21:19 Dözümsiz / hekaýa | |
DÖZÜMSIZ
Hekaýalar
(Hekaýa) Raýon festiwalyna çagyrylanlary bäri, kolhozyň çeper höwesjeňleri her gün oba klubyna ýygnanýardylar. Bu ýygnanyşyk eýýäm ençe gün bäri dowam edýän-de bolsa, iş ugrugyberenokdy. Aýdymy ýekelikde ýerine ýetirer ýaly solisti saýlamak başa baranokdy. Şeýle bolansoň, hiç hili aýdymam öwrenilenokdy. Festiwalyň wagty bolsa barha ýakynlaşýardy. Girdenejik, ýaşy kyrka ser uran garajürjenje adam ýaşlaryň arasynda hozanak bolup pyrlanýardy. Bu ýere üýşen oglan-gyzlaryň hüý-häsiýetlerine-de, seslerine-de ençe wagt bäri belet hem bolsa, aýdym aýtdyryp, olaryň seslerini ýeke-ýekeden barlap görýärdi. Gözüniň öňünde tutan ýigitleriniň hiç birinden göwni suw içmänsoň, hyrçyny dişläp, ellerini biri-biriniň üstüne gowşurýardy-da, misli ýol öwrenýän ýaly zowzanaklaýardy. Bu günem esli wagt geçse-de, Hommat Garly belli bir karara gelip bilenokdy. Muňa höwesjeňleriniň barynyň-da kejebesi darygýardy. Ýöne ýolbaşçylaryň ýüzüne gelibermäge bogunlary ysanokdy. Ahyry ak ýüzli, pyýala gözleri balkyldap duran syratly gyz Ogulnäzik çydam edip bilmedi. Hommat Garla ýüzlendi: —Hommat aga, her gün beýdip, işden soň gije çenli saklanmak aňsad-a däl. Özümiz-ä bir ýadaw. Üstesine-de, ejelerimizem her gün gijäniň bir mahaly öýe köwlenip dursak, birden beklerine tutaýmasynlar. Öňem jany ýanyp duran Hommat Garly Ogulnäzige alarylyp seretdi. “Seňki näm-aýt!” diýen terzde ellerini silkdi. “Aýdym bahanasy bilen ýolda güýmenip, haýsydyr bir ýigidiň otarýan ertekilerini diňläp ýörmezler-de, wagtyndajyk öýüňe köwlenäýerler, keýgim” diýip, gaharyna tas ýoknasyzynam oklapdy. Ýöne beýlekileriňem Ogulnäzigiň pikirini goldamagy onuň diline badak saldy. —Hommat aga, gutaralyň-la basymrak! —Ogulnäzik dogry aýdýa. Her gün beýdip, gijä galybersek, ejemiz-ä gaýdyp aýdyma ýanaşdyrmaz. Oraz diýen oglan gyzyl dişlerini ýalpyldadyp, Ogulnäzigiň sözlerini makullan gyzlaryň birini nazaryna alyp, söz oklady: —Ejeň goýbermese, Ogulgül, seni özümjik ogurlar-da alyp gaýdybirin. Gyz näz-kereşme bilen ýigide gyýa bakdy. Burç ýaly gyzardy. —Ýitsene! Seňki näme diýsene!—diýip, sesine mylaýymlyk çaýyp käýinjiredi. Olara çetden syn salyp duran Hommat Garly içini gepletdi. “Şulaň ikisini solsit edäýeýin-le. Görk-görmekler-ä hiç neneň däl. Belki, seslerem goşulyşar”. Şu pikir bilenem ol söz oklaşan oglan bilen gyza ýüzlendi: —Hany, Oraz, Ogulgül, söz atyşyp durmaň-da, ikiňizem orta çykyň. Aýdymy ýekelikde siz ýerine ýetirersiňiz. Ýaşlaryň ikisem beýlekilerden saýlanyp, öňe atyldylar. Hommat Garly ýene aýdymçylary ýerli-ýerinde goýmaga başlady. Ýöne Ogulnäzik ýene oňa päsgel berdi. —Hommat aga—diýip, gyz gahary mese-mälim bildirip duran hörpde gürledi. Göz-gaşyny çytdy.—Eger Orazy solsit edinjek bolsag-a, biziň üçin festiwala gatnaşyp oturasy iş ýok. Näçe wagt bäri tanap ýörüs-ä ony. Bokurdagynyň mydama sowuklamadan açylmadygyňky ýalydygyny unutdyňyzmy siz?! Beýdip gowy orun almajagymyz-a köre hasa welin, üstesine-de, “Nä ýüzüňiz bilen şeýle aýdymçylary raýon festiwalyna alyp geldiňiz?” diýip, üstümizdenem gülerler. Ogulgül Orazyň beýle peseldilmegini ýokuş gördi öýdýän. Ol Ogulnäzige iýiji nazar bilen bakdy-da, towlanjyrap çete çykdy. —Waý-eý, asyl ýolbaşçy-ha sen ekeniň. Ogulnäzik. Bilmän ýörsek nätjek! Biz-ä aýdymam aýtjak gäl, festiwala-da gitjek gäl. Sen bir ýürejigiňe laýyk ýigidi saýla-da, keýpden çykaweri! Ogulgülüň bolşuny geňlän köp boldy. —Oraz üçin o nämä siltenjireýä, gyz?! —Wiý, göreňokmy, Oraza çyn hossar çykyp dur-a ol... Ýek-tük pyňkyranlaram tapyldy. Ogulgül bolsa şundan soň burç ýaly gyzarylyp, ýüzüni ýere sallady oturdy. Hommat Garly hem gözlerini jüýjerdip, Ogulnäzige azgyryldy: —Baý, sen gyzam ýürege düşdüň şu gün. O bolanok, bu bolanok saňa! Saýla-da onda kimi saýlasaň! Ogulnäzik hem kem oturmady: —Solistligi Tüýlüden başga adamm oňarmaz, Hommat aga! Onuň nähili sesiniň barlygy hemmä-de mälim! Bu sözlere duranlaryň bary pakyrda berdi. Oglanlaryň käbiri bolsa Tüýlä degmek bilen boldular. —Oh-ow, Tüýli han! Gama batyp oturma, sen hakda alada edýänem bar ýaly-la?! —Bol-bol, Tüýli han bol! Onuň üstünde gyzlar gyrlyşjak bolýar-how! Görk bazaryndan ýoly bütinleý sowa düşen Tüýlini solist etmek, asyl, Hommat Garlynyň ýadyna-oýuna düşmese näme! Şu wagtam ol bir çetde ýygrylyp, hiç zada goşulman oturan ýigidiň gara mazut çalnan ýaly ýalpyldap duran ýagjymak, lopbuş ýüzünde betgelşik bolup biten goşa ýumruk ýaly burnuny, çakgyň çüýleri ýaly ýyldyraýan kiçijik gözlerini synlap, biraz durdy-da, içini gepletdi. “Tomaşaçylaryň içinden näkesräk biri tapylar-da, bütin zaly onuň üstünden güldürer. Şeýdibem, biziň aýdymçylarymyz aljyradar. Ýok, Tüýlini bütin kollektiwiň öňünde somaldyp, solist edip bolmaz”. Şu pikirler bilenem Hommat Garly gybyrdyklap, gyzlaryň arasynda duran Ogulnäzigiň alkymyna dykylyp bardy. Beýlekiler eşitmez ýaly, pyşyrdabrak gepledi: —Sen gyz, bir zat diýmeli bolsa, pikir öwürmän, ýöne diýip dursuň. Şo sypaty bilen, heý, onam bir iliň öňünde somaldyp, solist edip bormy? Ogulnäzik welin oňa jogap gaýtaranda, hemmeler eşider ýaly gaty gepledi: —Biz festiwala gyz-oglanlaryň görk-görmegini görkezmäge gidýärismi ýa-da aýdym aýdyş ukybymyzy görkezmäge? Özi bilen eňekleşip duran gyza gahary geldimi ýa-da Ogulnäzigiň sözlerini makul tapdymy, Hommat Garly çete tarap gygyrdy: —Tüýli! Hany, basymjak gel-de, dur şu ýerde! Boý bereketi ýetik äpet pyýada höküdikläp geldi-de, Hommat Garlynyň ýanynda durdy. Hommat Garlynyň girdenejik boýy ýigidiň guşaklygyna zordan ýetýärdi. Şeýle-de bolsa, Hommat Garly onuň kemerinden tutup, ýigidi eýläk-beýläk itişdirdi. Göwnemakul duruzmaga synanyşdy. Soňam gyzlara ýüzlendi: —Hany, geliň, biriňiz Tüýlä ýoldaş boluň! Gyzlaryň bary ýylanyň guýrugyndann basana döndi: —Ýog-eý!—diýşip, öňden öwredilen dek, hor bolup gygyrdylar-da, yza-yza çekildiler.—Tüýlini saýlan adamyň özi oňa ýoldaşam bolawersin! Hommat Garly gaharly nazaryny Ogulnäzige dikdi: —Gördüňmi, gyz?! Sakyr-sakyr edip, diňe keýpi bozýaň sen. Gel, bu ýigidiň gapdalynda özüň dur, hany! Ogulnäzik pert jogap gaýtardy: —Gerek bolsa, duraryn. Näme durman! Gyzlar ýolda Ogulnäzigiň üstünden düşdüler: —A gyz, Ogulnäzik, o saýlap-seçen ýigidiň gözi dagy näteňet, çakgyň çüýi ýaly! Burnuň ýerine bolsa goşýumruk ýaly kömür goýlaýypdyr. Hi-hi... —Utanjak dälmi şoň bilen ýanaşyk durup aýdym aýtmaga! “Ýaýdanma gyzda” dagy onuň çorluja ellerindenem-ä tutmaly bolarsyň. Ha-ha-ha... —Onuň aýagyndaky köwşüniň dagy uludygyna serediň-ä! Öz ölçegini dükanlardan tapmansoň, ol hakyt ýörite buýrup tikdirýärmiş. Aýagynyň ölçeg sany altmyş-a bardyr oň! Hi-hi-hi-hi... —Özem otuz ýaşabam näme üçin öýlenmän ýörkä ol, gyzlar?! —Ah-heý, öýlenjek bolanda, kim barjakmyş oňa! —A gyz, Ogulnäzik, beýle ýüregiň awan bolsa, oňa ömürlik ýoldaşam bolaweri! —Ha-ha-ha... —Hi-hi-hi... Ogulnäzik gyzlaryň hiç birine-de jogap bermedi. Sesini çykarman, olaryň bolşuna syn etdi. Birden-ä “Siziň biriňizem biziň festiwalda üstün çykmagymyz, abraý almagymyz üçin pikir edeňzok” diýmegem isledi. Ýöne ýene goýbolsun etdi. “Bu mahluklar şo zatlara düşünýän bolsalar, beýle sözleri agyzlaryna alşyp, samsyklaşyp oturmazdylar” diýip içini gepletdi. Ogulnäzik bilen Tüýliniň sesi ýag ýaly garyşyp, şeýle bir gowy owaza öwrüldi welin, hatda soňabaka gyzlar boýdaşyna degmegem goýdular. Şulardan başga adamy solist edip orta çykaryp bolmajagyna bary düşündi. Her kim olaryň aýdymyna jyňkyny çykarmann diň salýardy. Ogulnäzik Tüýli bilen gol tutuşmaly ýerinde gol tutuşdy, ýylgyryşmaly ýerinde hem ýylgyryşdy. Aýdymy ýüregi bilen ýerine ýetirdi. Şeýdibem, olar raýon festiwalynda birinji ýeri eýelediler. Oblast festiwalyna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Oňa-da bileje taýýarlandylar. Akja kepderi ýaly bolup, daşynda pyrlanyp ýören gyza birden Tüýliniň kalbynda söýgi ody tutaşdy ötägitdi. Ýöne ol beýle görmeklije, näzijek gyzyň özüne ömür ýoldaşy bolmaga razy boljakdygy hakda pikirem edip bilmedi. Şeýle-de bolsa, yşk heseri halys gerdeninden basansoň, Ogulnäzige söýgüsini duýdurdy. Gyz onuň söýgüsini kabul etdi. Muňa bolsa şatlanyp, ömür üstünden gülýän, masgara edilýän Tüýli tas däliräpdi. Begenjinden näme dip, näme goýýanynam bilmedi. Aýdym aýdanda, öňküsindenem beter joşdy. Olar çeper höwesjeňleriň oblast festiwalynda hem birinji orny eýeläp, respublika boýunça geçjek festiwala gatnaşmaga hukuk gazanyp, oba gaýdyp geldiler. Toýa taýýarlyk görüp ugradylar. Giýew boljak ýigidi görüp, Ogulnäzigiň hossarlary diň arkan gaýtdy. “Tapyp ýören musallatyň gursun! Söýüşjek bolsaň, düzüwli bende tapmadyňmy?! Nä ýüzüň bilen oň bilen tirkeşip ile çykjak!” diýşip, gyzyň maňlaýyna ýumruk çenediler. Ýöne Ogulnäzik depen ýerini depdi durdy. Şeýdibem, ol hossarlaryny-da razy etdi. Dogrusy, Ogulnäzik Tüýli diýip ölüp-öçüp baranokdy. Oňa durmuşa çykmanda-da, hiç hili agyr-ýeňil boljak däldi. Gyzyň ýigide ýüregi awaýardy. Hemmeleriň onuň üstünden gülüp, kemsidip ýörüşlerini görende, kalbynyň töründe üýtgeşik, gussaly bir duýgy peýda bolup, gyzy horlaýardy. Özüne degýänlere jogap berip bilmän, müzzerilip oturan ýigidiň halyna ýüregi gyýym-gyýym bolýardy. Festiwalda gazanan üstünlikleri Tüýlä abraý getirdi. Ol paýtagtdaky uly aýdymçylaryň kollektiwine goşuldy. Aşgabatdan jaý alyp, Ogulnäzigi hem ýanyna alyp gitdi. Az wagtdanam Tüýlini Moskwa okuwa ugratdylar. Ogulnäzik bolsa ýeke galdy. Wagt geçip, ol Tüýlä edil ýigidiň özüne çalym edip duran garajürjenje, çagalygyndan burun bereketinden ýetdik paý alandygy bildirip duran gyzjagaz dogrup berdi. Özüne meňzeşje gyzjagazy görüp, Tüýliniň nähili begenjekdigini ýatlanda, gelniň kalbyna şatlyk dolýardy. Ýaş çagalylygy sebäpli, Ogulnäzik aýdymdan ara açmaly boldy. Çagasy ýaşyny doldurandan soň, şäherdäki fabrikleriň birine işe girdi. Tüýli welin, nämüçindir, aram-aram maşgalasynyň arasyna geliberenokdy. Asla habaram tutanokdy. Günleriň bir günem Ogulnäzik Tüýliniň Moskwada işe galandygyny, özüniňem hut özi ýaly aýdymçy gelinleriň birine öýlenendigini eşitdi. Bu habar gelni lagşatdy. Egninden basdy. Namysdan ýaňa ýere girip bilmedi. Ýagdaýy hossarlaryna-da durýdurmaga çekindi. Olaryň “öz tapan zadyň” diýşip, ýene-de başyndan inmeklerinden gorkdy. Obadan aýagyny çekdi. Güzeran dolanýardy. Ýöne dil bitip ugran gyzjagaz welin enäniň ýüregine köz basýardy. —Eje, biziň öýümizde näme üçin kaka ýok?—diýip, Ogulnäzigiň bizar-peteňini çykarýardy. Gelin dymýardy. Ol bu ýagdaýy gyzjagaza nähili düşündirjegini bilenokdy. Gyzynyň bäş ýaşyny dolduran uçurlarydy. Bir gün Ogulnäzigi dünýe gysyp-gowurdy. Asyl, öýüne sygmady. Bolan zatlar ýüregine düşüp, dört diwar mynjyradyp barýan ýalydy. Ýatar wagty bolsa-da, gözlerine çiş kakylana döndi. Şeýle bolansoň, gyzjagazynyň elinden tutup, açyk howa çykdy. Ýaz gijesiniň asudalygy onuň kalbyna birneme ýeňillik berdi. Käte-de ýagyş damjalary ýüzüne degýärdi. Prospektiň gapdalyndaky seteran bagly alleýadan mytdyldap barşyna, Ogulnäzik öýden esli arany açanynam duýmady. Birdenem baglaryň arasynda düýrlenip ýatan erkek kişä nazary düşdi. Ýek-tük ötüp-geçýän ýolagçylar oňa seňriklerini ýygryşyp seredişýärdiler. Ogulnäzigiň ýüreginde ýene-de rehim peýda boldy. Ol ýatanyň gök-dalak ýüzüne, guma bulaşan üst-başyna, pişik oýnan dek saçlaryna gynanmak bilen bakdy. “Adam pahyr özüne erk edip bilmedik halatynda haýwandan tapawutly däl-ow” diýip, içini gepletdi. “Baý, adamlaryňam naýynsapdygyny. Ýeri, şeýle ýagdaýda adama kömek edäýmeli ahyry” diýip, oňa pitiwa bermän geçip duranlara öz ýanyndan igendi. “Ýeri, galdyragada, öýüne zyňaýanyňyzda, bir ýeriňiz kemeýämi diýsene. Häý, şulaň şu häsiýeti gursun! Bendäniň başyna bir kyn iş-ä düşendir. Ýogsa beýle ýagdaýa-ha sataşmazdy. Belkem, ýaraýan däldir”. Şu pikirler beýnisinde ornanda, ol gyzyny bir çetde goýup, erkek kişä golaýlady. Onuň içgiden ýetdik paýyny alandygyny duýdy. Ýakymsyz ysa ýüzüni kürşerdip, saňrigini ýygyrdy. Ogulnäzik eglip, başyny galdyrmakçy bolanda, onuň hut özleriniň gabat-garşysyndaky jaýda ýaşaýan goňşusydygyny tanady. Dogrusyny aýtsaň, Ogulnäzik onuň diňe şol jaýa girip-çykýanyny görýärdi. Adynyň kimliginden, maşgalasynyň neneňdiginden welin habary ýokdy. “Mikroraýonda ýaşasaň, şeýle-dä. Goňşynyň goňşyny tanamasy bolmaz” diýip, gelin öz ýanyndan pikir öwürdi. “Näsag-a däl öýdýän bi”. Goňşusyna hemaýatyny ýetirmän, ýeke taşlap gitmäge dömedi. Galdyrmaga-da güýji ýetmedi. Güýjüniň ýetmejegini duýup dursa-da, eginlerinden tutup silkeledi. Gyzy hem ýanyna gelip, Ogulnäzigiň myrryhyny tutdurdy: —Eje, aý eje! Kaka tapdyňmy maňa?—diýip jyňňyldady. Ogulnäzik gyzyny aňyrrak itip, şol wagt gabatlaryndan geçip barýan ýigide gygyrdy: —Aýrylsana, saçy kesilen sen bir... Aýu, jigi! Gel-de kömekleşsene maňa!.. Ýigit diýen edijilik bilen Ogulnäzigiň ýanyna geldi. —Näme etjek bolýaň ony, gelneje? Äriňmi?—diýip sorady. Ogulnäzik onuň soňky sözlerine jogap bermedi-de: —Gowy däl ahyry, bir adamyň ýagdaýyny görüp durkaň göz ýumup geçseň—diýdi.—Hany, kömekleş, galdyraly! Iki bolup erkek kişini galdyrdylar. Ol yraljyrap durşuna ýaş ýigidiň eginlerine kellesini atyp, zordan özüne erk edýärdi. Gözlerini süzüp, agzynyň hyllygyny saklap bilenokdy. —Indi muny nirä alyp gitjek?—diýip, ýigit Ogulnäzige ýüzlendi. Ogulnäzik sesini çykarman, prospekte ylgady. Çem gelen maşyna elini galdyrdy. Ýigit pyýadany maşyna dykyşandan soň, öz ugruna gitdi. Ogulnäzik goňşusyny şofýoryň kömegi bilen ikinji gata çykardy. Onuň jübüsinden açaryny tapyp, gapyny açdy. Öýüne salyp, dalandaky krowatyň üstünde süýndürdi. “Bü-de adam ahyry. Ýagşy däl-ä köçede galsa” diýip, şofýor ýigit çykyp gidensoň, içini gepledip, eden işini makullady. Gyzjagaz bolsa el çarpyp begenýärdi. —Kaka tapdyk! Kaka tapdyk! Bir bökjekleýän gyzyna, birem serhoş kişä nazar salyp oturyşyna, Ogulnäzigiň gaňşyrawugy tütüedi... Ogulnäzik irden gyzyny çagalar bagyna alyp barýarka, goňşusynyň halyndan habar almak isläp, oňka sowuldy. —B... bagyşlaň... M... meni öýe...—diýip, goňşusy ony görenden aljyraňňy söz urdy. Ogulnäzik ondan öňürtdi: —Men getirdim sizi öýüňize. Ýolda bulaşyp ýatyr ekeniňiz Ýüregim awady-da, alyp gaýdyberdim... —Taňryýalkasyn... Gyzjagaz hem goňşa dykyljyrap jyňňyldady: —Biz seni tapdyg-a. Indi maňa kaka borsuň gerek?! Ogulnäzigiň ýüzüne çalnana döndi. Utanjyndan burç ýaly gyzardy. Çagajygyň ezeneginden tutdy-da, ony aňyrrak itip goýberdi. —Ýok bol! Çagajygyň bolşundan ýagdaýy aňan goňşy ýüzüni ýere salyp, agras gepledi: —Kakasy ýokmudy oň? —Juk... Ogulnäzik aljyrap durşuna bu ýerden nähili çykyp gitjeginem bilmedi. Gepiň gerdişine görä, ýene goňşa ýüzlendi: —Işiňize gitjek bolsaňyz... Çaý-suwy özüňiz oňararmykaňyz?!.. Erkek kişi geň jogaby orta atdy: —Meniň häzir işim ýok. Kowdular. Ogulnäzigiň duýgur häsiýeti öý eýesiniň öz düşen gününe gaty gynanýandygyny aňdy. Oňa nähilidir bir hemaýat edesi geldi. Onýança-da goňşynyň özi ýagdaýy düşündirdi: —Içgi sebäp boldy baryna—diýip, ahmyrly gepledi.—Ine, indem sopbaş galdym. Aýalymam çagalarymy-da alyp, taşlap gitdi... Ogulnäzik onuň halyna diýseň gynandy. Öz ýanyndan oňa kömek etmeýän adamlara käýindi. Kyn günde taşlap gideni üçin aýalyna gaýybana igendi. —Her hili doňýürek adamam bor oguşýa. Heý, birini şu ýagdaýda-da taşlap bormy diýsene! Ogulnäzik goňşusynyň adynyň Bekdurdydygyny, familiýasynyňam Gubaýewdigini bilensoň, onuň iş ýerini anyklap, gyzyny hem alyp çykyp gitdi. Gyzyny çagalar bagyna eltip, ilki bilen Bekdurdynyň işleýän gurluşyk edarasyna sowuldy. Proraby tapdy. Uzyn boýly, agajet ýigit onuň sözlerini diňlemegem islemedi: —Gelneje jan, biz şondan bizar!—diýip, ellerini daldalatdy.—Içgisi sebäpli aýaly-da ondan gidipdir diýýäler. Işe-de bir gelse, bir gelenok. Käýýäbem gördük. Bolanok. Şol häsiýeti. Ahyry çydaman, düýn kowup goýberdim. Häzirem işlerimi bir ýüzli edip, kontora buýrugy eltip gaýtjak. —Buýrugyňy eltmedik bolsaň, entegem saklan, dogan jan!—diýip, Ogulnäzik prorab ýigide ýalbardy.—Adamyň durmuşyna düşünmek gerek. Belki, ol bir zada jany ýanyp içýändir. Belki, hut şol taşlap giden aýalydyr şony şeýle ýagdaýa elten! Durmuşynda bir ýetmezi bardyr, belki-de! Adama mydama käýýäp terbiýe bermelidir öýtmeseňiz-läň! Men Bekdurdynyň jigisi. Şu çaka çenli ondan bihabar gezipdirin.—Şeý diýibem, Ogulnäzik prorabyň ýüzüne gorka nazar aýlady. Onuň öz diýýänlerine ynanýan-ynanmaýanyny bilmek isledi. Ýöne hiç zat duýubam bilmedi. Prorab ýigit gaşlaryny çytyp, sesini çykarman otyrdy. Ogulnäzik dowam etdi.—Düýn öz öýüme eltdim. Indi özüm garaşyk hem etjek. Agzyna-da ýekeje damdyk hem almajagyna söz berýän. Terbiýelärin men ony. Ynanaýyň. Şoň üçinem sizem kömek ediň. Ony işden kowmaga howlukmaň-da, ýene-de ýekeje hepde synap göräýiň. Adama ýagşylyk ediň, jigi! Özelenip duransoň, prorab ýigit Ogulnäzige ynandy. Onuň bilen razylaşdy. Ogulnäzik taksi bilen yzyna dolanyp, Bekdurdy goňşusyny ýola saldy. —Indi bir içmejek boluň ahyry! Beýdip her gün köçede bulaşyp ýatmagam-a gelşikli zat däl. Ömrüňizi zaýa edersiňiz muňa öwrenseňiz—diýibem, öňünden belet adamyna sargaýan ýaly, berk tabşyrdy.—Meniň sözlerimi ýere çalmajak boluň! Uçursyz owadan gelniň özüne hossar çykmagy Bekdurdy üçin täsindi. Bu ýagdaý ony basym üýtgetdi. Ol owadan gelniň igenjine galmajak bolup, içmesini bütinleý goýdy. Işde ilden ozmaga çalyşdy. Günsaýyn owadan goňşusyna kalbynda bir üýtgeşik duýgy örç aldy. Giden aýaly hakda pikir etmegem goýdy. “Gidip geçsin!” diýip, juda parhsyz pikir öwürýärdi. Ogulnäzige bolan söýgi uçgunjygy ony düzeltdi oturyberdi. Ogulnäzik hem oňa garaşyk edýärdi. Ýekeligine ýüregi awaýardy. Her gün agşam nahar eltip berýärdi. Kirlän eşiklerini ýuwup berýärdi. “Kyýamat güni goňşudan” diýipdirler. Bu ýagdaýda men bir ony hemaýatsyz goýmaýyn” diýip, öz edýäninden göwnühoş bolýardy. Ogulnäzigiň duldugyna hem uçursyz ýuka ýürekdigine göz ýetirenden soň, Bekdurdy onuňkydan aýagyny ýygnamady. Günleriň bir günem oňa söz aýtdy. Aýalynyň gaty hyýrsyzdygyny, özüni nähak zyňyp gidendigini, köp içmegine hem hut şol aýalyň sebäp bolandygyny, ondan özüniň-de bizardygyny, kanun boýunça aýrylyşjak bolup ýörendigini aýdyp nalady. Hem kaka küýsän gyzyna, hem-de ýeke galan Bekdurda ýüregi awan Ogulnäzik goňşusy bilen goş birikdirdi. Agzybir ýaşap başladylar. Bekdurdy iş ýerinde-de abraý gazandy. Ony suwagçylara brigadirlige bellediler. Ýaryşlarda üstün çykýanlygy üçin gazete habar ýazdylar. Suratyny çykardylar. Bekdurdynyň suratynyň gazete çykan gününden köp wagt geçmändi. Bir gün agşam öýe bir milisoner bilen bir topar çagany tirkäp, aýakly garpyz ýaly garaýagyz aýal girdi. Ol penje gerip, Ogulnäzige topuldy: —Utançsyz bihaýa!—diýip, sesine bat berdi.—Asyl, ärim menden habar tutmady diýdim welin, sen ekeniň-ow ony saklap oturan! Beýle esrän bolsaň, aýalsyz gezip ýören erkeklerem-ä köp köçede. Daş edewersin! Iliň öýündäki ärini alagada, gujajygyna gysyp otyr, gyz.—Soňra aýal Bekdurdynyň üstüne düwledi.—Häziriň özünde düş yzyma! Ýogsa gözüňi türmede açdyryn! Aýalyňy, çagalaryňy yzarlap barmaly halyňa jalaýlyk satýaňmy sen, nejis! Ogulnäzik bu bolýan zatlara aňk boldy. Näme diýjeginem bilmedi. Sesinem çykarmady. “Türme” sözünden gorkdumy ýa-da “kaka-da-kaka” bolşup, özüne topulan çagajyklaryna dözmedimi, Bekdurdy burny ganan ýaly bolup, gapa tarap ýöneldi. Milisioner ýigit bolsa Ogulnäzige ýigrenji nazaryny dikdi: —Utanaňokmy, daýza, şeýle işler edip ýörmäge?! Olar çykyp gitdiler. Ogulnäzik bolsa namysdan ýaňa bir ölüp bilmedi. Gözlerini gorkuly tegeläp, burça gysylyp duran gyzjagazyny bagryna basyp, ses edip aglady. Bu wakadan soň goňşy-golamlar hem onuňkydan aýagyny ýygnadylar. Duşan halatlarynda-da olar Ogulnäzige gözlerini alardyşyp, ýigrenç bilen seredýärdiler. Ýakalaryna tüýkürýärdiler. Ogulsenem TAÑÑYÝEWA | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |