09:50 Dostluk degişmesi / satiriki hekaýa | |
DOSTLUK DEGIŞMESI
Satiriki hekaýalar
Be-e, allajanlarym, näme, dilleşip dagy edäýdilermikä, asyl işlemäge goýmadylar-la. An-ha, ýene-de telefon jyññyrdady. - Alýo, diñleýän - diýip, men göwünli-göwünsiz trubkany gulagyma ýetirdim. Añyrdan gyryljygrakdan nätanyş ses eşidildi. - Bagyşlañ, men neşirýatdan, Siz bilen duşuşmaly... Wah, neşirýatdan diýen diliñe döneýin. Beýle bolsa seniñ bilen hökman duşuşarys gardaş. Onsoñam olar bilen oýun etmek bolmaz. Dogru-da walla, her kim çaga eklemeli. Biz derrewjik wadalaşdyk. Men ony öýe çagyrdym. Ol kän bir ýalbardyp durmady. Trubkany goýup, öýüñ içinde ikiýana gezmeledi. Keýpim damagymy çalyp barýardy. Arzyly ýerden, ýagny neşirýatdan öýe geljekler, onda-da gör nähili mesele bilen! Meniñ kitabymyñ bezegçi hudožnigi awtor bilen içgin oturyp maslahatlaşjakmyş. Eý, ho-o! Gör bi bolup ýören zatlary. Taýýarlanmaly. Keýwanymyñ adyny tutup gygyrdym. - Annuşka, aý Annaşka, bärik gel! - Näme, üýtgeşijek bir zat ýazdyñmy? - diýip, ol oturan ýerinden seslendi. Aýalymyñ ýerinden turaryna howlugyp, hasanaklap özüm bardym ýanyna. Dogrusy, begenjimdenmi-nämemi birhili ýyrşaryp ernim bir ýerik gelmedi. Men oña ýagdaýy düşündirdim. - Myhman geljek diýsene - diýip, ol uludan demini aldy. Biz ikimiz iki ýerden taýýarlyk görüp başladyk. Stoluñ üstünde guşuñ süýdünden başga näme diýseñ bardy. Akly-gyzylly içgileriñ dürli görnüşleri stoluñ üstüne hasam bezeg berýän ýalydy. Bellenilen wagt gelip ýetdi. Myhman köp garaşdyrmady. Gapymyzyñ kakylyşy gaty ysgynsyzjady. - Örän medeniýetli adam bolara çemeli - diýip men içimi gepletdim. Işigi açanymam şoldy welin, dag ýaly daýaw adam: - Salam - diýip, elini uzatdy. Elleşip görüşdik. Nätanyş hudožnik gaty gürrüñçi adam eken. Birinji bulgury tanyşlyk üçin, ikinjisini döredijilik hyzmatdaşlygu üçin we ýene-de bir topar zatlar üçin içildi. Ol meni öwmäge oturdy. - Siz tüweleme, edebiýatyñ satira žanrynda gaty öndümli işleýäñiz. Özem ýazýan zatlaryñyz ýerde ýatanok. Araky gazetde ýumoreskañyzy okap näçe günläp, ernim bir ýerik gelmedi. Baý, diliñiz şerebeli eken-aý. Umuman, Sizde talant bar. Ýöne henizem köpüräjik ýazjak bolmaly. Ölmän gezip ýörseñi Samýuel Lenghorn Klemens ýaly dünýä belli satiriki bolaýmagyñyzam mümkin. Onsoñam bir belläp geçmeli bir zat bar. Ýagny biziñ dörediji ýaşlarymyzyñ birentegi öñ ýörelen ýodadan ýöremejek bolup, edebiýat meýdanyny halys torç etdiler. Siz welin beýle däl, öń ýörelen ýodadan ýöräbem özboluşly ýol tapdyñyz. Ýoluñyzyñ uzak hem-de ak bolmagy üçin. Bilemok, çendenaşa güwledilip goýberilýän öwgüdenmi ýa bi içilen içgilerdenmi, birhili başym aýlanyp başlady. Gürrüñdeşimiñ soñky aýdýan sözleri dagy, walla, gulagymyñ ýele ýanyndanam geçenokdy. Döw ýaly bolup, o hudožnigiñ-ä azaryna-da däldi, baý jyñkydýaraý zaññar. Onuñ haçan turup gidendiginem bilmändirin men-ä. Kitaba nähiliräk surat çekilse oñat bolarka diýip sorapdy welin, ýogsa-da, men oña näme maslahat berdimkäm-aý?! Hiç zat hakydama gelenok. Ýa onuñ bilen ýene-de duşuşaýsammykan. Görýän welin, soñky sözleri daşymdan aýdypdyryn öýdýän. - Janyña haýpyñ gelsin, şol adam-a indi şu ýerik aýagynam sekmez, pil ýalak bolup - diýip, aýalym jabjyndy. Dogrudanam, näme surat çekmelidigini, goý, hudožnigiñ özi çözsün-laý. Onuñ üçin ol hak alýar ahyryn, meniñ nä işim! ...Şu wakadan soñ alty-ýedi aý geçipdi. Bir gün öýde çaý içip otyrkam neşirýatdan jañ geldi. - Allo, gutlaýas, ýalpyldap kitabyñyzam çykdy. Gelip gitseñiz awtorlyk ekzemplýaryny-ha berip biljek. Elbetde, men neşirýat sary guş bolup uçdum. Kitaby ele alanymdan ilkinji nobatda onuñ bezelişine seretdim. - Be-e, bi bedroý edilip çekilen asyl meniñ öz suratym ýaly-la. Hudožnikler bilen bile oturaýmaly däl-ow. Arak adamyny gör nädýän eken - diýip, men kitabyñ ilkinji sahabyndaky surata seretdim. Hyrçymy dişläp, başymy ýaýkadym. - Gaty görme, gardaş, men muny dostluk degişmesi hökmünde çekdim - diýip, niredendir bir ýerden peýda bolan hudožnik meniñ arkama kakdy. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |