20:26 Aýratyn tabşyryk | |
Aýratyn tabşyryk / front wakasy
Edebi makalalar
Amandurdy Myşşykow Beýik Watançylyk urşy tamamlanandan soňra dogduk mekany Bereket şäherine (öňki Gazanjyk raýony) dolanyp gelýär. Suw üpjünçilik edarasynda sürüji bolup işe başlaýar. Tä pensiýa çykynça, kärine wepaly bolup galýar. Frontçy esger salyhatly, agras adamdy. Ýakymly we göwnemakul söhbetdeşdi. Aýtjak-diýjek zatlaryny öňünden birlaý saldarlap görerdi. Az, emma manyly gürrüň bererdi. Men ýerli metbugatda işleýärdim. Onuň bilen ýygy-ýygydan dürli meseleler barada söhbetdeş bolardym. Bir gezek Amandurdy aga frontda bolan bir wakany howlukmany gürrüň berdi. ...1942-nji ýyl. Kawkaz fronty. Faşistler biziň esgerlerimiziň goraýan bölegini basyp almak üçin öňe omzaýardylar. Goragy böwüsmek üçin dürli usullary ulanýardylar. Olaryň esasy maksady Baku şäherine ýetmekdi. Goşunymyzy, söweşjeň tehnikalarymyzy, tylymyzy, zawoddyr fabriklerimizi ýangyçdan mahrum etmekçidiler. - Seržant Myşşykow, Komandiryň ýanyna gelmeli!-diýen habary eşiden Amandurdy üst-başyny birlaý tertibe salansoň, ştaba tarap howlukmaç ugrady. - Ýoldaş seržant, şu gün size aýratyn tabşyrygy ýerine ýetirmek ynanylýar-diýip, komandir Myşşykowa synçy nazaryny aýlady. Soňra ol: “Razwedkanyň berýän maglumatlaryna görä, şu gün biziň frontdaky çägimizden tejribeli içaly geçmeli. Onuň biziň tylymyza iberilmeginiň maksady heniz belli däl. Şonuň üçin hem ony diri ele salmaly. Adatdan daşgary ýagdaý ýüze çykanda bolsa, ol diňe aýagyndan atmaga rugsat berilýär. Indi bolsa karta serediň, megerem, ol frontuň şu çäginden geçse gerek-diýip, komandir içalynyň geçmegi çaklanylýan ýerini kartada görkezdi. Kartada görkezilen ýerde derýa gök çykyk bilen bellenilipdir. Toponomik belgiler bolsa derýanyň kenarynda gamyşdyr beýleki gyrymsy baglaryň bardygyny görkezýärdi. Harbylaryň nukdaý nazaryndan bu ýerden biziň goraýan çägimize geçmek amatlydy. Iňrik garalyberende, ýörite topar ýola düşdi. Adaty bolmadyk asudalyk höküm sürýärdi. Bu bolsa esgerleri uly alada goýýardy. Toparyň esgerleri daş-töwerege hüşgärlik bilen garap, ses-sedasyz degişli ugur boýunça barýardylar. Esgerleriň biriniň ýanynda “Pirat” lakamly äpet yzçy it bardy. Ol hem ses-ünsüz esgerler bilen ýodany külterläp barýardy. Ştabda berlen buýruga laýyklykda eder-de nätanyş “Eliňi galdyr!” diýlen buýruga boýun bolmasa iti ýüpünden boşatmalydy. Ýöriteleşdirilen topar derýanyň golaýyna gelende, eýýam garaňky düşüpdi. Tüm garaňky gijede diňe asmanda ýyldyzlar öçügsi görünýärdiler. Kähalat-da bulutlaryň arasyndan aý jyklaýardy. Bellenen möhlete çenli heniz biraz wagt bardy. Esgerler derýanyň kenarynda uzak bolmadyk ýerde-gyrymsy agaçlaryň arasynda gizlendiler. Toparyň ýolbaşçysy, seržant Amandurdy Myşşykow hem özüne amatly ýer diýip, kiçiräk bir gyrymsy agajyň aşagyny saýlap aldy. Wagt doňana çalym edýärdi. Minutlar kynlyk bilen geçýärdi. Sagadyň dili on ikini görkezdi. Bar bolan maglumata görä, içaly hut gijäniň ýarynda derýadan geçmelidi. Ýöne heniz üýtgeşik bir hadysa duýlanokdy. Seržant Amandurdy Myşşykow dürbi bilen daş-töweregine ýene-de bir gezek göz gezdirdi. Soňra bolsa derýanyň kenaryndaky gyrymsy baglara hüşgärlik bilen ser saldy. Onuň göwnüne bolmasa gyrymsy agaçlar gymyldap giden ýaly boldy. Ol ýalňyşmandy. Tizara derýanyň kenaryna gelen kürekli gaýykdan iki adam düşdi. Olar kenarda nämedir bir zatlar hakynda gysga wagt maslahatlaşdylar. Soňra gaýykçy yzyna tarap ugrady. Seržant Amandurdy Myşşykowyň çaklaýşyna görä kenarda, galan toparyň ele salmaly içalysy bolmalydy. Gyrymsy agaçlaryň gür ýapraklarynyň arasynda gizlenip oturan adamy görmek kyndy. Ep-esli wagt geçendigine garamazdan, içalynyň şol bir hereketsiz oturyşy esgerleri uly alada goýýardy. Ýöne sabyrly, takatly bolmalydy. Nätakyk hereketiň ähli işi puja çykarmagy mümkindi. Şonuň üçin hem garaşmakdan başga hiç bir çäre ýokdy. Uzak garaşdyran nätanyş kenardaky gyrymsy agaçlaryň arasy bilen hüşgär ädimläp ugrady. Her on-on bäş metr çemesi aralygy geçende säginip, daş-töweregine esewan edýärdi. Onuň ähli hereketlerini toparyň esgerlerde seržant Amandurdy Myşşykow hem dürli yzarlap otyrdy. - Dur! Eliňi galdyr! Ýaragyňy taşla!-diýen garaşylmadyk buýruga içalynyň zähresi ýarylypdy. Ol bir bada tisginip allaniçigsi boldy. Ýöne tiz özüni dürsedi we kenara tarap ýazzyny berdi. Waka ýyldyrym çaltlygynda bolup geçdi. Pirat ýüpünden boşamagyna mähetder içalyny ýere ýazdy. Daş-töweregindäki elleri awtomatly esgerleri gören içalynyň: - Iti aýyryň!-diýip, elindäki heniz ullanmaga ýetişmedik sapançasyny bir gyra taşlamakdan başga alajy bolmady... Şeýdip, ýörite topar tarapyndan ýene-de bir içaly ele salyndy. Gysga wagt içinde esgerler ony ştaba alyp geldiler. Ele düşen içalydan harbylary gyzyklandyrýan gymmatly maglumatlar alyndy. Tizara Amandurdy Myşşykow özüniň “Gyzyl Ýyldyz” orderi bilen sylaglanandygyny bilip galdy. “Gyzyl Ýyldyz” orderiň eýesi, Bereket şäherinden Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan Amandurdy Myşşykow ýaly ildeşlerimiziň müňlerçesiniň Beýik watançylyk urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri batyrlyklary bü günki gün ýaş nesillere göreldedir. Watan öz gahrymanlaryny unutmaýar. Şahymerdan SARYOGLY. # “Türkmenistan” gazeti, 2010-njy ýylyň aprel aýy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||