20:18 Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy | |
• Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy Hekim Hekimowiç Baýryny açyk ýüzli garşylady. Ýerinden turup elleşdi. - Şeýle-e, Baýry. Partiýa seni täze bir wezipä belleýär. Oba hojalyk müdirligine başlyk bolýaň. - Men başararmykam? - Ejizlemeli däl. Iş başarjakdygyňa ynanýas. Garşy bolsaň, oňa da çärämiz bar. Prokurora tabşyrsam, derrew bir maddajyk tapar-da ýagdaýyňy bulaşdyrar goýar.Ýene bir hakykaty açyk aýdaýyn. Araky tankydyň üçin wezipe berilýändir öýtme. Durmuş diýleni seniň göz öňüne getirişıňden has başga bir zat. Men saňa meni kimleriň goldaýanyny, arkamda kimleriň duranyny aýtsam ýüregiň ýarylar. Biziň özümize seretme, kökümize seret. Raýon möçberinde ähli wezipäni men çözýän. Her wezipäniň öz bahajygy bar. Jübiňde şagal uwlaýan bolsa, sen ýolbars bolup arlap bilmersiň. Men pulsuzja biri bolan bolsam, kim meni birinji ederdi. Hiç kim. Men saňa şuny aýdaýyn: häzir meniň pulum köpelse, şo puluň derejesindäki wezipe alyp bilerin. Bu taýda ähli zat bir-biri bilen baglanyşykly. Meniň şu ýerime ymtylýan bar bolsa, ol ilki bilen menden bay bolmalydyr. Görüp ýörsüň-ä: näçe adamyň wezipesini çalyşdym. Bir ýerde uzak otursam, meni hem pyzarlar. Biriniň goltugyndan kelläňi çykaryp gahryman bolup bolmaz. Öz göbegiňi özüň kesmeli. Men ýokary wezipe üçin hökman dyzaýmaly. Ony başarmasam, meni depeläp geçerler. Bu sözleriň kölegesinde näme many barlygyna aklyň ýetsin. Onda näme, Aşgabada gidip gel. Soňuny soň görübereris. - Hekimow ajy ýylgyryp hoşlaşdy. Ol özüni boks meýdançasynda garşydaşyny bir uranda ýere seren ýeňiji hasaplady. Baýry bolsa beýle söhbete hiç-hiç garaşmaýardy. Ol şeýle bir ýagdaýdady welin, Hekimowyň kabinetinden çykyp, nirä ýörejegini bilmän durdy. Häzir Baýrydan: ”Adyň näme?” diýip sorasaň jogap berip bilmejek ýagdaýdady. Ol daşarda özüne Kasym Kulyýewiçiň garaşýanyny hem unudyp, başga tarapa ýöräp ugrady weli, Kasym maşynly yzyndan ýetip maşynyna mündürdi. Şu mahal oňa Kasym Kulyýewiçden ýakyn adam ýok ýaly görünýärdi. - Ohow, Baýry jan, eýýäm bizi unudyp barýamyň-aý. Şowluja boldy dämi? - Bagyşlaweri, Kasym Kulyýewiç. Indi Aşgabada gidip, wezipäni tassyklamaly diýdiler. Uçara-da haçan barsaň, bilet ýokdur. - Sen meni diňle. Sen egin eşikleriňi alýançaň, men maşyna benzin guýup gelerin, özümjik uçara mündürip goýbererin. Kasym Baýryny öýünde düşürip, tizden tiz keselhana bardy-da ilki aeroporta jaň edip, Baýry üçin gidişin we gaýdyş bilet taýýarlap goýmagy bir dostundan haýyş etdi, soňra «Garaköl» kolhozynyň başlygy Gammara jaň etdi. - Sen ýaman arkaýyn-la?! Iller eýýäm etjegini etdi. - Hä, agam, näme edilipdir? - Baýrynyň Oba hojalyk müdirligine başlyk bolýanyndan bihabarmyň? - Bä-äý, ol-a gowy bolupdyr. - Oňa gowy weli, saňa ýaman bolarmyka öýdýän. - Hä-ä? - Agşam Baýrynyňkyda oturdyk: her kim eçilenjesini ýassygyň aşagyna taşlap gidýä-dä. Onsoň öňem seni halap barmaýan adam, şundan soň ýagysy sen bolarmykaň diýýän. - Be-e, şeýle bolaýarmyka? - O-ow, pikir et, «Göreldäniň» başlygy Satlykowyň hiç kime göwni ýetýän däldir weli, şolam inim diýip otyr-da. Öz aramyzyň gürrüňi weli, Baýry neme diýýä, aňyrsy bir ýyla ýetmän birinji bolaryn diýýä. Onsoň oýlanyber-dä. - Be-e, bolmandyr-ow. Hany, bir ýol tapsana. - Men näme edeýin?! Meňki duýdurmak, ýoly özüň tap. - Sende ýol kän-läý, Kasym Kulyýewiç. - Diplomatyň bamy? - Näme etjek? - Şoňa gowrulan towuk dyk, on müňjagazy hem bir ýanyna dyk. Gowşurmanyň bir alajyny taparys-da. - Köpräk däm-aý? - Bä-äý, pul diýip öljeg-ow. Baýryny şu mahal almasaň, birinji bolansoň golaýyna-da getirmez. - Ol-a dogry. - Onda kabinetimde garaşjak. Tizden tiz gel. Baýryny bileje ugradarys. - Bolýa, agam, barýan. «Gammara diliňi düşündirmek aňsat-la. Gep Baýryda bar, edil pyçagyň ýüzünden ýöreýän ýaly, gaty seresab-a. Hekim Hekimowiç bilen bolan gürrüňi öldürseňem aýtmaz». Kasym kabinetindäki geýim şkafyndan gara diplomat çykaryp, onuň ýüzüni-arkasyny synlady. «Gammaram şuň ýaly diplomata salsa gerek» diýip oýlandy. Elindäkini stola goýup, gyssanman açdy, içki jübülerini barlaşdyrdy, başga bir sumkadan gowurlan towuk, iki çüýşe konýak çykaryp emaý bilen ýerleşdirdi-de diplomaty ýene geýim şkafyna saldy. Soňra, adatyna görä, kabinetde iki ýana gezmeläp ýörşüne gollaryny iki ýana açyp, ýaňadan bat bilen öňünde gowşuryp başlady. Kasym dürli jaňlara, gelýänleriň dürli meselelerine şobada jogap berip, ýene iki ýana ýöräberdi. Garşy-garşy penjiräniň öňüne baryp daşary bakyp durdy. Howlynyň derwezesinde Gammaryň maşynyny görenden kürsüsine geçip oturdy, fransuz atyryny pürkündi. Gammar kabinete girer uçurlarynda jyňňyrdaman ýöne duran telefonyň trubkasyny gulagyna ýetirdi-de, batly sözläp başlady. - Hawa, sag boluň, sag boluň. Hekim Hekimowiç. Ýok, ýok, beýdip utandyrmasaňyz-la. Kyn işi ýok. Hökman, hökman. – Gapyda ýaşlygyna bakman ýogyn göwreli, äwmezek görnüşli Gammar diplomatly görünýär. Kasym ozaly bilen diplomata garaýar. «Hudaýa şükür, edil özümiziňki ýaljak». Onsoň «Gel-gel, şu taýda otur» diýen manyda sag goluny bulaýar, gaty möhüm gepleşik alyp barýan ýaly, ol trubkany gulagyna gaty gysyp sözleşen bolýar, ol «Sag boluň. Hekim Hekimowiç» diýende Gammara göz gyýtagyny aýlap goýberýär, bu sözüň oňa neneň täsir edişini biljek bolýar. Gammar partiýanyň Pendi raýkomynyň birinji sekretarynyň adyny eşidenden dikelip oturýar-da, Kasyma sähel ýylgyryp bakyp, «Asyl şeýlemidi» diýýän manyda galyň dodagyny towlap, başam barmagyny gaýşardýar. «Birinjini ele alan bolsaň, molodis». Kasym dabaraly sözleýär: «Ýok, ýok, Hekim Hekimowiç, aladaňyz üçin sag boluň. Kem zadymyz ýok, gül ýaly. Bolýa, bararys. Köp sag boluň». Ol trubkany goýandan agras görnüşe girýär. - Gammar, geldiňmi? - Hawa. Ýaňky gepleşeniň Hekim Hekimowiç ýaly-la. - Hawa. - Bah, gaty mylaýym gepleşýär-ow. - Gardaş, dogtor diýilýän kolhoz başlygy däl-how. – Kasym ýylgyryp sözledi. – Jana gezek gelende, birinji bolanda näme, mylaýym geplemäbilşinden geplemesin. Eşitdiň dälmi, myhmançylyga gel, näme ýetmeziň bar diýýär. - Şeýle-äý, öz-ä. - Bä-äý, seniň ol ýumşuňam... bilmedim-dä, kyn düşäýmese. Getirdiňmi? - Hawa-la. Aý, bir ýoljagaz tapmaly-da. - Düşün sen, bu dünýäde puldan ýüz öwürýän ýok-da, bermäni başarmaly, nähili sokaňda aljagyny bilmeli-dä. Kasym emaý bilen turup Gammaryň oturgyjynyň ýanynda duran diplomaty aldy-da geýim şkafyna tarap ýöräp ugrady. «Şujagazyňy häzirlikçe gizläp goýaýaly. Gelýän-gidýäniň gözi düşmesin. – Ol Gammaryň diplomatyny öz diplomatyny goýan şkafynyň içinde gizledi. Diňe öz diplomatyny görner ýaly etdi. – Şu çakyň adamlary ýaman bolupdyr. Sähelçe bir zat görseler, derrew arza ýazyşyp, yzyňa düşüp ýörler-how.» - Şeýle-äý, öz-ä. - Onda Baýryny öýünden ugradaýgyn, aeroporta Baýryny özüm äkiderin. - Baýry geýim şkafynda goýan gara diplomatyny aldy-da Gammara uzatdy - Hazir Baýrylara bararys weli, maşyndan düşüp salamlaş-da diplomaty uzadaý. “Bir towujak-laý” diýäý. Barsalar Baýry eýýäm köçede garaşyp dur. Kasym Kulyýewiç maşyndan tiz düşdü-de Baýrynyň elini iki eli bilen gysdy. - Baýry jan, gidiş-gaýdyş bilediňem taýýarjadyr. Ynha Gammar dosduňam seni gutlamana ýörite gelipdir.- Gammar başlyk haýal hereketlenip, hälki diplomaty Baýra uzatdy. ”Äý, bir towujak, myhmanhanada garbanarsyň-da.” “Nätjekdiň, azara galmaly däl ekeniň” Baýry diplomaty alyp maşyna saldy. Olar tiz ugradylar. Gammar başlyk elini haýal bulap galdy. Baýry Kasym Kulyýewiçiň beýle ugurtapyjylygyna haýran galyp, öz minnetdarlygyny gaýtalap-gaýtalap aýtdy. - Kasym Kulyýewiç, siz ýadamaň, bilet işini bitiripsiňiz, şo dünýe malyna degýär. Ugratjak bolup azara galmaly däl ekeniňiz. Men öz başymy çarardym-da. - Seni ýeke göýberip bolmaz. Kasym gopbamsylygy, köpbilmişligi bireýýäm başyndan aýlap urupdy-da ähli adamlara ysnyşybilse armany ýokdy. Ol kime baksa, şony tanaýan ýaly garamagy başarýardy, olaryň köpüsini özüne çekýärdi, öwrenişdirýärdi, üstesine öz boý-syratynyň gelşikliligi, ýüz keşbiniň, owazynyň mylakatlylygy hem muňa itergi berýärdi. "Kölegäňi hem özüňe hyzmat etdir” diýip, Kasym öz ýanyndan oýlanýardy. | |
|
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýazlagda - 07.12.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy - 12.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |