22:38 Bakyýa bosagasynda / hekaýanyñ dowamy | |
Seredip otursa, indi şondan bäri tas, elli ýyla golaý wagt geçipdir. Has takygy, kyrk ýedi ýyl. Şol kyrk ýedi ýylyň içinde Emin bilen bilelikde başyndan geçiren ahwalatlarynyň hemmesini, dogrusy Arzygül eje häzir-ä däl, sag wagtlaram doly ýatlap bilenokdy. Käbiri bolaýmasa, olaryň köpüsi ürgün çäge ýaly şemalyň ugruna atsyz-sorsuz sowrulşyp gidipdirler. Hamala diýersiň, ýaşalmadyk ýaly. Emin duýgy-hyjuwlaryny içinde saklamany başarýan, kesesinden seretseň, tüýs bir içgussadyr diýdirýän, geplemezek, ýöne sözlän sözleri jaýba-jaý, daş keşbi boýunça orta boýly, garaýagyz, eti-gany ýerinde, göwresi guýma ýaly dym-dykyz, daýanykly, hereketi haýal-ýagalrak, ýöne eden işiniň kemini goýman, howlukman ýerine ýetirýän, obalarynda ilkinji bolup „demir ata“ atlanan ýigit. Ol başga neşeler-ä beýlede dursun, hatda çilimem çekmedi. Aragam içmedi. Urşa gidende-de şol zatlara imrikmän geldi. Öýde-hä däl, märeke-meýlislisde-de onuň ýekeje gezek "hahahaýlap“ gülenini gören ýok. Aňry gitse, ýüzüni bir tarapa sowar-da, "ýyrş“ eder, bolany. Uzynly gije bagşynyň gapdalynda oturyp, ýekeje gezek "how“ çekmän gaýdýan gezeklerem bolýar. Ol hatda öz çagalaryna-da gowy görýändigini bildirmeýär. Ogşasa-da, uklansoňlar, hatda aýalynyňam gözlerine güýdüşip ogşaýar. On-onki ýaşlarymdakam kakam pahyr uzak wagtlyk Aşgabadamy, Maramy, bir ýere gitdi-de, gaýdyp gelensoň deň-duşlarymyň gözüniň öňünde gujaklap ogşady. Şonda şeýle bir utandym, ýer ýarylmady, menem ýere girmedim...“ diýip halys bir eçilen wagty Arzygüle ýüreginden syzdyryp gürrüň bererdi. Şonuň üçinem, onuň ýagdaýyna, hüý häsiýetine diňe Arzygül düşünýär. Arzygülüň äri bilen uruşany ýa sögüşeni ýadyna düşenok. Elbetde, bu meselede Arzygülüň öz adamkärçiliginiňem iňňän täsirli bolandygyny aýtmak gerek. Ol hiç haçan ärine gyňraýlyp bakmady, boýnyýogynlyk etmedi, kejine gaýtmady, sähel zat üçin dikleşip, tükeniksiz dawa girmedi. Jenjelleşmedi. Daş ýerden gelende tersine bakyp torsarylyp oturmady, özüne edilýän belliklere duşmançylyk diýip düşünmedi, gaýtam bir goýberen säwligini derhal düzetmeklige çalyşdy, gaýdyp gaýtalamazlyga jan etdi, işden gelende ylgap öňünden çykdy, eşeginden düşmäne kömekleşdi, ot getiren bolsa, otuny, odun getiren bolsa odunyny düşürişdi, soň işiklerindäki gumdan galdyrylyp, üsti samanly suwag bilen suwalan sypanyň gyrasynda oturdyp, arassa legen, ýyly suw bilen aýagyny ýuwdy, öýe salyp eşigini çalşyrdy. Hyzmatyny gaýgyrmaýşy ýaly, hoş sözünem, güler ýüzünem gaýgyrmady. Hemişe ýylgyryp, mylaýym gürleşdi. Gödek söz aýtmady. Mahlasy, ärine nägile bolara ýer goýmady. Soň gyzlaryna-da şony sargady. „Ärde-de göwün bardyr, şol göwni sen tapmasaň, başga biri tapar, şoň üçinem hyzmat etmäni özüňize kemlik bilmäň, özüňizde günä goýmaň, şonda-da bolmasa, bolmadygy bolar“ diýdi. Olaram, elbetde, ene pendini tutdular, ýöne, nätjek, barybir, biriniňki boldy, beýlekisiniňki bolmady. ... Baş bermez sarç taý ýaly çar tarapa alyp gaçýan oý-pikirler indi Arzygül ejäniň ünsüni gyzlaryna tarap sowjak ýaly etdi-de, birdenem kiçi ogly Aýmyrada tarap gönükdirdi. Ol ony bir aýasyna, Sähetlini beýleki aýasyna alyp sallarlap gördi, ýöne haýsynyň agyr gelýänini bilip bilmedi. „Nädip parh etsinler, ikisem çagam ahyry, meň üçin ikisem deň-ä“ diýip ömürboýy tekrarlap gelen şol bir sözüni ýene bir gezek gaýtalady. Edil şol wagtam: „Aý, ýok, her näme diýseňem Sähetlä gezek gelende sen hamragrak...“ diýen ses gulagyna eşidilen ýaly boldy. Arzygül eje: ölendirin-de Müňkür-Nekir gelip sorag edýändir öýtdi. Usullyk bilen töweregine göz aýlady. Daşaryk diň saldy. Diridigine akyly ýetensoňam şol sesiň öňünde özüni aklamakçy bolýan ýaly: „Weý, Sähetli jan kän horluk görd-ä, Aýmyrat jan agasynyň arkasyndan ýaýnap gezd-ä... diýdi. Şeý diýmek bilenem ol ömründe ilkinji gezek, gylygynyň şeýle gyňyrdygyna garamazdan, näme üçin hemişe Sähetlä ýüregiýukalyk edip gelendigini özi üçin açyş etdi. – Göwnüme Sähetli jan henizem bäş ýaşly çaga ýaly, ýarym aç, ýarym ýalaňaç halda boýunjagazyny burup ýören ýaly, gözden saldygym aljyrap, kyn ýagdaýa düşäýjek ýaly... uny gutaraýjak, köwşi ýyrtylaýjak ýaly... Aýmyrat jandan bolsa men arkaýyn, agasynyň jany sag bolsa ol hiç haçan hor bolmaz. Agasy ony öňem hor etmändi, inden hor etmez..“ Şonuň üçinem Arzygül eje Aýmyradyň geçmişdäki ykbalyndanam, gelejekki ykbalyndanam arkaýyn. Aýmyrat şu wagtam ejesiniň gözleriniň öňünde birenaýy ýylgyryp dur. Kem zady ýok. Bar aladasy ejesi. Şonuň sag-aman aýak üstüne galyp gitmegi. Birdenem ol zym-zyýat boldy-da, Arzygül ejäniň hyýalynda atasynyň ýurt eýesi, ýalňyz erkek dogany Durdynyýazyň şilliň uzyn keşbi peýda boldy. Ol häzir agajetli, hor burunlak, gözleriniň hanasy içine çöküp duran, bir gözi gyýagrak, elli üç ýaşlaryndaky köseleç pyýada. Uruş başlananda welin ol on, on bir ýaşlaryndaky oglandy. Ol wagt Arzygülem, Şekerem durmuşa çykypdylar-da, ejesiniň ýeke özi hem-ä syrkaw adamsyna seretmeli, hemem kolhoz işine gatnamaly, fronta kömek etmeli, gijelerine-de jorap örmeli, un tapdyrsa, nan ýapmaly bolýardy. Bar aladasam ýeke ogly Durdynyýazy hor-zar etmezlik. Dogry, deň-duşlary bilen Durdynyýazyň özem okuwdan soň kolhoz işine kömekleşmäge gidýär, ýöne her gün bir gezek mekdebe ýygnap, ol günortandan bu günortana çenli her kime bir susak gyzgynja ýarma berýärler diýäýmeseň, onda başga gazanç ýok. Gazanç diýlen zat, dogrusyny aýtsaň, ol wagt gije-gündiz işleýän ulularda-da ýokdy, hemmeleriňem güzerany ýetme-ýykylmady, her kim uruş gutarsa, biziňkiler ýeňse, gidenlerem sag-aman gaýdyp gelseler, galan zada kaýyldy. Hemme zat front üçindi, ýeňiş üçindi. Onsoňam tä, urşa gidýänçä Eminem olara az kömek etmedi. Bolelinlig-ä özünde-de ýokdy welin, şonda-da bir gözüniň gytagyny şolardan aýyrmady. Obada ýeke-täk traktorçy bolansoň, ýörite „bron“ bilen ony uruşdanam bassyr iki ýyl dagy alyp galdylar. Bir gezegem kolhozyň saraýynda düýe öldürdiler-de, oňa tutuş bir örküç ýetdi. Ol şonuň ýarysyny kesip alyp Arzygüle berdi-de: „Bar, şuny ejeňe eltip ber, Durdynyýazy hor etmesin“ diýdi. Muňa Arzygül begendi. Ejesi ondanam beter begendi. Her gün agşam örküçden sähelçesini goşup ogluna jazlyja bulamak bişirip berdi. Ýene bir gün öýlerine görme-görşe baranynda ejesiniň: „Hudaýa şükür, günde bir gezek oglumyň garnyny ýaglyja bulamak bilen doýurýan, indi ol aç ölmez, basymam ýaz geler, ysmanak, kömelek, ýuwadyr-ýelmik çykar, iň bolmanda, arpagan gögerer, belki, oňa çenli urşam gutaraýady-da...“ diýip, bag-bag bolup oturşy edil häzirem Arzygül ejäniň gözleriniň öňünde gaýmalaklap dur. Soň Eminem urşa gitdi-de, iki hojalygam öz gününi özi görmeli boldy. Ýöne şonda-da bar zadyň front üçin bolşy ýaly, iki öý arasynda-da bar zat Durdynyýaz üçindi. Özüniňem eýýäm bir oglunyň ylgap, bir gyzynyň emedekläp ýörendigine, olaryňam doýa garna iýip bilmeýändiklerine garamazdan, Arzygül eline düşenje zadyň ýarsyny eglenmän Durdynyýaza eltip berýärdi. Sebäbi ol onuň doganydy. Onda-da ýeke-täk erkek doganydy. Atasynyň ýurt eýesidi. Şoňa bir zat boldugy ýurduň eýesiz galjakdygyna şek-şübhe ýok. Bu bolsa türkmen üçin iň aýylganç zat. Howwa, doganyň ornuny ogluňam, gyzyňam tutup bilmejekdigine Arzygül eje baryp-ha şol ýyllaram-a göz ýetiripdi welin, ölüm bilen jan dalaşyna gireli bäri hasam magat göz ýetirdi. Birdenkä ajal gyssaberse, doganam gapdalynda bolmasa, razylaşyp hoşlaşybilmese, jan teslim edibilmän erbet kösenjekdigini aňdy. Edil ogullary, gyzlary ýaly, onuňam gapdalynda bolmagyny isledi. Iň soňky ýola ugranda jigisi Şekeriňem „gol bulap“ galmagyny isledi. Şeker ýadyna düşende garrynyň ozaldanam yza berip duran böwri erber bir sançdy-da, yzyndanam ýaryljak ýara ýaly „lorsuldamana“ başlady. Çünki Şekeriň keç ykbaly hakykatdan-da onuň böwrüniň ömürlik sanjysy bolupdy. Görgüsi ýamanyň hiç çagasy bolmady. Ilki-ilkiler-ä, ine, bolar, şindi bolar bilen ençeme ýyly duşlaryndan geçirdiler, ýene bir bäş-on ýylam är-aýal ikisi tebip diýip, öwlüýä diýip, oňa-muňa gatnap geçirdiler, oňa çenlem pasyl gutardy, möwsüm sowuldy, halys bolmajagyna gözleri ýetenden soňam Durdynyýazyň bir ogluny ogullyk aldylar. Ol ogul Allanyň bermedik oglunyň ornuny tutdumy ýa häki bir göwün aldarlyk tesella boldumy, ony Şekeriň özünden başga bilýän ýok. Bu hakda ol hiç haçan, hiç kimiň, hatda doganlarynyň ýanynda-da dil ýarmady. Syr bildirmedi. Ogullyk diýip alan ogluna gyýa-da bakmady. Ondan mährini aýamady. Äri bilen gazananjasyny ömürboýy şoňa sarp etdi. Agtyk söýdi. „Dünýeden perzentsiz ötüp barýan-ow men“ diýip, ýekeje gezegem ykbalyndan nalamady. Onuň üçin esasy zat: özleri giden güni ýurt eýesiz galmaz. Ýatak boş durmaz. Öten-geçen: „Tüweleme, bularyň tüýnüginden-ä henizem tüsse çykyp dur“ diýer. Ýöne özi syr bildirmese-de, uýasynyň kalbynda bir gowuz boşlugyň galandygyna Arzygül eje düşünip otyr. Gep bir çagany getiräge-de, boş duran gujagyňy doldurmakda, duluňda sallançak gurap: „Ine, oglum şu meniň“ diýip, il ýüzüne göwnüňi hoşlamakda däl, çaga meselesinde aýalyň özüniň tebigy tarapdan öwezini başga hiç zat bilen dolduryp bolmajak görmeli, bilmeli, duýmaly zatlary, almaly lezzetleri bar. Şol lezzetlerden mahrum bolan naçar öz enelik mährini doly güýjünde sarp hem edip bilmeýär, gereginçe gandyryp hem bilmeýär. Göwüsden syzyplar çykmaly ak süýdüň ornuny gymmatbahaly, goňrumtyl gara reňkli şokoladlar tutup bilmeýär. Mahlasy, Hudaýyň etmedik zadyny el bilen düzedip bolmaýar. Arzygül eje öz uýasynyň şolar ýaly tebigat tarapyndan beriläýmeli peşgeşdenem binesip galandygyna ömürboýy gynanyp geçdi. Häzirem şoňa ýanyp-bişip ýatyr. O zatlaryň üstesine Şeker soň-soňlar „kakyn-silkin“ diýen ýalam bir derde uçrady. Mahal-mahal, esasanam, bir zada erbet tolgunan wagty tutgaýy tutdy. Köp bilýän adamlar onuň bu keseliniňem sebäbini önelgesizlik derdi bilen baglanyşdyrdylar. Ikisem gan aýlanyşynyň näsazlygy bilen utgaşykly diýdiler. Ýöne hiç kim onuň emini salgy berip bilmedi. Arzygül eje uýasynyň bu derdi üçinem hemişe kesanasyndan jebir çekdi ýördi. Ýöne bir gowy zat, Şekeriň ýanýoldaşy mylakatly, mylaýym häsiýetli adam bolup çykdy. Hiç haçan önelgesizligini, „hyltlylygyny“ ýüzüne basmady, göwnüne degmedi. Gaýtam dert-azar ýüregini awlamana çalyşdy. Käte ýeke özi öýde galan wagtlary: Hudaýyň söwer dosty, Muhammet ötdi ogulsyz, Gel, sen hem ötersiň ogulsyz... -diýip, hiňlenjiremek arkaly öz ýüreginem köşeşdirdi. O bendäniňem ýogalanyna on iki ýyl boldy. „Ýarym göwün naçar, ýeke oturmasyn“ diýip, şonda Arzygül eje tä äriniň kyrky sowulýança Şekeriň ýanynda, ýas baglap oturdy. Derdini paýlaşypdy. Ýöne özi şu ýagdaýda ýatyrka näme üçin onuň gara bermeýändigine welin Arzygül eje kes-kelläm düşünip bilenok. „Dogry, işi derdi bardyr, ýöne menem-ä şo gezek edere iş tapman-a oturmandym gapdalynda... – diýip, çygjaran gözlerini ýumjukladyp ýatyşyna uýasynyň geljek ýoluna tarap imtilýär. – Durdynyýazyňk-a indi hiç diýeli, ol bir erkek adam. Erkek adamyň endamynda Ezraýyl tüýi bormuşyn, ölüme-de, derdi-azara-da biparhyrak gararmyşyn, doň ýüregiräk bolarmyşyn, ýöne sen naçar-a, Şeker jan, hiç kim duýmasa-da, sen duýmal-a meň ýagdaýymy... Mende-de göwün bar-a, men saňa garaşyp ýatyryn-a...“. Ýatlamalar ýadatdymy ýa mundan artyk söýerlerine garaşasy gelmedimi, syrkaw birdenkä gyssanyp başlady. Aýak ýeter ýaly ýerdäki dogan-garyndaşlar ýygnandy. Ýöne dokuz aýlap şeýdip, bir sydyrgyn ýatyşyna gözleri öwrenişdimi, nämemi, ol edil öläýerem öýtmediler. Şonuň üçinem, desbe-dähel Durdynyýazdyr Şekere habar etmek barada hiç kimiň kellesine-de gelmedi. Hern-ä, molla çagyryp, „iman“ okutdyrmaklygy welin ýatlaryndan çykarmadylar. Muny gözlerini ýumup „hykyrdap“ ýatan Arzygül ejäniň özem aňdy. Şonuň üçinem daşyny gallaşyp oturan söýerleri bilen ýeke-ýeke hoşlaşmana başlady. Ilki bilenem Sähetliniň adyny tutdy. Sähetli böküp baryp, ejesiniň eline ýapyşdy. Arzygül ejäniň dodaklary çalaja gymyldady: -Razy bol, oglum... -Razydyryn eje... – diýenden Sähetliniň damagy doldy. Saklanyp bilmänem aglady. „Senem razy bol, eje“ diýen sözi hernäçe synansa-da, aýdyp bilmedi. Enäniň bolsa garaşara wagty ýok, ol ondan soň Aýmyrat bilen hoşlaşdy. Aýmyradam aljyrady. „Razy bol“ diýjegine derek: -Sag bol, eje – diýdi. Ýerine geçip oturandan soňam: „Sag bol diýip, o nä gezelenje barýamy diýsene...“ diýip, öz-özüne käýindi. Assyrynlyk bilen daş-töweregine diň saldy. Hernä oňa: „Hä, oňarmadyň-ow“ diýen-ä bolmady. Asla hiç kim ünsem bermedi. Özi uýaldy, özem goýdy. Oňa çenlem Arzygül eje gyzlary bilen hoşlaşyp boldy-da, ige gysdyrylan ikbaş ýalyjak ýumrugyny maňlaýyna urmana başlady. -Atam ogly-y... Atam ogly-y... Doganym-m... Doganjygym- m... Häliden bäri daýysy bilen daýzasynyň yzyndan habar ýa adam ibermeli ekendikleri Sähetliniň ýadyna şondan soň düşdi. Ol hasyr-husyr jübüsinden öz maşynynyň açaryny çykaryp, Aýmyrada berdi. -Bar, derrew ikisinem alyp gel, men ýanyndan aýrylmaýyn. Ýene soramagy mümkin. Aýmyrat, hamala, iň soňky gezek görýän ýaly, ejesine tarap gyzgyn bir mähir bilen seretdi-de, ýüzüniň ugruna çykyp gitdi. ...Doganlary geldem welin, Arzygül ejäniň haly gowulaşyp başlady. Ertesi hasam ganymatlaşdy. Tirsegine galybilmese-de, garaz, „hykyr-hykyr-a“ galdy. Ajal bir ädim gaýra tesdi. Öler diýip ýygnananlaryň içinde Arzygül ejäniň gyzlary Gülüstan bilen Heselden öňňesine aljyraňňylyk aralaşdy. Barysyndan beterem, „Ýedisini sowman gelibilmerin“ diýip, işinden rugsat alyp, ýany bilen birlaý çalşyrgyjyna çenli getiren Durdynyýaz kyn güne galdy. Bir girip, bir çykyp, iki ýana elewredi. Şol ikiaralykda-da ony aýaly bir çete çekdi-de, agzyny äriniň gulagyna golaýladyp, bir zatlar diýdi. Esli wagtlap „okutdy“. Megerem, gürrüň haçan öljekdigi näbelli hassanyň ýüzüne seredip oturmaklygyň