10:11 Boş taryh | |
BOŞ TARYH
Publisistika
Azatlykdan we şahsy inisiatiwalardan binesip hiç bir ideologiýa üstün çykyp bilmez. "Halkyñ esaslandyryş dabarasy" kartinasynyñ 1967-nji ýylda Dun Siwen tarapyndan üýtgedilen görnüşi / Surat: Wikipedia Nobel baýragyna mynasyp bolan ýazyjy Llosa geçen hepdäniñ çarşenbe güni hytaýşynas iñlis professorynyñ ýazan 700 sahypalyk täze kitaby hakynda "Maoizm" atly synyny çap etdirdi. Llosa makalasynda meselä birnäçe tarapdan çemeleşýär, emma hasam beteri maoizmiñ öz ýurdy Peruda oýnaýan roluna üns berýär. Llosa bu gymmatly ylmy işe uly baha berýändigini-de aýdýar. Awtor bilen birlikde aşa sosialistik düşünje bilen öz bähbitlerini we şowly ruhy öñbaşçylygyny öñe sürýän ýowuz kapitalizmiñ arasynda ähli dünýäni gysyp-gowurýan syýasy we ideologiki göreşe Mao Szedunyñ adynyñ ýöreýän tapgyry ýatlaýar. Uly ýazyjynyñ Mao Szedunyñ häsiýeti we oýnan roly hakdaky şaýatlygynyñ onuñ şaýat bolmagyndan başga täze we ýörite tarapy ýok. Makalasynyñ galan ýerinde Szedunyñ kösenýän adamzat üçin umumy peýda gözleýänleriñ ýollaryny doldurýan bolgusyz pikirleribwe şowsuz teoriýalary boýunça dünýäniñ ýeten netijeleri bilen utgaşýar. Ahyrynda Hytaýam "Gyzyl kitaby" we sözlän sözleri bilen birlikde Szedunyñ yzda goýan hemme zady terk edip, taryhyñ iñ uly ykdysady güýçleriniñ birine öwrüldi. Llosa hytaý lideriniñ ölüminden soñ Pekiniñ "Gyzyl kitabyñ" on millionlarça nusgasy bilen näme ediljekdiginiñ üstýnde iş geçirmäge başlandygyny we ýeke-täk çykalga tapandygyny aýdýar: olary ýakmak. Birnäçe bolgusyzlyk ýaly Szedunyñ dünýäsinden yzda diñe ýatlamalar, puşmanlyklar, öz-özünden özgeren käbir gowulyklar galdy. Yzynda millionlarça gurban we milliardlarça maddy ýitgi goýup giden ýeke-täk lider diñe ol däldi. Eger ol ýene birnäçe ýyl ýaşan bolsa, Hytaýyñ kapitalistik üstünligiñ modeline öwrülişine ýanyp-örtenip geçerdi. Ol işçileriñ däl-de, daýhanlaryñ hökümetini gurmagyñ pikirini edýärdi. Emma ol millionlarça adamyñ ölümine sebäp boldy. Bolgusyz çekişme Mao Szedun bilen sowet lideri Nikita Hruşýowyñ kommunistik jennet babatyndaky çekişmesini ahyrynda kimiñ üstün çykjakdygy meselesinde oñuşmazlygy bilen ýetjek derejesine ýetipdi. Elbetde, iki tarapam munda şowsuzlyga uçrady. Llosanyñ pikiriçe, azatlykdan we şahsy inisiatiwalardan binesip hiç bir ideologiýa üstün çykyp bilmez. Maoçy tejribeden has şowsuzy Szeduny goldan we ony teoriýalardyr synaglar bilen has köp humar oýnamaga gylawlandyran hyýalbent çepçilerdir. Bularyñ iñ meşhury çuññur akyl-paýhasy we tejribesi bilen pikir akymlarynyñ başyny çekmegiñ ýerine ekstremistleriñ, akmaklaryñ, ganhorlaryñ arkasyndan el çarpan fransuz filosofy Žan-Pol Sartrdy. Llosanyñ aýtman galan zady-da munuñ hem-ä çepçi, hemem sagçy nukdaýnazardan boşlugyñ iñ erbet tapgyry bolandygydy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 24.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |