi. Onuň ylgap baryp kakasynyň öňüni kesäge-de: “Edýäniň näme? Indi ejem janyň, biziň ýekeje begenjimize-de el urduňmy? Seniň üçin mukaddes zat bir barmy?” diýesi geldi. Emma çekindi.
Oglanjygyň eginjagazlary öz-özlerinden sallandylar-da, ol goňşularyna tarap ýöneldi. Ýöne bir-iki ädim ädeni hem şoldy welin, birdenkä ejesiniň geçen täze ýyl gijesindäki owadan keşbi hyýalynda janlandy. Öz gysgajyk ömrüniň iň bagtly pursady hakydasyna geldi. Bada-badam indi galan ömrüne şonuň ýaly bagtly pursadynyň dolanyp gaýtalanmajakdygy, kakasynyň ýöne bir ejesiniň şaý-seplerini hem däl-de, özleriniň iň soňkuja, aýap-gizläp kökenek bolup ýörülen bagtjagazlaryny ogurlap äkidip, özüniň haram neşesine çalşandygy hakyndaky pikir Annameretjigiň aňynda döredi. Ol hyrra yzyna öwrüldi-de, hammamlaryna garşy ylgap gaýtdy. Bärden barşyna-da kakasynyň gyssagarada çala ýapan işigini “jarkyladadyp” açdy. Demi-demine ýetmän “has-haslap” durşuna, çök düşüp oturan kakasynyň öňündäki açyk kagyz bölejigine we onuň içindäki bir çümmük çalymtyk, un kysymly neşä gözi düşdi. Gahar-gazapdan ýaňa gorkyny-ürküni undan oglanjyk, özüniň näme edýändigine-de düşünmän, şol kagyzy aýajygy bilen pyzdy. Soňam gaharyna näme diýjegini bilmän aglamjyrap goýberdi:
-Sendenem bir kaka bolarmy! Sen bar-a iň owadanynam alyp gidipsiň ahyry! Sen sebäpli ejem öňem-ä ýylda ýekeje gezek, olam diňe täze ýyl gijesinde owadan bolýardy, ind-ä asylam owadan bolup bilmez! Sen bar-a… Sen bar-a ejemiň owadanlygyny hem öz neşäňe çalyşdyň! Ondan-a bolmadyk bolsaň gowy bolardy…
Arzyly neşesi oglunyň aýaklarynyň astynda serpilip, pytrap gidende azarly Haldurdynyň tas gözleri hanasyndan çykypdy. Oslagsyz wakadan ýaňa ol doňup galdy. Emma haçan-da ýalňyz ogly otly ataşgir basan ýaly, çagajygyň sada dili bilen aýdylan ýalynly sözleri ýüzüne bazyladyp, basyp, aglamjyrap çykyp gidenden soňra, ol özüne geldi. Giň jahanda Haldurdyny gerekleýän, ony adam hökmünde görýän hiç zat we hiç kim galmandy. Olaryň ählisini “süpük” lakamyny alan Haldurdy haram neşesine çalşypdy. Diňe ýekeje adamjyk ony ezizleýärdi. Diňe bagryndan önen birje ynsan ony adam hökmünde, öz ezizi hökmünde saýýardy. Näme etse-de ondan ýüz öwürmeýärdi… Emma bu gün welin… Ogly hem ondan ýüz öwürdi. Hemmesine-de özi günäkär… Hemmesine…
Haldurdy birden kalbynda oýanan bu duýgulardyr-pikirleriň agramyna tap getirip bilmän iki eplendi-de, göýä wyždanynyň ezýetli urgularyndan gara başyny halas etjek bolýan dek, elleri bilen kellesini gizledi. Birsellem şeýle ýagdaýda gymyldy-hereketsiz ýatdy. Birdenem ýerinden dikeldi. Gapdalynda ýatan kagyz bölejigini, sanjym etmäge taýýarlanan lukmançylyk iňňesini gysymyna gysdy. Iňňäniň eplenip aýasyna çümýändigine, eliniň ganap ugrandygyna üns bermän, edil öz neşekeşligini elleri bilen gysyp, gysyp mynjyratjak bolýan ýaly, barha mäkäm gysdy. Birdenem:
-Barysyna sen günäkär, nejis!-diýip gyryk pyşyrdady-da, aýasyndaky zibili aýlap, hammamyň diwaryna urdy. Hasyr-husur ýerinden turubam, Annameretjigiň gidendir öýden tarapyna, onuň yzyndan, öz oglunyň yzyndan, özüniň ýitiren ýaşaýşynyň yzyndan ylgady.
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2008-nji ýylyň 31-nji oktýabryndaky sany
Hekaýalar