akmaklykdygy barada giden bolsa gerek, Durdynyýaz aşak bakyp, birsyhly başyny atdy durdy. Ahyram ýüwrüp öýe girdi-de, sessiz-üýnsiz zatlaryny ýygnaşdyrmana başlady. Gitjegimi aýtsammykam-aýtmasammykam diýýän ýaly hassanyň ýüzüne seredip ep-esli durdy. Ahyram hoşlaşman çykdy. Daş işikde çommalyp oturan Sähetliniň garaört bolan ýüzüne göni seredibilmän, iki baka buruljyrap durşuna: -Men gideýin, ýegen. Başyny alyp oturmaýyn. Iş kän. Öz-ä bişen garpyz welin, haçan ýaryljagy belli däl-dä... eger düýnki ýaly gyssanyberse, maşyn iberersiň-dä... – diýdi. Şol aralykda Şekerem kem galyp barýan ýaly ylgaşlap geldi-de, Sähetliniň alkymyna dykyldy. -Dogtorlar bilmezmikä muň haçan öljegini?.. Syrkawyň süýtdeş doganlary bolubam bu ikisiniň beýdip durşy Sähetlini gazap atyna atlyndyrdy. Baryndan beterem daýzasynyň soňky sözüni ýokuş gördi. Ol ýene-de maşynynyň açaryny bir çetde mugryljyrap duran inisiniň eline tutdurdy: -Me, ikisinem eltip gaýt. Gaýdybam çagyrma. Ölse-de çagyrma. Bar zatdan habarly Aýmyrat gurak-çurak ýuwdundy. -Sen çagyrmasaň, men-ä çagyrman. -Ýok, men indi olary çagyrman. Doganlarynyň gidendigini syrkawyň özem aňdy. Ýöne ol indi hiç kimden gatam görenok, öýkelänogam. Oňa gurbatam ýok. Ol diňe ajalyň basyrmak gelerine, özüniň bakyýa tarap tizräk göç ederine garaşýar. Şondan soňam ol bir aý ýatdy. Şol bir aýyň içinde ne Şeker, ne Durdynyýaz, hiç biri gelip onuň halyndan habar almady. ... Birdenkä Arzygül ejäniň üsgülewügi tutup başlady. Daşyndan serediniňde-hä ol üsgülewügem däldi-de, şoňa meňzeşräk bir zatdy. Arasy ýygy-ýygydan kesilýän „hyjyrdy“ diýseňem boljak. Öz göwnüne welin syrkaw, hakykatdan-da, üsgürýärdi. Onda-da dünýäni ala-goh edip ügürýärdi. Ýeke bir gapdalynda ýatan gyzlaryny däl, tutuş obany örüzerin öýdüp gorkýardy. Göwnüne getirişi ýalam boldy. Gyzlarynyň ikisem birden oýandy. Olaryň bir-ä turuşy ýaly düwdenekläp suw getirmäne, aşhana tarap ylgady, beýlekisem dyzanaklap baryp burçda duran içi dermanly düwünçege ýapyşdy. Derman içenden soň garry irkildi. Ýarym sagat çemesi ýatybam oýandy. Henizem başujyny alyp ýüzüne seredip oturan Hesele bakyp ysgynsyz seslendi. -Ertir men uçýan gyzym... Şeý diýip ol ýene-de uka gitdi. Hernäçe ýuwaş geplänem bolsa, onuň bir zat diýeni Gülüstanyňam gulagyna ildi. Ol oýanyşy ýaly ýatan ýerinden Hesele tarap üşerildi. -Ejem bir zat diýdimi? -Howwa. -Näme diýdi? -Ertir uçýan diýdi. -Heý, toba , näme üçin beý diýdikä? -Bilmedim-dä. Samran bolaýmasa. Basyrganan bolaýmagam ahmal. Oýananda tisginib-ä turdy. Şondan soň olaram başlaryny ýassyga goýdular. „Kerwengyran“ guşluga galyberende gapydan ak gaşlary çal gözleriniň üstüni örtüp duran, gaşyndanam ak ösgün saçlary buýr-bulaşyk Ajal girdi. Ol howlukman syrkawyň ýanyna bardy. Ullakan ak ganatlaryny üstüne gerdi. Ýüzüne dikanlady. Janyny sogrup almak üçin agzyny-agzyna golaýlatdy. Henizem ýatlamalar ummanyna gark bolup ýatan syrkaw onuň sowuk demi ýüzüne urandan köpden bäri garaşýan halasgäriniň gelendigini aňdy. Onuň şoldugyna göz ýetirmek üçin gözlerini açjak boldy. Bolmady. Başartmady. Içine gum dykylan ýaly agyr gabaklar gozganmady. Şonuň üçinem, iň soňkuja güýjüni jemläp ysgynsyz seslendi. -Geldiňmi? -Geldim. -Ýaman köp garaşdyrdyň. -Meň bar işim sen däl. -Ol-a şeýledir. Başagaýsyň. -Näme, ýadadyňmy? -Ýadadym. -Durmuşdanmy? -Ýok, şeýdip ýatmakdan. Irdim. Bu indi meniň üçin ömür däl-de jebir. Çaltrak äkit meni bu ýurtdan. -Her näme-de bolsa, jan süýjüdir. Gidesiň-ä gelmez. Häzir aljak borun welin, bermejek bolup baý çytraşarsyň-a. Dünýäniň çöpünden çaýryndan ýapyşarsyň. Syrkawyň sesi kesgitli çykdy. -Arkaýyn alyber, men ölümden gorkamok. -Näme üçin? -Sebäbi men ölmen. -Häzir harladyp janyňy alaryn welin, baý ölersiň-ä... Arzygül eje azajyk böwrüni diňläp ýatdy-da, gülüp goýberdi. Ondan ýalbar-ýakara garaşan Ajal muňa gaty geň galdy. -Nämä gülýäň? Ene çöpe dönen horja eljagazyny iki gapdalynda ýatan gyzlaryna hersi bir çüňkde pytraşyp ýatan agtyjaklaryna, Aýmyradyň ýatan jaýyna, Sähetliniň penjiredenem görnüp duran howlusyna tarap aýlap goýberdi. -Heý, yzynda şunça nesil galdyran ynsanam bir ölermi? Ölmez! Men diňe ýurdumy täzelärin. Özümi rahatlyk ummanyna oklaryn. Dynç alaryn. Soň ýene-de dolanyp gelerin. Sebäbi baky dowamat arkaly Biribar bize müdimilik ömür berdi. Jan alar ýaly sen kim? Seniň janda näme hiläň bar? Sen bir ýumuş oglany. Sen diňe meniň amanadymy eltip eýesine gowşurarsyň. Jan algyç bolsaňam sen ynsandan ejiz. Seniň hökmüň oňa ýöränok. Şonuň üçinem, heşelle kakma-da, borjuňy berjaý ediber. Adamzat döräli bäri adam ömri bilen edip gelýän jan dalaşynda ýene bir gezek utulandygy üçin özüni ýitirmekden ýaňa göwresine gowuşgynsyzlyk aralaşan Ajal, syrkaw erkini eline berenden soňam amanat haryda el urubilmän ýaýdandy durdy. Ýöne nätjek, haýal-ýagallyga salara wagt ýok. Amanat yzyna tabşyryldy. Eýesi bolsa haçan getirkä diýip ýoluňa garap otyr. Ony hökman eltip beräýmeli. Ol diňe daň saz boluberende, hemmeleriň süýji uka giden wagty, heniz sowabam ýetişmedik göwreden çykan arassa ruhy alyp asmana göterildi. Jeset boşady. Şondan soň Arzygül ejäniň ýüzündäki ömürýoldaş bolup gelen ynjalyksyzlyk, ünji alamatlary ýom-ýok boldy. Ol müdimilik ynjaldy. …Ýagşy adamlar dünýeden juma güni gaýdyş edýärmişin diýýärler. Şol günem Gurbansoltan aýynyň on ikisi, juma günidi. Bütin ýurt dabara bilen arşa uçujylaryň gününi belleýärdi. Aprel-Maý, 2007, Aşgabat Juma HUDAÝGULY | |
|
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |