19:43 Demokratik toba!.. | |
DEMOKRATIK TOBA!..
Publisistika
2014-nji ýyl... Dekabr aýynyñ başlarynda kyrk ýyl bäri tanaýan we ynanýan dostlarymyñ biri jañ edýär: "- Mejlisiñ başlygy Jemil Çiçegiñ dogany bomba sarsgynyny döretjek beýanatlary berjekmiş, señ bilen gürleşmek isleýär!.." Telefon belgimi berip biljegini aýtdym. Kän wagt geçmänkä Jemil Çiçegiñ dogany jañ edip: - Ýeri-gögi sarsgyna saljak ikinji parallel toparlanşygy partlatmak isleýän... - diýdi. Muglanyñ bir raýonynda ýaşaýan eken. Ynamdar işdeşlerimiñ birini ýollajagymy aýdyp, telefony goýdum. * * * Ertesi irden "SÖZCÜ"-niñ tejribeli, saýlap alan hünärinden birjigem gyşarmaýan batyrgaý habarçysy Gökmen Ulu mejlisiñ başlygynyñ dogany Çetin Çiçegiñ ýaşaýan ýerine gidip, onuñ bilen görüşdi. Gökmen ýazgy etmezinden öñ "Hiç kime töhmet atylmagyna, şahsy hak-hukuklaryna tokunylmagyna, paýyş sözlenmegine, şahsy durmuşa girilmegine ýol bermejegimizi" aýdýar. Gije giç gaýdandygy üçin ertesi irden duşuşmagy belleşibem gaýdýar. * * * Ýöne şol gije Çetin Çiçekden telefonuma bir sms gelýär. Sms-de Gökmene gürrüñ berenleriniñ dowamyny aýtjakdygyny, emma puldan kösenýändigini ýañzydyp, bizden ep-esli möçberde pul soraýar. Jogap hökmünde ugradan sms-imde prinsipial žurnalistlik edýändigimizi aýdyp, onuñ pul talabyny gös-göni ret etdim we "eger şeýle islegiñiziñ bardygyny telefon arkaly birinji gezek gepleşenimizde pyşgyran bolsadyñyz, siziñ bilen görüşmezdigem" diýdim. * * * Ertesi irden Gökmen Ulu Çetin Çiçek bilen bolan gepleşigini gürrüñ berdi: "Agam, bu kişi gurlan wagtyndan bäri AKP-li eken. Emma indi partiýanyñ hataryndan çykmakçy bolýarmyş. Uly şowhun turzup, başga partiýa geçjekmiş. Muña bahana hökmünde-de AKP-de hemmeleriñ bir alajyny tapyp gününi görýändigini, özüniñ welin ite bir sümek bergilidigini, agasy Jemil Çiçegiñ mejlisiñ başlygy bolup oturandygyna garamazdan maddy kemçilikleri bilen gyzyklanmaýandygyny görkezýär. Hatda miras bölünşiginde-de hakyny iýendigini öñe sürýär..." * * * Gökmen bilen bile dessine ýeñimizi çyzgap Çetin Çiçegiñ aýdýanlaryny barlamaga başladyk. Gysga wagtda onuñ mejlisiñ başlygy bolup oturan agasyndan zol-zol pul diländigini, soñky gezek jañlaşanda: "Meniñ 150 müñ lira ýeten bergimi üz, bolmasa seni puşman etdirin. Şumadyñ özünde kredit bergimiñ bolan bankyñ müdirine jañ et" diýendigini, muña jogap edip, Jemil Çiçegiñ: "Men nireden tapaýyn saña onça puly? Isleseñ, öýüñi sat-da, bergileriñi üz. Gel-de meñ öýümde ýaşaber. Sen meñ doganym ahyry" diýip jogap berendigini anykladyk. Şeýle-de, Mejlisiniñ başlygynyñ Muglada her häkim we polisiýa bölüminiñ başlygy çalşanda, olara jañ edip özüniñ bir doganynyñ bardygyny we "eger doganym meniñ adymy ulanyp, iş we ş.m. haýyşlar bilen geläýse, bitiriji bolaýmañ!" diýendigini-de şu ýerde belläp geçesimiz gelýär. Has dogrusy, mejlisiñ başlygynyñ mamladygyny aýtmak bilen birlikde buýsanç bilen "Berekella, Jemil Çiçek!.." diýesimiz gelýär. * * * Geçen şunça ýylyñ içinde agramy Mejlisiniñ başlygynyñ dörtden bir bölegiçe bolmadyk käbir AKP-li şahslar agzyñy uçuklatjak derejede ummasyz baýlyk toplady. Jemil Çiçek bolsa sada durmuşda, häzirem Prezidentiñ ýanyndaky Ýokary Geneşiñ agzasy bolup işläp ýör. Şol sanda dana syýasatçy hökmünde partiýasynda görýän ýalñyşlyklary-da çekinmezden tankyt etmäge ýaýdanyp duranok. Mysal üçin, mundan bir aý töweregi öñ syýasatda "ahlak agsamasynyñ" bardygyny aýdyp, "Demokratiýa hemme zatdan ötri ahlakdyr. Hukuk we adalat ahlakdyr. Bizde kanun kemçiligi ýok. Onsoñam öñden ahlak taýdan gowşaklygy bar bolsa, ony kanun bilen düzedip bilmersiñiz" diýdi. Meseläniñ çözgüdi üçin "demokratik tobanyñ" gerekdigini nygtan Çiçek çykyşyny şeýle dowam etdirdi: "Toba etmek üçinem ýalñyşlygy boýun almak we ondan el çekmek eradasynyñ ýüze çykmagy gerek. Öz ýalñyşlygyñyzy bilmeýän bolsañyz ýa-da eden ýalñyşlygyñyzy bir ýoluny tapyp kanunylaşdyrýan bolsañyz, toba edip näme etjek? Bizde hemmeleriñ eden işini bir ýoluny tapyp kanunylaşdyrma ukyby bar!.." * * * Mejlisiñ öñki başlygy diýjegini diýende bildirmejek bolýar, ýöne "ýalñyşlygy kanunylaşdyrmak ukyby" diýmek bilen, "utanjy ýatdan çykaranlara" seslenýär we syýasatda esasy uly meseläniñ ahlak boşlugydygyna ünsi çekýär!.. Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 22.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |