17:38 Çingiz han -30: romanyň dowamy | |
BÄŞINJI BÖLÜM
Taryhy proza
GÖRÜLMEDIK HALKYŇ ÇOZUŞY Birinji bap KIM GORANMASA – OL ÖLÝÄR Mongollar çozandan soň dünýä edil hebeşiň saçy ýaly bulaşdy. Adamlar möjege döndi. (Saady. XIII asyr.) Çingiz handan bäş sözden ybarat gazaply hat alandan soň, Horezm şa Muhammet öz täze paýtagty bolan Samarkandyň ölçegleriniň ägirt uludygyna garamazdan, onuň töweregine dessine bir berk gala aýlamagy buýurdy: diwaryň uzynlygy 12 farsah1 bolmalydy. Şol ýylyň salgytlarynyň-da zordan ýygnalandygyna garamazdan, salgytlary üç ýyl öňünden ýygnamak üçin, patyşa salgyt ýygnaýjylary döwletiň hemme ýerlerine iberdi. Şa mundan hem başga, kemançylar toparlaryny düzmegi höküm etdi. Kemançylar ýygnanmaly ýerlerine özleriniň aty-ýaragy we birnäçe günlük azygy bilen gelmelidiler. Şa, ahyrda, Seýhun derýasynyň (Syrderýanyň) sag kenarynda gara hytaýlar bilen aralykdaky gündogar araçäge çenli ýerleşen obalaryň hemmesini dessine ýakmagy höküm etdi, çünki gara hytaýlaryň ýurdunda mongollar peýda bolupdyrlar. Mongollar ýakylan ýerlerden geçenlerinde ne mesgen, ne-de azyk tapar ýaly, şa ol ýakylan ýerleriň ilatyny özge ýere göçürmegi buýurdy. Emma ýakylan ýerleriň gaharlanan ilaty gara hytaýlara gaçyp, erkekler şol ýerde mongollaryň otrýadlaryna girdiler. Horezmiň hemme künjeklerinden goşun gelýärkä şa Samarkantdady. Özüniň ýaranjaň ýakyn adamlary bilen bilelikde metjitlere gatnap, ol ýerde şyh-ul-yslamyň dilewarlyk wagyz-nesihatlaryny diňleýärdi. Ol metjidiň öňündäki meýdanda rejeli hatar-hatar bolup duran köp sanly musulmanlaryň gözüniň öňünde yhlas bilen namaz okaýardy. Şolar bilen bilelikde ol çöküne düşýärdi we ymamyň aýdýanlaryny onuň yzy bilen batly gaýtalaýardy. Ýylan ýylynyň (1220) başynda Muhammet iň uly serkerdelerinden, tanymal beglerden, iň ýokary emeldarlardan we çal sakgal ymamlardan ybarat adatdan daşary maslahat çagyrdy. Topalaň turzan Samarkandy derbi-dagyn edeni we Gypjak sährasyna ýöriş edeni bäri oňa at berişleri ýaly «täze Isgender», «Muhammet – nöker» şähti açyklyk we umyt döredýän parasatly hem batyrgaý kararlara geler diýip, hemmeler tama edýärdiler. Hemmeler patyşa garaşyp, halylaryň üstünde ysnyşykly tegelenişip oturan ýerinden, onuň harby tejribesi hakynda, onuň, elbetde, ýurdy tiz wagtyň içinde beladan üstünlikli gutarmagy başarjakdygy hakynda gürrüň edýärdiler. Temur Mälik şeýle gürrüň berýärdi: – Patyşa şu gün Samarkandyň berkitmelerine aýlandy we işleri gözden geçirdi. Hemme ýerlerden sürlüp getirilen müňlerçe adamlarymyzyň we gullaryň garym gazyşlaryna ol uzak wagtlap syn etdi. Ýer doňakdy, şoňa görä ony pil bilen gazmak örän çetindi. Şanyň gahary geldi: «Beýle haýal işleseňiz, onda wagşy tatarlar at salyp gelerler-de özleriniň diňe gamçylaryny şäher garymlaryna taşlap, garymlary doldurarlar» diýdi. Işläp duranlar ony eşidende. olaryň ýüreklerinde wehim peýda boldy. Olar «Be, Çingiz hanyň nökeri şeýle känmikä?» diýdiler. Mejlis jaýyna, syr bildirmez görnüş bilen we sesini çykarman, Horezm şa gelip girdi. Ol altyn tagtyň üstünde aýbogdaşyny gurup oturdy. Baş ymam bir gysgajyk doga okap: «Hoşbagt, gülleýän Horezm ýerlerini Allanyň özi patyşanyň haýyr-yhsany we şöhraty üçin aman-esen saklar, inşa-Alla, Allawhiekber!» – diýip sözüni tamamlady. Hemmeler ellerini eňegine ýetirip, barmaklarynyň ujy bilen sakgallaryny sypalap goýberdiler. Şa şeýle diýdi: – Men siziň her biriňizden kömege garaşýaryn. Siziň her biriňiz özüňiziň iň gowy diýip hasaplaýan çäräňizi gezekme-gezegine aýdyň. Köp ylymlardan başy çykýan beýik ymam, «diniň arkadaýanjy we patyşalygyň galasy» diýlip at dakylan goja Şyhabeddin Hywaky birinji gepledi. – Men bu ýerde özümiň hemişe metjit memmeriniň üstünde aýdýan sözlerimi gaýtalaýyn. Pygamberiň – onuň ady şan-şöhratly bolar inşa-Alla! – pygamberiň hadysy1: «Her kim öz durmuşyny we emlägini gorap ölse, şehit bolar» diýýär. Häzir hemmeler asudalyk işlerine gümralykdan aýrylyp, baş egmek ýoluna düşmelidirler we ynjalyksyzlyk leşgerini mertlik hem yhlaslylyk bilen derbi-dagyn etmelidirler. Oturanlar batly ses bilen: – Biziň hemmämiz söweş meýdanynda öz başymyzy goýmaga häzirdiris! – diýdiler. – A sen näme maslahat berýärsiň ahyryn? – diýip, şa sorady. Goja ymam şeýle diýdi: – Sen beýik serkerde, sen täze Isgender! Sen öz san ýetmez goşunlaryň hemmesini Seýhun derýasynyň kenarlaryna eltip, şol ýerde ataşparaz mongollary gaýduwsyz söweş bilen garşylamalysyň. Olar Aziýanyň çöllerinde kynçylykly ýol ýöräp ýadandyrlar, olar dynçlaryny almankalar, sen ýadamadyk güýçleriň bilen olaryň üstüne çozmalysyň. Muhammet ýüzüni aşak saldy, sesini çykarmady we ikinjä söz berdi. Gypjak hanlaryňdan biri şeýle diýdi: – Mongollary öz patyşalygymyzyň içerki çäklerine goýbermek gerek. Biz özümiziň bu ýerlere beletdigimize görä, bu ýerlerde olary aňsatlyk bilen gyrarys. Beýleki gypjak hanlary Samarkandyň we Buharanyň belent galalarynyň berkligine bil baglaň, olary öz ygtyýaryna goýmagy, mongollary şondan aňry, Eýrana goýbermezlik üçin, diňe köp suwly Jeýhunyň (Amyderýanyň) geçelgesini goramagyň gamyny iýmegi maslahat berdiler. Hanlaryň biri şeýle diýdi: – Ol zoňtar çarwalara men örän beletdirin. Olar ýurduň içine aralaşyp, talaň ederler, emma bu ýerde uzak saklanmazlar. Olar yssyny halamaýarlar. Olaryň özleri-de, atlary-da sowuk gyşa öwrenipdirler. Bizde mongollaryň eýemsireýän wagtynda, özümiziň söýgüli patyşamyzy aman saklamaga jan edeliň – ylahym onuň patyşalyk sürmegi ýüz ýigrimi ýyla çeksin! – Biz Hindiguş daglaryndan aňry çekileris we şondan aňry Hazna tarap gideris. Şol ýerde biz täze ullakan goşun ýygnarys. Eger gerek bolsa, biz Hindistana-da gidip bileris. Onýança mongollar oljadan doýarlar we özleriniň sähralaryna gaýdyp giderler. Temur Mälik: – Muňa namardyň sözi diýerler! – diýdi. – A sen näme teklip edýärsiň? – diýip, Muhammet öz ogly Jelaleddinden sorady. – Men seniň nökeriň we seniň buýrugyňa garaşýaryn. – A sen, Tegour Heniz? – Hüjüm edýän ýeňýär. Kim diňe goransa, ol özüni ölüm şemalyna sezewar edýär–diýip, Temur Mälik jogap berdi.– Şol sebäpli, güýçsüz adam batyrlyk bilen sürnüp, güýçli, gazaba münen ýolbarsy-da ýeňýär. Gurugyny ýamzyna gysýan adam, duşman bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga gorkýan adam bolsa dagdan aňry gidýär. Näme üçin sen menden soraşýarsyň? Men senden köpden bäri haýyş edýärin: tatarlaryň öňdäki aňtawjy goşun bölekleriniň eýýäm sümsünişip ýören ýerlerine meni goýber. Men özümiň okumyň dogry degýänini-degmeýänini, ýalkymly şemşirimiň agralanlygyny-agralmanlygyny şolar bilen çaknyşyklarda synap göreýin! Muhammet: – Bar şeýle bolsun! – diýdi. – Daglaryň geçitleri tiz wagtdan gardan açylar, şonda mongollar daglardan Fergana jülgelerine düşüp ugrarlar. Şol ýerde sen öz şemşiriňi mongollaryň başlarynda synap görersiň. Seni Hojant şäheriniň goşunlarynyň baştutany edip belleýärin. Hemmeler ýüzlerini aşak salyp, barmaklarynyň uçlaryny tapyşdyrýarlar. Söweşde gaýduwsyz bolşy ýaly, sözde-de saklanyksyz, gönümel Temur Mälige patyşanyň gahar edýändigi äşgärdi. Horezm şanyň dilewarlygyny Temur Mälik hiç wagtda ýaranjaňlyk bilen götergilemeýärdi. Hojantda bir kiçeňräk goşun durýardy we bir kiçijik galanyň baştutany bolmak meşhur serdar Temur Mälik üçin hormat däldi. Emma Temur Mäligiň sözlerinde nägilelik teýenesi bardy, şoňa görä Muhammet öňki sözleriniň üstüne goşup şeýle diýdi: – Temur Mälik diňe hüjüm edýän ýeňýär diýýärmi? Emma uruşda köre-kör batyrlyk däl-de, pähimlilik gerekdir. Men bir şäheriň-de göwnüne degmerin, bir şäheri-de gorawsyz goýmaryn. Menem possuna çolanan mongollar ýa-da tatarlar biziň yssymyza çydamazlar, bu ýerde uzak wagtlap durmazlar diýip pikir edýärin. Asuda ilat üçin iň gowy goraw – biziň galalarymyzyň sarsmaz diwarlarydyr hem-de... – Hem-de seniň güýçli goluňdyr! Seniň parasatlylygyňdyr! – diýip, ýaranjaň hanlar gygyryşdylar. Muhammet: – Elbetde, meniň ýolbaşçylyk edýän goşunym tatarlaryň ýolunda gazaply, sarsmaz gaýa bolar – diýdi. – Batyr Ynaljyk Kaýyr han gabalan Otrarda indi bäş aýdan bäri saklanmak bilen mongollaryň dyzgynyny bökdemeýärmi ahyryn? Mongollaryň hüjümlerini ol gaýratlylyk bilen yzyna gaýtarýar, sebäbi men ol ýere gahryman gypjaklaryň ýigrimi müňüni aýny wagtynda iberdim... – Berekella, Kaýyr han! – diýip, hanlar gygyryşdylar. – Meniň yslam goşunyma garanyňda, tatar goşunynyň garaňky gijedäki tüssejikden enaýy däldigini wepaly, belet adamlar maňa aýtdylar. Ondan gorkmak nämä gerek? Men Samarkantda meýletinlerden we aýylganç görnüşli, güýçli, söweşjeň ýigrimi pilden başga-da, ýüz on müň nöker goýaryn. Buharada elli müň batyr bar. Beýleki şäherlere-de ýigrimi müňden, otuz müňden nöker iberdim. Eger Çingiz hanyň tatarlary galalaryň her biriniň ýanynda bütin bir ýyl dursalar, olardan näme galar? Oňa täze goşun gelmez, şoňa görä, onuň güýçleri tomusda garyň ereýşi ýaly eräp gider... Hemmeler: – Inşalla! Inşalla! – diýip gygyryşdylar. – Men bolsam, onýança Eýranda musulmanlardan täze goşunlar düzerin – diýip, şa sözüni dowam etdirdi.– Tatarlaryň galyndysyny men täze güýçler bilen şeýle bir derbi-dagyn ederin welin, olaryň agtyk-çowluklary irde-giçde yslam topragyna ýakynlaşmakdan heder eder. Hanlar: – Inşalla! Inşalla! Ýeňilmez serkerdämiz hak aýdýar, parasatly sözler! – diýip gygyryşdylar. Diwan-arzyň baştutany gelip, işanyň ýanyna bardy-da oňa bir hat berdi. Ol hatjagazda şa tarapyndan iberlip, Otrara barýan ýigrimi müň gypjagyň dönüklik edendigi we mongollaryň tarapyna geçendigi hakynda bir gedaý derwüşiň mongollaryň arasyndan zordan geçip getiren gysgaja habary bardy. Getirilen habaryň gowudygyny-erbetdigini şanyň ýüzünden aňjak bolup, hemmeler Muhammediň ýüzüne howsala bilen seredýärdiler. Şa gaşlaryny çytyp: – Wagty geldi, haýal etmek bolmaz! – diýdi. Soňra ol ýerinden turdy-da ymamyň dogasyny diňläp, köşgüň içerki ümsüm jaýlaryna gitdi. __________ 1 84 kilometr çemesi. 2 Hadys – Muhammet pygamberiň durmuşy we sözleri hakyndaky Kurana girmedik rowaýatlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |