16:23 Daýhan we garasar / erteki | |
DAÝHAN WE GARASAR
Ertekiler
Gadym zamanlarda bir daýhan ýaşapdyr. Ol bugdaý ekip güzeranyny dolaýar eken. Bu işde oňa kempiri hem gurbunyň ýetdiginden ýardam edipdir. Daýhan her ýyl bugdaý ekende, bir bşlegini guşa, bir bölegini gyşa, bir bölegini bolsa özüne niýetlär eken. Hemişe-de azabyna göer gallanyň bol hasylyny ýygnar ken. Onuň bir bölegini satyp az-owlak girdeji gazanar eken. Şeýdip gazanan girdejileri är-aýala ol ýyldan bu ýyla zordan ýeter eken. Günlerde bir gün niredendir bir ýerden bugdaý ekilen me ýdanda garasar peýda bolupdyr. Ol daýhanyň eken dänelerini dörjeläp iýenini iýipdir, iýmedigini daşary çykaryp goýupdyr. Daýhanyň muňa gaty gahary gelipdir. Ýöne ol garasara hiç bir zat edip bilmändir. Garasar kesek atym golaýyna gelende uçup, peliň bir ol çetine, bir beýleki gyrasyna gonupdyr. Daýhany we onuň kempirini halys edipdir. Onsoň är-aýal oýlanyp-ölçerip, awçydan duzak almaly diýen pikire gelipdir. Awçynyň öwredişi ýaly duzagy garasaryň gonaýjak ýerinde gurupdyrlar. Garasar bolsa şol adaty endigine görä, bir gezekpeliň ol tarapyna, bir gezek hem keşe gonup, daýhanyň gaharyny getiripdir. Ýöne şeýdip heşelle kakyp ýörşüne birden kä duzaga düşenini bilmän galypdyr. Duzaga düşen garasary daýhan şol bada bogup öldürmekçi bolupdyr. Sebäbi garasar daýhana köp ezýet beripdi ahyryn. Birdenkä garasar ynsan dilinde gürläp başlapdyr. Daýhan ony dykgat bilen diňläpdir. Gagasar zarynlap şeýle diýipdir: - Sen bir beýik ynsansyň, Takat bergin kalbyňa, Ýaman ada galmagyn, Göýber meni adamzat. Daýhan garasaryň ynsan dilinde gürleýşine geň galsa-da, ony halas ederli däl eken. Şonuň üçin hem ol garasara bakyp şeýle diýipdir: Men ol pele baramda, Sen ol pele baransyň. Nijeme dänämi iýip, Jiger-bagrym ýakansyň. Eden işiň bil mersiň, Etmişli sen garasar. Garaz daýhan bilen garasaryň adasynda köp söhbet bolupdyr. Her niçik bolsa-da garasaryň göz ýaşlaryna daýhanyň ýüregindäki doňy çözülipdir. Ol garasara mundan bu ýana ynsana zyýan-zeper ýetirmezligi berk tabşyryp uçuryp göýberipdir. Azat bolan garasar şondan soňra beren sözünde tapylypdyr. Ol şondan bäri ekin meýdanlarynyň gyralaryndaky çekirtgedir beýleki zyýan beriji mör-möjeklerina kömek berip gelýärmiş. Daýhan bilen garasaryň arasyndaky dostluk uzak ýyllar ge çse-de, biziň günlerimizde hem dowam edýär. Şahymerdan Saryogly. # “Täze oba” žurnaly. | |
|
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |