22:41 Duman daganda: Sil soraşman gelýär | |
DUMAN DAGANDA
Romanlar
Ejem Ogulboldy Nedir gyzynyň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn. • Sil soraşman gelýär Syratly ýaş zenan Saglygy saklaýyş ministrliginiň jaýynyň beýik basgançaklaryndan süňňi ýeňil düşüp gaýtdy. Şöhleli alkymlary, gyzyl köýnegiň ýeňinden çykyp duran ak bilekleri gözüň ýagyny iýip barýar, köz kimin köreýän gözleri jadylaýjy ýylgyrýar. O zenan köçäniň bukurak ýerinde duran maşynyň yzky gapysyny açyp münenine mähetdel maşyn batly ugrady. - Hallar niçik? – Ruluň başynda oturan süňklek, gara saçly erkek kişi mylaýym gülümsiräp, zenana gözüni aýlady. – Üşeýän dälsiň-dä? - Ýok-la, howa sowuk däl-ä. Ol adam çep eli bilen ruly tutup oturşyna, sag goluny goltugyna salyp, kemerine gysdyrylan demir kesindisini elleşdirdi. «Şujagaz demir seni ömür üşemez ýaly edäýmezmikä?!» - Bu gün uzagrak eglenip bilerismi? - Görmeli-dä. - Ony özüň bilmeli ahyryn. - O saňa-da bagly. - Maňa bagly iş bitmän galmaz. Tüweleme, bize-de beýle bagt nesip etjek-ow, - Ol ýene yza gaňrylyp ýylgyranda, zenan gözlerinde degişme öwüşginlerini gördi.- Ýadyňda bolsa, biz ilkinji gezek bu ýerlere gaýdanymyzda-da howa edil şular ýalydy. - Hiç zat ýadyma düşmeýär. Onsoňam ýatlap näme etjek? Ömrüňi ýatlap çykyp bolmaz. Ömür bir garasaň-a bäş günlük, birde bolsa örän uzak. Maşyn şäher içinde aýlanyp-dolanyp, ahyry daga tarap gidýän göni ýola düşdi. - Men seň bilen bolan pursatlarymy bütin ömrüme bermen. - Goýsana! – Zenanyň sesi gaharly çykdy. – Ýalan bir sözlemäweri. Ömür aýallar bilen ölçelýämi näme?! Beýle bolsa erkekleriň birentegi ýüzlerçe ýaşardy. - Ömrüň gowy geçmegine aýalyň täsiriniň köplügini gözüm bilen görüp ýörün. - A aýalyň näçe zyýan berýänini duýmaýarmyň?! Uly wezipelerden goýýanyny, il gözünden düşürýänini näme üçin aýdaňok? Asla, seniň aýal diýip, neneňsi aýaly göz öňünde tutýanyňy gowy bilýän! - Rahatlanaweri, men-ä oýun edip aýdýan. - Ýo-ok, maňa diňe sen düşünýärmikäň öýdüpdim... Wah, asla hiç erkegem aýalyň göwnüni duýup bilýän däldir – Zenan aýalaryny ýüzüne tutup, barmaklaryň arasyndan ýigidiň halyny ýeser synlady. «Hany, aglan bolaýyn, şonda näderkä?» Zenan sojap-sojap aglap başlandan ruluň başyndaky adam maşyny bir gyrada saklady-da zenanyň ýanyna geçdi, onuň sag çiginine çep elini goýup, ýaňaklaryndan damja-damja inýän ýaşlary aýasy bilen syryşdyrdy. .”Öldürmek ýeňil däl. Men Aybibini söýýärdimem-ä.” - Rahatlansana. Bilmän göwnüňi agyrdaýdym-da. Zenan agysyny gowşatdy, çigninden erkegiň goluny emaý bilen aýryp, garyljak sesli: «Ýör, gideli» diýdi. Ol adam öz ýerine geçmek üçin kabinadan çykanda: «Owadan heleý aglanda-da owadan bolýar» diýip oýlandy. Maşyn ýene ýola düşüp, az salymdan daglara ýarmaşyp başlady. Zenan hem rahatlanyp, gyzaran gabaklaryny sähel galdyryp oturdy. - Daga ýagyş ýagýan ekeni – ruluň başynda oturan içki aýnadan zenany synlap goýberdi, sähel salymdan onuň rahat owazyny eşitdi. Zenan gaşlaryny aýalary bilen iki ýana ýazyşdyrdy sähel bulaşan saçlaryny, ýaglygyny düzedişdirdi hem-de ekabyrlanyp oturdy. - Seniňem göwnüňi ynjytdym öýdýän. Bagyşlaweri, men hiç mahal seniň ynjamagyňy islämok. Sen göwün açmak üçin gelýäň, bilýän, men bolsa... Sen men bilen deň bolma. - Ýok-la, gowy-la. - Men ýagdaýa düşünýänem welin, özüme erk edip bilemok, birden aglanymy duýman galýan. - Aglasyň gelende agla, ýüregiň giňär. - Az aglamok-la. Ýöne mende syr kän, şoňa nätjegimi bilemok. Aýtman gezesim gelenok. Nädip aýtjagymy bilmänem kösenýän. - Her bir zenanyň kalbynda uludan-kiçiden bir syr saklaýanyňy aýtmasaň hem bilýän. - A meniň aýdasym gelýä, ýogsa seni aldap ýören aýaly bolýa. Onsoň sen meni tanaman ýörsüň ahyry. - Seni sylhum alypdyr, başga zat gerek däl. - Seniň tanşyp ýören aýalyňy diýsene. Men seniň aýak tozyňa-da degmeýän, men iň ýaramaz adam ahyryn. «Bujagaz heleý meni gepletjek bolýar öýdýän. Indi gep gutardy». - Özüňi beýdip kemsitme. Her kimiň ýetmezi-de bardyr, artykmaç tarapy-da. - Meniň diňe ýetmezim bar, sen entek meni tanaňog-a. Ýagşyň barha güýçlenişinden ýigit heder etdi. Maşyn jülgäni syryp gidýän asfaltdan sowlup, gaýalaryň düýbünden öwrülip ýokary gidýän ýola düşdi. Onda-munda daşy ýaryp çykan arçalaryň reňki goýalypdyr, dürli otlaryň ýaprajyklarynda damjalar bulduraşýardy. Gözýetim ýuka dumanlydy. Maşynyň çygjaran äpişgesinden bu görnüşi synlap barşyna zenan göwni galkyjaklap başlady. Emma erkek kişi geplemän otyr. O dymyşlyk zenana ýakymsyz täsir etdi. Bir-birekden daşlaşýan ýaly. Şoňa görä dymyşlygy bozjak bolup dyrjaşdy. Edil gara basanda bolşy ýaly, hernäçe geplejek bolsa-da söz tapman kösendi. Ýol gyrasyndan bulaşyk suw akyp başlanda erkek adam has-da howatyrlandy, durara amatly ýer gözläp, maşyny ýene az-kem öňe sürdi. Maşyn peslikde saklandy, şofýor kabinany açanda ýokardan eşidilýän ägirt güwwüldä diňşirgendi. «Şemally ýagşyň sesidir». Bulanyk suw has batlandy. Beýik ýere çykmak üçin şofýor maşyny yza sürüp başlanda nämedir bir zat tekere direldi-de maşyny togtatdy. Ol kabinadan çykyp, yzky tekerlere baksa, ullakan daş direlip ýatyr. Ýigit öl-myžžyk bolup, daşy zordan birýana süýşürdi. Şonda onuň kemerine gysdyrylan demir kesindisi «Jold» edip suwa gaçdy. Ol şobada elini suwa urup, sermeläp demiri tapdy-da ýene kemerine berk gysdyrdy. «Aý, oglan! Çaltrak şu taýdan gideli-le». Maşyn yza gidende tekerler taýdy-da suwuň ugrunda keserdi duruberdi. Ol adam öçen maşyny herekete getirjek bolup güýmenende sil suwy eňterilip gelşine maşyny südürläp, birküç ýola togarlady-da, ho-ol gyrada ýatan äpet daşa jalkyldadyp urdy. Mynjyran demirler erkek kişini hem-de zenany mäkäm gysýardy. Sil suwy köpürjikläp, bulanyp, ala-şowhun turzup, düňderilip-düňderilip akdy, çöp-çalamlary, ýüzleý kök uran agaçlary düýrläp gelşine äpet-äpet daşlary hem gaýalardan eňterip goýberdi. Çabga ýagmasy kesilensoň hem sil suwy uzak wagtlap deräni gümmürdetdi. Öýlänara gara bulutlar syrylyp, ak bulutlaryň şöhlesi töweregi ýagtyltdy. Mynjyran maşynyň demirleri gün yşygyna gyzyp başlanda, oňa bir jübüt kepderi ezilen ýeleklerini kepetmek üçin emaý bilen gondy. Ýöne ýylynyp-daranyp uzak otursalar hem kepderileri ürküzen jemende bolmady. Dowamy bar >> | |
|
√ Dirilik suwy -4: romanyň dowamy - 27.04.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -3: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? - 10.06.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||