17:39 Berdinazar Hudaýnazarow -8: Edebiýata her ussat bir täzelik getirýär | |
BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW
Edebiýaty öwreniş
▶ 8: Edebiýata her ussat bir täzelik getirýär Adama Allanyň beren talanty amatly şertler döräp, aýan bolsa ýagşy. Munuň üçin ýazyjynyň irginsiz zähmet çekmegi-de zerur. Onda-da prozaçynyň işi şahyryňkydan tapawutlylykda fiziki zähmeti hasam köp talap edýär. Munuň özi hakyt daban azaby diýen ýaly bir zat. Şonuň üçindir-dä, proza belli bir derejede sistemalaýyn, ine-gana, ölçäp-dökübräk işlemäni talap edýär. Meniň pikirimçe, şahyr bile kyssaçynyň arasynda işleýiş stilinde, materiala çemeleşişinde uly tapawut bar. Göräýmäge, bu ikisi ýakyn ýaly. Ýöne her žanryň öz kynçylyklary, güzaplyklary bar. Hersi bir sarç keýik. Juda yhlas edäýmeseň, ol «keýikler» aňsat-aňsat şahyndan tutduraýanok. Bu žanrlaryň her haýsyna uýgunlaşmak gerekmikä diýýärin. Ýazmakda ýazmak bar. Elbetde, poeziýany-da, prozany-da, dramaturgiýany-da, publisistikany-da utgaşdyryp ýazsa bolar. Ýöne gep ony ýazanlygyňda däl. Gep ony nähili ýazanlygyňda. Gep nähiliräk derejede çeper ýazyp bilýänligiňde. Berdinazar Hudaýnazarow haýsy žanrdan eser döretse-de, ussatlyk derejesinde ýazmagyň hötdesinden gelýär. Bir bellemeli aýratynlyk: ol hem halypa haýsy žanrdan eser döretse hem, şol döreden eserine şeýle bir mylaýymlyk bilen poeziýa girýär. Halypanyň proza eserlerindenem, dramaturgiýasyndan hem, publisistikasyndan hem poeziýa şerbetleri duýulýar. Haýsydyr bir powesti, romany okap otyrkaň, şahyryň aýry-aýry goşgulary ýadyňa düşýär. Ine, «Yzçynyň gözleri» powestinden bir parçajyk: «Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ojarly çöketleri men irki döwürlerde kän synlapdym. Boz jerenleriň süri goýun dek sürlenişip kak suwuna inýändiklerine-de şaýat bolupdym. Maral towşanlaryň obanyň edil gyrasyndaky gökje sözenleriň pürüni çürtüp ýörendiklerini görüpdim. Toklutaýlaryň, sakarbalaklaryň, garaz, ýüz dürli guşlaryň bahar aýlary ýowşanly alaňlaryň içinde buludyň bir bölegi ýaly bolup gezip ýörüşleri meniň entek göz öňümden gidenok. Şol zatlaryň indi keliň saçy ýaly seýrekländigini men, gel-gel, şu mahal duýýaryn. Kän şahyrlaryň dilinde wasp edilen baý çöl indi şaý-sepi, apbasyly ketenisi egninden sypyrylyp alnan gelne çalym edýärdi». Bu parça şahyryň «Tebigaty goramak temasyndan» diýen şygrynyň kyssa görnüşindäki nusgadyr diýip boljak. Şeýle gabat gelmelere az duşulanok. Berdinazar halypa makalalarynyň birinde «Aglaba eserlerim başdan geçiren, gözüm bilen gören wakalarymyň esasynda döredi» diýip ýazýar. Muny onuň proza eserlerini publisistikasy, ýatlamalary bilen deňeşdireniňde-de bilmek bolýar. Munuň özi halypanyň durmuşa ýazyjylyk gatnaşygyny örän aýdyň häsiýetlendirýärmikä diýýärin. Proza eserlerini okanymda, meni hemişe bu wakalaryň, gahrymanlaryň aňyrsynda duran awtor gyzyklandyrýar. Berdinazar aganyň eserlerinde aňyrda duran awtoryň şeýle özüne ynamly görünmegi ýokarky ýagdaý bilen baglanyşykly eken. Ýazyjy eserlerini daş gulakdan eşiden, eşitmiş wakalary boýunça ýazmaýan eken. Ýazyjynyň powestleriniň ählisi diýen ýaly awtobiografik häsiýetli. «Haşar» atly powesti barada-da şuny aýtmak mümkin. Eseriň baş gahrymany on dört ýaşly Taýhar. Men powestiň sýužetini gürrüň bermekçi däl. Ony iň bolmanda, eseriň ady hem syzdyryp dur. Meniň pikirimçe, bu powestde türkmen edebiýatynda uly bir hakykatyň ilkinji gezek üsti açylýar. «– Men bolsa… – diýip, tehnik sözümi böldi. – Men bolsam öz sözümiň eýesi: Bosaganyň haşary aýal edilip ýaradylan jynsyň ganymy. Ol gelin-gyzlaryň görküne-durkuna zeper ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem (ol töweregine garanjaklap, sesini birneme peseltdi, agzyny gulagyma goýdy) gyzlary gyzlykdan mahrum etmäge, gelinleri önelgeden mahrum etmäge ukyply. Ine, saňa Bosaganyň haşary. Siz bolsa bu zatlaryň soňuny saýaňyzok! – A erkek kişileri erkeklikden mahrum etmäge ukyply dälmi Bosaganyň haşary? – Erkek kişileri tebigat üýtgeşigräk edip ýaradypdyr, inim. Çydamlyrak edip ýaradypdyr, şonuň üçin-de olara «erkek eşek» diýýärler. Olara dogry gelen ajaldan başga zat kär edip bilenok». Powestiň gahrymanlarynyň biri boý gyz Tulpar şeýle betbagtlyga duçar bolýar. Agyr zähmet onuň biline agram salyp, gyzlykdan mahrum edýär. «Haşar» powestinde şeýle faktyň esas edilip alynmagy, meniň pikirimçe, edebiýatymyz üçin uly täzelik bolupdy. Sebäbi urşuň görkezen hupbatlaryny, ýetiren ruhy zyýanlaryny açyp görkezmek işinde ýazyjylarymyz biri-birini gaýtalap, köplenç şol bir meňzeş äheňleri ýazdylar ýördüler. Ýazyjynyň çeperçilik tapyndysy bolsa diňe türkmen edebiýatynyň däl, megerem, beýleki halklaryň edebiýatynyňam çäklerinde kiçi-girim täzelik däl. Şonuň üçin-de, şeýle EDEBI TAPYNDYNYŇ iki tarapy hakda ýörite durup geçesim gelýär. Birinjiden, munuň özi urşuň nägehan hökmündäki täze sypatlaryny açýar. Uruş şu edebi tapynda çenli adam ömrüne, janyna kast edýän nägehan diýip suratlandyrylypdy. Berdinazar halypa «Haşar» powesti arkaly urşuň has gymmat, has uly zada-da el gatýandygy hakyndaky hakykaty açdy: uruş adamy mertebeden mahrum edýär! Munuň ýanynda jan algyjylygyň awusy has kütegräk gelmeýärmi? Ikinjiden, adam Watan üçin diňe janyny däl, namysyny-da gurban edýär, has dogrusy, gurban etmäge mejbur edilýär! Meniň pikirimçe, Berdinazar halypanyň eserleriniň bir tebigy artykmaçlygy bar: munda awtoryň öz gozgaýan meselesine, gahrymanlaryna hakyky garaýşyny aňlaýmak gaty kyn. Şol garaýyş eseriň sansyz ideýa gatlaklarynyň aňyrsynda gizlenip ýatyr. Şoňa baglylykda eseriň çeperçilik agramy has artýar. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmymyzda B. Hudaýnazarowyň türkmen edebiýatyna getiren bu tapyndysynyň aýratyn öwreniljekdigine berk ynanýaryn. Mämmet Seýidowda şeýle setir bardy: «Göwher bolsaň göterenler tapylar». B.Hudaýnazarowyň şu göwher tapyndysyna hem mynasyp baha berler. Meşhur alym Ahmet Bekmyradowyň şeýle bir ynanjy bardy: «Haýsydyr bir şahyra ýa ýazyja baha berjek bolsaň, onuň eserini diňe bir gezek okanyň bilen oňman, biraz wagt geçirip gaýtalap oka. Gaýtalap okanyňda eser özüne çekse, onda okaýan ýazyjyň talantly bolmaly». Ahmet sözüni delillendirmek üçin Magtymgulyny mysal getirmegi gowy görerdi. «Näçe gezek okasaň hem onuň guşgularyndan ýadamarsyň. Goşgulary edil älemgoşar ýalydyr, her gezek okanyňda, onuň goşgularyndan täze-täze manylar, duýgular, pikirler taparsyň. Ine, şahyryň ussatlygy hem şunda» diýerdi. Men Berdinazar Hudaýnazarowyň bäş tomlugyny gaýtalap okap oturyşyma Ahmet Bekmyradowyň şol birmahalky aýdan sözlerini ýatlaýaryn. Men onuň mamladygyna Berdinazar halypanyň eserlerini gaýtalap okap oturyşyma açyk göz ýetirdim. Eserler çynlakaý sungat hadysasy bolanda, ony bir–iki gezek okanyň bilen manysyny hem şahyrana gözelligini doly tirip bolmaýan eken. Şunda döredijiligiň, eserleriň aýry-aýry taraplaryna düşünmekde şahyryň öz ömrüne we döredijiligine degişli publisistik, mesawy gürrüňleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Awtorlaryň öz dilinden çykan şeýlekin anyk maglumatlar döwürdeş şahyrlarymyzyň geçen asyrlardaky şahyrlardan bagtly artykmaçlygy bolsa gerek. Edebi geçmişimiz bilen iş salyşýan ylmymyzyň problemalarynyň gylla ýarysy biografik gahatlyk zerarly döreýärmikä diýýän. Men kämahal oturyp pikir edýän: öňki şahyrlarymyzam häzirkiler ýaly özünden soň anyk biografik maglumatlar hem awtograflar galdyranlarynda edebiýat ylmymyzyň derejesi hem tebigaty bütinleý başgaça bolardy, edebiýatçylarymyzyň derejesi başgaçarak, arzuwa has ýakynrak bolardy. Ýokarky zatlaryň öwezini dolmak üçin, gör, näçe edebiýatçymyz ýaşulular bilen gürrüňdeş bolup, obama-oba aýlanyp, maglumat ýygnadylar. Men Berdinazar halypanyň makalalaryndan onuň döredijiliginiň faktiki esaslaryny, hamyrmaýasyny gözlemäni gowy görýärin. Ine, şeýle esaslaryň biri. Halypa ýatlamalarynyň birinde şeýle ýazýar: «A.T.Twardowskiý ýaşlara terjimehal edinmegi maslahat bererdi. Meniň neslimiň terjimehaly garyp däl, biz zamananyň şatysyny gördük, döwür gerdenimize onuň göterip biljek ýükündenem çökderräk ýük urdy». Berdinazar aga durmuşyň şatysy diýende, çagalyk hem ýetginjek döwürlerini göz öňünde tutýar. Uruş temasy Berdinazar aganyň şahyrlyk energiýasyny özüne siňdiren, okyjy aňy galtaşanda şol energiýany oňa-da geçirýän tema. «Dönüklik», «Ene we ogul», «Ýatlama», «Awçylar», «Kyrk üçünjiň çöregi», «Gözel eje», «Ejizlik», «Ylýas aga», «Ýeňiş güni», «Yhlas», «Gyzjagazyň daýysy» goşgulary, «Döwrüň depesindäki adam» atly ajaýyp poema. Bularda urşuň özi hem bar, tyl hem bar, uruş ýyllarynyň hakydada goýan ýaralaryna degişli setirlerem bar. Ýöne meniň ýaňky şahyrlyk ýa-da çeperçilik energiýasy baradaky pikirimi dowam etdiresim gelýär. Çeperçilik energiýasy şygryň çeper-emosional täsiri görnüşde ýüze çykýar. Şol energiýanyň derejesine şygyrda saklanan çeper gymmatlyklar şaýatlyk edip biler. «Ene we ogul» şygryny irki döwürlerde okapdym. Şygryň süňňünde nähilidir birhili terlik hem serginlik, setirleriň arasynda birhili seleňlik bardy. Gepiň gerdişine aýtsam, şahyryň şygyrlarynyň hemmesi süňňüniň terligi, onuň tutuş poeziýasy bolsa süňňüniň halallygy bilen tapawutlanýar. «Ene we ogul» goşgusynda süňňi terlik üstki gyzgynlyk, üstki emosional hasrat bilen garyşyp gidýär. Şygyr bäş sany kiçijik bölümden ybarat, başgaça aýdanyňda, kiçijik liriki poema. Şygyr poemalyk hasraty, poemalyk hereketi, poemalyk gahrymanlary özünde jemleýär. Şygryň bölekleýin gurluşy barada şahyryň poeziýasynyň bir häsiýetli daşky aýratynlyklarynyň birini aýdyp boljak: Berdinazar şahyra diptih, triptih diýen ýaly eserler oňat başardýar. Mazmunyň şeýle böleklenmegi talantyň tebigaty bilen baglanyşykly bolsa gerek. Şahyr şol bir zat ýa zadyň tarapy bilen uzak güýmenmegi halanok, munuň şahyrana energiýanyň gowşamagy ýa-da hatda gowzamagy netijesinde okyjyny irizmegi mümkin bolara çemeli. – Men gürrüň bereýin, Gulak goý senem. Hiç haçan adymy Tutmazdy enem, Köçelerde oýnap, Oýnap günuzyn, Gelemde diýerdi: «Açsyň sen, guzym». Men şu goşgynyň iki sany gahrymany bar hasap ederdim. Emma häzir goşgudan sitata almak üçin şu setirlere ýüzlenip, munda iki däl-de, üç sany gahrymanyň bardygyny, eseriň üýtgeşik emosional täsiriniň bir sebäbiniňem şu ahwalatdygyny duýdum. Üçünji gahryman – okyjy. Şygryň esasy güýji şahyryň ýetginjeklik döwründen galan gaty güýçli täsir. Durmuşyň şol real täsiri eserde çeper hakykata öwrülýär – urşa gatnaşmadyk ýetginjegiň duýgulary, ýürek awusy frontçy ýigidiň obrazyna siňdirilýär. Men goşgudaky «iner», «guzy», «köşek», «tärim» ýaly sözleri ýetginjekligiň şahyryň kalbynda galdyran yzlarynyň birden dömüp çykmasynyň psihologik faktlary hasaplaýaryn. Şygryň formasyny ikinji derejeli zat hasaplamok. Şu mynasybetli iki sany pursaty belläp geçesim gelýär. Birinjiden, birinji setiri alty, ikinjisi bäş bogunlyk strofa esere gaty dartgynlylyk beripdir. Munuň ritminde harby döwrüň ritmi, türkmençe aýdylanda, alha-allygy, berhä-berligi bar. Ikinjiden, eseriň kiçidigine garamazdan, uly eserlerdäki serişde – gaýtalama az ulanylmandyr. Setirler, jümleler, özünde estetiki ugryny saklaýan sözler gaýtalanýar. Munuň özi, adatça bolşy ýaly, uly çeperçilik täsiri döredýär. Şeýdip, eseriň mazmunydyr formasy özara alşyp, täsirli bitewüligi emele getirýär. Bardym mazarlyga pişegim süýräp, Süýndüm guburyna maňlaýy diräp, başujyny saklap, ýatdym günuzyn, Seslenen bolmady: «Sen açsyň, guzym?». A men tebsiräpdim, hem örän açdym. Sebäp, ejem ýaşdy Özümem ýaşdym. Nähili hasrat! Ýöne… kimiň hasraty, näme üçin hasrat? Soňky iki setire üns beriň. Açlygyň hasraty däl, maýyp bolmanyň hasraty däl, ýok, ýaşlygyň – ýaş enesiniň ömrüniň kesilendiginiň hasraty. Ine-de, goşgynyň geň-taňlygynyň, özboluşlylygynyň, üýtgeşik täsiriniň, meniň pikirimçe, baş sebäbine geldik – özi front temaly eserlerden tapawutlylykda bu ýerde esgeriň däl-de, onuň ýalňyzlygynyň – enäniň, özem indi ýaşamaly, indi görmeli ýaş aýalyň agysy aglanylýar. Şahyryň uruş temaly goşgularynda şol döwrüň halallygyny, arassalygyny ahlaky nusga hökmünde görkezmek häsiýetli motiwdir. Şeýle motiw, halypanyň tutýan orny bilen baglanyşykly. «Ejizlik» diýen şygrynyň gahrymany Şahym bolsa agyr zähmetiň däl-de, ruhy ýadawlygyň öňünde ejizläp, ýan beripdi. …Uzakda bir ýerde gizlenipdi Aý, Kyrk ikinji ýyldy: orak döwrüdi: Adamlara ruh bilen ynamyň Rysgaldanam beter gerek döwrüdi. Berdinazar Hudaýnazarowyň poeziýasynda durmuşyň şunuň ýaly derwaýys taraplaryna kän üns berilýär. Sungatyň hem ruhuň güýjüne ynanýan adam hökmünde ol hemişe sözüň aýratyn gymmatyna uýup geldi. Şahyryň ahlak konsepsiýasynyň gaty aňyrlardan – halkyň asyrlar boýy ýöredip gelen ahlak ýörelgelerinden gaýdýandygyny bellemezlik mümkin däl. Munuň özi şahyr hem onuň ruhy kökleri baradaky özboluşly teoretiki-pelsepeli oýlanmalara getirýär. Ýöne bu – edebiýatçylaryň işi bolsa gerek. Men «Awçylar» diýen şygyr barada awtoryň «Ömür kitabynda» berilýän gyzykly gürrüňden habarly. Ol ýerde şygryň düýp ideýasy hem çeperçilik gözellikleri barada özboluşly zatlar aýdylýar. Meni bu goşguda reňkleriň çeperçilik funksiýasy özüne çekdi. Şahyryň çöle, Garaguma, umuman, giňişlige degişli goşgularynda reňkleriň hem owazlaryň funksiýasy güýçli. Munuň özi şahyry hudožnige hem-de kompozitora ýakynlaşdyrýar. Gyly gyrylmadyk ak keçe ýaly, Galyň gar örtüpdi depäni, goly. Şu hili aklyga özge ýerde duşaýmak kyn. Şeýle özboluşly ähliumumy aklyk türkmeniň dilinde durnukly çelgilenmesine eýe bolupdyr. Şonuň ýaly aklyga «gözüň köküni gyrýan aklyk», ýa-da «çölde çopanlary kör edýän aklyk» diýilýär. Şonça giňişligiň duw ak reňkde bolmagy hatda adamyň ýüregine howsala salyberýän eken. Men B.Hudaýnazarowyň «Gumlular», «Akar suwuň aýdymy», «Ynsap jezasy» romanlaryny okap şeýle netijä geldim: Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligi XX asyr türkmen edebiýatynda uly hadysa. Ol türkmen edebiýatyna gumlularyň ahlak-psihologik dünýäsini getirdi. Köp zatlar ýadyňda galanok. Ýöne bir gürrüňçilik ýadymda galypdyr: bir gezek her milletiň öz milli psihologiýasynyň bardygy hakynda mesawy gürrüň boldy. Gürrüňdeşim örän okumyş, öz ugrundan köp çorba sowadan, herki zat babatda özboluşly pikirlenip bilýän psihologdy. Men ondan türkmeniň psihologik keşbi hakdaky pikirini soradym. Şonda ol türkmeniň milli psihologik keşbiniň birnäçe aýratynlyklaryny nygtady. Soňam şeýle diýdi: – Ýöne meniň bu aýdanlarym sowala asla-da gutarnykly jogap däl. Beýle jogaby bermek üçin entek kän psihologik-sosiologik barlaglary geçirmeli. Türkmençiligiň, şonuň bilen baglylykda-da türkmen psihologiýasynyň has oňat saklanan ýerlerine gitmeli bolar. Sebäbi siwilizasiýanyň üýtgediji täsiri türkmeniň psihologiýasynyň köp taraplaryna degdi. – Has oňat saklanan ýeri nire bolýar? Nirä gitmeli? – Meniň pikirimçe, gumlularyň arasyna gitmeli… Gürrüňiniň jany bardyr-da, spesialistiň şol aýdany gulagymda galypdyr. Ýöne men kärim, iýýän çöregim boýunça psiholog däl, şonuň üçin şeýle saparlara çykmagyň aladasynam edip duramok. Ýöne çeperçilik intelligensiýasynyň wekili hökmünde galamdaşlaryň, halypalaryň döredijiligi maňa türkmen psihologiýasynyň has oňat saklanan ýerleri ýaly uzakdaky bir zat däl. Ine, onsoň gumly türkmeniň ruhy–psihologik dünýäsiniň edebiýatda ýetik şöhlelendirilendigi birden biygtyýar ýadyma düşdi. Ilki aňyma gelenem Berdinazar halypanyň romanlary, goşgulary boldy. Halypanyň şygyrlaryny bir ujundan okap çykanyňda, gumly türkmeniň hüý-häsiýeti, ahlak keşbi, psihologiýasy göz öňüňde aýdyň janlanýar. Şahyr gumlynyň psihologiýasyny mähir, ussatlyk bilen suratlandyrýar. Sebäbi onuň özi, gelip çykyşy boýunça, gumly. Şonuň üçinem şahyryň poeziýasyndaky liriki gahrymanyň hüý-häsiýetinde gumlynyň psiholosiýasyny görüp bolýar. Bir sözlülik, gönümellik, sadalyk, agraslyk – bir tarapdan, şahyrana şahandazlyk, duýguçyllyk, ýuka ýüreklilik, pälipeslik – beýleki tarapdan, şahyr Hudaýnazarowyň liriki gahrymanynyň häsiýetini düzýän esasy görkezijiler. Şu aýratynlyklardan hem liriki gahrymanyň, şahyryň durmuşa garaýşy aýdyňlaşýar. Şahyr durmuş diýip adamlar arasyndaky ahlaky gatnaşyklara düşünýär. Onuň düşünişine görä, durmuşyň nähilidigini kesgitleýji faktor – ahlak. Bolçulygam, bagtam, syýasaty hem adamyň ahlak medeniýeti, ahlak prinsipleri kesgitleýär. Şahyryň ahlak konsepsiýasyny emele getirýän şu ideýanyň özem türkmençilikden galan pelsepeleriň biri. Şeýdip, nesilme-nesil geçip gelýän gymmatlyklar şahyryň döredijiliginde özboluşly bitewülige, gutarnyklylyga eýe bolýar. Şu ýerden bolsa indiki nesillere geçip gidýär. Şeýdibem, milli ahlaky durnuklylygyň üznüksizligi üpjün edilýär. Ahlak bolsa halkyň edim-gylymyndan, ýaşaýyş obrazyndan gelip çykýar. Berdinazar halypanyň «Diňli obasy, Tarypnama», «Gumlular», «Çarwa synçylygy», «Sungat», «Ýuka ýürek goşgy», «Howa gürrüňi», «Kurortdan gelen çopanyňkyda», «Gyzyl takyrdaky toý. Pälwanlar», «Çary aga» ýaly şygyrlarynda gumly häsiýetiniň iň gyzykly hem täsin taraplary açylyp görkezilýär. Ine, onuň «Gumlular» atly şygrynyň bir bendi: Gadymlardan gelýän gymmatly däpler Gum içinde namys kimin goralar. Tanyşmakçy bolsaň öz adyň däl-de, Ilki ataň, babaň ady soralar. Daşyndan gelen adam üçin tanyşlygyň şeýle usuly geň hem täsin. Şol usulyň aňyrsynda uly zatlar – halkyň adamçylyk, adamyň aslyna çekýänligi, her tiräniň oňat, artykmaç taraplary baradaky özboluşly pelsepeleri hem-de durmuş prinsipleri ýatýar. Ýöne şuny çeper sözde aýtmagyň ebeteýini-de tapmak gerek, ebeteý talantdan gelip çykýar. Men bu goşgularda gumlularyň durmuş, güzeran bilen baglanyşykly üýtgeşik detallary hakda känbir agzabam oturamok. Sebäbi goşgynyň süňňi olardan doly weli, haýsy birini agzap oturjak. Goşgularda özge hiç bir ýerde, ýurtda duş gelmeýän, gumlularyň ýaşaýyş aýratynlyklaryny alamatlandyrýan onlarça detallar bar. Şo hili detallaryň jemindenem gum durmuşynyň hem psihologiýasynyň mozaikasy kemala gelýär. Hawa, men mozaika sözüni ýöne ýere agzamok. Sebäbi, indi seredip otursaň, öňki bitewi gumly ýaşaýyş obrazyndan diňe käbir bölekler galypdyr. Şo hili böleklerdenem şahyryň talantynyň gudraty bilen sungaty manydaky bitewülik emele gelýär. Meniň pikirimçe, munuň özi şahyryň döredijiligini öwrenýän edebiýatçylaryň iş edinmeli zatlary. Şahyr Garagumy bir Dünýä diýip atlandyrýar. Onuň Garagum baradaky goşgularyny okanyňda, ol özbaşdak hem bitewi Dünýä bolup göz öňüne gelýär. Berdinazar aganyň şu hili goşgularynda gumlynyň tipiki obrazy berilýär. Şol obraz köplenç çopanyň, özem ýaşuly çopanyň keşbinde janlanýar. Gahrymanyň birinji aýratynlygy çarwa durmuşy üçin iň tipiki hünär bilen baglanyşykly. Gumly diýilse, ilki bilen, eli egri taýakly adam göz öňüne gelýär. Ikinji aýratynlyk şahyryň öňe sürýän ideýalarynyň kämilligi, suratlandyrýan geň-taňlyklarynyň köpüsi gumlularyň ýaşuly nesline degişli. Gumly çopanyň obrazynda – bolşunda, hüý-häsiýetinde esasan dört aýratynlyk – göwnaçyklyk, paýhaslylyk, ýumor, ýuka ýüreklilik duýulýar. Munuň özi adamyň bitewileşen, jemlenen obrazynyň kemala gelmegi. Adam tebigatyny açýan özge goşgularyndan tapawutlylykda halypanyň «gumly» şygyrlarynda häsiýet tas ekzotiki bir zat hökmünde suratlandyrylýar. Çarwa häsiýeti, degişgenligi, göwnaçyklygy seni, köplenç, ýylgyrmaga mejbur edýär. Ýigit düşündirýär: – Gulak goý, agam, Ýagyş ýagmalydy, ýagardy hökman. Ýöne bu ýerlerden sowarak geçdi Orta ýer deňzinden göterlen siklon. Garry baş ýaýkaýar: – Päheý bolmandyr, Minzini tükenen bolmasyn, walla… Ýogsam bu ýerlerde azaşar ýaly Güýçli bir ýelem-ä turmandy çölde… Adamzadyň XX asyrda tebigata edýän hyýanatlary çydamaz derejä ýetdi, ol indi onuň özüne howp salyp ugrady. Iň erbet ýeri-de, adamzadyň tebigata keýpine el gatmaýanlygynda, munuň adamzat ösüşinde kanunalaýyklyk bolan siwilizasiýanyň talabylygyndadyr. Berdinazar halypa halk hojalygynyň hajatlaryna oňat düşünýär. «Garagum barada aýdylanda onuň asylky sazlaşygyny mümkingadar saklamak wezipesi birinji derejeli zerurlyga öwrülýär. Merkezi Garagumuň haýwanat hem-de ösümlik dünýäsiniň ýagdaýynyň nä derejä ýetendigini men geçen ýylyň baharynda Aşgabatdan Derwezä çenli bolan aralyga eden syýahatymda görüp galdym. Çagalygyny, ýetginjekligiň belli bir bölegini Ýerbendiň çölünde geçiren adama indi şol sähranyň juda ýalazylanandygyny, onuň bezegi bolan haýwanat dünýäsiniň garyp düşendigini görmek nähili ýokuş degýär!» Berdinazar aga publisist hökmünde şol üýtgeşiklikleriň sebäbine düşünmäge çalyşýar. Iň esasy zadam, ony şeýle garyplaşmanyň adam ruhuna, ahlagyna edýän täsiri köp gyzyklandyrýar. Çöle tehnikanyň aralaşmagy ýaşaýyş obrazyny üýtgedýär. Munuň üýtgemegi bolsa täze tipli adamlaryň kemala gelmegine sebäp bolýar. Berdinazar şahyryň poeziýasynda adamyň tebigat hem adamzat meselesinde gaty çylşyrymlaşandygy aýdyň görünýär. Adam bolsa… onuň akyldar ogly… Hawa, adam şeý diýmegi halaýar. Adam tebigatdan ylham alýar, hem… Ony aýak aldygyna talaýar. XX asyr şeýle paradokslardan doly. Berdinazar şahyr, ana, şol paradokslar hakda ýazýar. Bu şahyryň esasy aýratynlyklarynyň biri. Adaty zatlar hakda ýazyp okyjynyň ünsüni çekip bolmajakdygy düşnükli zat. Şahyryň meselä öz çemeleşişi, öz beýan ediş usuly bar. Ol çemeleşiş, ol beýan ediş müň eseriň içinden hem saýlanyp dur. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||