00:21 Bir ses beriñ-ä!.. | |
BIR SES BERIÑ-Ä!..
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, geçip giden ýyllaryñ Türkiýesini we döwlet dolandyryşyny bilmedikler şu günki bolýan zatlary bolaýmaly zat ýaly hasaplap bilerler. Indi hemme zat gizlin, hemme zat ýaşyryn. Gaty kyn ýagdaýa düşäýmeseler edýän işlerine jogap berjegem bolanoklar. Ýurdy dolandyrýanlar geñ-tañsy gizlinlik perdesiniñ añyrsyna girdiler, edenlerini edip ýörler. Ýurduñ bähbidi, raýatlaryñ ýagdaýy, köçedäki adamlaryñ näme diýýändigi, näme pikir edýändigi olara hiç hili gyzykly däl. Hasam beteri... Olar üçin hukuk, adalat ýaly düşünjelerem ýok. Boş beýinlerine salan ýeke-take pikirleri bar, olam: "Biz näme etsek, iñ dogrusy şol we hiç kime jogap bermäge borçly däl!" * * * A ýagdaý geçmişde neneñsidi?.. Rugsat berseñiz, aradaky şol tapawudyñ üstünde gysgaça durup geçmek isleýärin. Öñler mediýa diýen söz ýokdy. Telewizor entek ýaýranokdy, internet we sosial mediýa diýen zat heniz oýlanyp tapylmandy. Diñe habar beriş serişdeleri bolan gazetler bardy we häziriñ mediýasy galapyn gazetlerden ybaratdy. Aýdaly, gazet sahypalarynda korrupsiýa hakynda bir habar çykdy. Şol wagtlar jemgyýet bular ýaly biparh we owwaramçyl däldi. Nogsanlygyñ üstüne üýşüp gidilerdi we jogapkärlerden hasap soralardy. * * * Emma işiñ soñy (köplenç) biraz üýtgeşik bolardy... Habarlarda ady agzalan ministrler, halk deputatlary, ýokary wezipeli býurokratlar we hatda premýer-ministrler özlerini aklap çykyş etmäge mejbur bolardylar. Habarlaryñ çykan gazetleriniñ redaktorlary, žurnalistleri, habarçylary dessine çagyrylardy, beýanat berlerdi. Şol ýyllar korrupsiýa aýyplamalary "masgaraçylykly" hadysa saýylardy. Hatda döwletiñ emlägini isrip etmek we wezipäñe sowuk-sala garamagam şeýledi. * * * Döwletiñ we halkyñ öz ygtyýarlygyna tabşyran puly belli bir manyda mukaddes hasaplanardy. Ýakyn geçmişimizi bilýänleriñ gowy ýadyna düşjek kicijik bir mysal bereýin. Ismet Inönü premýer-ministrlik kürsüsine geçende, onuñ gulluk awtoulagy köne kysymly halys deregi çagşan kiçijik "Opeldi". Has takygy, ol gymmatbahaly lýuks gulluk awtolulaglaryna münmekden ýüz öwrüpdi. "- Duraweri paşam, bu awtoulaga münmäñ. Bu siziñ üçin howply. Alla gorasyn welin, heran-haçan janyñyza kast edip bilerler. Size bronirlenen awtolulag satyn alaýalyñ?!." Hemişe şu jogaby berer eken: "- Gulluk awtoulagy döwletiñ we halkyñ puluna alynýar. Biziñ göze gelüwli görünjek bolmak, daşky haýbata bat bermek ýaly pikirimiz ýok". Aýdylyşy ýaly günleriñ bir güni Mesut Suna diýlen biri sapançasyna ok sürüp, Ismet paşany birnäçe gezek atdy, hernä atylan oklar sowa geçdi. * * * Soñra Türkiýede döwür üýtgedi… Başymyza şu häkimiýet gelýänçä hökümet ýolbaşçylary bular ýaly ýüzi galyñ we biparh däldi. Uçdantutma eljiremändiler, kellesine urlan ýaly bolmandylar! Käbirleri hakda iñ ýakymsyz, iñ agyr ýazgylary ýazanlary-da özlerine mynasyp garşydaş hasap ederdiler we kabulhanasyna çagyryp, ýagdaýy öz nukdaýnazarlaryndan dostana şekilde düşündirmäge synanşardylar. * * * Hiç ýadymdan çykmadyk bir gezegimde özi hakyndaky ýazgylarym sebäpli bir ministr meni ýanyna çagyrdypdy... Möhüm bir wakany subutnamalary bilen birlikde gazetde beripdim. Ol ministriñ kisesine gönüden-göni pul girmese-de, başgalara ýeñillikli şertler döredip, daşyndan peýda gazanypdy. Uzyndan uzyn düşündirdi... Kän wagt geçmänem wezipesinden we syýasatdan çekildi... Nirede gabat gelişse, başgalaryñ ýanynda şuny aýdardy: "Şu Çölaşan diýenleri bar-a, meni kyn ýagdaýlara düşürendir, Bu zañnar meniñ başymyñ datly belasydyr". Ol agamyz Energetika ministri Esat Kyratlyoglydy. * * * Olar özlerini iñ gödek formada tankyt eden žurnaliatlere-de sögüp-sycyp durmazdylar, gargynmazdylar, haýbat atmazdylar we şumatky ýaly edepsizlik we hukuksyzlyk görkezilmezdi. Ýöne iñ möhümi, Mejlisde-de, habar beriş serişdeleriniñ öñünde-de, özlerine berilen sowallara jogap bermekden gaça durmazlardy. Nirelerden nirelere geldik biz beýle! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |