21:57 Aýra düşen ýollar | |
AÝRA DÜŞEN ÝOLLAR
Edebi makalalar
“Balkan” gazetiniň “Ömür. Söýgi. Bagt” atly bölüminde berilýän makalalary uly gyzyklanma bilen okaýaryn. Bu meselede men hem öz eşiden wakamy beýan edesim gelýär. Arada öňräk okadan okuwçylarymyň biri maňa: ”Ýoldaş mugallym, seniň kyn işiň daşyndan döredijilik bilen meşgullanýanyňy bilýän. Men öz başymdan geçenini saňa beýan edeýin. Belki, sen ony bir derde ýaradarsyň.” diýip, öz başyndan geçenlerini gürrüň berdi. Düşnükli sebäplere görä, wakadaky baş gahrymanlaryň atlaryny üýtgedip aldym. Myrat öz synpdaşy Jahan bilen halaşýardy. Ýaşlaryň ýüregindäki söýgi möwçli deňiz ýaly tolkun atyp durdy. Wagt bolsa şol geçip dur, geçip dur... Ine, garaşylýan, arzyly pursat hem gelip ýetdi. Olar orta mekdebi gutarandygy baradaky şahadatnamany ele aldylar. Gutardyş agşamynda Myrat Jahana şeýle diýdi: - Okuwy tamamlap, bir aladadan-a dyndyk. Ýöne indi birek-biregi görmek kynrak boljak. Sen-ä kän bir öýüňizden çykasyň ýok, indi biz haçan duşuşyp bileris? - Hawa, seniňki dogry. Ol barada menem oýlanýan. Käwagt el işini bahanalap joram Jemallara giderin. Şonda mümkinçilik bolsa, ýogsa-da toýda dagy habarlaşarysda. Ýöne meni başga bir zat biynjalyk edýär. - Näme biynjalyk edýär? - Pikirlenip görýän weli, meniň iň uly aýal doganym halaşanyna gaçyp bardy. Beýleki iki aýal doganymy öz garyndaşymyza durmuşa çykardylar. Oglan doganymyň hem biri halaşanyny alyp gaçdy. Beýleki ikisini hem öz garyndaşymyzdan alyp öýerdiler. Ýogsa olaryň hem halaşany bardy. - Barybir gudaçylyga barylsa hem berilmez diýjek bolýarmyň? - Hawa. Ýaşlar dymdylar. Her kim öz pikiri bilen gümra boldy. Ahyry şu gürrüňden soň bir amatly gün gaçyp, şähere aşmagy maslahatlaşdylar. Güýzüň güni. Gije sagat dörtler töweregi. Jahanyň gözüne uky gelenok. Ol Myrat bilen bu gün gaçyp, şähere aşmakçydy. Öýdäkileriň hemmesi ukudady. Jahan gündiz taýýarlap goýan bukjasyny goltugyna gysyp, ýuwaşlyk bilen daş çykdy. Belleşilen ýere baryp, garaşyp duran maşynyň yzky oturgyjynda ýerleşdi. Myrat öňünde oturdy. Şeýdip maşynly “üçler” sag aman obadan saýlandylar. Myrat: “Indi howlukmajyň özüň bilen” diýip, sürüjä ýüzlendi. Sürüji maşynyň tizligini artdyrdy. Obadan on-on iki kilometr saýlananlarynda öwrümde batly barýan maşynyň iki gapdal aýaklary ep-esli ýokary galdy, soň ýere degdi. Ýolagçylar gorksalar hem hiç zat bolmadyk ýaly seslerini çykarmadylar. Maşyn şol ýagdaýda bir näsazlyk tapdymy nämemi, uzak gitmän işlemän duruberdi. Sürüji maşyndan düşüp bejerjek boldy. Maşynyň eýlesine-beýlesine seretdi, sökdi, garaz, güýmendi. Myratdyr Jahan uly ünjä galdylar. Indi daňdana çenli maşyn işläp, şähere aşyp bolsa, ýaşlar bir-birine gowuşjak. Bolmasa-da Jahan oba özüni oklamalydy. Ýene ýarym sagatdan gijä galsa, daň saz berjekdi. Maşynyň weli işlemejegi görnüp dur. Şol wagt garşydan bir maşyn göründi. Ol gelip saklandy. Bu maşyn Jahanyň jorasy Jemalyň oglan dogany Eminiňkidi. Emindir Jemaldan bulara ýamanlyk ýetjek däldi. Olaryň ýanynda bir adama ýer bardy. Beýleki iki ýolagçy nätanyşdy. Emindir sürüji maşyna seretdiler. Bolmansoň bialaç Jahan bukjasyny alyp, olaryň ýanyna mündi. Oba gelip, bukjasyny Jemallarda goýup öýlerine bardy. Bolsa-da öýdäkiler hiç zat aňmadylar. Jahan ýerine geçip gyşarandan soň, öýdäkiler örüp başladylar. Şeýdip ilkinji synanyşyk şowsuz boldy. Jahan soň bukjasyny az-azdan Jemallardan getirdi. Myrat bolsa giç öýlänler oba dolanyp geldi. Ikinji gezek Jahan, Myrat we Jemal şeýle netijä geldiler: Jahan el işini bahanalap, Jemallara barmalydy. Şol ýere hem Myrat maşynly gelmelidi. Maşyn Jemallaryň deňinde säginende Jahan maşynyň yzky oturgyjyna ýerleşmelidi. Jemaldyr Jahan jaýyň buky ýerinde maşynyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp durdy. Ynha, öwrümden ak reňkli daşary ýurt maşyny öwrülip gaýtdy. Ol gelip Jemallaryň deňinde sägindi. Jahan maşyna ylgap gelip mündi. Gyz sürüjiniň ýanyndaky oglanyň öz doganydygyny bilip, üstünden gaýnag suw guýlana döndi. Dogany oňa : “Gijäniň içi näme işläp ýörsüň?” diýdi. Jahan boguk sesi bilen zordan: “Jemalyň ýanynda el iş edip gelýän” diýdi. Dogany ony öýlerine eltdirdi, özem öýlerine girýänçä garaşyp durdy. Jahan ejesine “Jemallarda tikin tikýän matam galypdyr, alyp geläýeýin” diýdi. Emma ejesi “Ertir getirersiň” diýip, Jahany goýbermedi. Myrat bolsa maşynly gelip, tamasyny üzüp gaýtdy. Şundan soň Myrady goşun gullugyna çagyrdylar. Goşun gullugyna gitmänkä, Myrat Jahan bilen duşuşdy. Şonda gyz: “Men saňa garaşaryn. Ýöne meni öýdäkiler günüme goýanoklar. Oňarsalar öz garyndaşlarymyzdan birine berjek bolýarlar. Men hem “Heniz durmuşa çykjak däl” diýip zordan sypýan. Sen haty Jemalyň agasy Eminiň adyna ýaz. Jemalam maňa seniň hatyňy gowşurar. Menem saňa Eminiň üsti bilen hat ugradaryn. Ýöne ýagdaýyny tapsaň, arasynda özüň aýlanjak bol. Ezizim sag gidip, aman gel” diýdi. Şeýdip, Myrat goşun gullugyna gitdi. Hat alşyp durdular. Bir ýyl geçensoň Myrat on günlük rugsada geldi. Indi Jahanyň haly harapdy. Ol “Heniz durmuşa çykjak däl” diýip duransoň, gyzyň halaşýanynyň bardygyny aňýardylar. Ýöne kim bilen halaşýanyny obada Jemal bilen Eminden başga hiç kim bilmeýärdi. Hut şonuň üçin hem Jahan hemişe gözegçilikde saklanýardy. Onuň her bir hereketini yzarlaýardylar. Myrat rugsada gelensoň, obada toý boldy. Ol şu toýda Jahany alyp gaçmak üçin maşyn gepleşipdi. Jemal gyzdan şeýle habar getirdi: “Men Myrat bilen ýeriň ol ujuna gitmeli hem bolsa razy. Ýöne indi meni sypdyranoklar. Gudaçylyga gelnende hem berilmejegime gözüm ýetýär. Agam hem şu toýda. Ol meni gözünden sypdyranok”. Hakykatdanam, Jahanyň agasy toýuň başyndan ahyryna çenli maşynyna söýenip, çilim çekip durdy. Şeýdip, bu synanyşyk hem şowsuz tamamlandy. Myrat ýene goşun gullugyna gitdi. Bir ýyl geçensoň ýigit goşun gullugyndan dolanyp geldi. Oňa çenli Jahany başga birine durmuşa çykarypdyrlar. Bolýan zada bir serdiň-ä! Bir sebäp bilen Myrat Jemallara barsa, olarda Jahan bar eken. Ýakynda bolan ogul bäbek synpdaşlarynyň duşuşygyna päsgel beresi gelmeýän ýaly ümsüm ýatyrdy. Şonda Jahan gözüne ýaş aýlap “Myrat, sen menden kyn görme. Üç gezek seniň diýeniňi edip gaçmaga synanyşdym, bolmady, şowsuzlyga uçradym. Oglan, nesibäň däldir-dä. Adamym meni zada zar edenok. Gowy görýär. Ýöne barybir maňa bir zadyň ýetmeýändigini duýýan. Seniň maňa bolan mähriň, söýgiň bolmaly. Ýüregimde eýelän şol ornuňy hiç kim eýeläp bilmez. Maňa diňe birje zat teselli berýär. Ol hem şu ýatan oglum. Oglum edil seniň gullukdan gelen günüň dünýä indi. Adyna-da Myratgeldi dakdyk. Ýöne sen “Meniň adymy goýupsyň” diýip, öýke-kine etmäweri. Men bir tarapdan oglumyň adynyň seniňkä meňzänine begensem, başga bir tarapdan seni ikinji gezek ynjydaryn öýdüp gorkdum. Her hal sen menden öýke etmäweri” diýdi. Myrat bolsa “Öýke eder ýaly hiç zat ýok. Esasy zat, indi sen bagtly bolsaň bolýar” diýdi. Soň Myrat hem öýli-işikli boldy. Şeýdip uly derýadan aýry-aýry bulaklaryň bölünip aýrylyşy ýaly, olaryň ýollary daşlaşdy ötägitdi. Türkmen şeýle ýagdaýda “Ýazgytdyr-da. Ýyldyzy sataşan däldir-dä” diýýär. Belki şeýledir. Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |