22:01 Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär | |
• Gelen gideni küýsedýär Hekimow bu raýonuň partiýa bölüminiň başlyklygyna başga bir raýonyň oba hojalyk müdirliginiň başlyklygyndan böküpdi. ”Häzirki wezipe-bir rayonyň, ýagny bir etrapyň hudaýy diýmek-dä” diýip Hekimow öz wezipesine şeýle baha kesýärdi. Onuň wezipä geçişi hakda il içine gürrüň bary ýaýrapdy. Näme üçindir, öňki birinjileriň wezipä geçişi hakda hiç kimiň dili aýlanman durka, Hekimowyň gelmegi bilen bu kada ýumruldy duruberdi. Onsoň bilýänem-bilmeýänem, tanaýanam-tanamaýanam Hekimowdan gürrüň çyksa, bir zatjagaz aýdasy geldi durdy. Üstesine-de raýondaky dürli edara ýolbaşçylary onuň her ädimine dykgatly üns berip başladylar. Sebäbi olar birinjini ýakyndan tanaman, birinjiniň nämäni ýigrenýänini, nämäni halaýanyny öňünden bilmän, häsýetinde, gep-sözünde neneňsiräk gowşaklyk baryny öwrenmän, geýnişinden many alman, aslynyň niredenligini, kimler bilen ysnyşyklydygyny duýman, iň esasysy bolsa işleýiş aýratynlygyny seljermän, oňa ýakynlaşmak hyllalla hasaplaýardylar. Il içindäki gürrüňlere-de gulak gabardýardylar. Gürrüňler bolsa şeýledi: - Hekim Hekimowiç hakdan içen adam ýaly. - Ba-aý, onuň gylawlydygyny, edil ýöne gol astynda gylyjy bolsa parçalajag-aý. - Baý-baý, müsginsokar görünýär-ow. - Duruberiň bakaly, ähliňizi bir çişlige düzüp bersin-dä. - Hekim Hekimowiçiň iş bilşine haýran galdym. Nähili mesele gozgasaň, şatyladyp dur-aý, zaňňar. - Arada bir tanyş duşdy weli, täze raýkomyňyz bile obadaşdyryn diýdi. Şo wezipä-de ellini berip geçdi diýýä. - Elli bolanda näçe bolýarka? - Aý, halypa oňa düşünmeýän bolsaň, gulagyňy ýapyr-da geziber. Ikimiz onça puly düýşde-de görüp bilmeris. - Öz-ä ýygnaklarda geplände agzyndan ot çabyraýar. - Iki sözüniň birinde: «Halkyň aladasyny etmeli» diýýä weli, belki, şeýle bolsun-da. - Näme diýseňizem, maňa şol adamyň gözi ýaranok. Ylaýyjak garakçy gözi-dä. - Ýaman agzy ýelli bolupsyňyz. Bäş-alty aý sabyr etseňiz, ynha, men diýip özi aýdar durar öz bolşuny. Hekimow işe başlandan ýekeje adamy hem özüne golaý getirmedi. Onuň agyr ýüzüni görenleriň köpüsi golaýlaşmakdan geçen, ady tutulmasa razy bolup gezdi. Üstesinede Hekimow ýygnaklarda hojalyk ýolbaçylaryny gezek-gezegine dik durzup, ýarym sagatlap şeýle bir saýgylap başlady welin, ýolbaşçylar julk derläp, näme söz tapjagyny bilmän, sakawladylar durdular. «Düşünýäňmi, sen plany dolman näme işleýäň? Halky aç goýjak bolýansyň welin, başa barmaz. Partiýa muňa ýol bermez. Hyýalam edip oturma! Gaty arkaýyn görünýäň weli, partbildiň iki bolaýmasyn?! Eger ýene plan dolmadym diýip burnuňy çekip durjak bolsaň, eşitdim-eşitmedim diýme, bildiňi orta goýmaly bolarsyň. Üstesine-de işiňi prokurora tabşyrarys weli, nädersiň, heleýiň yzyňdan şürrük çorba daşap ýörse?!» Şeýdip, Hekimowyň gatnaşan ýygnagy dowzahyň oduna dönüp başlady. Şol günler rayon söwda guramasynyň başlygy Bäşim Gylyjowyň raýon söwdasynyň işi hakdaky doklady býuroda diňleniljek diýen habar ýaýrady. Bäşim Gylyjow üçin bu habar däl-de, ýagyrnysyna ýapyşan bir tokga ot boldy. Öňem birki sany birinji bilen işleşen tejribeli Bäşim Gylyjow Hekim Hekimowiçiň haýsy tarapyndan barjagyny bilmän, edil gurruk guýa gaçanyň çykalga tapmaýşyna çalym edýärdi. «Hökman çykalgasy bolaýmaly. Şony tapsam-a men halas, tapmasam welin ýanyp gidibermeli. Ölýänem bolsam, çykalga tapyp ölerin». Ol Hekimowa aýalynyň üsti bilen täsir edip boljagyny-bolmajagyny kellesinde aýlady. «Gyssagara aýalynyň tanşyny nireden tapaýyn?! Ýöne oýnaşsyz-a däldir weli... Wagt gerek, wagt. Ahyry töwekgellik etdi-de Hekimowy gatnadýan maşynyň şofýory Halylyň göni öýüne baraýdy. Gylyjow bu ýigidi öňden bäri tanasa-da heniz iç döküşip görmänsoň, inçe umyt bilen barýardy. Gylyjow özi girmän, Halyl bilen howlynyň gapysynda garaňka duwlanyp sözleşdi. - Halyl jan, nähili ýagdaýlar? Bu günler görneňok-la? Hökman başlygyň ibererine garaşman, özüňem göni baryber-ho-ow. Sen üçin gapy açykdyr. Haýsy sklatçy ýok diýse, maňa duýduraýgyn, sen öz oglanymyz ahyryn. Hä-ä, umuman ýagdaýlar gowy dälmi?! Bolany şol. Gaýrat ediber. Ýöne çagajyklary horlama, göni meň ýanyma barybergin. – Gylyjow burnuna salybrak, birsydyrgyn äheňde sözleýärdi, - Inim, men-ä seň ýanyňa işlije gelendirin. - Ýaşuly, näme diýseň men taýýar. - Aý, bir uly işem däl-le. Şo, neme-dä, şu mahal täze küýzäň suwy sowuk-da, bady gaçýança birbada heläk edýär-dä. Oňa özüň beletsiň. - Hekim Hekimowiçmi? - Aý, indi adyny tutup durmasagam bolar, şol-da. Ýek-tük kişi oňa gep berýämikä diýýän. Bolmasa meni gowy görmeli ahyry. Menden oňa ýamanlyk ýog-a. - Hawa-la. - Onsoň näme diýsene, inim, munuň janyny ynanýan dossyny tapaýmasak... Öýüne gelende görýänsiň-ä. - Aý, men-ä dossy diýip.... - Ýok. Halyljan, sen ýagdaýa düşün. Meni Aşgabada geçirjek bolup durkalar, birden biýem meni pohlap göýberse. Ähli zat şu mahal birinjä bagly bold-a. Onsoň bir zat etmesek... Üstesine-de sen öz oglanymyzsyň, unutjak gumanymyz ýok. - Öýüne biri gelýä weli... - Aýdyp goýber, kim ol? Ýakyn dosmy? Aýdan etjek oglanmy? - Oblastda işleýä, RTS-iň başlygy, Agaýew diýýäler. Tanaýan bolmagyňyzam ähtimal, keltejik, garaja oglandyr-laý. Aralaryndan gyl geçenok. - Wi-i, şol Agaýewmikä? Kellesi ýylçyrrakmy? - Hawa, hawa. Tanaýansyňyz-la. Iýenleri aýry gidenok. - Ony men gowy tanaýan-la.- Gylyjow gaýtjak wagty Halylyň jübüsine ep-eslije pul dykdy.-Halyl jan çagajyklaryňa marojnyý alyp berersiň. -Taňryýalkasyn, agam. Gylyjow ynjaldy. «Agaýew aýdylany etjek oglan-la. Hudaýa şükür, hudaý biziňkilik ekeni». Ol «Aýdylany etjek oglan» diýen söze gaty uly many berýärdi. Halyl bilen duşuşandan soňky agşam eýýäm Bäşim Gylyjow Agaýewi maşynyna mündürip, göni Hekim Hekimowiçiň öýüne gelýärdi, Agaýewiň gaty keýpi kökdi, sähel söze gülüp, «Ýak, senem-äý, kak bäşi» diýip, elini açyp uzadýardy. Ol hiç bir aladasyz-gaýgysyz, dünýäni suw alsa-da topugyna ýetmeýän, elmydama işi şowly ýaly görünýärdi. Maşyn Hekim Herkimowiçleriň deňinde saklananda Gylyjow bilen Agaýew gara plaşlaryny goltuklaryna gysyp düşdüler. - Ony ýanyma alaýynmy, ýa durubersinmi? – Gylyjow Agaýewe garap ýapyrylyp pyşyrdady. - Al, al. Goýup bolmaz-a. Gylyjow krokodil derisinden ýasalan lowurdawuk goňur diplomaty kabinadan çykardy. - Meň bilen bir ýana gideňde hi-iç çekinmegin. Gül ýaly bolar, gü-ül. Häzir bir çüýşe konýajygyny ýelmäli, düzelmän bilse düzelmesin. Nämäniň gaýgysyny edýäň?! Ýör, bakaly. Agaýew çekinjeň ýöräp gelýän Gylyjowy yzyna düşürip, öňde tigirlenip barşyna, howlynyň gapysyndan sümesürç girdi, öýüň gapysyny bolsa sähel açyp: «Heki-im!» diýip, hiç gypynçsyz gygyrdy. - Geliber-ho-ow, Bally. – Hekim Hekimowiçem şadyýan jogap berip ýöräp gaýtdy. Agaýew gapynyň tutusyny serpip koridora girende Gylyjow bäri tarapda tutyny penalap duruberdi, bosagadan ätlemäge aýgyt etmedi. Bu wagt Hekimow Agaýew bilen şähdaçyk saglyk-esenlik soraşýardy. - Hany, gapyda durma, geçsene! - Gireris. Ýoldaşymam bolmaly – Agaýew tutyny serpdi-de «Gir-how!» diýip, Gylyjowa gol uzatdy. Hekimow Gylyjowy görenden şobada tutuksy görnüşe geçdi, ysgynsyz berlen salama göwünsiz jogap berdi, üstesine-de Gylyjowyň gözüne şeýle bir gazaply garap goýberdi weli, Gylyjowyň bar haýy gaçdy. Bu ahwalaty keseden synlap Agaýew hiç zat duýmadyksyrap, şol öňki şoh sesi bilen: «Gelneje, aý gelneje» diýip gygyrdy. Gelnejesi görnende bolsa: «Gelneje bi gezek goýun-poýun öldürjek bolup azara galmaň, biz tiz turmakçy» diýip, Hekimowa garap, ýeserlik bilen gözüni gypdy. Çaý başynda hem Hekimowyň ýüzi gamaşyp duransoň gürrüň gyzyşmady. Hemişe-de geplemsek bolmansoň, häzir dagy has beter dymdy. Geplemeýän adamy köpleriň sylaýandygyny, geplemeseň seni tanap bilmeýändiklerini, saňa öwrenişmeýändiklerini Hekimow ýaňy öwrenmeli däldi. Üstesine-de Gylyjowyň näme niýet bilen gelenini güman edensoň: «Häzir dymdygymça nyrh ýokary galar gider» diýip oýlandy. Gylyjow bolsa känbir başyny göterip bilmän, keçä garap otyr. Onuň peşehordadan ýaňa oýuk-oýuk ýüzi öňküdenem garalypdyr. Nahar iýilip bolnansoň Agaýew Hekimowa daşary çykaly diýen manyda ümledi. Olar boş otaga gireninden Hekimow ýeser ýylgyryp bakdy. - Nädýäň-aý? – Agaýew çignini ýygyrdy. - Näm bolupdyr? - Hekimjan, öýüňe ganhor gelse-de açyk ýüz bermelidir. Ol-a ýagşy niýet bile geldi. - Onuň näme niýet bilen gelenini özüm gowy bilmän. Meni samsykdyr öýdýändir weli... - Ýak, Hekim, ýersiz-ýere güýç görkezjek bolup durma ho-ow. Bi deýýus, şimat öl diýseňem öljek. - Maňa öli derkar däl. - Hawa-la, ýöne sen maňa aýt, näçe diýseň şonam getirer.Şimat otuzyň diplomatda ýatyr. - Ýok, Muny ýok etjek-de, başga bir gowy oglan tapmakçy. - Ýa senem-ä. Bi taýýar kadr ho-ow. Öňem iki sen ýaly raýkomy gördi, ýarym sözüňe düşünip dur-a. Onsoňam ähli şertiňe taýýar diýýä. Hekimow Gylyjowyň oturan otagyna girende öňküsi ýaly gaty ýüzi agyr halda girdi. Bardy-da göni Bäşim Gylyjowyň gabadynda oturdy. - Bäşim Gylyjowiç, näçe ýaşyňda? - Elli iki. - On ýyl türmede oturyp gelseň almyş iki ýaşyňda bolýaň-da. - Hekim Hekimowiç bagyşlaweri... - Lal bolsana! Näme bi adamlary pula aldanyp ýörendir öýdýämiň?! Partiýany satyn alasyň geldimi?! O-ow, saňa urşa gatnaşan diýdiler-ä. Näme üçin söweşdiň, para bererin diýip gan dökdüňmi?! Dogrusyny aýtsam, sen ýalaky şo taýda-da namartlandyr. - Bagyşlaweri, Hekim Nekimowiç. – Bäşim Gylyjowy sowuk der basdy, bulanyk gözleriniň şöhlesi öçdi. Tüýlek gollaryny bir ýerde saklap bilmän, titredip, manysyz hereketlendirdi. - Bä-ä, görýämiň, partiýa işgärini nirä iterjek bolýa?! Sen onça puly nireden tapdyň? Kolhozçydyr, işçidir – şolary aldap, şolary ütüp toplan puluňdyr. Özüňem şo pul ýaly haram ekeniň. Saňa janymy ýakandan, häzir prokurora gel diýeýin-le. – Hekim Hekimowiç otagyň burçundaky telefona tarap bir ädimem ätmänkä, Gylyjow şeýle tiz gobsunyp onuň öňüne geçdi. - Ýaşuly, düşünşeli-le. - Düşünmez ýaly zat ýok. - Neme-dä, ýaşuly, bir gaýrat et. Jaň etmäweriň. Hekimow saklandy. Öňküden pessaýrak sözledi. - Hany, çynyňy aýt, puly näme üçin getirdiň? - Ýaşuly... - Ýok, tilki sapalagyny goý-da, içiňi dök. - Sizem täze göçüp gelen adam, ojuk-bujuk alyşdyrsyn diýäýipdim. Hekimow gaty ýokardan garap ýylgyrdy. - Hany. Bäşim Gylyjowiç sen erkek bolýan bolsaň, dogryňy aýtsana, saňa näme gerek? - Ýaşuly, siz goldamasaňyz, meni goldajak ýok. - Pulsuz gelip, mert durup aýdanam bolsaň goldardym. Senem häzirkiňden abraýlyrak bolardyň. - Wah, näbileýin, ýaşuly. – Gylyjow birküç ýyl öňräk çep gursagynda dörän agyrynyň ýene oýananyny, barha batly sançýanyny duýdy. Elini ýüregine ýetirenini bilmän galdy. - Hany, otur bakaly. – Hekim Hekimowiç gapa ýönelenden Gylyjow ýene özelenip başlady welin, ol: «Goý ho-ow, şular öýünde-de ynjalyk berjekgäller-ow» diýip çykyp gitdi. Agaýewiň garaşýan otagyna girdi-de: «Aý, onyň-a balagyna goýberip dur. Baý, narmart eken-ow» diýdi. - Entek tanaňok ony. Bäşim ýaly hyzmatly adam tapmarsyň. - Onda, nädeli diýsene: sen häzir şo amanat diplomaty otaga sal. Onsoň arkaýyn oturaly. - Şeýdip, adam bol-ho-ow. Menem seniň bähbidiň diýip ylgaýan-a. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -18: romanyň dowamy - 28.10.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |