22:30 Baýramyñ syýasy jedeli | |
BAÝRAMYÑ SYÝASY JEDELI
Publisistika
Amerikan ýazyjysy Uilýam Folkneriñ bir sözi bar: "Geçmiş asla ölmeýär. Hatda ol geçmiş hem däl". Bu sözi ýatlatmagyma ýurdumyzyñ syýasy partiýalarynyñ ýolbaşçylarynyñ arap-alawy raýatlarymyzyñ Gadyr-Hum baýramyny gutlap, gutlag hatlary bilen çykyş etmekleri sebäp boldy. Birküç sany žurnalistden başga bu barada ýazanam bolmady! Gadyr-Hum baýramy hakda nämüçin pikir alşylanok, sessizje üstünden geçilýär. Ýogsam bolmasa, geçen ýekşenbe güni Gadyr-Hum baýramydy. Şaýylaryñ baýram edip belleýän, sünnileriñ bolsa ret edýän wakasynyñ añyrsynda näme bar? Mesele onuñ baýram bolup-bolmazlygynda däl-de, taryhy hakykatlarda... "Tagut" kitabymy ýöne ýere ýazmadym-a! * * * Gadyr-Hum bir ýeriñ ady... "Uly kölegelik gün" diýilýän, bakyýete göç etmeginden birnäçe aý öñ soñky haj zyýaratyndan dolanyp gelende Hezreti Muhammet (s.a.w) 632-nji ýylda ýüz müñ adamlyk märekäni üýşürip hutba berdi... Hutbada aýdylan sözleriñ manysynyñ üstünde häzirem jedel gidýär. Şeýle: Hezreti Muhammet (s.a.w) "Sakaleýn" hadysy bilen başlady we iki amanat galdyrdy: Kurany-Kerim we Ehli-Beýt... - Asla olardan öñe geçmäñ, ýogsa heläk bolarsyñyz we asla olardan yza galmañ, ýogsa heläk bolarsyñyz... - Dowam etdi: - Eý ynsanlar... Ynsanlaryñ möminleriñ üstünde özlerinden has ygtyýarly bolany kimdir? Musulmanlar jogap berdi: - Sensiñ, ýa Resulalla! Muhammet pygamber (s.a.w) Hezreti Alyny ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: - Alla meniñ möwlamdyr, menem möminleriñ möwlasy we men olaryñ üstýnde has köp ygtyýarlygym bar. Biliñ ki, kimiñ möwlasy men bolsam, Aly-da onuñ möwlasydyr. Allahym, ony weli edineniñ welisi bol. Oña duşman bolanyñ duşmany bol... Oña ýardam edene ýardam et, ony ýalñyz goýany ýalñyz hoý. Hem ol nirä dönse, haky şonuñ bilen döndür. Bu sözlerimi bu ýerde duranlar ýoklara ýetirsinler. Häzir şaýylar şol güni Gadyr-Hum baýramy hökmünde belleýärler. Gadyr-Hum gününiñ baýram edilmegi ilkinji şaýy döwleti Buweýhileriñ döwründe başlady (Ilkinji aşura ýas-matam çäreleri-de buweýhileriñ döwründe geçirildi). Häzir bu baýram Eýran, Yrak, Siriýa, Ýemen ýaly käbir ýurtlarda giñden bellenýär... * * * Emma: Bu hadysyñ üsti elmydama jedelli boldy. Sünniler hadysy ret etmeseler-de, "möwla", "weli" sözlerine başga many berýär: "Halyflyk we ymamlyk bilen dahylly ýeri ýok". Hatda Gurhanyñ "Tahrim", "Ýunus", "Toba" sürelerini mysal görkezdiler: sözüñ "dost" manysynyñ bardygyny öñe sürdüler. Hezreti Alyny "Allanyñ dosty" yglan etdiler... Elbetde, munuñ garşylykly jogabyny bermän goýmadylar... Jedel häzirem dowam edýär. Eýse taryhda hossarlyk (ýagny oruntutarlyk, опекун -t.b.) hemişe jedelli tema bolup gelmedimi? Hezreti Adam atanyñ oruntutary Kabyldy. Abyl ony öldürenden soñ Alla hibe (bagyş etmek) hökmünde Şişi berdi. Hatda şonuñ üçin onuñ künýesi Hibetullady. Ýagny peşgeşdi... Şiş Idris pygambere çenli Anuş, Kaýnan, Mahlain, Ýarub pygamberleriñ oruntutary boldy... Şeýle-de: Ýakup pygamberiñ oruntutary Ýusup... Musa pygamberiñ oruntutary Ýuşag... Sületman pygamberiñ oruntutary Asaf... Isa pygamberiñ oruntutary Şemun al Safa... A Hezreti Muhammediñ oruntutary kim? "Men ylmyñ şäheri, Aly bolsa onuñ gapysydyr" diýmeginiñ manysy nämedi? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 27.06.2024 ý. | |
|