Orta boýly, gözleri ýanyp duran, syratly ýigit Döwletsähet Durdyhanow Garrygala raýonynyñ Sumbar jülgesindäki Könekesir obasynda önüp-ösen adam. Ol köne kommunist Gurbansähet aganyñ ýeke-täk perzendidi.
Duşmana garşy söweşlerde Sumbar jülgesiniñ bu gerçegi-de uly hyzmatlar bitirdi. Ofiser D.Durdyhanow 8-nji aýratyn tanka garşy ok atýan brigadanyñ 492-nji artilleriýa polkunda wzwod komandiridi. Onuñ söweş epizodlary okyjyny gyzyklandyrman durmaz.
Döwletsähet ilkinji söweşlere Zaporožýe oblastynyñ uly Tokmak şäheriniñ töwereklerinde girişdi. Obanyñ golaýyndaky beýiklik duşmanyñ elindedi. Ol depe töwerege syn etmek üçin uly ähmiýete eýedi. Depäni duşmanyñ elinden basyp almak wezipesini komandowaniýe biziñ bölümlerimiziñ öñünde goýdy. Duşman biziñ hyýalymyzy añan bolara çemeli, düz meýdanda ýerleşen sowet goşunlaryny yza serpikdirmek niýeti bilen, 1943-nji ýylyñ oktýabr aýynyñ 10-ynda 40 minutlyk artilleriýa taýýarlygyny geçirdi. Minomýot we top oklary sowet goşunlarynyñ üstüne yzy üzülmän ýagdy. Ok ýagşy birneme kiparlandan soñ bolsa, faşist tanklarynyñ 50-den gowragy aýylganç bir görnüşde söweşe girişdi.
Biziñkileriñ ýagdaýy juda agyrdy. Eliñ aýasy ýaly tekiz meýdanda tanka garşy göreş etmek örän kyndy. Emma duşmanyñ çozuşyna ykjam gaýtawul bermek hem-de soñra garşylyklaýyn çozuşa geçip, olary beýiklikden kowup çykarmak hökmandy. Faşistik tanklaryñ 19-sy pyýada goşunyñ goldawynda D.Durdyhanowyñ söweşýän batareýasynyñ üstüne tarap eñdi. Üznüksiz ot açyp gelýän tanklaryñ salýan howpy birbada ýaş ofiseri hopukdyrdy. Emma aljyradyp bilmedi. Leýtenant öz komandirlik edýän wzwodyndaky top rasçýotlarynyñ ot açmaga derrew taýýar bolmagyny buýurdy.
Tanklaryñ 12-si hut Durdyhanowyñ toplaryny gabawda galdyrmak niýeti bilen çep tarapdan aýlanyp ugrady. Güýçli söweşler gyzyşdy. Top rasçýotlary çaltlyk bilen duşmanyñ tankly çozuşlaryna gaýtawul bermäge girişdiler. D.Durdyhanowyñ komandasy bilen ot açýan 4-nji nomerli top rasçýoty iki gezek atanda öñdäki tanky urdy. Faşistler öç almak üçin göni toplaryñ üstüne dyzaýardylar, olaryñ ýene-de bir tankyny şol top otlady. 3-nji nomerli topuñ üstüne omzaýan tanklaram golaýlaşypdylar. Olaryñ ikinji snarýady gitlerçileriñ tankyny ýandyrdy, onuñ yzyndan gelýän tankam ýalynly tüssä garyldy.
Ine, aldym-berdimli şol pursatda biziñ samolýotlarymyz görnüp ugrady. Artilleristleriñ hem awiatorlaryñ zarbaayna duşman leşgerleri çydam edip bilmediler. Olar diñe bir yzyna serpikdirilmän, eýsem beýiklikden hem kowulyp çykaryldy. Pyýada goşunlara ýol açylmagy üstünligiñ girewi boldy.
Şu söweşde durnuklylyk görkezenligi, onuñ toplarynyñ duşmanyñ dört tankyny ýakanlygy üçin leýtenant D.Durdyhanowyñ "Gyzyl Ýyldyz" ordeni bilen sylaglanýar.
Şondan soñky söweşlerde hem ofiser D.Durdyhanow edermenligiñ, batyrlygyñ göreldesini görkezmegi başarýar. Melipotol ugrundaky söweşlerde bitiren hyzmatlary üçin sumbarly ýurtdaşymyz "Watançylyk urşunyñ II derejeli" ordenine mynasyp bolýar.
D.Durdyhanow gan döküşikli söweşler bilen faşistik Germaniýanyñ paýtagty Berline çenli barýar. Biziñ goşunlarymyzyñ Wisla, Oder derýalaryndan geçmek ugrundaky söweşlerinde hem D.Durdyhanow komandowaniýäniñ buýrugyny üstünlikli berjaý edýär. Oña "Aleksandr Newskiý" ordeniniñ, "Polşany azat edenligi üçin" diýen sowet we Polşa medallarynyñ we beýleki sylaglaryñ berlenligi hem onuñ şeýledigine güwä geçýär.
Urşuñ gutarmagynyñ edil öñ ýanynda, Berlin ugrundaky söweşlerde ýaralanan kommunist D.Durdyhanow ýeñiş bilen öz ildeşleriniñ arasyna sag-aman dolanyp geldi, ol ýene-de önüp-ösen obasynda parahatçylykly zähmet bilen meşgullanyp ugrady.