23:44 Bu ýerlere tiñkesini dikýärler! | |
BU ÝERLERE TIÑKESINI DIKÝÄRLER!
Publisistika
“Bir millet - iki döwlet” Türkiýe bilen Azerbaýjanyñ arasyndaky dost-doganlyk gatnaşygy alamatlandyrýan belent jümledir bu... Gardaşlygyñ, söýginiñ beýanydyr. Azerbaýjana edilen hüjümi hut bize edilen hüjüm ýaly kabul edip, gardaşlarymyzyñ dadyna ýetmelidiris. Şeýle-de edýäris! * * * Ermenistan Azerbaýjanyñ çäkleriniñ 20%-ni eýýäm ýigrimi sekiz ýyl bäri okkupirläp gelýär. 1992-nji ýylda ermeniler rus goşunynyñ kömegi goldawy bilen gyrgynçylyk edip, azerbaýjan topraklaryny basyp alypdy... Şindi gaýtadan hüjum etdiler! Arkasynda oña meçew berýän güýçler bolmasa Ermenistan bu telbeligi etmäge het edip bilermikä? Üç million ilaty bolan ýurt 10 million ilatly ýurda hüjüm edip bilermi? Üstesine Ermenistan gedaý derejesinde garyp düşen ýurt, Azerbaýjan bolsa nebit tütjary... Hüjümi bir sözde şeýle düşündirip bolar - ermenileriñ arkasynda Russiýa we Fransiýa bar. Hasap näme? Türkiýäni "Gresiýa-Ysraýyl-Ermenistan" üçburçlugynda gysaja salmak! Muña "Şeýtan üçburçlugy" diýilýär. Ermenistan bu garakçylygy 1992-nji ýylda-da edipdi we azerbaýjan topraklarynyñ ýigrimi göterimini basyp alypdy... Daglyk Garabag we onuñ töweregi eýýäm ýigrimi sekiz ýyl bäri ermeni okkupasiýasynyñ astynda. Ýöne bu gezek ermenileriñ mañlaýy kert gaýalyga baryp uruldy. Çünki Azerbaýjan birwagtky Azerbaýjan däldi. Ykjam taýýarlyklydy. Ol islendik wagt bolup biläýjek şular ýaly hyýanatçylykly hüjüme eli mäşesinde garaşyp durdy. Dessine mobilizasiýa yglan edildi we garşylyklaýyn hüjüme geçildi. Ilkinji iki gün ermeni goşuny 24 tank, 15 zenitnyý güýç, 18 hüjüm ediji uçarmansyz istrebitel ((İHA - HEUI)) ýitirdi. 550-den gowrak ermeni esgeri ýok edildi, geçen ýyllarda elden giderilen ýedi oba azat edildi. Ermeni goşunynyñ tanymal ofiserlerinden howa hüjümleriniñ serkerdesi podpolkownik Babaýan çaknyşyklarda wepat boldy. Ermeniler daşardan pul töläp getirýän hakynatutma PKK-li terrorçylary-da Azerbaýjanyñ üstüne goýberýär, emma näme etse-de peýdasyz... Birnäçe ýyl bäri türk ofiserleri tarapyndan taýýarlanan azerbaýjan goşuny diýseñ gowy söweşýär we watan topraklaryny pidakärlik bilen goramagyñ hötdesinden gelýär. Eger BMG-ny ara sokup, "möhletinden öñ çaknyşygy bes etmeseler" azerbaýjan goşuny okkupirlenen ýerleriniñ agramly bölegini azat etjege meñzeýär. Şertlerimiz nähili bolsa şoñ ýaly bolsun, doganlyk Azerbaýjanyñ arkasynda durmak gerek. Goranmak ministrimiz Hulusi Akar "Gaýgy-gamda we şatlykly günde hemişe birdiris we bilediris. Azerbaýjany hiç haçan ýeke goýmarys" diýýär. * * * Türk esgeri häzir birnäçe frontda söweşýär. Imperialist döwletler Türkiýä Azerbaýjanda front açmaga mejbur edýär. Şeýmek bilen olar Türkiýäni hasam kyn ýagdaýda goýmak isleýärler. Biz bularyñ hemmesiniñ hötdesinden gelip bileris. Emma.. içerde biri-birimiz bilen gemrişmekden el çekmeli, ykdysadyýetimizi aýaga galdyrmaly, ildeşlerimizi toparlara bölmekden el çekmeli. AKP häkimiýeti "sen-men", "biziñkiler-bizden däller ýaly agzalalyk salyjy syýasatyndan el çekip, ýurtda agzybirligi we jebisligi üpjün etmese, bizi bu ýurtda arkaýyn ýaşamaga goýmazlar! 1920-nji ýylda Sewr şertnamasyny baglaşyp, ýurdimyzy param-parça edipdiler. Ýurdy atamyz Mustapa Kemal halas etdi. Bu gezegem täze Mustapa Kemal tapyp bilerismikäk, onu bilemok! Düşünýän bolsa, gulagyny bärik ýapyrsyn! Gazna we maliýe ministrimiz Berat (Albaýrak) beýependi dûýn täsin söz sözledi: "Walýuta kursunyñ meniñ üçin hiç hili ähmiýeti ýok, oña ünsem beremok!" Waý, günüñe ýanaýyn! Bir ýaşan ýaly bolaýdym! Ýurtda iýip-içýän zatlarymyzdan başlap, köprüden geçjek bolsagam, barsy dollara bagly... O nähili ähmiýeti ýokmuşka? Kimem bolsa biri çykyp, muny bize düşündirse... Walýuta kurslary dûýn ýetjek derejesine ýetdi! Dollar 7.85 lira ýetdi... Euro 9.16 lira deñleşdi... Sterling 10 liradan aşdy, 10.10 lira boldy... Ýurtda içýän suwumyza töleýän pulumyza çenli walýuta indekslikä Maliýe ministri üçin o nähili ähmiýeti ýokka? Düşünýän bar bolsa, gelsin bäri! ■ GÜNÜÑ SÖZI Bu dünýäde diñe ýaşamagam duşman gazanmage ýeterlikdir![/b] Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 30.09.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |