09:21 Çingiz han -27: romanyň dowamy | |
Onunjy bap
Taryhy proza
ILÇINI BOGMAZLAR, ARAÇYNY ÖLDÜRMEZLER Aý ulalyp, soňra ýaňadan orak şekilinde peýda bolmaga ýetişmänkä, tatar hökümdarynyň tarapyndan Buhara täze ilçi Ibn Kefrej Bugra geldi, onuň atasy birmahal Horezm şanyň atasy Tekeşiň emiri bolup hyzmat edipdir. Ibn Kefrej Bugranyň ýany bilen iki sany tanymal mongol geldi. Ilçileri kabul etmezden öňürti, Horezm şa Muhammet öz gypjak serkerdeleri bilen uzak wagtlap maslahatlaşdy. Olaryň maslahaty boýunça, ol Çingiz hanyň niýetini bilmek üçin, mongol ilçilerini kabul etmegi, emma ulumsylyk we gyňyrlyk bilen kabul etmegi ýüregine düwdi. Baş ilçi başyny dik tutup gelip girdi. Ol indi hemişeki ýaly dyz epmedi hem-de wekiliň kadalary boýunça, ol öz ýaragyny daş işikde goýan hem bolsa, göýä söweşmäge taýyn bolup duran ýaly, dim-dik durup gepledi. Ol şeýle diýdi: – Günbatar ýurtlaryň hökümdary! Biz Çingiz han patyşalygyndan Otrara gelen täjirlerimize seniň özüň gol çekip, möhür basyp, hat berendigiňi saňa ýatlatmaga geldik. Şol hatyňda sen biziň täjirlerimize erkin söwda etmäge ygtyýar berdiň we olara dostluk bilen garamagy hemmä höküm etdiň. Emma sen olary mekirlik bilen aldadyň, olaryň hemmesi öldürilipdir, olaryň emlägi talanypdyr. Eger-de haýynlygyň özi aslynda ýek görülýän iş bolsa, ol iş yslamyň baştutanyndan çykan wagtda, ol ylaýta-da ýigrenji işdir. – Peläket! – diýip, Horezm şa gygyrdy.– Meniň bilen beýle gepleşmäge neneň diliň barýar? Meniň hyzmatçymyň eden işinde meni aýplamaga neneň milt edip bildiň? – Beýik şa! Onda Otrar şäheriniň häkimi seniň buýrugyňa garşy iş edipdir-dä? Haýyr! Beýle bolsa, ol jenaýatkär hyzmatçy Ynaljyk Kaýyr hany biziň elimize ber, biziň beýik kaganymyz oňa degişli jeza bermegi başarar. Eger oňa-da razy bolmasaň, onda urşa taýyn bol, iň goçak ýigitler söweşde gurban bolarlar, mäkäm tutulýan tatar naýzalary göni döşden degýändir! Horezm şa bu gazaply sözleri eşidip, böwrüni diňledi.– Uruş bolmalymy ýa bolmasyz? – diýen sowalyň häzir çözülýändigine düşünip, bu ýerdäkileriň hemmesi seda çykarman oturdy. Emma käbir galjaň gypjak hanlary gygyryşyp ugradylar: – Bu päli azanyň hamyny boýnuna ýygyrmak gerek! Biziň üstümize herrelerçe kim bolupdyr? Beýik patyşa, Ynaljyk Kaýyr han seniň ýegeniň ahyryn! Sen ony nädip kapyrlaryň eline berip bilersiň? Rugsat et, biz munuň başyny kakaly, ýogsa-da özümiz munuň janyny alýarys!.. Horezm şa edil öli ýaly, ýüzüni ak tam edip otyrdy. Ol ýuwaşlyk bilen: – Ýok! Wepaly hyzmatçym Ynaljyk Kaýyr hany men bermerin! – diýende, dodaklary titreýärdi. Şol wagt gypjak hanlaryňdan biri mongol ilçi« siniň ýanyna gelip, onuň sakgalyndan tutdy-da gamasynyň bir badyna onuň sakgalyny jonta kesdi ze eliniň tersi bilen onuň ýüzüne zyňyp goýberdi. Ilçi Ibn Kefrej Bugra güýçli hem ýürekli adamdy. Emma ol dalaşmady, ýöne diňe: – Mukaddes kitapda: ilçini bogmazlar, araçyny öldürmezler diýlendir! – diýip gygyrdy. Hanlar ýerli-ýerden gygyryşdylar: – Sen ilçi däl, sen tatar kaganynyň ädiginiň çaňy ekeniň! Sen musulman bolsaň-da, näme üçin biziň duşmanlarymyza gulluk edýärsiň? Sen haýyn, tatarlaryň pohy! Sen watana dönüklik edýäň! Şol ýeriň özünde gypjak hanlary ilçiniň üstüne topulyp, ony hanjarlary bilen şakgaladylar, onuň beýleki iki mongol hemrasyny bolsa, suwa salma egdiler. Olary lenç edip, Horezm şanyň patyşalygynyň serhedine eltdiler, şol ýerde olaryň sakgalyna ot berdiler, soňra atlaryny ellerinden alyp kowup goýberdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |