16:40 Netanýahunyñ üstünlikleri we mugjyzalary | |
NETANÝAHUNYÑ ÜSTÜNLIKLERI we MUGJYZALARY
Publisistika
![]() Ysraýyl döredilen gününden bäri "halkara jemgyýetçilige" bizden has köp üns berip geldi. Ysraýyl üçin "jemgyýetçilik" - Günbatar. Günbataryñ gazetleri, torlary we ýyldyzlary. Bu serişdeler Ysraýyly üznüksiz, ikirjiñlenmesiz, gözden geçirmesiz goldap geldi. Çünki Günbatar Ysraýyly özüniñ, aýratynam medeniýetiniñ bir parçasy hasaplaýar. Her ýyl geçirilýän "Eurovision" aýdym-saz bäsleşigine Ysraýyl Gündogarda, çölüñ bir gyrasynda ýerleşendigine garamazdan, yklymyñ bir agzasy hökmünde gatnaşýar. 1948-nji ýyldan öñem, soñam Ysraýyl we sionistik topar edebi-çeper we sungat döredijilik çärelerini ünsden salmady. Bu ugurda araplaryñ roly ýa-ha ýokdy, ýa-da zyýanlydy. Kinomayografiýada we çeper edebiýatda parahatsöýüjilikli jöhidi kowalaýan eli hanjarly duşman arabyñ obrazy agdykly etse, jöhidiñ obrazy ýa aýdymçy ýa-da ýokary okuw jaýynyñ professory bolup çykyş edýärdi. Bu arenadaky basdaşlyk diýseñ adalatsyzdy. Ýyllaryñ geçmegi bilen ýagdaý az-kem üýtedi. Amerikanlar we ýewropalylar arap nukdaýnazaryny diñlemäge ilgezik boldular. Emma bu üýtgeşme duýdansyzlykda "11-nji sentýabr" we Muhammet Atta ýaly sarsgyn bilen ýüzbe-ýüz bolmaly boldy. Bulam öñki düşünjeleri çepbesine çöwürdi we hemme zady yzyna dolady. Netanýahu her gezeginde düşünjede janlandyrylýan obrazy agdar-düñder etdi. Ýewropalylar we amerikanlar Gazadaky çagalaryñ gözgyny ýagdaýyna nebsi agyryp köçelere döküldi. ![]() Halkara Jeza beriş sudy (HJBS) Netanýahuny we onuñ Goranmak ministrini adamzada garşy eden jenaýatlary üçun tussag etmek hakynda karar çykaranda ysraýyllylar däliräýjek boldular. Munuñ yzysüre üç uly ýewropa ýurdy ABŞ-nyñ "birtaraply" ykrar etmeginiñ talabalaýyk däldigi, çünki dünýä ýurtlarynyñ 90%-niñ onlarça ýyllap Palestina döwletini yzly-yzyna ykrar etme babatdaly nägileligi garşysynda ýeke pursat hem durmazdan palestin döwletini ykrar edýändiklerini mälim etdi. Dünýäniñ Gaza sektorynda gören we görýän şonça zadyndan soñam Fransiýa ýa-da Ispaniýa ýaly uly günbatarly ýurtlar indi ABŞ-nyñ "bitaraplygyna" gapdaldan tomaşa edip bilmezler. Ýer ýüzüniñ ýaşaýjylary sekiz aý bäri 3 müñ km³ meýdanda birmeñzeş gaýtalanyp duran epizodlara şaýatlyk edýär: Hary-zelil halda ýaşaýan, gije-gündiz howadan, guryýerden we deñizden bombalanyp duran bir topbak adam. Bir üýtgeşiklig-ä bolmaly. Weýrançylyklara we ganly partlamalara azajygam bolsa arakesme bermeýän şaýatlardan hasap sorap biljek ygtyýarly bolmaly. Netanýahu-da, Baýden hem bular ýaly halkara aýaga galnyşyga garaşmandy. Hemmeler dünýäniñ Ysraýylyñ premýer-ministriniñ halkara sud tarapyndan jogapkärçilige çekilmegini talap edip bilmejek derejede gorkakdygyna ynanýardy. Hiç kim Irlandiýanyñ ABŞ bilen arasynda şeýlekin dereje germaw çekjegine ynanmaýardy. Emma Netanýagunyñ edip biljek zatlarynyñ çen-çaky ýok. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 24.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |