• Aýyrdygyňça wezipe bahasy gymmatlaýar Hekimow bu raýonda işläp başlany bäri durmuş hyzmaty kombinatynyň direktoryny, kolhozara gurluşyk guramasynyň başlygyny, raýonara söwda bazasynyň direktoryny, galla önümleri kontorasynyň başlygyny, bir sowhozyň direktoryny, birküç sany kolhoz başlygyny işden aýryp, gaýdyp ýolbaşçy işe çekilmez ýaly ýarlyk dakyp goýberdi. «Uçmak gezegi Bäşim Gylyjowyňky» diýip raýon adamlary gürrüň edýärdiler. Onuň býuroda wezipe bilen hoşlaşmaly boljagyna hiç kim şübhelenmeýärdi. Şoňa görä býuro agzalary eýýäm hyýalynda Bäşim Gylyjowy wezipeden boşatmak hakda gol göterýärdiler. «Hekim Hekimowiçiň garşysyna çykmakdan peýda ýok. Ol öňi-soňy öz etjegini eder. Başlygyň uranyny ursaň, ýalňyşmarsyň» diýip býuro çlenleri oýlanýardylar.
Ahyry, söwda guramasynyň işine garamaly býuro başlandy. Ilki Bäşim Gylyjow işiň ýagdaýy hakda, kynçylyklar hakda aýdyp, «Halkyň ösen islegini doly kanagatlandyraryn» diýip sözüni tamam etdi. Howlukman, howatyrlanman sözläp, özüni gaty göwrümi giň tutdy. Muňa býuro agzalary geňirgenişdiler. «Beh, bir uşjagaz tapaýdymyka?» Soňra çykyp geplänler gezek-gezegine Gylyjowy tankytlanlarynda Hekim Hekimowiçiň ýüzünden many aljak bolup, ondan göz gytagyny aýyrman sözlediler. Emma ol üýtgewsiz bakyp otyr. Ahyry, raýispolkomyň başlygy Hudaýberdi Tahyrow sözledi: «Gylyjowyň iş alyp barşy ýaramaz diýse bor. Tutuş raýon boýunça alanda-da, aýratyn oba ýerinde-de söwda işi iki aýagy bilen agsaýa diýse bor»... Hekimow kürsüsini iki ýana sähel yrap, gaýşarylyp oturşyna sag golunyň süýem barmagyny çommaltdy: «Dur!» Tahyrow sözüni kesip, geň galdy. «Hekim Hekimowiçiň ygyna-ýelesine düşüner ýaly bolmady. Öň öwsek käýedi, indi döwseň käýejekmikä?»
Hekimow gyssanman ýerinden turdy, özüne giň bolýan gara penjeginiň aşaky iligini ildirdi, haýbatly ardynjyrady. «Näme diýerkä?» diýip, hälden bäri närazy garap duran Tahyrowa ýigrençli gözlerini dikdi.
- Hudaýberdi Tahyrowiç! Näme, ýöne samrap dursuň! Diýse bolar, aýtsa bolar diýdiň, iki aýagy bilen agsaýa diýdiň. Näme, o towukmy, iki aýagy bilen agsar ýaly, ýa dört aýakly sygyr bolaýmasyn?! – Oturanlar gozganyşdy, olaryň käbiri aşak bakyp oturan Gylyjowa göz gytagyny aýlap goýberdi. – Ýoldaşlar! raýkomyň býurosynyň at ýatagy däldigini unutmaň. Senem Hudaýberdi Tahyrowiç, bir ýerden bir söz gulagyňa degse, gelişse-gelişmese aýdyp ýörme. Onsoňam söwda işi raýispolkomyň gös-göni wezipesi, sen Gylyjowy däl-de, ilki özüňi tankytlamalydyň. Otur. – Tahyrow ýüzüni sortduryp oturdy.Hekimow sesine bat berip söze başlady – Ýoldaşlar, siziň bilşiňiz ýaly, söwda işi gaty kyn iş. O ählihalk işine öwrüldi. Aýratynam, biziň raýonymyzda söwda işine üns berilmändir, sklad, magazin jaýlary ýumrulyşyp ýatyr. Başga-da, aýtsaň, meselesi ýetik. Elbetde, Gylyjowda-da günä ýokdur diýibilmen, emma bu ýoldaş urşy gören adam, tejribesi kän. Halk içinde-de uly abraýy bar ekeni. Şu zatlary göz öňünde tutmaly. Üstesine-de, raýispolkom kömek bermeli. Kömek etmän, iş talap etseň bolmaz, Hudaýberdi Tahyrowiç.
- Hekim Hekimowiç – Tahyrow bir söz aýtjak bolup, ýerinden turuberende Hekimow gaharly: «Otur, Býuronyň başga-da meselesi kän. Näme sözüň bolsa, men gije-gündiz şu taýda, soň aýdyber» diýdi.
Bu raýonyň dürli ýolbaşçylary üçin ýatdan çykmajak býuro boldy. Şonda raýkomyň birinji sekretarynyň kabinetinde oturanlaryň köpüsi Bäşim Gylyjowyň Agaýew arkaly Hekim Hekimowiçiň dilini baglanlygyny anyk bilmeseler-de, onuň bir oýun edenine pugta göz ýetirdiler. Şol ýygnakdan soň Bäşim Gylyjowa beýlekileriň garaýşy tiz üýtgedi. Öňem bir geplemsek adam däldi weli, indi dagy onuň bilen sözleşmek jebre döndi. Ol özüne işi düşüp gelenler bilen düşünişip-düşünmänkä, garşydaşynyň sözüni kesmäge, oňa gödeksi maslahat bermäge ýa-da «Gaharjaňja görünýäň weli, güýjüň ýetse asmany ýumursana» diýmäge endik edip ugrady. Öňler bolşy ýaly, Gylyjow özi hakda: ”Men adamjan, siz badamjan.” diýip oýlanmasyny dowam etdirdi.
Şondan soň Hekim Hekimowiçiň açarynyň Gylyjowda gizlenenini köpler güman etdiler, wezipe hantamaçylygy bilen çar ýana çarp urýanlar bolsa, muňa ilden öň göz ýetirdiler-de, Gylyjowyň göwnüni tapmagyň alajyny gözlemäge çykdylar.
Hekim Hekimowiç býuroda Gylyjowy goldap, özge söz aýtman, wezipe söwdasynda oňa dellallyk roluny berenligine ýagşy düşündi. Gylyjowam özüniň täze roluny känbir gizläp durmady, gaýta başga ýolbaşçylardan rüstemligine buýsanyp gezdi. Ahyrda, oňa wezipe girdabynda gark bolup barýanlary halas ediji hökmünde garap başladylar.
Romanlar