23:12 "Däli adam" teoriýasy | |
"DÄLI ADAM" TEORIÝASY
Publisistika
Hemmämiziñ jany awap dur, hemmämiz biri-birimizden ellibizar halda. Şeýle-de bolsa, köplere aşakda ýazjaklarym ýokuş degip biler. Ýöne şonda-da ýazman biljek däl. Ilki biriniñ gürrüñini etjek: Şimon Peres (1923-2016)… Ysraýyl dört döwür ministr, üç döwür premýer-ministr we prezident boldy. Uruşlar bilen birlikde Ysraýylyñ hemişe adatdan daşary wakalarynyñ iñ esasy adamlarynyñ biridi. Ysraýylyñ ilkinji premýer-ministri we Ysraýyl döwletiniñ düýbüni tutujy sosialist Dawid Ben-Gurionyñ “täliminden” geçdi. Işçi partiýasynyñ başlygy boldy… Ýene biri - şindizem premýer-ministr Binýamin Netanýahu-da kapitalizmi öñe sürýän Menahem Beginiñ "täliminden" geçdi. "Likud" partiýasynyñ başlygy boldy. Işçi partiýasyndan Peres bilen Likud partiýasyndan Netanýahu saýlawlarda elmydama biri-birine garşy gitdiler. Geçen agşam bir tanşym Netflix-de ýaýlyma berilen "Arzuwlaryñdan el çekme: Şimon Peresiñ durmuş ýoly" atly dokumental filmden birnäçe epizod ugratdy. Dokumental filmde Peresiñ biografiýasyny ýazan Mihael Bar-Zoharyñ gürrüñ berýän bir detaly ünsümi çekdi: Ysraýyl adatdan daşary günleri başdan geçirende Netanyahu awtoulagy bilen Peresi öýünden alyp gaýdýardy we öz bolýan ýetiren getirip, onuñ pikirini soraýardy! Syýasy arenada biri-birine garşy gidýän iki syýasy lideriñ özlerine alyp barşyna seretseñizläñ? Gürrüñiñ ugruny nämä syrykdyrjak bolýanymy eýýäm çak edensiñiz: * * * Müñlerçe bina ýykyldy... Müñlerçe adam pidasy boldy... Ýöne türk taryhynyñ iñ uly ýer yranmasy-da biziñ syýasy liderlerimiziñ bir ýere jemläp bilmedi. Gaýtam tersine, heläkçiligiñ birinji tapgyryndan geçilen badyna biri-birlerine gep sokmaga başladylar! Hiç kim göwnüne almasyn (Atatürküñ şahsy kitaphanasynda-da kitaplary bolan) sosialist filosof Ernst Blohyñ sözüni ýatlatmaly bolýaryn: "Akyla-huşa sygmaýan her zada akmaklyk diýip bilmeris". Aýratynam soñky ýyllarda öñe çykan syýasy partiýa liderleriniñ özlerini alyp barşyndan ynjalyksyzlanañzokmy? Hiç bir argumente-subutnama sabyr-takat bildiresi gelmeýän... Dürli düşündirişe, dialoga ýapyk... Empatiýa gurup bilmeýän... Her garşydaş-oppozision pikiri aradan aýyrmak isleýän... Tolerantlygyñ çygryndan çykan... Hiçbir argümana / belgeye tahammül göstermeyen… Özünden başgany garalaýan, aýyplaýan, masgaralamaga synanyşýan... Her daşyñ aşagyndan howp gözleýän... Aragatnaşyga ýapyk, düzelmekden geçen... Syýasy dine öwrülen fanatizm bar ýurdumyzda! Türkiýäniñ howply tarapy erbetlige taýdy... Şeýle elhenç ýagdaýy "syýasat ýöretmek" diýip düşündirip bolmaz. Munuñ patologiki näsaglyk ýagdaýyna gelendigini hiç kimse görenokmy? Syýasatyñ, gahar-gazap partlamalarynyñ sebäbi "manik-depressiw" hala öwrüldi! Hiç kimse syýasatyñ sa:p çaknyşyga-dartgynlylyga düşürilendiginiñ parhynda dälmi? * * * Syýasatda ylalaşygy ýok edýän howply fanatizm diñe duşman döredýär. Muny ulanýan liderlerem ýok däl. Mysal üçin: ABŞ-nyñ prezidenti Ricard Niksonyñ döwründe "däli adam teoriýasy" bardy. Ol şeýle diýýärdi: - Ýurtlar biziñ adatdan daşary ýumrujy güýçdügimizi bilýär we muny şeýtjek derejede bizi sagy-soly näbelli biri saýanlar öñümizde dyzyna çökerler! Nädip? Bu teoriýa biziñ liderlerimiziñ özlerini alyp baryşlaryna meñzeýär gerek? Hemmesi gury gep-söz bilen, boş hereketler bilen garşydaşlaryny gorkuzyp, dyza çökerderin öýdenokmy? Fanatizm öz güýjüni körsowatlykdan, nadanlykdan alýar... Islendik babatda şular ýaly özlerini arkaýyn alyp barmaklarynyñ sebäbi-de şudur! Absolýut güýçlerine-hökmürowanlyklaryna garşy ýönelen islendik söze ýa herekete çydamlarynyñ ýokdugynyñ sebäbi-de şudur! Biziñ ýurdumyzda dürli meseleler ýok aslynda, yzygiderli dowam edýän çaknyşyklar bar! Kim kime näme diýdi sene-menesi bar. Uinston Çerçilliñ syýasatçylar barada aýdan batnykly sözüni ýatladaýyn: "Fanatik diýip - pikirini we meseläni üýtgemeýäne aýdylýar". Syýasy fanatizm gitdigiçe uly howpa öwrülýär. Gynansak-da, Kylyçdarogly başlyklaýyn oppozisiýanyñ wekilleri-de mundan täsirlenmän duranok. Sözde syýasy reklamaçy düýnki gögeleler "sowukganly güýç" Kylyçdaroglyny nirelere itekleýär... Jemlär bolsam: Ýurdumyzy weýran eden ýer yranmasy türk syýasatyny-da näderejede täsir edendigini görüp dursuñyz! Munuñ diagnozy - fanatizmdir. Ýadadymaý indi, ýer yranmasynda heläkçilik çekenlerden utanyp ýer-ä ýarylanok, menem giremok... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |