04:54 Dilimizden diñe arap sözlerini aýyrsak nähili bolar? | |
DILIMIZDEN DIÑE ARAP SÖZLERINI AÝYRSAK NÄHILI BOLAR?
Türkmen dili
Geçen gezekki "Dilimizden diñe pars sözlerini aýyrsak nähili bolar?" makalam gyzgyn seslenme döretdi. Elektron poçtama birgiden hatlar geldi, elime jañ edildi. Olaryñ arasynda sözleriñ säwligine degişlileri-de bardy. Mysal getiren sözlerimde ýalñyşlyklar bar bolsa, olary düzetjek bolduk. Düýp maksadymyz türk diliniñ janly medeniýet dilidigini görkezmekdi. Munuñ meñzeşlerini türk diliniñ iýmitlenen arap, latyn, ermeni dilleri ýaly ýaly beýleki dilleriñ mysallarynda-da görkezmäge synanyşarys. Hiç kimiñ dilimizi öz gysajyna almaga we gysyrlaşdyrmaga (göýdükleşdirmäge) haky ýok. Haýsydyr bir söz biziñ gündelik durmuşymyza giren we işjeñ ulanylýan bolsa, şol söz eýýäm biziñkidir. Arap dili hem türk diliniñ biloñurgasyny düzýän esasy dilleriñ biri. Soñky döwürlerde dartgynly syýasy şertler sebäpli arap dillerine takatyñ galmandygy juda gynandyryjy ýagdaý. Ýogsam bolmasa, islendik dil Allanyñ aýatlaryndandyr. Türk diliniñ giñ gurşawlylygy aslynda ony emele getiren adamlaryñ hoşniýetligini we medeniýetiniñ güýjüni görkezýär. Şu aşakdaky sözleri mysal getirmek bilen türk diliniñ güýjüni görkezmek isledik. Häzirki sosiologik ýagdaýlara we syýasy bagažlaryna görä ideologiki gyşarmalara uçranlaryñ türk dilini Orta Aziýa sähralarynyñ öli sözlerine bendi etmäge haky ýokdur. (Belki-de bu, Omar Seýfetdiniñ aýdan sözleriniñ içinde iñ halaýan jümlelerimiñ biri). Elbetde, sözler doly meniñ özümiñ saýlap alşyma laýyklykda mysal getirildi, makalama berilýän ýer hem çäkli bolandygy üçin "eý-ho, bulam arap sözi eken-ä" diýäýjek sözleriñizi saýlap almaga üns berdim. Mysallary elipbiý tertibinde görkezmäge synanyşdym. A harpy Akybet, aşyret (taýpa), azamet, esger, asil (arassa ganly), aşyk, aýar, adalat, ahlak, ajil (gyssagly, tizden-tiz), aile (maşgala) akrap (içýan), ameliýat (operasiýa), aýyp, eziz… B harpy Balgam, basit (ownuk, maýda), bedel, beýit (bent, küplet), bakgal, belediýe (munisipalitet, şäher soweti), berrak (arassa, dury), beýaz (ak), buhran (krizis), belde (ilatly punkt, posýolok)… "A" we "B" sözlerindäki harplardan söz saýlap alanda, ýokarda-da aýdyşym ýaly, ölçegi gündelik durmuşdan aldyk. Ylmy we edebi sözlere girenimizde, ýagdaý hasam üýtgeýär. Beýle synanyşyga girmek hem meniñ çenim däl, hemem oñarjak zadym däl. J harpy Jahyl (nadan), jumhuryýet (respublika) jennet, jähennem, jereýan, jilwe, jenaýat, jugrafiýa (geografiýa), jami (metjit), jellat, jemgyýet, jynaza, jümle, jazyp... D harpy Dakyka (minut), dal (şaha, pudak, "dal" sözi türkmen diliniñ nohur şiwesinde gerden, gol, manysynda ulanylýar -t.b.), dawa, ders (sapak), döwür, diýet (baha), döwlet, din, dolap (bufet), depder, dowam, doga, diýar, dessur… E harpy Ejel (ajal), eser, emanet (amanat), ejza (derman), edebiýat, esir (ýesir), esaret (ýesirlik), ezan (azan), ezeli (hemişelik), ebeweýn (ene-ata, hossar), eždat, emir, enfes (ýakymly, göze gelüwli), ewwel (owal), ewrak (dokument, resminama)… F harpy Farz (parz), fetret, fetwa, fystyk (pisse), fitil, faraon (pyrgun), fajia (pajyga), faýda (peýda), fejir, fakir (pakyr), fikir (pikir), fatih… G harpy Gapyl, gam, gurbat,, garaz, gurur (buýsanç, mertebe), garabet, gaýe (maksat), gypta… H harpy Habar, hadys, hajat, hak, hakaret (hapa-paýyş söz), häkim, hekem, hekim, hereket, harp (uruş, jeñ), haset, hata, hazyna, hedef (maksat, obýekt), heýkel, hekaýa, hyzmat, hukuk, hüzün (gaýgy-gam, gussa)… Y harpy Yspanak (ysmanak), ysrar (öz diýeniñe tutdurmak) yrk (jyns, millet), yslah... Dogrusyny aýtsam, "Y" harpynda biraz kösendim. Çeper edebiýatda köp söz baram bolsa, gündelik gepleşikde kän tapyp bilmedim. I harpy Ibadet (ybadat), ibret (ybrat), iddia (orta atylan pikir, jedel), ifade (görkezme, düşündiriş), iftira (töhmet, myjabat), ihtimal (ähtimal, ahmal), ihýa, ilim (ylym), imkan (mümkinçilik), inat (hötjetlik, özdiýenlilik, tersine gitmek), inkär, intihar (öz janyña kast etmek), ishal, istiklal (garaşsyzlyk), ittifak (bileleşik, ýaranlyk, soýuzdaşlyk), itiraf (boýun alma, görkezme)… "I" harpy şu tarapdan iñ bereketli harplardan diýip bileris. I harpy bilen başlaýan arapça sözleriñ ýerine türkçe söz tapmak mümkin däl diýen ýaly. K harpy Kabyla, kebap, kabiliýet (ukyp-başarnyk), kabul, kader (ýazgyt, takdyr), kapas, kafile (topar, delegasiýa), kapyr, kalp, kainat (älem-jahan), karar, kanun, kast, katil (ganhor), kiýmet (gadyr-gymmat), kysmat, kibir (ulumsylyk, gopbamsylyk), kibrit (kükürt), kitap… L harpy Lazhm, lewha, lezzet, lanet (lagnat, nälet, gargyş), lehçe (şiwe, dialekt), limon, lukma, lisan (dil), luzum, leýla… M harpy Maalesef (gynansak-da), magdan, magara (gowak), mähelle, maglup (ýeñilen), mahkum, makala, masraf (çykdajy), mejbur, mejlis, medeni, mekan, merhaba (salam), merkez, mesele… N harpy Nadir (seýrek), nakit (nagt), nesihat, nebis, niýet, nika, nokta (nokat), nar, nepes, nobat, nur, nabız (nebz, puls), nesip… P harpy Pantolon (balak, jalbar), pijama "P" harpy ýene söz tapmakda kösenen harplarymyñ biri boldy. R harpy Reb (Hudaý), ragbat, rahat, rahmet, rakam (san), resim (surat), ruh, rüşwet (para, berim), ribat (rabat), Rum, rowaýat… S harpy Sagat, sabah (saba, ir-säher), sabyr, sabyn, saniýe (sekunt), setir, sadaka, saffet, soltanyýet, sadyk, sakin (ýaşaýjy), sebäp, sejde, salam, syýahat, synp, syr… Ş harpy Şahyr, şükran (minnetdarlyk), şark (gündogar), şert, şekil, şeref (at-abraý, mertebe), şeýtan, şypa, şübhe, şurup (sirop, şerbet), şöhwet, şahit (şaýat), şeýh… T harpy Taarruz (hüjüm), taassup (yñdarmalyk, köre-körlük, fanatizm), tabi (elbetde), takip (yzarlama), tabyt, takwim (kalendar), tapu (gozgalmasyz emläk - jaý, ýer we ş.m), tebessüm (ýylgyryş), tebeşir (mel, hek), tesadüf (tötänlik), terbiýe, teslim (boýun egmek)… O, Ö, U, Ü harpy Ömür, unsur (faktor, şertler), ufuk (gözýetim, gorizont), ukde (düwün, çigin, ýumry), ümmet (ymmat), usul… U harpynda ýene söz tapmakda kösendim. W harpy Wagt, wagyz, waha (oazis), wepa, wadi (jülge, dere), waris (mirasdüşer), weda (hoşlaşyk), werem (inçekesel, tuborklýoz)… Ý harpy Ýetim, ýeis (lapykeçlik, göwnüçökgünlik, sussupeslik, pessimizm), ýemin (ant, kasam, äht), ýahudy (jöhit, ýewreý), ýagny… Z harpy Zafer (ýeñiş), zamir, zawiýe, zirwe, ziýarat, zümrüt (zümerret) zan (güman), zulum, zeka (zehin, añ), ziraat (oba hojalyk, ekerançylyk), zürafaa (žirafa)… Şu ýerde bir zady nygtap geçesimiz gelýär, diliñ söze baýdygy ol diliñ güýjüni görkezmeýär. Wenger dilindäki söz baýlygy bilen deñleşip bilen dil ýok diýen ýaly. Eger maksat diñe düşünişmek bolsa, onda Kalaharu çölündäki ilkidurmuş şertlerinde ýaşaýan taýpalaram ýüz-ýüz elli söz bilen örän gowy düşünişip bilýär. Dil diýeniñ Itrileri, Şeh Galyplary, Tanpynarlary, Ýahýa Kemallary orta çykaryp bilýän bolsa güýçlüdir. Munuñ üçin hökman medeniýet diline mätäçlik duýulýar. Türk dili şu manyda arap, pars, latyn dilleri ýaly güýçli dillerden geregini edinen dil. Dil diñe şeýdende ömri uzaýar hem-de aralaşan dilini we öz düzümine alan sözüni özgertmek arkaly güýçlenýär. Tanpynaryñ sözi bilen aýdanda, "Dowam edip özgermek, özgerip dowam etmek diliñ esasy ýörelgesidir". Adam ene diline köñlüni berdigisaýy dili-de onuñ aýagynyñ aşagyna jenneti serýär. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Duşenbe, 25.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |