16:46 Çagalygymyñ kinosy | |
ÇAGALYGYMYŇ KINOSY
Goşgular
Telewizor. «Keçpelek». Goňşy-golamlar… Gysmyljyrap otyryn men ejeme. Märeke. Gelinaljy. Gum alaňlary. Obadan daşlaşyp barýar kejebe. «Ma-ral! Gitme, Ma-ral!» Gaçyp ysgyny, Beglijik garap dur, bialaç, näler. …Wah, jigim jan, yzyndan bu kysmatyň, Ylgaý-ylgaý ýetip bolýarmy näme? Maral bu gün öýe, Hem toýa sygman, Häzir ýüzün tutup, aglaýar bärde. Berdimyrat bolsa, toýa ýygnanan, Adamlara aýdym aýdyp berýärdi. «Ol aýdym aýydýar, Bihabar belki?!» Tanyş ses Marala berdi mydary. «Ölsem-ä — ýeriňki, ölmesem — seňki, Gel-de äkit meni, Berdimyradym!» Häzir bir bildirmän, Girip işikden, Bagşy ýigde duýdursadym baryny! …Haý, häzir bir nejis Atow çişikden, Alsaň ähli gözýaşlaryň aryny. Wah, Maralyň, Haraý gözläp, delmuryp, Delmuryp bakyşy ýadymdan çykmaz. Gül ýüzüne bimähremiň demi urup, Janyny ýakyşy ýadymdan çykmaz. Dumly-duş galmagal, Adamlaň gohy, Göreçler ýanýardy namysdan-ardan. Göwnüme bolmasa, çagaja ruhum, Şolaň ýany bilen ylgap barýardy. Uzak eken, Gutarmady bu çakda, Kinoň «Soňy» diýlip, ýazylsa haty, Ýogsam, men-ä bir naçary ynjydan Gaba telpekliden gorkýaryn gaty. Gözlerimden Damja yzyna, damja — Ýaňagymdan syrygyplar gaýdýar. Onýança, bir aýal ertirki boljak, Gepleşikleň tertibini aýdýar. «Häzir çyra ýanar, Iller bir gitse...» Aglanymy görkezesim gelmeýär. Turýan ýok. Dymyşlyk. Otyrlar sessiz, Çyrany hem hiç kim ýakjak bolmaýar… Annamuhammet KIRŞENOW. | |
|
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Ýalana oda / Goşgular - 19.10.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||