03:00 Atajan Annaberdiniñ şortalaryndan... | |
1. ATSAÑ
Atajan Annaberdi bir meýlisde otyrka, kelte ýarag göterýän diýip, öwünýän göterimiň biri: “Haýsyňyz aýdanymy etmeseňiz, ataryn” diýip, oturanlara haýbat atyp başlapdyr. Şonda şahyr göwni bir ýaly ýylgyrypdyr-da: - Aý, inim, atsaň, at, ýöne haýbat bir atma – diýipdir. 2. ABRAÝ Atajan Annaberdi toýa alyp gitmek üçin ökde akkordeonçy dosty Annadurdy Amanyňka barypdyr. Annadurdy geýinip çykyberjek bolupdyr welin, Atajan dulda duran akkordeony görkezip: - Anna jan, “abraýyňam” alaýaly – diýipdir. 3. ÝUMURTGA ÝAGYSY Atajanlara gelen zorruk sesli ýaş bagşylaryň biri ýumurtga baryny deşişdirip içipdir-de: “Wah, ýene-de 10-15 sany çig ýumurtga bolaýs-a, hezil bererdim” diýipdir. Öňki içiren ýumurtgalaryna-da jany ýanyp duran Atajan: - Aý, inim, gygyrybersene, ýumurtga bilen bagşy bolunýan bolsa, towugyň... o taýy bilbil bolardy – diýipdir. 4. SEN ARAGYŇY GOÝAN BOLSAŇ... Atajan Annaberdiniň öýüne 4-5 sany myhman gelipdir. Ol iki-üç çüýşe arak alaýyň diýip, dükana barsa, içgi ugrundan zat ýok eken. Dükanyň işiginde sataşan alkaş obadaşy arak almaga gelenini Atajana duýdurmajak bolup: ―Obadaş, men-ä aragymy birçak goýandyryn‖ diýipdir. Aragyň ýoklugyna jany ýanyp duran Atajan: ―Aý, sen aragyňy goýan bolsaň, şu dükanda arak bolardy-la‖ diýip, geçip gidiberipdir. 5. EJEŇDEN SORA Orta mekdebi tamamlaýanlaryň duşuşygynda bir gyz Atajan Annaberdiýewden ―Söýgi näme?‖ diýip, sorapdyr. Sowaly ýerliksiz hasaplan şahyr agraslyk bilen başyny galdyryp: -Olar ýaly zady, uýam, hiç kim ýokka ejeňden sorarlar – diýipdir. 6. PENJIRÄNI DYRNAÇAKLAP DURSA-DA... Atajan Annaberdi bir meýlisde derçigip oturan eken. Keýpini köklän sürüjileriň biri oňa: ―Atajan kaka, çöle çykyp towşan awlaly-la. Ähli zadymyz taýýar. Gidelimi?‖ diýipdir. Atajan tüýjümek süpürgiç bilen maňlaýynyň derini sylypdyr-da: ―Men-ä, inim, towşan bary penjiräni dyrnaçaklap dursa-da, daş çykyp birini tutjak däl‖ diýipdir. 7. AZAT EÝLE... Bir pulmesi Atajan Annaberdini oturlyşyga çagyrypdyr. Ol Atajana ilki goşgy okadypdyr. Soň bolsa saz çaldyryp, aýdym aýtdyrypdyr. Garaz, daň agarýança şahyryň lütüni çykarypdyrlar. Şonda-da pulmesi: ―Näme iýjek, içjek bolsaň duýdur-da, hezil beriber‖ diýip, Atajany dynç almaga goýmandyr. Sütüni süýnen şahyr ýaşyl akkordeonyny egninden sypyryp, gapdala goýupdyr-da: - Ähli iýen-içen zatlarymyň bahasyny restoranyň nyrhyndan töläýin, ýöne, gardaş, indi meni azat eýle – diýipdir. 8. ARMAN, ŞAHYR BOLAÝÝAŇ... Bir obadaşy Atajan Annaberdini töwella äkidipdir. Gyzy gaçan adam Atajanyň goşgularynyň muşdagy eken. Çaýlaşypdyrlar. Atajan çaý başynda: ―Aý, garyndaş, bular ýaly zatlar han beglerde-de bolýandyr. Gyzyňyzy alyp gaçanyň kakasy şu. Näme alsaňyz alyň-da, ylalaşyň‖ diýipdir. Beýle teklibe garaşmadyk öý eýesi: ―Şumy şol haramzadaň kakasy?‖ diýip, çarhlap goýan paltasyny krowadyň aşagyndan sogrup alypdyr welin, Atajanyň çaý içen bolup ýatan ýoldaşy köwşüni-pöwşünem geýmän, ökjäni göteripdir. Sandyraklap duran öý eýesi bolsa hyrçyny dişläp, başyny ýaýkapdyr-da, Atajana garap: --Seňňem edäýmeliň-ä belli welin, arman, şahyr bolýaň – diýipdir. 9. BATAREÝEM ÇALÝAR Ýazyjylaryň bir oturlyşygynda Atajan Annaberdä saz çaldyrjak bolupdyrlar, ýöne syrdambitin garmon tapylmandyr. Oturanlaryň biri: ―Goňşymyzda köne garmon-a bolmaly, çalyp bilerin diýse getireýin diýipdir. Bir yş açylaryna garaşyp oturan Atamyrat Atabaýew: ―Getir, getir, garmon bolsa çalar Atajan. Garmon ýok bolsa, ol jaý gyzdyrylýan batareýem çalýar-a diýipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||