18:01 Aýak aşagyndaky deñiz / satiriki hekaýa | |
AÝAK AŞAGYNDAKY DEÑIZ
Satiriki hekaýalar
Stambulyñ üç tarapy deñiz. Stambuluñ deñizi göz öñüne getirişiñiz ýalam däl, deñiz şäheriñ howasynyñ goýnuna dilkaw-dilkaw bolup süsñäp giripdir. Şonda-da, Stambulda deñize girmek, o dünýäde uçmaha girmekden has kyn bolsa gerek. Stambuluñ o başyndan bu başyna kenarýaka raýonlaryñ ählisini birtopar adamlar satyn alypdyr. Deñziñ satyn alynmagy akla sygjak iş däl ahyryn! Deñzi satyn alanlar, howany bir satyn almasyn diýip dileg edeliñ! Eýsem deñiz bilen howanyñ arasynda ullakan tapawut edip duran zat barmy näme? Hernä, howany hem satyn alyp, bizi howasyzlykdan demikdirip öldürmeýänlerine şükür etmeli! Kawaklardan Çekmejä, Şileden Pendige çenli negözel Stambul kenarlarynda mugt girip bolaýjak ýeke garyşlyk boş deñiz galmandygyny görenimde, deñiziñ nähili satyn alnyşyna haýranym hekgerýär. Sekiz ýyllap Anadolyny seýran edip, ahyrsoñunda Stambula dolanyp gelenimde, çagalarym meni gülüp-oýnap garşylapdy. Bu aýdýanlarym mundan on ýyl owal bolan zat. Stambula gelenden soñ iñ bolmanda şäheriñ sapasyny göreýin diýen niýet bilem deñiziñ kenarynda bir jaý alaýjak boldum. Düýşüñde arzuw edäýmersiñmi!.. Deñiziñ kenaryndan-a tapmadym, deñize golaýrak ýer tapsamam kaýyl boldum. Olam bolmady... "Eý Hudaý, iñ bolmanda deñiz görnüp duran ýer tapylmazmyka indi. Uzakdan deñize seredip, göwnüm-göwsüm açylar ýaly" diýip dileg etdim. Boluberýämi diýsene!.. Deñizi uzakdan synlamagam nesip etmedi. Ynha, birdenem Jihangirde deñizi synlap bolýan jaý satylýar diýäýmezlermi. Jaýyñ eýesi bize satyn aljak jaýymyñ näçenji gatda ýerleşýändigini aýtmazdan gözüni ýumup agzyny açdy: - Iki ýüz lira! Men ör-gökden geldim: - Aman-aman. Bu ne baha?.. - Amanyñy zamanyñy bilemok, isleseñ iki otagly, bir hol... - Hem gymmat, hem kiçi... - Ýöne deñizi synlap bolýa-da, gadyrdan. Deñizi synlasam bolýa diýip, şol wagtyñ puly bilen iki otagly jaýa iki ýüz lira tölemäge razy boldum. Diñe şondan soñ jaýyñ eýesi bize öýi görkezermen boldy. Bina Jihangiriñ baýrynda gurlupdyr. Gapydan giren badymyza merdiwan bilen ýerzemine düşdük. Hudaý saklasyn, bu nähili bolýar-aý... Biziñ göz öñüne getiren deñzimizi synlamak üçin ýokary çykmaly ýalydy. Bular ýaly, ýeriñ aşagyna sümülmeli bolar öýtmändim-ä. Munuñ bilenem dynmadyk. Merdiwan bilen ýerzeminiñ düýbüne düşenimde içimden "deñizi aşakdan ýokarlygyna synlamalydyr-laý" diýip pikir etdim. Ýeriñ iki gat düýbüne, tüm-garañky ýere indik. Öý eýesi çakmagyny ýakdy. Elektrik çyranyñ düwmesini basyşdyrdy. Çyra ýanmansoñ sögünip başlady: - Tüff, içigara galmyş, tok öçüpdir!.. Çakmagyñ ýagtysyna gapyny açyp, içeri girdik. Içeri girensoñ bir ýerlerden çalaja yş göründi. Jaý ýapgydyñ ýüzünde gurlansoñ, bir çüñki ýeriñ düýbüne birikýärdi. Men öý eýesine: - Hany, siz ikinji gat diýmänmidiñiz?.. - Hawa. - Ol müýnürgemän sözüni dowam etdi. - Munuñ aşagynda ýene iki gat bar. Öýüñ daşaryk seredýän üç penjiresi bar eken. Üns bilen üç penjiredenem seredip gördüm. Birküç sany agaçdyr diwardan başga görünýän zat ýok. -Ýeri bolýa, hany deñiz? - Gözüñi giñräk açyp, gowja seret. - Men deñizem göremok, meñizem. Şol ikiarada aýalymam ara sokulyp: - Menem ne-hä deñiz, ne-de deñze meñzeş zat görýärin - diýdi. Men öý eýesine: - Gadyrdan - diýdim. - Siz deñizi synlap bolýar diýdiñiz ahyryn. Ýa näme, diwaryñ ýüzüne deñziñ suratyny asyp, şony synlap oñmalymy?.. - Eý, waýý, bu näme diýdigiñiz boldy indi?!.. Meñ öýümden deñiz görnenokmy?.. Onuñ nadaralygy "öýümden deñiz görnenok" diýdiler diýip, biziñ üstümizden suda arza berjege meñzeýärdi. Men sypaýyçylyk eden boldum. - Bagyşlarsyñyz, agam. Maksadym seniñ öýüñi püçege çykarmak däl. Ýöne meniñem, aýalymyñam deñize gözi düşmedi. Belkäm, başgalara görünýändirem. Bize-hä görünmedi. - Bejit, oturgyç getiriñ! - diýip, ol ýokarlygyna gygyryp goýberdi. Onýança hyzmatkär bir oturgyç getirdi. Öý eýesi oturgyjyñ üstüne çykdy. Hamala gury ýere gözi düşüp, "Ýer!.." diýip gygyran Hristofor Kolumbyñ gämiçisi ýaly: - Ynha, deñiz!.. - diýip gygyrdy. - Ynha deñiz, legen ýaly aýagyñyzyñ aşagynda ýaýylyp ýatyr! Ol düşensoñ oturgyja men mündüm. Hudaý saklasyn!.. Deñize meñzeş göze ilýän zat bolmasa näme. Işigaýdanyñ gözüne görünýän bolaýmasyn? Ýa ol dälimikä? Ýogsam bolmasa "Ynha, deñiz! Ynha, deñiz!" diýip bizi zor bilen deñizi görendigimize ynandyrjak bolmazdy ahyryn? Men: – Bagyşlarsyñyz, jenap. Men deñiziñ nämedigini gowy bilýän. Men Stambulda önüp-ösdüm. Penjireden seredenimde asmanda birküç sany gök öwüsýän zatdan başga hiç zat göremok. Olam bolubilse bulutdyr - diýdim. Öý eýesi: - Boýuñyz näçe - diýip sorady. Başga wagt soralsa jogap bermezdim welin, alaçsyz jogap bermeli boldum: - Bir ýüz elli sekiz. - Hä, boldy, boldy. Menem bu adamyñ gözi gapykmyka, näme üçin deñizi görüp bilenokka diýip otyryn. Indi näme üçin deñizi görüp bilmeýäniñ belli boldy. - Näme üçin görüp bilemokmyşym? - Boýuñyz ýetenok, üçini şol! Deñizi görmek üçin azyndan bir metr ýetmiş bäş santi boýuñ bolmaly. Ökjäñi galdyryp seret bakaly. Men onuñ aýdyşy ýaly edibem seredip gördüm, ýene-de görünýän zat ýok. - Bökjekle biraz, şonda görersiñ. Deñizi görjek bolup oturgyjyñ üstünde bökjekläp, ikiýana hallan atybildim. Tasdan potologa degip kelläm ýarylýardy. Barybir deñize gözüm düşmedi. Öý eýesi: - Stol getiriñ, balkondaky kiçi stoly! - diýip gygyrdy. Stol geldi. Ol oturgyjy stoluñ üstünde goýdy. Oturgyjyñ üstüne-de men çykdym. – Nätdi, indi görýäñmi? Men begenjime bäs gelip bilmän tasdan oturgyjyñ üstünden başaşaklygyna ýykylýardym. - Gördü-üü-ümm, gördüm! - Näme gördüñ? - Deñizi gördüm, deñizi… Aýalym uludan demini alyp: - Hudaýa şükür! - diýdi. - Janyñy howp astyna alyp stoluñ üstündäki oturgyja çykyp deñizi gördüñ. Gutlaýan! Deñziñ haýsy tarapy görünýär? Mermer deñzi tarapmy, Bosformy? - Haýsy tarapyñ deñzidigin-ä bilemok welin, bir garyş çemesi deñiz-ä gördüm. Öý eýesi al-petimden aldy: - Stambully diýenem bolýañ özüñe. Haýsy deñizdigini bileñok. Seniñ gören deñziñ Gyz diñiniñ iki ýüz metr çemesi günbatary bilen Saraýburnynyñ aralygy. Öý eýesiniñ, wahtýoryñ, aýalymyñ kömegi bilen oturgyçdan düşdüm. Men: - O-oooh, göwnüm açylaýdy - diýdim. - Deñiz howasy birbaşga bolaýýa. Aýalym çişik bolansoñ: - Wah-eý, men oturgyja çykyp görübilemok-da - diýip, gynanç bilen başyny ýaýkady. Men oña göwünlik beren boldum: - Saña stola, oturgyja çykjak bolsañ hyllalla bolar. Göçüp gelensoñ bir alajyny taparys, münüp seretmek üçin... Aýalym: - Adam deñizi ýatan ýerindenem synlap bilse gowudy-da... - diýdi. Öý eýesi ony jogapsyz goýmady: - Ýatan ýeriñizdenem deñizi synlap bolýar. - O nähili? Stoluñ, oturgyjyñ üstüne çykyp ýatmalymy? - Ýok. Sizden öñki kireýne ýaşanlar ýatan ýerlerinden deñizi arkaýyn synlap ýatarlardy. Hany, bi suwasty periskoplar ýokmudy, ana, şol periskopdan birini edinersiñiz. Onsoñ ýatan ýeriñizde ine-gana deñizi synlap ýatmaly. - Periskop diýdiñizmi? Tapylýan zatmy o? - Nätdiñaý muny. Köp wagtlap Stambuly görmäniñiz belli. Indi stambullylaryñ segsen göteriminde periskop bar. Periskop her bir öýe gerek zat. Agşamlaryna işden ýadap geleniñizde deñizi synlasañyz ýadawlygyñyz zym-zyýat bolaýar edil. - Jenap, bu öýüñ gadryny bilmeýän ekeniñ. Öý eýesi añk-tañk boldy. - O nähili? - Señ bu tünegiñ aýda iki ýüz däl, günde azyndan iki ýüz lira girdeji getirer. - Nädip? - Ynha, şeýdip: "Ajaýyp peýzaž howasyny synlamak isleýänler üçin. Sagadyna iki ýarym lira" diýip gazetlere bildiriş beriñ. Gapynyñ agzynda bilet paýlap ýetişip bilmersiñ. Tasdan onuñ bilen gyzyl ýumruga girýärdik. Hernä şobada daşary çykaýdyk. Aýalym merdiwandan çykyp barýarka: - Şunça ýere azap edip gelenime görä, deñizi birje gezek menem görübilsedim... - diýip, hyklady... Eziz NESIN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||