16:07 Aý we Aý sonatasy / hekaýa | |
AÝ WE AÝ SONATASY
Hekaýalar
Aý. Gyrmyzy kürtäň aňyrsyndan jyklaýan ýaş gelin deý, seredýäň welin, ýüregiň ersip gidýär. Şeýle pursat hemme gelinler görmegeý bolýar. Aý bolsa pursat saýlanok. Ol hemişe-de gözel. Näzenin. Näzik. ...Bu wagt dünýe ümsümlikden dolup dur. Megerem, obaň iň gowy zady şu ümmülmez ümsümlikdir. Şäherde kyn. Beýle ümsümlik ýok. Şäher, edil dünýäni ýeke özi tutaýjak bolup, gije-gündiz hars urýan harsydünýä deýin – hiç haçan ýatmaýar. Ýa-da, onuň haçan ýatyp, haçan turýanyna düşüner ýaly däl. Sebäbi ol sen ýatyrkaňam oýa. Gije, oň köçeleriniň üznüksiz “wazzyldysyna” oýanyp, diňşirgenýäňem welin, sagat iki bolsun, üç bolsun – ol henizem ýatmandyr. Daň bilen işe gitmek üçin turaňda bolsa – ol eýýäm oýa. Oba welin beýle däl. Adam ýaly, oýalygy bilen ukusy kadaly. Sen ýataňda gündiz ukusyny alan itleridir pişiklerini köçä çykarýar-da, özem wurýa ukyny. Irden, daňdanyň ümüş-tamşynda guşlardyr garynjalar bilen oýanmak üçin. Üstesine-de obaň gijesi, ukyň tutman, ýatyp bilmeseňem, şäher gijesi ýaly däl – kalbyňy köşeşdirýär. Şäherde bolsa, gije bolsun, gündiz bolsun. Parhy ýok. Rahatlyk tapjak gümanaň bolmaz. Şo-o-l gowuz ýeriňe köz basylan ýaly, haýsydyr näbelli bir zatlaň ugrunda şapadaňlap ýörmelisiň. Hamana, bu bäşgünlüge hemişelik gelen ýaly, özüňem şeýdip byzbydyklap, birwagtyň özünde ýedi bölek bolaýjak bolup, çar ýana çarp urup ýörmeseň, “Artygyň harmanyny” sensiz bölüşip, senem gallaç galaýjak ýalysyň... Obada bolsa ukyň tutmadymy? Ine şu wagt, şuň edişi ýaly, çagalary oýaraýmanjyk, assyrynlyk bilen çykýaň howlyňa. Eşigiňem çalyşmak gerekgä. Nämede ýatýan bolsaň, obaň gijesi üçinem, gündizi üçinem şobir dreskod. Şäherde bolsa öz öýüň içinde hajathana girip çykmakçy bolsaňam, eşigiňi çalyşmaga mejbursyň. Şo bir sypatyň bilen, nämüçindir “dwor” diýip düşnüksiz-gümürtik atlandyrylýan, daş-töweregine jaýlardan haýat galdyrylan, jaý öňündäki aýmança çykmak hakynda-ha gürrüňem ýok. Içerde gezýän elkin eşigiň bilen şo: “twar” diýlene çalymdaş, “dwora” çykaýdygyň, azyndan ýedi hepde, üç gün, onbir sagat, otuzsekiz munt, elliýedi sekuntlap, tutuş töwerege gybathörek bolup gezjegiň şübhesiz. ...Obada bolsa, howlyňa çykanyňdan soň, sekiňe geçip oturýaň-da, synlap başlaýaň asmany. Yzyňdan seň aladaňy edip aýalyň çykaýmasa, tün gije näme işleýäniňi sorajak ýok. Kelläňdäki aýfonyň pleýlistini barmaklap, ýokarylygyna ýüzdürýäň-de, özüňe gerek mukamy tapýaň. Ine mysal üçin, şu pille onuň kelleçanagynyň içinde endiganja, pessaýja akyp duran, Bethoweniň Aý sonatasyny. Onam gutaran badyna, öz-özünden gaýtalanyp durar ýaly, pleýeriň repit düwmesine basyp goýýaň. Bolany. Akan bolup dur mukam – “Sonata №14 do diýez minor or.27 №2 (Aý) III. Presto agitato”-ny ezberlik bilen şildirdedýän pianinoň erkine tabyn. Dyň-dyň-dyň-dyň-dyň-ň-ň... Aý asmanda. Aý sonatasam kellede, kükrekde, kalpda... Hyýalam, mahy-tabanyň nuruna kümüşsöw öwüsýän syýalykdaky seýrek bulutlardan, täsin-täsin jandarlary ýasap berýär. Hanha-a, hol, goňşulaň aýaguçdaky malýatagynyň üçegine galtaşaýjak bolup, pesden taýyp barýan bulut – öýlänki tirtden mazaly garnyny gözän, süýtlek, tohum sygra meňzeýär. Megerem, beýle sygry bolan öýbikesi bagtlydyr... Nämüçin? Sebäbi oň süýdi çagalaň ak-gögüne-de ýetýändir, satynmaga-da... Onsoň şeýle sygry bolan bike üçin bagtly bolmaga, şondan başga näme gerek? Ýene-demi? Hymm... Şu asmandaky Aý bilen göwün içre Aý sonatasy bolaýmasa... Dyň-dyň-dyň-dyň-dyň-ň-ň... Dowam edýär, mukam... Aýyňam enweri bolelin... ...Honha-a, hol gündogardan özüne tarap ýakynlap, depesine abanyp gelýän garaňky bulut bolsa, hemme gorkunç ertekileriň ýeke-täk hökmürowany – üç ýa-da ýedi kelleli aždarha çalym edýär. Nirä gaýyp barýa, bü aždar?! Kimdir biriniň özüne wada beren ýetmiş ýedi näzenini talap edip almagamy? Bermeselerem, şo näzeninleň ýaşaýan ýurduny ot-ýalyna gabsamagamy? Eger şeýle bolsa oňa: “beýtme” diýip duýdurmaly. Çünki beýtdigi hökman, goly dembermez gylyçly, kellesi saňsar merdana tapylar-da, oň müň jany bolsa birinem sypdyrmaz... Nämüçin? Sebäbi hemme ertekiler şeýle tamamlanýar. Eger-de şeýle tamamlanmasa-da oň ýaly biderek ertekiden erteki bolmaz. Onda näme bolar? Durmuşmy?! ...Onda, eger-de bu aždarha-bulut, näzeninli raýyndan gaýtsa, o pahyrjyk näme işlemeli? Daýhançylyk ýa-da ussaçylyg-a edip bilmez. Nämüçin? Çünki ol aždarha ahyry. Goý, onda ol çagalar dünýäsinde çagajyklary gerşinde aýlaýançy animator bolup işlebärsin. Özem hemişe bagtly bolar ýaly, gijelerine asmanyň näzli Aýyna tomaşa etsin. Onsoňam... Düşündiňiz-ä! Ondördünji sonatany diňlesin, näçe kellesi bolsa, şonçasynda... ...Aýyň nury owadan. Mukamyň heňem ajaýyp... Honha-a hol, köçäň ugry bilen ýüzmüljiräp barýan, sallam-sajak bulutjyk bolsa, urna-urna balykçyň çeňňeginden zordan başyny gutaran bekrä kybapdaş... Bäş süýj-aý, şuň eti! Kebap edinseň dagy-y-y... Ym-m-m... Hasam! Işbilem, gara çöregi mesgeläp, süsseň, kemje-kerdem däl... ...Aý nuruny gysganman seçýä, gökden... Bethowenem gysgananok, sazyny... Hyýalam husyt däl, hyýallara... Jadyly ertekä çalymdaş, äheňdeş gije dowam edýär. Edibersin... Dyň-dyň-dyň-dyň-dyň-ň-ň... | |
|
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |